Indeýler

Indeýler Amerikanyň ýerli ilatynyň umumy ady (eskimoslardan we aleutlardan başgasy).

Bu at ilkinji deňizde ýüzüjileriň (15 asyryň aýagynda H. Kolumb we b.) Atlantik okeanyň aňyrsynda açan ýerlerine Hindistan diýip ýalňyş düşünmeklerinden gelýär. Indeýler antropologik gurluşy taýdan amerikan jynsyna degişli. Amerikadaky indeýleriň umumy sany takmynan 30 milliondan gowrak (1960). Indeýleriň dil bölünşigi örän köp. Olaryň dili entek ylmy taýdan kadaly öwrenilmändir. Indeýleriň dini ynançlary boýunça geçmişde dürli urug-taýpa kultlarynda (şamanism, totemizm galyndylary we.b) uýmak bolupdyr. Häzirki indeýlerde şol kultlar hudaýlar hökmünde Amerikanyň diňe barmasy kyn we çet sebitlerinde ýaşaýan taýpalarda saklanyp galypdyr. Indeýleriň köpüsi hristiançylygy: Günorta Amerikada, esasan, katolizmi, Demirgazyk Amerikada ýaşaýanlaryň aglabasy bolsa protestantizmiň dürli mezheplerini kabul edipdirler. Indeýleriň we eskimoslaryň ata-babalary 30-20 müňýyllyklarda demirgazyk-gündogar Aziýadan Bering bogazynyň üsti bilen Amerika göçüp barypdyrlar diýip çak edilýär. Amerikanyň ýewropalylar tarapyndan koloniýalaşdyrylyp ugralmagy bilen (16-njy asyrdan başlap), indeýleriň durmuşynda düýpli özgerişikler bolup başlaýar. Ýewropa kolonizatorlary indeýleriň tebigy ösüşini togtatmaga çalyşýarlar. Kolonizatorlar demirgazyk Amerikada indeýleriň köpüsini garypdyrlar, ep-esli bölegi bolsa ABŞ-nyň we Kanadanyň rezerwasiýalaryna göçürilipdir. Diňe materigiň çet demirgazygyndaky ýerli indeýler ýarym çarwa durmuşynda ýaşaýarlar, ABŞ-daky indeýleriň köp bölegi amerikanlar bilen assimilleşip Amerikanys şäher we oba proletariatynyň hem-de garyp fermerleriniň hataryna goşulýarlar. Latyn Amerikasyndaky (West-Hindistan, Urugway, Argentina) indeýleriň köp taýpalary gyrlypdyr. Indeýleriň diňe az bölegi Amazonka derýasynyn basseýniniň çet ýerlerinde öz medeni-durmuş gurluşyny saklapdyr. Latyn Amerikasyndaky birnäçe ýurtlaryň häzirki milletleriniň (meksikanlaryň, paragwaýlaryň, peruanlaryň) we beýlekileriň emele gelmeginde indeýler olaryň esasy düzüm bölegi bolýar. Birnäçe döwletlerde ispan dili bilen birlikde indeýleriň dili hem ulanylýar (ýagny-keçýa-Peruda, Boliwiýada, Ekuadorda, guarani- Paragwaýda ikinji resmi dil hasap edilýär.). Indeýleriň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Indeýler ajaýyp arhitektura ýadygärliklerini, şekillendiriş sungatyny, şahyrana halk döredijiligini döretdi.

Indeýler

Tags:

1960ArgentinaAtlantik okean

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Beýik Seljuk Türkmen döwleti Mälik şa döwründeBirinji jahan urşyErtekilerKorona wirusy (2019-2020)FaustÄnew metjidiniň ansamblyInçekeselMedineMyrat IGökleňGimalaýlarGadymy Gresiýa taryhyFransiýa XX asyryň ikinji ýarymyndaMährijemal Mekandurdyýewna MämmedowaÝazyrHalk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyrAman KekilowMagnus Karlsen38AppleMollagara şypahanasyTogrul begRepetek goraghanasyMalinaSingapurYkdysadyýetAmyderýaBraziliýaTürkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutyGyzamykGaraşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşiGadymy Müsür taryhyAutizmGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniAriana GrandeKubaBeýik BritaniýaTejen derýasyMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekAfrikaRejep BazarowLitecoinLebap welaýatyndaky etraplarK21 dekabrRapTürkmenistanyň adalat ministrligiYbraýym pygamberŞri-LankaHorezmTürkmenistanyň telefon kodlaryJyns gatnaşyklaryMarketingIlkidurmuş adam toparlaryTürkmenistandaky etraplar we şäherlerÝyldyzSabynBahreýnStressRussiýa5Kerim GurbannepesowMerkezi Aziýa Teýmir we Teýmiriler döwründeHarp13Abdysetdar KazyGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiDemirgazyk AfrikaIspaniýa🡆 More