Ertekiler

Ertkiler - türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir.

Ertekilerde, esasan, halkyň bagtly durmuşy, azatlyk ugundaky göreşleri, arzuw-umytlary beýanini tapyp-dyr. Ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanýar, açgözlükdir, wagşylykdan üstün çyhylýar.

Ertekiler durmuşy, fantastiki, haýwanlar hakynda ýazylan toparlara bölünýär. Olar, köplenç, "Bir bar eken, bir ýok eken" diýen jümlelerden başlanýar. Ertekilerde halkyň oý-pikiri, dünýägaraýşy, duýgy-düşünjeleri beýan edilýär. Durmuşy ertekilere "Garybyň çerkeze gidişi", "Aýazhan" ýaly ertekiler degişlidir.

Olarda adalatyň, agzybirligiň, dostlugyň, akyl-paýhasyň ýeňilmez güýji görkezilýär.

"Aýazhan" ertekisiniň gahrymany Aýazhan. Ol ýönekeý bir çopan. Özüniň ugurtapyjylygy, akyly bilen ol patyşa bolmaklyga çenli baryp ýetýär. Ýöne ol öz päliniň azmazlygy üçin çarygyny hemişe gözünüň öňünde asdyryp goýýar.

Azhanyň şu hereketleri bilen adamynyň hemişe pes pel bolmalydygyny ýatladyp durýar. Fantastik erteklere: döw, ajdarha, peri jadyly hyýaly ýaly zatlar gatnaşýarlar. Oňa "Akpamyk", "Memmetjan", "Garybyň gyzy Güljahan" ýaly ertekiler mysal bolup biler.

Haýwanlar hakyndaky ertekilere "Dört dost", "Aldanan möjek", "Küýze we tilki", "Möjek we guzy" ýaly ertekiler degişlidir. Bu hili ertekilerde haýwanlaryň obrazy arkaly adam durmuşy we hesiýeti ýüze çykarylýar. Ýolbars, gaplaň-ýyrtyjy, tilki-mekir, möjek-açgöz, goýun-pes päl hesiýetleri bilen orta çykýar.

Jadyly ertekilerde adamlar tebigatyň gara güýçlerine garşy göreş alyp barýarlar. Şol göreşlerde adamyň döw, ajdarha, al-arwah, jyn, peri ýaly güýçlerden üstün çykyşy görkezilýär. "Akpamyk" ertekisinde paýhasly sada gyzyň gabat gelen kynçylyklary ýeňmegi başaryşy görkezilýär. Akpamyk doganlaryny tapýar, olaryň hormatyna mynasyp bolýar.Doganlaryny döwler öldürensoňlar, ahy-nala çekip oturmaýar, haý diýmän, agalaryny direltmegiň ugruna çykýar. Görip gelnejeleri ony agyr güne sezewar edýärler. Akpamyk şonda-da adalata umytsyz bolmaýar. Päk ýüreklilik, hoşniýetlilik bilen zalymlyk, ejize ganymlyk, göriplik jezalandyrylýar. Adalat üstün çykýar.

Ertekide haýwanlaryň adam dilinde geplemekleri, döwüň kellesiniň kesilenden son, köp bolup gelmegi, akmaýanyň kömegi bilen ölen doganlar direlýär... Bularyň hemmesi täsin, durmuşda bolmaýan jadyly zatlardyr.

Ertekiler mazmun taýdan baý, halk fantaziýasynyň ajaýyp nagyşlaryny özünde jemleýändigi üçin mynasyp orunlaryň birini eýeleýär. Ertekiler halkyň özboluşly taryhydyr. Ertekiler diňe göwün açmak hyzmatyny ýerine ýetirmek bilen çäklenipdir. Ol halkyň durmuşynda möhüm akyl ýetirijilik, özboluşly ylym-bilim bolup hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetiripdir. Ertekilerdäki wakalar -bu durmuş hadysalaryny ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda edilen gözegçilikleriň, garaýyşlaryň netijesidir.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Maşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.21-nji asyrRadikulitGyzamykTürkmen milli göreşiNowruzToponimikaAta GowşudowHydyr DerýaýewAhal welaýatyOwganystanMalaziýaBronhitHajjBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerSalyrGurbannazar EzizowÄnew medeniýetiHalkara Matematiki adalgalarBerdinazar HudaýnazarowDöwletjan ÝagşymyradowNurmuhammet AndalypDubaýForbesFilosofiýaGurbanguly BerdimuhamedowGünäFaustPulSoltan Sanjar mowzeleýiSoltan SanjarNedir şaFutbol taryhynda köp kömek edýärGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiGadymy ÜrgençHajathana edepleri (Yslam)Gyzyl kitapÝapon diliRussiýa XIX asyrdaWitaminlerGaraşsyzlyk binasySefewi döwletiHokkeýGökbogmaItburunWektor ululyklarTürkmenistanyň geografiýasyIordaniýaBiologik görnüşGünorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleriCSSEziz hanYylyñ sport mekdebiTürkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamyMuämelätAşgabatEkwadorRene DekartSaparmyrat Esenowiç OwganowOba hojalyk inženerligiMukaddes Rim imperiýasyGaraşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşiTürkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygyGangRotawiruslarTäçmahalAbdyrahman JamyJonathan GalindoKöpetdag goraghanasyBalkan welaýatyDunaýMurgap derýasyTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyISBNBalkan Daglary🡆 More