Halk Maslahaty – Türkmen Demokratiýasynyň Ajaýyp Nusgasydyr

Mowzuk : Halk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr.

M E Ý I L N A M A :

1.Ata-babalarymyzyň durmuşynda halk maslahatynyň orny.

2.Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda Halk maslahatlary milli demokratiýanyň ajaýyp şöhlelenmesidir.

3.Türkmenistanda demokratik gurluşa geçiş döwründe halk maslahatlarynyň orny.

“Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli organy Türkmenistanyň Halk maslahatydyr” (1, 265 sah.)

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan dölwetimizde Halk maslahatlaryny geçirmek indi däbe öwrüldi. Halk maslahaty özüniň taryhy köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Ýöne, soňky 300 ýylyň içinde türkmençilik sypatlarynyň biraz üýtgän döwründe Halk maslahatyny geçirmek ýatdan çykarylypdy. Sebäbi bu döwürde “halkymyz durmuşa – ýaşaýşa akyl ýetirmekden mahrumdy” (1, 13).

Halkymyzyň taryhynyň doly we dogruçyl öwrenilýän döwründe Halk maslahatynyň taryhyna göz aýlamak ýerlikli bolar.

Bäş müň ýyl öň Oguz han döwlet guranda atly-abraýly adamlary çagyryp geňeş edipdir. Döwleti Halk maslahaty esasynda dolandyrypdyr. Bu babatynda Ruhy Atamyz şeýle diýýär : “Oguz han ýörişlerini tamamlap, ulus-ilini çagyryp, kyrk gije-gündiz toý berýär. Şol toýa hem gurulmak toýy, ýagny gurultoý diýip at beripdir” (5, 200). Bu babatynda “Oguznamalarda” Oguz hanyň her bir uly ähmiýetli meseläni halk bilen, il-gün bilen geňeşip kabul edendigi hakda aýdylýar.

Seljuk türkmen döwletini döreden Togrul beg hem 1040-njy ýylda Gaznaly döwletini ýeňen ýerinde Daňdanakanda türkmen topragynyň çar künjeginde habar iberip, şol ýeňiş gazanan ýerinde täze döwleti jar edýär we halk bilen geňeş edýär. Mäne babadan ak pata alýar. Bu dogrusynda Beýik Serdarymyz şeýle diýýär :

“Gurultoýun tutup täze döwletiň

Giňden tutup külli türkmen döwresin

Togrul soltan tugy arşa göterýär

Mäne baba döwlet dogasyn okap,

Türkmen döwletine ak pata berýär” (4, 139)

Nedir şa Mugan sährasyna ähli türkmenleri 1736-njy ýylda çagyryp uly gurultaý geçirýär. “Gurultaý sözi gurulyş toýy diýen manyny berýär” (4, 139) Mugan sährasynda geçen gurultaýa “Kesearkaçdan Agöýli han gem gatnaşýar” (11). Agöýli han Beýik Serdarymyzyň ýedinji arkasydyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döwlet gurluşymyzda ata-baba ýolumyzy dowam etdi. Türkmenistanyň Täze Konstitusiýasy esasynda 1992-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-inde Halk maslahaty işe başlady. Onuň mejlisinde sözlän sözünde Beýik Serdarymyz şeýle diýdi : “Ata-babalarymyz tarpyndan kemala getirilen agzybirligiň haýran galdyryjy parasatly däplerine eýerip Türkmenistanyň doly hukukly Halk maslahaty “Bismilla” diýip öz işine girişýär”. (6, 30).

Şu taryhy maslahatdan soň ýylda bir gezek Halk maslahatyny geçirmek ýurdumyzda däbe öwrüldi. 1996-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 27-inde Halk maslahaty Ýaşulularyň VII döwlet maslahaty Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň mejlisi bilen bilelikde geçirildi.

2002-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 30-ynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Ählitürkmen maslahatynda Halk maslahatynyň ygtyýarlyklary giňeldildi, bu barada Baş Kanuna üýtgetmeler girizildi. Baş Kanunymyzda üçünji bölümiň birinji baby “Türkmenistanyň Halk maslahaty” diýilip atlandyrylýar we 45-nji maddadan başlap, 51-nji madda aralygy Halk maslahatynyň ygtyýarlyklaryna bagyşlanan Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň hemişe işleýän iň ýokary wekilçilikli edarasydyr, ol iň ýökary döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň ygtyýarlyklaryna eýedir.

Türkmenistanyň Halk maslahaty hakyndaky konstitusion kanun Halk maslahatynyň özi tarapyndan kabul edilýär we onuň Türkmenistanyň ähli çäklerinde hökmanylyk güýji bardyr.

Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini we dolandyryşy Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlis, Ministrler kabineti, Ýokary kazyýet amala aşyrýar. Halk Maslahatynyň düzümine : Türkmenistanyň Prezidenti : Mejlisiň deputatlary, Ýokary kazyýetiň başlygy, Baş prokuror, Ministrler Kabinetiniň agzalary, welaýat we Aşgabat şäheriniň häkimleri, halk wekilleri, Türkmenistanyň Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň agzalary bolup durýan partiýalaryň, Ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň zenanlar birleşiginiň, döwletdäki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň ýaşulularynyň wekilleri, welaýatlaryň we etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň häkimleri, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary girýärler. Halk maslahatynyň düzümi jemi 2507 agzadan ybarat. Halk maslahatynyň işini diňe onuň özi togtadyp biler. Halk Maslahaty halk wekilleriniň, Mejlisiň, Geňeşleriň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyryp biler.

Halk Maslahatynyň ygtyýarlaryna :

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek; Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary döretmek, onuň düzümine üýtgetmeler girizmek; ählihalk sala salyşyklaryny geçirmek meselesini çözmek; Türkmenstanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk wekilleriniň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek ýurdy, syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky maksatnamalara garamak we tassyklamak; Türkmenistanyň döwlet serhedini we dolandyryş – çäk bölünişigini üýtgetmek; ýurtdaky ýagdaý hakynda, içeri we daşary syýasata degişli has möhüm meseleler barada Türkmenistanyň Prezidentiniň habaryny diňlemek,Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň Ýokary Kazyýetiň we Baş prokuraturanyň işleri baradaky hasabatlary diňlemek, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak degişlidir.

Halk Maslahatynyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşcylyk edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Türkmenistanda dogulan, ýaşy 55-den pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de döwlet häkimiýet we dolandyryşyň ýokary edarasynda abraýly işläp gelýän, Halk maslahatynyň agzasy bolan Türkmenistanyň raýaty Halk Maslahatynyň agzalarynyň bellenen sanyndan üçden iki böleginiň açyk ses bermegi arkaly bäş ýyl möhlete saýlanylýar, ol Halk maslahatyna hasabat berýär. (10) Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň şeýle derejede giňeldilmegi Türkmenistanda milli Halk Demokratiýasynyň doly derejede kemala gelendigine şaýatlyk edýär. Aslynda Gündogaryň Günbatara meňzemeýän, türkmeniň başga millete meňzemeýän mili, özboluşly demokratiýasy bar. Türkmen demokratiýasynyň özboluşlylygy barada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle diýýär :

“Aksakallar maslahaty ýol salýar,

Düzýär, ýazýar döwlet maksatnamasyn.

Türkmeniň matlabyn oňlaýar Allam,

Göterip halkymyň ruhun, halatyn.

Ýurdumyz berkarar, iller abadan –

Ynha meniň adyl demokratiýam !” (51, 52, 53)

Beýik saparmyrat Türkmenbaşy ençeme ýüzýyllyklardan soň ýene-de Garaşsyz ýurt bolmak mertebesine eýe bolan ata Watanymyzda demokratiýa meselesiniň nähili çözülmelidigini, çözüljekdigini ylmy nukdaýnazardan işläp düzdi. Onuň esasyna bu babatdaky dünýä tejribesini ulanmak we ony milli aň-düşünje, däp-dessur, pähim-paýhas ýa-da umuman halk tejribesi, taryhy bilen utgaşdyrmak baş ýörelge hökmünde goýuldy. Ol baknalyk kerebinden boşan, özbaşdak, garaşsyz, millilik nukdaýnazaryndan guruljak türkmen jemgyýetiniň demokratiýasydyr. Ruhy Atamyz bu babatda şeýle diýýär : “Türkmen jemgyýetini gurmagyň milli ýörelgeleri halk demokratiýasyna daýanmak we onuň tejribesini ulanmak zerurlygyny göz öňünden tutýar”. (7, 137). Türkmen halkymyzda bolsa şeýle pähim bar : “Köpçülik nirä bolsa, senem şoňa ýykyl !”.

Durmuşyň her bir ugrunda bolşy ýaly, demokratiýa babatda-da adamzat jemgyýetiniň durmuş tejribesiniň ulanylmagy zerurlykdyr. Ýöne gep bu tejribäniň nähili ulanylýanlygyndadyr. Bu babatynda Beýik Serdarymyz bize sapak berýär. Onuň Günbatar we Gündogar demokratiýalary, olaryň birek-birege edýän täsirleri, olardan sapak alyp, demokratiýanyň özüň üçin ýörelgelik nusgasyny döretmek baradaky taglymaty bu babatdaky subutnamalardyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aýdyşy ýaly, demokratiýa her bir halkyň öz ýoly bolmalydyr. Dünýä taryhynyň hiç bir pursatynda-da jemgyýet babatda hemmeler üçin kabul ederlikli ýeke-täk nusga bolmandy. Beýik Serdarymyzyň demokratiýanyň nusgasy hakyndaky taglymaty dünýä jemgyýetinden üzňeleşmek däl-de, ondan milli bähbide laýyk gelýän ýoly saýlamak boldy. Milli ýoluny mundan açyk, anyk beýan etmek mümkin hem däldir. Şeýle-de biziň demokratiýamyz milli türkmen demokratiýasydyr.

Demokratiýa halkyň häkimligidir diýen pähim paýhasy yzygiderli durmuşa geçirýän Ruhy Atamyzyň demokratiýanyň Türkmen nusgasy hakyndaky taglymatynda Halk Maslahatynyň jemgyýetdäki ornuna we täsirine uly ähmiýet berilýär. Beýik Serdarymyz köküni Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan Halk maslahatyny garaşsyzlyk, millilik many-mazmuny bilen baýlaşdyrdy. Ony jemgyýeti dolandyrmagyň halkara ähmiýetli guraly derejesine galdyrdy. Ol eýýam ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji döwründen syýasy gurluşy “demokratiýa ýörelgelerini özgertmekde biziň umumy ykrar edilen syýasy gurluşdan ugur almak bilen çäklenmeýändigimizi, eýsem halk häkimiýetiniň däp bolan milli görnüşlerini hem özleşdirýändigimizi, aýtmak isleýärin. Biziň Halk maslahatymyz olaryň biridir” (8,39) diýdi.

Ýurdumyzda Halk Maslahatyna saýlawlar geçirilip, ol halk häkimliginiň ýokary nusgasyna öwrüldi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly, biziň Halk maslahatymyz “halkyň ýokary geňeşi bolmak bilen, ol Türkmenistany syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösdürmek babatda esasy, ugur kesgitleýji kararlary kabul edýär. Döwlet häkimiýetiniň şu iň ýokary wekilçilikli guramasy Prezidentiň , kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň we ilatyň arasynda özara gatnaşyklaryň berk düzgünini ýöredýär uly syyasy kararlar kabul edilýän mahaly, milli bähbitleriň nazara alynmagyny kepillendirýär”. (8, 39)

Mertebesi belent Serdarymyzyň Halk Maslahaty baradaky taglymaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Bu gün ony dünýäniň iň tanymal syýasatşynaslary, döwlet işgärleri ykrar edýärler. Şonuň üçin biz uly buýsanç we uly ynam bilen “Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň jemgyýeti halk häkimiýeti jemgyýetidir” (9,45) diýip aýdyp bileris, sebäbi biz onuň miwelerini öz gündelik durmuşymyzda görüp, guwanyp ýaşaýarys.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Natural sanlarBelokSöz toparlaryTrihomoniazKompýuter barada düşünjeLatyn Amerikasy XVII asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenliPulOrganizmSabynGowşut hanAIWNýu-Ýork şäheriMuhammet Jelaletdin RumyWekilbazar etrabyAfrikaHydyr DerýaýewMatallarDünýäniň 7 täsinligiJavaScriptTürkmen TaýpalaryEstoniýaSSSR-iň Owganystana goşun girizmegiGaramyk (kesel)Köneürgenç türkmen döwletiBirleşen Milletler GuramasyTogrul begMicrosoftGülli ösümliklerJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)HlamidiozAtmosferaTürkmenistanyň telefon kodlaryIlatTürkmenistanyň GDA ỳurtlary bilen gatnaşygyBaş Sahypa9 sentýabrLihtenşteýnÄl-FätihäKätibi2001Atabaý ÇargulyýewSiriýaSoltan SanjarLeonardo da WinçiSenagatçylar we Telekeçiler partiýasyTelewizorAntiwirusPuluň gelip çykyşynyň taryhyAtinaFilistin DöwletiIşanSingapurSantiýagoOsman türkmenleriniň döwletiKorona wirusy (2019-2020)Angliýa XVII-XVIII asyrlardaDinGyzyl kitapMozahizmSitomegalowirusAraplar VI-XI asyrlardaBirinji jahan urşyEýranAsyrlaryň sanawyAdamDemirgazyk AmerikaÝagyşSSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaBraziliýaNifäs1977Papua-Täze Gwineýa🡆 More