Ýazyr

Ýazyr一24 türkmen taýpasynyň iň ulularynyň biri bolup, Mahmyt Kaşgary ony (Ýazgyry) 10-njy, Reşideddin, Ýazyjyogly we Abylgazy 5-nji, Salar baba bolsa 9-njy orunda ýerleşdiripdir.

Umumy maglumatlar

Sala Baba bu taýpa adyny geçiren taýpabaşyny Ýyldyzhanyň birinji ogly hasaplasa, beýlekiler ony Aýhanyň birinji ogly edip görkezýärler. Ýazyr sözüne olaryň beren düşündirişleri şeýle: Reşideddin: «Çok (köp) ülkede häkim»; Ýazyjy ogly: «Çok welaýat anyň ola»; Salar Baba: «Köp welaýatlar seniň sary bolgaý»; Abylgazy: «Iller agasy». Soňky alym öz işinde «Ýasyr» diýen taýpanyň adyny hem tutýar we oňa «Aldyga her nemerse (närse) uçrasa, any ýykar» diýip düşündiriş berýär. Elbetde, bu alymlaryň ählisi adyň asyl köküni «Ýazmak» (ýere ýazmak, ýagny «ýeňmek», «basyp almak» manysyndaky söz) bilen baglanyşdyrýarlar: ýazyr-ýazar, ýagny boýun egdirer». Bu ýagdaý eýýäm orta asyrlarda ýazyr etnoniminiň hakyky manysynyň unudylandygyna güwä.geçýär.Biziň pikirimizçe, ýazyr sözüniň manysy we gelip çykyşy barada akademikler S. P. Tolstowyň we A. A. Roslýakowyň pikirleri hakykata ýakyndyr. Bular ýazyr etnonimini gadymy «Ýas» diýen türki taýpa bilen baglanyşdyrýarlar. Bu pikiri Abylgazynyň işinde 24 türkmen taýpasynyň biri (6-njysy) hökmünde ýasyr etnoniminiň getirilmegi hem tassyklaýarlar (ýazyr diýen at 5-nji orunda gelýär). Ýas ýa-da As diýen gadymy alanlaryň ikinji ady bolup, ol igdirleriň Asa ýa-da Ýasa tiresiniň adynda hem duş gelýär. Şu pikir dogry bolsa, onda etnonimiň gurluşy şeýle bolmaly: Ýaz (» Ýas»as) we -yr diýen gadymy türki köplük goşulmasy. Manysy: «Ýaz ili» «Ýaz taýpasy» «Är», ýagny «Ýazyda, sährada ýaşaýan il» diýip düşündirýär we ony terjime edilen (kalkalaşdyrylan) görnüşi hasaplaýar. Sul sözi «Çöl» sözüniň fonetik öwüşginidir. Sullar V一VI asyrlarda dünýä çempiony bolan meşhur türkmen küştçüsi as-Suly hem şu taýpadan bolupdyr. Mary tekeleriniň düzümindäki ýazy tiresiniň ady hem ýazyr diýen etnonimiň gysgalan görnüşi bolsa gerek (şahyr Mollanepes şu tireden bolupdyr). Ýaz sözüniň yzyna goşulan -y goşulmasynyň köplük sanyň başga bir formasy bolmagy-da mümkindir, ol göki, gyrgy, barany, gaýy, garrawy, gunny ýaly etnonimlerde hem duş gelýär. Ýazy sözi Mary tekeleriniň düzümindäki ýazyýusup tiresiniň adynda hem bar. Sözümiziň ahyrynda ýazyrlaryň geçmişine degişli käbir zatlary ýatlalyň. Mongol çozuşlarynyň öň edil öň ýanynda bu taýpa Ahalda tas özbaşdak döwlet gurmak we özbaşdak halk, bolmak derejesine ýeteňkirläpdir. Olaryň paýtagtyna ilki Tak, soňra Takýazyr diýen at berilýär. Bu gadymy şäheriň harabalary häzir Bäherden raýonynda bolup, ol Şähryslam diýen at bilen bellidir. Ýazyrlaryň ýurduna bolsa Ýazyr ili ýa-da Ýazyrystan diýlipdir. Häzirki garadaşly diýen türkmen taýpasy hem ýazyrlardan döräpdir. Mongol çozuşlaryndan soň, ýazyrlar dumly-duşa dargap, olaryň köp bölegi Kiçi Aziýa ýurtlaryna göçüp gidipdirler.

Çeşme

Soltanşa Atanyýazow «Şejere (türkmenleriň şejere daragty)» 242-244 sah...

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

GangABŞ prezidentleriniň sanawyPeruOsman IBirinji jahan urşunyň netijeleriMadagaskarZekatPekinÝupiterOtitGörogly etrabyTomas EdisonJyns gatnaşyklaryLälelerMýunhenHYTAY XX ASYRYŇ SOŇKY ÇÄRÝEGINDE WE XXI ASYRYŇ BAŞLARYNDAPerdeganatlylar otrýadyHalyçylyk sungatyOguz hanAý (hemra)OrazaGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriKüştAwstriýaŞeýdaýyGaraşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda taryh ylmynyň ösüşiBerdi KerbabaýewEtrek derýasyÖküz soguljanyMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiAltyn Asyr GSMTürkmen halkynyň kemala gelmegiÝaňyltmaçlarTürkmenistan XV – XVI asyrlardaMerkezi AziýaZergärçilikTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiSarahsAziýanyň halklaryBathyz goraghanasyBronhitTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniÖwlatÝagtylyk ýylyMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekÇarli ÇaplinMäne baba aramgähiAdaglamaTürkmenistanyň emeli hemrasyMary sőweşiHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyFäjrDilÝomut tiresiBraziliýa14 martSöýgiTagtabazar etrabyKitapYkdysadyýetGadymy Gündogaryň we Gadymy Günbataryň taryhynyň ösüş aýratynlyklaryBaýramalyLondonMikaýyl seljukABŞPakistanGoşma sözlem we ýönekeý sözlemBägül güllüler maşgalasyPedikulýozKätibiAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryGadymy MüsürBiosfera🡆 More