Beýik Seljuk Türkmen Döwleti Mälik Şa Döwründe

XI-XII asyrlarda kuwwaty dünýä ýaýran seljuklylar döwleti ýurdumyzyň taryhynyň altyn sahypalarynyň biridir.

Ikinji müňýyllygyň başynda ata-babalarymyzyň kuwwatlanyp, juda giň territoriýalarda güýçli döwletleri gurmagy buýsandyryjy wakalaryň biridir. Aslynda Beýik seljuklylaryň döwleti dörän mahalynda juda kuwwatly döwlet bolup döredi. Munuň özi türkmen halkymyzyň Görogly beg eýýamynda, ýagny X-XVII asyrlarda, has dogrusy eýýamyň başky iki asyrynda kuwwatlanmagynyň ruhy joşgunlylygynyň aýdyň ýüze çykmasydy. Mukaddes Ruhanamada Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu barada şeýle ýazýar: “Türkmen ruhunyň üçünji eýýamy X-XVI asyrlary öz içine aldy. Bu döwür diňe bir türkmen gylyjynyň däl, eýsem, türkmen ruhunyň hem dünýä çykan eýýamydy. Bu döwrüň beýik türkmen döwletleriniň dünýä ýaň salan eýýamydygyny dünýä taryhy tassyklaýar. Beýik Seljuk türkmen döwleti, Osman türkmen döwleti, Garagoýunlylar, Akgoýunlylar döwletleri – türkmen ruhunyň şu eýýamda nähili belent, syýasy taryhy taýdan işjeň bolandygynyň taryhy güwäçisidir.” Beýik Seljuk türkmen döwleti Mälik şanyň döwründe has-da ösüpdir. Çagry begiň ogly Alp Arslan tagta geçýär. Ol türkmenlere Rum iliniň derwezesini açan soltandyr, onuň ogly Mälik şa seljuklaryň ýurdunyň serhedini gaty giň ýere ýetiren hökümdardyr. Alp Arslan aradan çykansoň ýerine tagta çykyp, şa derejesini kabul eden Mälik şa Kiçi Aziýany we Siriýany seljuklylar döwletine tabyn eden hökümdardyr. Ýuduň paýtagty Merwi ylaýtada, ýokary göteripdir. Şäherde ençeme köşkler, reňkli jaýlar, minaralar, hammamlar gurdurypdyr. Ýurduň iň güýcli ýolbaşçysy Mälik şa döwleti iň ýokary derejä ýetiripdir. Mälik şa Alp Arslan soltanyň ogludyr. Ol 1055-nji ýylda Awgust aýynda doglupdyr. Mälik şa döwründe seljuklylaryň döwleti Orta Aziýadan Siriýa, Palestina uzalyp gidipdir. Bu ägirt uly territoriýada köp sanly halklar ýaşapdyrlar. Olaryň agyzlaryny bir edip saklamak ýeňil düşmändir. Mälik şa şu asylly maksatlaryň hatyrasyna öz tabynlygynda bolup, dürli dinlere uýýanlara we her hili däp-dessurlary ýerine ýetirýänlere azar bermändir. Gaýtam, olaryň ösmegi we zerur şertleriniň döredilmegi üçin tagallalar edipdir. Seljuk soltanlarynyň içinde aýratyn bir kuwwatlysy we edermeni bolup ýetişmeginde Mälik şanyň ýaşlykdan alan bilimi, terbiýesi uly rol oýnapdyr. Kemsiz synaglar esasynda kämilligiň atalyk mekdebini geçipdir.

Mälik şanyň terbiýesi barada Mukaddes Ruhnamada şeýle ajaýyp setirler bar: “Alp Arslan Soltanyň ogly şazada Mälige atalyk ulamalar her günde on sagat dürli ylymlary okadar ekenler. Mälik şa, geljekki soltan her günde birnäçe sagat beden hem söweş türgenligini geçer eken. Bary-ýogy bäş-alty sagat ýatypdyr. Ogluna dözmedik ejesi aram-aram: 

– Şazadam, senem dynjyňy alaý! Sen şazada ahyry – diýse, Mälik: – Eger men halkyň öňüne düşmeli bolmasam, şu alan bilimim, ylmym, türgenleşigim ýeterlik bolardy, ýöne men halkyň öňüne düşmeli ahyry – diýipdir.” Seljuklylar imperiýasynyň kuwwatly soltany Mälik şa 1092-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň ölendigi barada dürli maglumatlar bar. Maglumatlaryň birinde onuň aw etini iýenden soňra garahassalyk keseline uçrandygy barada aýdylýar. Ermeni taryhçysy Urfaly Metios bolsa Mälik şanyň ölen ýylyny 1092-nji ýyl diýip görkezipdir. Ol şeýle ýazýar: “1092-nji ýylda hemmäniň howandary we bütin ynsanlara garşy merhemet eýesi bolan Beýik soltan Mälik şa öldi. Ol Bagdat şäherinde Samarkant häkiminiň gyzy bolan aýaly tarapyndan haýynlyk bilen öldürildi. Ol bu munterem kişä zäher içirip, onuň çaýyna guýdy.” Mälik şa ölenden soňra ýurt ikä bölünipdir. Onuň ogullarynyň arasynda tagt üstünde dawalar we özara göreşler başlanypdyr. Netijede, tagta Mälik şanyň dogany rehimsiz hem gödek Arslan Argun çykypdyr. Ol 1096-njy ýylda Merwde öz hyzmatkäri tarapyndan öldürilip, ýerine 7 ýaşly ogly goýulypdyr. Mälik şanyň ogly Berkýaryk inisi Soltan Sanjar bilen döwleti ikä bölüşipdirler. Döwletiň gündogar bölegi Soltan Sanjara düşüpdir. Ahyrynda bolsa Soltan Sanjar seljuklylar döwletiniň soltany derejesine ýetipdir. Elbet-de, onuň şeýle bolmagynda soltan Mälik şanyň Soltan Sanjara beren ýerlikli hem hemmetaraplaýyn terbiýesi we bilimi uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Mälik şa zamanynda Aziýa çöllüklerinde we sähralyklarynda hojalyk ýöretmegiň esaslarynyň biri hökmünde ilatyň çarwa hojalygy ýöredendigini bellemelidir. Olardan birinjisi üznüksiz çarwaçylyk diýlen görnüşde bolupdyr. Munda tutuş taýapa ýa-da urug sözüň doly manysynda mallary bilen möwsümleýin ýagdaýda örülerine, meýdanlaryna göçe-göç ýagdaýda baryp, özleriniň durmuş-hojalyklaryny ýöredipdirler. Türkmenleriň sähralyklarda ýaşaýan çarwalarynda atçylyk hem ösüpdir. Taryhçy Baýhakynyň ýazmagyna görä, XI asyrda uly gylýal sürüleri bolan türkmenleriň sany juda köp bolupdyr. Oguzlaryň köp sanly at sürülerinde pes boýly sähra gylýallary ösdürilip ýetişdirilipdir. Aslynda VII asyrdan başlap Merkezi Aziýa ýerlerinde: – uly kelleli, pes boýly, daýaw, gysga boýunly atlary ösdürip ýetişdirmeklik juda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Taryhçy awtor Beýhakynyň türkmenleri düýedarlar diýip atlandyrmagy juda ýakymlydyr. X-XII asyrlarda türkmenlerde iki örküçli baktrian düýeleri ösdürilip ýetişdirilipdir. Ibn Fadlan hem baryp 922-nji ýylda öz syýahatynda şeýle düýelerde gezipdir. Düýäniň şol görnüşi ol türkmenleriň düýeleri diýip atlandyrypdyr. Oguz düýeleri hazarlylaryň düýelerinden özleriniň pes boýlary bilen tapawutlanypdyr. Seljuklylaryň iki örküçli düýeleriniň araplarda “buhtu” diýlip atlandyrylandygy alym al-Isfihany ýazypdyr. XII asyrda şeýle atly düýeleri Saragt welaýatynda has-da köp ösdürip ýetişdiripdirler. Türkmenleriň durmuş-ykdysady durmuşynyň düýp esaslarynda ýatan ugurlaryň biri-de hünärmentçilikdir. Türkmenler keçe taýýarlapdyr, ýüňden eşikleri tikipdirler. Süňkden bolsa peýkam oklarynyň ujuny taýýarlapdyrlar. Türkmenleriň Semireçýe, Horezm, Mawerannahr, Horasan aralygyndaky söwdasynda Syrderýanyň jülgelerindäki şäherler uly rol oýnapdyrlar. Şu söwda ugrunda möhüm ýer Ýaňykent bolup, Horezmden bu ýere Syrderýa boýunça üsti bugdaýly, arpaly, daryly, taýýar bugdaý önümli kerwenleriň gämileri gelipdir. Horezmiň paýtagty bolan Kyýat şäheri “Türkmenistanyň söwda” derwezesi bolup hyzmat edipdir.

Mälik şanyň döwründe içeri syýasatyň dowamy bolup duran daşary syýasat işleri hem üstünlikli ýöredilipdir. Alp Arslan soltan ölenden soň tagta geçen Mälik şa gös-göni ýagdaýda Kermany we Parsy eýeläp, özbaşyna döwlet döredip oturan Gurt beg bilen bir näçe sapar gapma-garşylyga giripdir. Gara Arslan Gurt soltan Çagry begiň ogly bolup, Alp Arslan soltan aradan çykmanka Alp Arslanyň wesýeti bilen Eýrandaky Kerman we Pars ýerlerini özüne mülk hökmünde alypdyr. Döwletiniň Mälik şanyň döwletine baglylygy ýarym garaşsyz ýagdaýda bolupdyr. Alp Arslan soltanyň ölümi Mälik şanyň daşary syýasatda juda erjellik bilen iş alyp barmagyna getirdi. Hut öz seljuklaryndan içinden Gara Arslan Gurduň baştutanlygynda ýüze çykan bölünmek meýillarini ýoga çykaran soltan Mälik şa ahyrynda Mawerannahra hem ýörişleri gurnamaly boldy. Sebäbi, Garahany (bu döwlet 840-1042-nji ýyllarda dowam etdi) hany Şemselmülk Nasyr emele gelen pursady öz peýdasyna peýdalanmak isläpdir. Seljuklylaryň gowşandygyndan ýerlikli utuş gazanmaga ymtylypdyr. Şu maksatlary bilen ol basym Termizi gabaýar hem ony basyp alýar. Soňra seljuklylaryň Mälik şa zamanynda gülläp oturan şäheri bolan Balhy hem basyp alýar. Emma bu şowlulyklar gysga wagtlaýyn bolupdyr. Sebäbi, erjel soltan derrew ýaňky agzalan şäherleri garahanly hökümdarynyň elinden gaňryp alýar. Munuň özi ullakan syýasy wakady. Şu hili ýagdaýda dowam edip duran syýasy durmuş seljuklylaryň entek juda kuwwatlydygyny alamatlandyrýan bolsa, beýleki bir tarapdan edil şol wakalaryň yz ýanyndan daşary we içeri syýasat ugrundaky ähli başlangyçlaryň soltan Mälik şanyň eline geçendigini hem aňladyjy alamat hökmünde orta çykýar. 1089-njy ýylda Mälik şa gutarnykly ýagdaýda Garahanylaryň üstüne ugrapdyr. Şonda ol Buharany we Samarkandy alypdyr. Mälik şa Samarkandy we Buharany basyp alanda Samarkant häkiminden närazy bolan adamlar ullakan gozgalaň turuzypdyrlar. 1090-njy ýylda Mälik şa şol gozgalaň netijesinde Mawerennahra ikinji gezek gelipdir. 1089-1092-nji ýyllar Mälik şanyň aýratyn kuwwatlanan döwri bolupdyr. Häzirki Türkmenistan, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň uly bölegi, Eýran, Zakawkazýe, Siriýa, Yrak onuň golastynda bolupdyr. Bu onuň daşary syýasatynyň üstünligidi.

 XI-XII asyrlaryň sepgidi Türkmenistan üçin ykdysady we medeni durmuşyň iň bir beýge galan döwri boldy. Şeýle ýagdaý seljukly soltan Mälik şa döwri has hem uly ähmiýete eýe boldy.  

Gaznawy – seljuk uruşlarynda tozup galan şäherler, ylaýtada Saragt we Abywert derrew aýak üstüne galypdyr. XI-XII asyrlaryň sepgidinde Horasanyň we Horezmiň şäherleri has ösüp başlaýar. Şäherleriň tutýan meýdanlary gnelipdir. Kerwensaraýlar gurulýar. Metjitler we aramgähler, köne hem hünärmentçilik mähelleleri täzeden gurulýar we dikeldilýär. Merw şäherinde küýzegärleriň, aýna taýýarlaýjylaryň, kerpiç bişirijileriň aýratyň mähelleleri gurlupdyr. Arheologik maglumatlaryň tassyklamagyna görä, ýurdumyzyň çägindäki orta asyrlaryň şäherleri öz ösüşleriniň iň bir ýokary derejesine şu döwürde ýetipdir. Şeýle kuwwatly ösüşlere eýe bolan ýerleriň biri hem edil beýleki welaýatlary ýaly, ýurduň merkezi Merw şäheridi. Soltan galanyň tutýan meýdany 4 kw km golaýdyr. Galany Soltan Sanjar gurdurypdyr diýilýän maglumatlar asla ýeterlikli dogry däldir. Sebäbi, onuň tagta geçen mahalynda 1118-nji ýylda gala doly öz güýjünde işläp duran galady. Gala Mälik şa we Alp Arslan soltanyň döwründe gurlupdyr. Soltangalany suw bilen üpjün edýän Majak kanalyny hem gurduran Mälik şadyr. Ol kanalyň galyndylary şu günler hem “Taňrygazan” ady bilen ýerli ilatyň arasynda mälim bolup galypdyr. XI asyryň aýagynda Mälik şa mahalynda galanyň demirgazyk-gündogar burçunda ullakan ýurtda ýerde aýratyn bir desga salnypdyr. Onuň içinde häzirki Şähriýar-erk diýlen ýerde köşk galyndylary ýüze çykaryldy. Mälik şa döwri ýer eýeçilik gatnaşyklary esasy mesele bolup öňe çykypdyr. “Döwletiň abadanlygy” diyen hormatly derejäni alan beýik akyldar wezir Nyzamylmülküň tagallasy bilen XI asyryň 70-nji ýyllarynyň başynda pese düşen seljuklylaryň döwletinde ýer özgertmesi geçirilipdir. Ýagny, goşunda gulluk edenlere ýerleri ykta hökmünde paýlamaklyk güýçlenipdir. Mälik şa üstünlikli daşary syýasat alyp barypdyr. Içeri syýasatdaky üstünlikler, durmuş-ykdysadyýagdaýyň gowulanmagy Nyzamylmülkiň geçiren ýer özgertmesiniň netijesidir. Daşary syýasat meselesinde-de Mälik şa mydama akyldar wezire daýanmaly bolupdyr. Bu hakda alym Ýe. Bertels şeýle ýazýar: “Merkezi Yspyhan bolan Seljuklylaryň iň bir güýçli döwri Mälik şanyň zamanydyr. Munuň şeýle bolmagynda seresaply hem ýiti paýhasly wezir Nyzamylmülkiň täsiri juda uludyr. 1092-nji ýylda Mälik şanyň imperiýasy has giňelipdir. Emma beýik döwletiň ahyry gelip başlaýar. 1092-nji ýylyň güýzünde hakyna tutma adamlar tarapyndan Nyzamylmülk we bir aýdan Mälik şa öldürilipdir. Mälik şanyň niýeti mydama dogrulyk we adalatlylyk bolupdyr. Ýüreginde sahylyk hem jomartlyk ataşy ýanypdyr. Soltan öz emirinden bidin welaýatda hiç kimiň öz öýlerini gulplamazlygyny, zähmet gurallaryny bolsa ogurlanar öýdüp çekinmezden, arkaýyn eken meýdanlarynda galdyryp gaýtmagyny gazanmagy talap edipdir. Seljuklar döwletiniň baý taryhy bar. Onuň Mälik şa döwri has hem taryhy baýdyr. Geljekde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda onuň biz – talyp ýaşlar üçin edýän aladasyny duýup okamak, işlemek, döretmek biziň borjumyzdyr.

                         Shasenem B 

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Futbol taryhynda iň köp oýun uran oýunçylarBirleşen PatyşalykFilosofiýanyň taryhyGaramyk (kesel)ItburunÝatgynyň miomasyMerezýelGyzyl kitapTürkmen halkynyň kemala gelmegiMuguthor gurçuklarMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriTürkmen bagşyçylyk sungaty1 dekabrÖküz soguljanyMahmyt KaşgarlyTürkmenistanGülistanÄrtogrul GazyTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutySüleýman ISiriýaGazawat gyrgynçylygyGyrgyzystanOmanBelokTirkiş JumageldiýevInçekeselMarawadepeSaýat etraby2040IstihäzeAşgabat Milli Taryh muzeýiTürkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleriAntoniýo BanderasAgahan DurdyýewAgamyradow Pürli NurmämmedowiçOwganystanGüljemal hanErnest HemigueýOtitGarabag krizisi (2023)SportTupak ŞakurAziýada Ikinji Jahan UrşyGadymy Müsür taryhyHindistanNury MeredowÄnew metjidiniň ansamblyBitaraplyk binasyÇekimsiz harplarTürkmen alabaýy1082Mary welaýatyndaky etraplar we şäherlerGarşylyk (elektrik)Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysyHalyl KulyýewWiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişiKerki etraby64Türkmen politehniki institutyEbul-Abbas MerweziTürkmen tamdyry🡆 More