Bill Geýts: Dörediji, telekeçi, programist.

Bil Geýt­s(iňlisçe: Bill Gates)

Bill Geýts: Dörediji, telekeçi, programist.
Bill Gates (2014)

“Micro­soft şe­re­ke­ti­ni“ esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň, şeýle hem dün­ýä­de iň baý we jo­mart ha­ýyr - sa­ha­wat­çy­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bil Geýts dün­ýä­de iň tä­sir­li şahsyýetleriň bi­ri­dir. Ol komp­ýu­ter se­na­ga­ty­nyň iň bel­li brend­le­ri­niň bi­ri­niň esas­lan­dy­ry­jy­sydyr.

Sto­luň üs­tün­de go­ýul­ýan her bir komp­ýu­te­riň bi­ri “Micro­soft”-yň prog­ram­ma­sy­ny ulan­ýar di­ýen ýa­ly­dyr. “For­bes“ žur­naly­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Bil Geýts 1996 – 2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da dün­ýä­de iň baý adam­la­ryň bi­ri bo­lup, uzak ýyl­lar­dan bä­ri bi­rin­ji or­ny eýe­läp gel­ýär.

Geýts 1955-nji ýy­lyň 28-nji okt­ýab­ryn­da ABŞ-nyň Wa­şing­ton şta­ty­nyň Si­et­le şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär we şol ýer­de ula­l­ýar. Onuň ka­ka­sy Uil­ýam Geýts II Si­et­le­de ak­law­jy bo­lup­dyr, eje­si bol­sa mek­dep mu­gal­ly­my we “Uni­ted Way” at­ly ha­ýyr – sa­ha­wat gu­ra­ma­sy­nyň we­ki­li bo­lup­dyr. Geýts we iki uýa­sy oňat ter­bi­ýe alyp­dyr we Geýt­se ikin­ji ýö­ri­te­leş­di­ri­len “La­ke­si­de Scho­ol”-da oka­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­räp­dir.

Bil 13 ýa­şyn­da­ka özü­niň il­kin­ji prog­ram­ma­sy­ny – BA­SIC prog­ram­ma­sy­nyň di­lin­de “Ata­nak nol­luk” at­ly oý­nu­ny ýa­zyp­dyr. Bill Geýts 1973-nji ýyl­da Pol Al­len bi­len hyz­mat­daş­lyk eden ýe­ri Gar­ward uni­wer­si­te­tin­de oka­ma­ga baş­lap­dyr. Geýts we Al­len “MITS Al­ta­ir” (il­kin­ji mik­ro­komp­ýu­ter) üçin esas bo­lan “BA­SIC” di­li­niň nus­ga­sy­ny prog­ram­ma­laş­dyr­ma­gyň üs­tün­de iş­läp­dir­ler. Ol “Micro­soft Cor­po­ra­ti­on” at­ly dün­ýä­de komp­ýu­ter­le­ri prog­ram­ma bi­len üp­jün edi­ji iri şe­re­ke­ti ýo­la goý­ma­ga gi­riş­mek üçin Gar­ward uni­wer­si­te­ti­ni taş­la­ma­ly bol­ýar.

Geýts we “Micro­soft Cor­po­ra­ti­on”

Bü­tin dün­ýä­niň adam­la­ry we kär­ha­na­la­ry öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni do­ly ama­la aşyr­mak­la­ry üçin ”Micro­soft” öz mis­si­ýa­sy­na baş­la­ýar. Bil Geýts we onuň hyz­mat­da­şy Pol Al­len Gar­ward­dan gaý­dan­dan soň­ra, komp­ýu­ter se­na­ga­ty­na öz­ge­riş­lik ge­ti­rip­dir­ler. Geýts her bir ofis sto­lun­da we her bir öý­de komp­ýu­ter bol­ma­gy­ny ile­ri tu­tup­dyr.

1975-nji ýyl­da komp­ýu­ter­le­ri prog­ram­ma bi­len üp­jün edi­ji “Micro-Soft” şe­re­ke­ti­niň düý­bi tu­tul­ýar. Ba­sym onuň ady ýö­ne “Micro­soft” bol­ýar we adam­la­ryň komp­ýu­ter­le­ri ula­ny­şy­ny bü­tin­leý öz­gert­mä­ge gi­riş­ýär.

“Micro­soft” komp­ýu­te­riň ula­ny­ly­şy­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mä­ge kö­mek et­di, ony ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, prog­ram­ma bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni öz­leş­dir­di, oňa söw­da-da uly üs­tün­lik ge­tir­di. “Micro­soft”-yň üs­tün­li­gi “MS-DOS” ama­ly ul­ga­my bi­len baş­lap, Geýts öz oý­lap ta­pan za­dy üçin yg­ty­ýar­na­ma al­ýar. “Micro­soft Win­dows” bol­sa, 1985-nji ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da oý­la­nyp ta­pyl­ýar.

Bil Geýt­siň baý­ly­gy 2012-njy ýyl­da 66 mil­liard dol­lar­dan gow­rak diý­lip, ha­sap edil­ýär­di. Oňa 1996 – 2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da iň baý adam hök­mün­de ba­ha be­ril­di. Ol dün­ýä­de iň iri ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ryp­dyr. Bil we Me­lin­dy Geýt­siň gaz­na­syn­da 1994 – 2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 28 mil­liard dol­lar pul bo­lup, ýyl­da 1 mil­liard­dan gow­rak pu­ly ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne sarp et­mä­ge ýag­da­ýy bo­lup­dyr. Bu gaz­na 2000-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. Onuň mak­sa­dy “sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün et­mek we ony dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne öw­ret­mekden” ybarat bo­lup dur­ýar.

Bil Geýts “Micro­soft” şe­re­ke­ti­ni­ni kä­mil­leş­dir­mek­de örän iş­jeň rol oý­na­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Ol hä­zir şe­re­ket­de “Baş­lyk” we “Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň baş bi­nä­gä­ri” di­ýen ýa­ly we­zi­pe­le­ri eýe­le­ýär. Ol “Micro­soft”-da öz üs­tü­ne az jo­gap­kär­çi­lik al­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär we ne­ti­je­de, özü­niň äh­li wag­ty­ny “Bill we Me­lin­de Geýts” gaz­na­sy­na ba­gyş­la­mak üçin “Micro­sof­ty”-yň ýol­baş­çy­ly­gy we­zi­pe­sin­den gid­ýär.

Bil Geýts 2005-nji ýy­lyň mar­tyn­da Ang­li­ýanyň ko­rol aýa­lyn­dan “Hor­mat­ly” ry­sar­lyk de­re­je­si­ni al­ýar. Ol ga­ryp­ly­gy azalt­mak we dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da sag­ly­gy go­ra­makda bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin Bri­ta­ni­ýa­nyň “Knight Com­man­der” at­ly iň uly or­de­ni bi­len sy­lag­lan­ýar.

Bil Geýts özü­niň söý­gü­li aýa­ly Me­lin­do Geýts we üç ça­ga­sy bi­len Wa­şing­ton kö­lün­den uzak­da bol­ma­dyk ýer­de ýa­şa­ýar. Ol oka­mak, golf we brij oýun­la­ry bi­len gy­zyk­lan­ýar.


Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Akdepe etrabyLatyn AmerikasyDüzmeli goşma sözlemBegiň galasy (Zem galasy)Differensial deňlemelerSuw ýetmezçiligiMalazgirt söweşiZehin synagyOrazaAziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”Nurmuhammet AndalypIşanNurmyrat SaryhanowAlabaýSakarçäge etrabyLukmançylyk ylmynyň kanunlaryBürünç asyryBeýik Saparmurat Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanyň durmuş – ykdysady we medeni ösüşiBronhial astmaDemirgazyk AmerikaTürkiýeŞanamaÝapon diliGaýgysyz AtabaýewÝazyjylar we şahyrlarAfrikaBabasylAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryWladimir PutinSoltan Sanjar mowzeleýiGurbansoltan Eje ad. etrapMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiEziz hanWiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişiOkeaniýaTürkmen halkynyň kemala gelmegiIslämGökdepe urşyJavaScriptGadymy MüsürRus imperiýasy XVII-XVIII asyrlardaDeňlemeEkwadorArdaşir IAýgytly ädim kinofilmiKelle beyniGurbandurdy ZeliliÝemenBirinji jahan urşunyň netijeleriRaşit MeredowHydyr DerýaýewTürkmenistanyň emeli hemrasyKädiPomidorMerwTebigy gurşawyň hapalanmagySarahs söweşiTekstRussiýanyň Ukraina basgynySeýitnazar SeýdiLondonMerezýelTürkmenistanyň baýdagyDüýe çalyTogrul begGünorta ÝewropaBalkan welaýatyBaglaýjylarDaşoguz welaýatyParagwaýBalykGadymy Hindistan🡆 More