Aýgytly Ädim Kinofilmi

Aýgytly ädim - (rus.

Berdi Kerbabaýewiň "Aýgytly ädim" romanynyň sýužeti boýunça.

Türkmen kinematografiýasynyň 60-njy ýyllarda gazanan uly üstünliginiň biri “Aýgytly ädim” filminiň döremegidir. 1965-nji ýylda düşürilen iki seriýaly “Aýgytly ädim” kinofilmi Berdi Kerbabaýewiň meşhur romany esasynda döredildi. Filmi režissýor Alty Garlyýew goýdy. Türkmen halkynyň rewolýusiýa gelşi we göreşiň jümmüşinde rewolýusion akymyň taplanyşy hakda gürrüň berýän bu film tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. “Aýgytly ädim” kinofilmi türkmen kinematografiýasynyň abraýyny artdyrdy. Ol diňe bir ýurdumyzda görkezilmän, daşary ýurtlarda-da görkezildi we millionlarça tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. 1966-njy ýylda bu film üçin ýazyjy B. Kerbabaýew, režissýor A. Garlyýew, aktýorlar Baba Annanow we Žanna Smelýanskaýa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldular.

Kinonyň sazyny meşhur kompozitorymyz Nury Halmämmedow ýazdy. Bu barada Oraz Ýagmyryň “Nury Halmämmet” kitabynda şeýle diýilýar: ““Aýgytly ädim” kinosyna saz ýazmaga Alty Garlynyň Nury Halmämmedi saýlap almagy bu kinonyň iň uly utuşy boldy. Edil “Şükür bagşyda” bolşy ýaly, bu kinonyň hem iň beýik tarapy-kino sazy boldy….Meşhur “Aýna” aýdymynyň orginal notasy Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowda saklanýar. “Bir gezek Nury ikimiz telewideniýede çykyş edýäs. O mahal “Aýgytly ädim” surata alynsa-da heniz görkezilmändi. Onsoň Nury maňa : “Hany “Aýnany” aýtsana” diýdi. “Alty Garly käýýär, kino çykýança aýdymyny aýtmaň diýip tabşyrdy” diýdim. “Alty aga öz ýaşulymyz. Käýese käýýär, ýençse ýenjer. Sen aýtsana” diýdi. Onsoň Nurynyň özi pianinoda sazyny çaldy, menem aýtdym . Ertiri bütin halk “Aýnany” aýdyp başlady”. Bu ýaşuly artistimiziň ýatlamasy.”

Rollarda

  • Artyk - Baba Annanow
  • Aýna - Žanna Smelýanskaýa
  • Aşyr - Artyk Jallyýew
  • Mawy - Hommat Müllük
  • Gully han - Alty Garlyýew
  • Halnazar baý - Durdy Saparow
  • Eziz han - Muhammet Çerkezow
  • Bally - Aleksandr Ýakubow
  • Pökgi bala - Akmyrat Bäşimow

Tags:

Berdi KerbabaýewRus diliTürkmen film

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

GruziýaGermaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygyndaTürkmenistanyň gerbiMätäjiOňurga ýiligiAltymyrat OrazdurdyýewSerdar Berdimuhamedow296Köpetdag goraghanasyGadymy NusaýImran HanÖzbegistanPolşaDeňlemeHimiki reaksiýaHristofor KolumbÄnew medeniýeti - ak bugdaýyň WatanyAleksandr Sergeýewiç PuşkinFaustRumyniýaTehnologiýaHalyl KulyýewMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekGowşut HanAlmaHüwdülerDünýäniň 7 täsinligi21-nji asyrTürkmenistanyñ çäginde dörän gadymy şäher-döwletleriniñ ýadygärlikleriRus imperiýasy XVII-XVIII asyrlardaAtmosferaGanazlykParfiýa (Nusaý)KöriçegeÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçTürkmenistanyň emeli hemrasyHapgyrtmaGadymy Merwiň galalaryTelekeçilikGadymy EýranTürkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiHydyr DerýaýewHepdeTowukAziýada Ikinji Jahan UrşyNanotehnologiýaSeljuklar döwründe ylym we medeniýetGaýanaÄnewÄnew metjidiniň ansamblyZenan bagtynyň syryJüneýit hanBeýik Mogollar imperiýasyTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriFerdöwsiGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriАк öý2024Nurmuhammed AndalypTürkmenistanyň adalat ministrligiNamazŞükür bagşy (film)Merkezi AziýaGurbandurdy ZeliliBronhitDessanlar🡆 More