Düýe Çaly

Düýe çaly — Ýurdumyzda düýe süýdi, esasy düýe çalyny taýýarlamak üçin ulanylýar.

Çünki türkmen üçin tomsuň jöwzaly yssysynda düýe çalyndan gowy teşneligini gandyryp biljek içgi ýokdur. Düýe el bilen sagylýar. Çalyň tebigylygynyň özi nämä degmeýär ahyry! Düýe çaly inçekesel, aşgazan keselleri üçin örän peýdaly dermanlyk içgi hasaplanýar. Düýe süýdünden – çaldan başga-da agaran, doýran, sgran, süzme, peýnir, gurt ýaly süýtturşy önümleri we mesge taýýarlanylýar. Olaryň hemmesi-de adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar.

Düýe çaly-düýe süýdüni turşadylyp alynýar. Çal taýýarlamak üçin täze sagylyp alnan düýe süýdi zerurdyr. Süýt uly syrçaly pitilere ýa-da küýzelere guýulýar. Onuň üstüne turşulygy 100-150 gradus Terner bolan önümçilik gönezligi ýa-da dogry 1:1 atylýar, soňra 2-3 minutlap garylýar. Diňe şondan soňra garyndynyň üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýulýar. Şeýlelik-de, ýokarda görkezilen goşundylaryň diňe bir garyşdyrylmagy däl, eýsem onuň kislorod bilen baýlaşdyrylmagy bilen bir wagtyň özünde artykmaç kükürt turşuly gazdan azat edilmegi hem gazanylýar. Bu ýagdaýda süýdüň turşulygy 30 minudyň dowamynda 60-70 gradus Ternere çenli ýokarlanýar. Şol wagt kazein we köpürjik görnüşli beýleki ýaglarýokary göterilip, agaran bolup, garyndynyň ýüzüne çykýar.

Düzüminde aýdylanlaryň ujypsyz mukdaryny saklaýan suwy bolsa, çal görnüşinde aşakda galýar. Şondan soňra süýt öz-özünden gazlaşdyrmak we turşatmak üçin 4-12 sagatlap 20-25 gradus gyzgynlykda basyrylyp goýulýar. Agaranyň turşulygy 18-20 gradus temere ýetende, şeýle hem özüne mahsus ýakymly ysy peýda bolanda içgiler taýýar diýilip hasap edilýär. Ine, diňe şondan soňra gaby hiç bir tarapa gozgaman, seresaplyk bilen çemeleşip, içginiň ýüzüniň agarany alynýar, çal bolsa şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, türkmeniň gadymy we iň bir gymmat bahaly süýtturşy önümi, ýagny düýe çaly taýýar bolýar.

Halkymyz: “Düýe malym-dünýe malym” diýip, oňa ýokary baha berýär. Düýe süýdüniň nähili keramatly ýagny adam saglygy üçin nähili peýdalydygyny biz türkmen halk ertekisi “Ak pamykda” hem görüp bilýäris. Erteki-erteki bolýar. Emma ol diňe ýagşy niýeti ündeýän halk döredijiliginiň görnüşi bolmak bilen onda Akpamyk düýe süýdüniň üsti bilen öz doganlaryna täzeden jan berýär. Bu bolsa, düýe malynyň hormatynyň türkmeniň aňyna, ruhuna siňendiginiň alamatydyr. Ýa-da türkmende: “Hatarda ýer bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakylyň biziň durmuşymyzda diňden ulanylýandygy hemmelere mälimdir. Bu diňe bir nakyl däldir, bu türkmeniň mert ýigitlerine edilýän wesýetdir. Bu nakylyň üsti bilen türkmen il derdini göterip bilýän ýigititleriň köp bolmagyny isleýändigini aýan edipdir. Şeýle hem “Şasenem-Garyp” dessasyndaky : “Kejebäň çekmäge ak maýa gerek” diýen setir halkyň näderejede bu jandara ýokary baha berendigini açyk-aýdyň beýan edýär.


Düýe çaly jana melhem içgi hökmünde türkmeniň Alty asyryna hem uly isleg bildirilip birek-birege hödür edilýän sypaly içgi hasaplanýar. Hut şuňa esaslanyp hem türkmen halky:”Düýe çaly derde däri” diýýär. Goý, düýe çaly siziň diňe teşneligiňizi gandyrmak bilen çäklenmän, siziň ruhuňyzy hem has belende götersin.

  1. REDIRECT

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Futbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarGerman imperiýasyKompýuter grafikasyTürkmenistanyň gözel tebigatyÝamaýkaMerezýelBaýramalyAhal-teke bedewleriTürkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslaryWi-fi tehnologiýasyDurdy DurdyyevBabasylAý (hemra)BiosferaAkmaýanyň ýolySSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaGyzamykBeýik Seljuk Türkmen döwleti Mälik şa döwründeAltymyrat OrazdurdyýewAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryOguz hanTürkmenbaşy BankÝatgynyň miomasyBalkan welaýatyBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda türkmen halkynyň medeni mirasynyň we sungatynyň täzeden dikeldilmegiOksford uniwersitetiInformatikaGaraşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmelerÄrtogrul GazyMäne baba aramgähiÇuwaşçaGoşma sözlem we ýönekeý sözlemMuguthor gurçuklarGökbogmaGurbandurdy GurbansähedowSaparmyrat NyýazowOguznamaTelegramAl-HorezmiBaýram namazyNamibiýaHalkara atçylyk sport toplumyTaýlandMete hanAdaglamaHaramMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyDüýe çalyXIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriNigeriýa14 martLionel MessiSosiologiýaGarrygala söweşiABŞ prezidentleriniň sanawyGoraghanalarAnadoly Seljuk döwletiMalaziýaAwstriýaÄrsary babaHTMLEneolit döwriZergärçilikIslam kalendaryGaramyk (kesel)Balkan DaglaryBekre balykAlplarNemes edebiýatyWolga🡆 More