Beýik Saparmurat Türkmenbaşy Zamanasynda Türkmenistanyň Durmuş – Ykdysady We Medeni Ösüşi

1991-nji ýylyň oktyabr aýynyň 27-si türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Şol gün halkymyz asyrlar boýy garaşsyz döwlet gurmak baradaky edip gelen arzuwynyň, umytlarynyň, päk oý-pikirleriniň hasyl bolandygyny bütin dünýä jar etdi. Milletbaştutanymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Beýik tagallasy bilen dünýäniň syýasy kartasynda Özbaşdak, Garaşsyz Türkmenistan döwleti emele geldi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1992-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 14-de Halk Maslahatda eden çykyşynda : “Garaşsyzlyk geçmişe we geljege ser salmak islegini döredýär. Bu ser salma mümkinçiligine türkmen halky VII-VIII asyrlap garaşyp, ahyry garaşşyz döwletini gurmak arkaly ýetdi. Eýsem, garaşşyz döwletimizi gurmak bilen biziň alynky we ahyrky maksatlarymyz nämedir ? …” Biziň ahyrky maksadymyz mähriban Türkmenistanymyzda, eziz Diýarymyzda demokratik hukuk döwletini gurmak we ýakyn ýyllarda iň ösen döwletleriň hataryna goşulmakdyr. Alynky maksadymyz bolsa, 2000-nji ýyla çenli ähli babatda garaşşyzlygymyza doly eýe bolmakdyr, imperiýadan miras galan yzagalaklykdan çykyp, iň ösen döwletlere tarap bat almak üçin zerur bolan durmuş-ykdysady we syýasy kuwwatymyzy düýpli ösdürmekden ybaratdyr”… “10 ýyl abadnaçylyk” – bu biziň ýurdumyzyň her bir adamynyň kalbyndaky hem aňyndaky baş şygary hem bäş ýörelgesi bolmalydyr” diýip belledi.

Beýik Serdarymyz şu maksatlarymyz barada ýöne ýerden öwran-öwran aýtmaýardy. Şol maksatlarymyzy amala aşyryp biljegimize ynanmaýanlar diňe ýurduň daşynda däl, hut öz aramyzda-da bardy. Emma geçen 13 ýylda biziň gazanan üstünliklerimiz şeýle adamlaryň agzyna gapak boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “10 ýyl Abadançylyk” syýasatynyň, “1000 gün” esas goýujy maksatnamasynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň 2010-njy ýyla çenli “Baş ugry” – Milli Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi önümçiligiň we durmuş pudaklarynyň ýokary derejesini üpjün etdi, milli ykdysadyýetiň dünýäniň köp ýurtlary bilen netijeli aragatnaşyklaryny ösdürmäge ukyply bazar gurluşyny düzmäge, ilatyň barha ösýän maddy we ruhy isleglerini esasan öz serişdelerimiziň hasabyna kanagatlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-njy ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli maksatnamasynyň wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna goşulmagyna we beýleki döwletler bilen onuň özara ykdysady gatnaşyklarynyň geriminiň giňelmegine mümkinçilik berer.

Türkmenistanda elektroenergetika – senagatyň iň öňdebaryjy pudagy bolmagyna galýar. Onuň kuwwatlylygy diňe bir ýurduň içindäki islegi kanagatlandyrman, eýsem goňşy ýurtlara hem energoresurslary satmaga mümkinçilik berýär. Elektrik energiýasyny öndürmek üçin Türkmenstanda arzan we ekologik taýdan arassa ýangyç tebigy gaz ulanylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde 500 kilowatlyk Seýdi – Daşoguz elektrik geçirijisi guruldy. Ol ýurdumyzyň ýeke-täk energoulgamyny döretmegiň tamamlaýjy tapgyry boldy. 1998-nji ýylda ýurdumyzda kuwwatlylygy 123 m.wt. bolan “Ženeral elektrik” gaz turbinasy işläp başlady. Bu desga kuwwatlylygy boýunça Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji we ýeke-täk hasaplanýar hem-de Balkan welaýatyndaky nebit-gaz ulgamyna degişli enjamlaryň elektriki üpjünçiliginiň ýokary mümkinçiliklerini saklamaklyga ýardam berdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde nebit-gaz senagaty giň gerimde ösdi. Türkmenistanyň çäklerinde 4000 gowrak gözleg skwažinalary burawlandy. Olaryň umumy burawlan çuňlugy 12,5 mln. metr boldy. 2003-nji ýylda ýurdumyz boýunça 65 mlrd. m3 gaz öndürildi. 10 mln. tonnadan gowrak nebit çykaryldy. Umuman nebit-gaz toplumy biziň ýurdumyzyň halkynyň maddy-durmuş ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň esasy çeşmeleriniň birine öwrüldi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyz Türkmenistanyň ähli döwlet maksatnamalary esasynda halkyň hal-ýagdaýynyň derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, onuň hukuklarynyň mizemezligini gazanmak hyjuwy durýar diýip belledi. (Mukaddes Ruhnama. sah.22) Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeňil senagatyň giň gerimde ösmegi halkyň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeledi. Bu ugurda birinji nobatdaky wezipe hökmünde pagta süýminiň öndürilişiniň möçberini artdyrmak we ondan ýokary hilli halkyň sarp edýän harytlaryny öndurmeklik göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde dokma pudagy barha uly orun eýeledi. 1994-2004-nji ýyllarda nah ýüplükleri öndürýän jinsi matalary, trikotaž öndürýän uly fabrikleriň 50-den gowragy guruldy we işe girizildi, olaryň önümleri dünýäniň köp ýurtlaryna eksport edilip başlandy. Dünýäde iň uly dokma toplumlarynyň biri bolan Aşgabatdaky birleşmede matalaryň 25-e golaý dürli görnüşleri we umumy bahasy ýylda ABŞ-yň 76 mln. dollaryna barabar bolan taýýar önümleriň giň görnüşleri öndürilip başlandy.

Türkmenistanyň azyk senagatynda täze pudaklar döredi. Türkmenistan “Koka-Kola”, “Çeşme”, Mary şäherinde ilkinji gant zawodynyň ulanmaga berilmegi, şeýle hem et-süýt önümleriniň, alkogolsyz içgileriň, ösümlik ýagynyň, kolbasa, makaron, süýji-köke önümleriniň, un, ýarma we beýleki önümleriň öndürilişi ýyl-ýyldan artyp halkyň isleglerini doly kanagatlandyrdy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň agrar pudagynda-da düýpli özgerişler bolup geçdi. Beýik Serdarymyzyň ýadawsyz aladasy bilen, onuň aýratyn üns bermegi we hut özüniň goldawy bilen ýurdumyz azyk garaşsyzlygyny gazandy.

2003-nji hojalyk ýylynda ýurdumyzyň gallaçylary 2 mln.536 müň tonna, 2004-nji hojalyk ýylynda bolsa 2 mln. 740 müň tonna ak bugdaý hasylyny aldylar. 2005-nji ýylda 3 million tonna bugdaý hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Şeýle maksatlar we wezipeler ak altyn öndürýän babadaýhanlaryň öňünde hem goýuldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda has kämil tehnikany satyn almak üçin ABŞ-ň 630 million dollary sarp edildi. 2005-nji ýyla çenli ýene-de 600 million dollarlyk “Keýs”, “Jon Dir” traktorlary, däne, pagta ýygýan kombaýnlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Baky Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzy örän uly ähmiýete eýe bolan ulgam daşary ykdysady gatnaşyklardyr.

SSSR döwründe biziň öndürýän gazymyz, nebitimiz, pagtamyz, halymyz we ýene-de birnäçe önümlerimiz daşary ýurtlara satylýardy. Emma biz olaryň niräk, haýsy nyrhdan satylýandygyny, ondan näçe millionlap, milliardlap dollarlar girdeji girýändigini bilmeýärdik. Sebäbi, bu meseleleri Moskwa çözýärdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada bu babatda şeýle diýdi : “Türkmenistan SSSR-iň hazynasyna her ýylda 10-18 milliard dollarlyk girdejini berýärdi. (nebit, gaz, pagta, himiýa önümleri), yzyna 1 milliony hem gaýdyp alyp bilmezdi. Şu ýagdaýda ruhy gymmatlyklar ýitip, haramylyk, binamyslyk, göwnüçökgünlik, ynamsyzlyk, aldawçylyk adaty zada öwrülip başlady.” (Mukaddes Ruhnama.sah.297) Garaşsyzlygymyz alanymyzdan soň, biz hiç kim arada durmazdan öz zadymyzy özümiz satmaga, özümize gerek önümlerimizi gös-göni özümiz satyn almaga doly hukuk gazandyk.

Ýurdumyz 1991-nji ýyldan başlap daşary bazara çykyp başlady. 1992-2002-nji ýyllarda Türkmenistan dünýäniň 50 ýurdy bilen müňden gowrak halkara şertnamalaryny baglaşdy. Türkmenistan häzirki wagtda halkara maliýe we ykdysady guramalaryň 40 golaýynyň agzasydyr. 1993-nji ýylda Türkmenistan Ýewropa Soýuzy bilen dokma önümleriniň söwdasy barada ylalaşyga gol çekdi. 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistan Ýewropa Ykdysady birleşiginiň Umumylaşdyrylan Preferensiýalar Ulgamynyň ýeňilliklerinden resmi suratda peýdalanýar. Preferensiýa – ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin halkara şertnamalar baglaşylanda berilýän söwda ýeňillikleridir.

1996-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-inden 2000-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-ine çenli döwürde ABŞ-nyň 56,6 mln. dollary bahasyndan “A” görnüşli sertifikatyň 1043 berildi.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Türkmenstanyň alyjylar birleşigi, Türkmenistanyň energetika we senagat ministrligi önümleriň eksportyny amala aşyrýan esasy ministrlikler boldylar.

Diňe 1992-nji ýyldan 2002-nji ýylyň I-nji ýarymyna çenli Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 17126,6 mln dollaryny, şol sanda eksport ABŞ-nyň 9691,9 mln dollaryna, import ABŞ-nyň 7334,8 mln dollaryna barabar boldy.

Şu döwürde Türkmenistanyň esasy eksport önümleri çig mal serişdeleri (gaz, nebit, pagta süými we himiýa senagat önümleri) bolup, 2002-nji ýylda ol eksportyň umumy möçberiniň 90% düzdi. Türkmenistanyň importynda bolsa azyk harytlary toplumlaýyn enjamlary, ulag serişdeleri we senagat maksatly önümler agdyklyk edip, olaryň umumy möçberdäki paýy 75% golaý boldy. Şeýlelikde 2002-nji ýylda daşarky bazarda, 1994-nji ýyldaka garanda nah ýuplükler 32 esse, halylar 4 esse, nah matalar hem 4 esse köp ýerlşdirildi. Munuň özi ýagny eksportyň ýyl saýyn artmagy Garaşşyzlyk döwründe Türkmenistanyň senagatynyň ajaýyp üstünlikleriniň alamatydyr.

Ine bu görkezijiler biziň Garaşşyz Baky Bitarap ýurdumyzyň senagat önümlerine daşarky ýurtlara bolan garaşlylygynyň doly aradan aýrylmagynyň subutnamasydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Beýik Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän öňki medeni mirasymyz, ata-babalarymyzyň ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen kitaplarda milli taryh milli medeniýet, adatlar, däp-dessurlar, türkmeniň beýik-beýik döwletleriniň taryhy, şahslary, edim-gylymlary has giňişleýin şöhlelendirilip başlandy. Beýik Serdarymyzyň il bähbitli uly tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň, milli aňýetimiziň ýörelgeleri işlenilip düzüldi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň öz döwlet syýasatyny işläp düzdi. Şol syýasatdan ugur alyp halkymyz ilki bilen öz mümkinçilikleriniň çäksizdigini, durmuş-ykdysady ösüşde hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmaga ähli şertleriniň bardygyna düşündi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň XIV Döwlet Maslahatynyň, Halk Maslahatynyň we Umumymilli “Galkynyş” hereketiniň bilelikdäki Mejlisinde eden taryhy çykyşynda : “Eger biz 2005-nji ýylda 120,2 trillion manatlyk önüm öndürsek, munuň özi şonda 2000-nji ýyllar bilen deňeşdireniňde durmuş ýagdaýymyzyň üç esse gowulanjakdygyny görkezýär diýip belledi.

Garaşşyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dikeltmeklige aýratyn üns berildi. 1998-nji ýylyň Nowruz aýynyň 16-synda geçirilen “Garaşşyzlyk we türkmen halkynyň golýazma mirasy” atly Halkara ylmy maslahatynyň, 2000-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 13-inde ÝUNESKO tarapyndan guralan “Medeni, taryhy ýadygärlikler” Halkara ylmy maslahatyň, şol ýylyň Garaşşyzlyk aýynyň 10-nda we 13-nde geçirilen “Türkmenistanyň medeni mirasy : gadymy çeşmeler we häzirki zaman mümkinçilikleri” atly Halkara ylmy maslahatyň, 2001-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 17-sinde geçirilen “Merkezi Aziýanyň we Ýewraziýanyň sähralarynyň medeni mirasy” atly talyplaryň we ýaş alymlaryň Halkara ylmy maslahatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň : “Medeni mirasymyzy aýawly saklamak biziň taryhy borjumyzdyr we döwlet zerurlygydyr” diýen sargydyny ýerine ýetirmekde ähmiýeti örän uludyr. “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Türkmen halylary”, “Türkmeiň şaý-sepleri” ýaly kitaplaryň çap edilmegi medeni mirasymyzy il arasynda wagyz etmekde uly ýardam berdi. Beýik Serdarymyzyň hut özüniň tagallasy bilen Garaşşyzlyk ýyllarynda öňki sowet imperiýasy zamanynda gadagan edilen kitaplaryň onlarçasy türkmen dilinde täzeden neşir edildi.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada: “Ergenekon” dessany türkmeniň gadymyýeti, onda tutuş magdan dagynyň eredilip, ýagtylyga – dünýä çykmaklygyň göçme manysy bar” diýip belleýär. (Mukaddes Ruhnama. sah. 56). Hakykatdanda türkmenleriň dünýäde ilkinji bolup magdan eredip başlamaklary ýaşaýşyň täze ýokary derejä geçmegini aňladypdyr. Sebäbi demirden ýasalan zähmet gurallary zähmet öndürijiliginiň birnäçe esse artmagyna getiripdir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň döredijilik, oýlap tapyjylyk ukybyny ösdürmekligi hem nygtaýar. Halkymyzyň oýlap tapyjylyk ukybyna türkmenleriň egri gylyjyda şaýatlyk edýär. Dünýäde henize çenli şondan kämil gylyç oýlanyp tapylanok. Ýöne türkmen hiç haçan döwrüniň gazaply ýaragyny adalatsyzlyk ýoluna ulanmandyr. Türkmenlerde gylyjyň ala-böle egri bolmagynda uly many bar. Egri gylyç diňe hüjüm edýäniň gylyjy, ol yza gaçýanyň gylyjy däl. Atyň üstünde öňe barýarkaň, kesip-çapyp barmaly gylyç ol …Diýmek, türkmenler gylyjy hem hüjüm üçin, öňe gitmek üçin ýasapdyrlar, gaçmak üçin ýasamandyrlar. Munuň özi türkmeniň ruhunda gaçmak diýen zadyň ýokdugyny görkezýär. (Mukaddes Ruhnama, 2-kitap, sah.59). Beýik Serdarymyzyň belleýşi ýaly : “türkmen gylyjyň gadymy kämil nusgasyny şu günlere ýetiripdir. Şol gyljyň ýüzünde “Türkmen hiç haçan gylyjyny gynyndan goňşusynyň garşysyna çykarmaz ” diýen ýazgy galdyrypdyr, ol häzirem goňşy Eýran döwletiniň taryhy muzeýinde bar”. (Mukaddes Ruhnama.sah.56).

Beýik Serdarymyz şol gylyjyň türkmeniň mert şahsyýetleriniň, mert ogullarynyň biriniňkiligini, öz Ruhnamasynyň ikinji kitabynda ýatlaýar. (Mukaddes Ruhnama, 2-nji kitap, sah.60)

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny teswirläp : “Türkmen halky bolsa dünýä päkize türkmen bedewlerini, päkize türkmen halysyny, päkize türkmen şaý-seplerini, päkize milli geýim-gejimlerini, päkize ak bugdaýyny, saryja goýnunyň toplumyny berdi” diýip ýazýar.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnamada maddy medeniýetiň, diliň, sungatyň, milli aňyýetiň jemgyýetde tutýan ornuny has ýokary derejede goýýar. Beýik Serdarymyz ol gymmatlyklary bilen milleti bir zat hasaplaýar. Ol milletiň hem edil adam ýaly göwresiniň, ýüreginiň, aňynyň bardygyny belläp, maddy medeniýeti - milletiň göwresine, dilini, sazyny - ýüregine, milli pelsepäni we aňyýeti – milletiň aklyna deňeýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen diliniň kämilleşdirilmegine ulu üns bermek bilen türkmeniň türkmen bolup galmagyna sebäp bolan gymmatlyklaryň biri hökmünde garaýar. Türkmen dili köp sanly dilleriň döremegine, baýlaşmagyna esas bolupdyr. Halkymyzyň agyr döwürleri başdan geçiren wagtynda hem özüni ýitirmedi, beýikligini saklady. Munuň düýp sebäbini Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “Munuň aňyrsynda onuň buýsanjy – özüne göwni ýetmesi bar. Hut şonuň üçin hem, tas müň ýyl mundan ozal ýazylan eserleride arkaýyn okap bolýar. Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizuliniň eserlerini ýa-da Gorkut ata eposyny okanyňda türkmen ruhunyň baýlygy buýsandyrýar” (Mukaddes Ruhnama, sah. 175 ).

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Sungat ýaly, adamyň ömrüni uzaldýan, derdine derman bolýan, şypa berýän başga bir gymmatlyk ýok. Sungat älem giňişliginde şöhle saçýan Gün mysalydyr. Hakyky sungat ynsana ruhy güýç berýän dermandyr” diýip belleýär. (Mukaddes Ruhnama, 2-nji kitap, sah.411).

Aýdym-saz halkymyzyň ruhy ganatydyr. Şol ganat bilen türkmen halky asyrlaryň çuňlugyndan häzirki günlere çenli gelip ýetdi. Şol ganat bilen türkmen halky ajaýyp günlere gujak açýar.

Aýdym-saz tutuş asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mukaddes umydynyň hökmürowan syrdaşy bolup geldi.

Türkmen halk mukamlaryna ata-babalarymyzyň ruhunyň bir ülşi siňendir. Her kim ony diňlese, düşünip diňlese, onuň ruhy galkynar. (Mukaddes Ruhnama, 2-nji kitap, sah. 412).

Beýik Serdarymyz aýtmyşlaýyn: “Türkmen milli sazy-milletiň kalbynyň owazy”. Ony beýleki halklaryň hiç biriniň sazy bilen çalyşmak bolmaz. Türkmen sazyny beýleki halklaryň saz gurallary bilen çalyşanyňda-da milliligini ýitirmeýär. Çünki ol saz türkmeniň gahrymançylykly geçmişini wasp edýär. Ol saz türkmenleri watansöýüjilige, mertlige, batyrlyga çagyrýar. Türkmen sazynda halkymyzyň başyndan geçiren kyn günleriniň-de senesini eşitmek bolýar. Ýöne onda agy zeýrenç, sussupeslik, göwniçökgünlik sesi ýokdur. Türkmen sazyndaky kyn günler halky oýlandyrmak, çykalga gözlemek üçin eşidilýändir.

Türkmen sazynyň türkmenlere täsiri baradaky gyzykly maglumaty XIX asyrda Türkmenistana syýahat eden görnükli wenger alymy A. Wamberi ýazyp galdyrypdyr. Ol dutaryň sazyny diňleýän türkmenleriň göçgünli bir ýagdaýa düşüp bu dünýäni unudýandygyna syn edipdir.

Ýurdumyzyň ilkinji we ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy : “Umuman saz sungaty-edebiýaty bilen bilelikde türkmeniň esasy milli genisiniň ýüze çykýan ugrudyr” diýip, söz we saz sungatyna uly baha berýär. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen aýdym-saz sungatyny ösdürmek üçin gaty köp işler edildi. Beýik Serdarymyzyň atalyk aladasy bilen ýurdumyzda geçirilýän “Merjen däneleri”, “Ýaňlan diýarym”, “Aşyk aýdyň piriň günleri”, “Şasenem joralaryny çagyrýar” ýaly bäsleşikler, görnükli aýdym-saz ussatlary bilen geçirilýän toý-baýramçylyklar Garaşsyzlygyň 13 ýylynyň içinde türkmen aýdym-saz sungaty asyrlara barabar ýol geçdi we türkmen milliliginiň ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşdy.

Biziň türkmen halkymyzyň baý edebi mirasy bardyr. Bu miras ata-baba nesilden nesle geçip türkmen milletimize, ynsanperwerligiň, halallygyň, gahrymançylygyň, watansöýüjiligiň beýik synmaz sütüni bolupdyr. Bu barada biziň dana Atamyz Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle gymmatly sözleri aýdýar : “Gojaman zeminiň üstündäki iň gadymy halklaryň biri bolan türkmenler hem … ajaýyp eserleriň onlarçasyny döredip, dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşdy. Biz “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly ajaýyp ýazuw ýadygärliklerine Hoja Ahmet Ýasawy, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Magtymguly … ýaly dürdäne döredijilikleri bilen özlerine, halkyna ömürlik ýadygärlik dikelden, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyny has baýlaşdyrylan onlarça ajaýyp, söz ussatlarymyza guwanmaga we buýsanmaga haklydyrys”.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

SiriýaGurbanmyrat Amangulyýewiç MezilowYsmamyt ataGeraldikaDawut pygamberTäze ZelandiýaÇekimsiz harplarGöwrelilikGadymy AssiriýaBägül güllüler maşgalasyPark Heon-youngTaryhda yz galdyran türkmen zenanlarHanefi mezhebiKontinental Hokkeý LigasyKoreýa RespublikasyGoogle TerjimeJynaza namazyJek LondonDöwletlerGadymy Köneürgenç.MÄMMETNAZAR HYDYROWAdaglamaYsmaýyl şaAhal welaýatynyň administratiw bölünişiDagWagzy-azatMerezýelGuşBabasylEkologiýaKanada 1945-2000-nji ýyllar aralygyndaEser WestÄnewOwganystanTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniLatwiýaBen 10TäçmahalHowa maglumatyGöreşAkja NurberdiýewaBeýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllardaTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiKipr RespublikasyGerodotKuweýtBekre balykInjilEllinçilik döwletlerBeýik Mogollar imperiýasy16 dekabrOkeanZeusFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarÝerleriň zaýalanmagyHytaý diliKöneürgençOrazaTürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar institutyKerim GurbannepesowIslandiýaGünbatar AziýaTürkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamyTürkmen filmKriştiano RonaldoElizabeth IIÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryNezrGaznalylar döwletiBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerVajinismusRejep BazarowAIDSZeytin🡆 More