Mynasyplyk, Bir mowzugyň Wikipediýada öz başyna bir makala açylmagyna mynasypmy ýa-da däldigini kesgitlemek üçin ulanylýan ýörelge.
Mynasyplyk şertleri |
Bu sahypa Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri baradadyr. |
Bir mowzuk birnäçe bitarap, abraýly we ygtybarly çeşme tarapyndan ähmiýetli biçüwde we giňişleýin hasaba alynan bolsa we ol mowzuk "Wikipediýa näme däldir" kadalaryna girmeýän bolsa onda ol mowzuk Wikipediýada özbaşyna makalasy bolmagyna mynasyp saýylýar.
Bu kriteriýalar Mynasyplyk kadalarynyň düýp ýörelgesidir. Eger-de bir mowzuk bu kriteriýalara gabat gelmeýän emma şonda-da giňden meşhur bolan bir mowzuk bolsa onda ol başga makalanyň içinde ýerleşmegi çekeleşilip bilner.
Makala içine alynjak maglumatlar ýa-da materiallar Mynasyplyk kadalaryna tabyn däldir. Olar Wikipediýa:Tassyklama, Wikipediýa:Bitarap nukdaýnazar we Wikipediýa:Elin gözleg gadagan kadalaryna tabyndyr.
Mynasyplyk statusy makala mowzugy üçindir, makala içinde üpjün ediljek maglumatlar näçe pes hilli ýa-da az bolsa hem sahypa öz başyna bar bolmaga dowam edip biljekdigine ýa-da däldigine täsir etmez. Makala mazmuny garyp bolsa o makala "Ownuk makala" statusy berilmelidir, özbaşdak makala mynasyp däl diýlip öçürlip bilinmez. Eger makala mazmuny baý emma taraply ýa-da elin gözleg bolsa degişli kadalara görä şablon ýerleşdiriler, makala mazmuny taraply ýa-da elin gözleg netijesi bolmagy o makalanyň mynasyplygyna garşy sebäp hökmünde ulanylyp bilinmez.
Bir mowzuk mynasyp saýylmagy üçin ýeterlik üns çekendigi barada delil bolmalydyr. Bir makalanyň özbaşyna makala bolmagyny anyklamak isleýän ulanyjy o makala ýeterlik çeşmeden üns görendigini anyklap bilmelidir.
Makalada ýeterlik ýa-da hiç çeşme ýok bolmagy makalanyň mynasyp däldigini aňlatmaýar. Mynasyplyk bu mowzugyň ýeterlikli çeşmelerden üns çekip çekmändigine bagly, o çeşmeleriň sitata edilendigine ýa-da edilmändigine däl. Meselem haýsydyr bir o diýen meşhur däl bir şahyr bir näçe ygtyýarly resmiler tarapyndan (meselem ýokary okuw we orta mekdep gollanmalary) hasaba alnan bolsa o şahyr özbaşyna sahypa mynasypdyr.
Bir makala bir döwürde Mynasyplyk derejesine ýeten bolsa we indi beýle däl bolsa (meselem 1950-nji ýyldaky aýdymçylar häzir ýeterlik derejede meşhur däldir, häzir üns çekýänem däldir belki) bu sahypa Wikipediadan öçürilmeli däldir, Mynasyplyk statusyna ýeten mowzuk hemişe mynasyp saýylmalydyr.
Mynasyplyk talaplary bolmasa Wikipediýa her mowzuga ýer bermeli bolar. Mundanam daşary:
Bu kriteriýalaryň ählisi düýp ýörelgelerdigi üçin ähli makalalar bu kadalara tabyndyr.
Meşhurlyk Wikipediýa mynasyplyk däldir, bir mowzuk meşhur bolmagy ony göni mynasyp derejä çykarmaýar.
Wikipediýa ýaýbaňlandyrma ýeri däldir. Tölegli ýaýbaňlandyrma, elin-ýaýbaňlandyrma, önüm ýaýbaňlandyrma ýaly maglumat berýän ýa-da mowzugy hasaba alýan çeşmeler mynasyplyga güwä geçmeýär. Mowzugyň mynasyp saýylmagy üçin garaşsyz we bitarap çeşmeler hökmanydyr.
Wikipediýa habar beriş serişdesi däldir, haýsydyr bir habar beriş serişdesi tarapyndan habar edilen waka gönümel mynasyp däldir. Metbugat jarnamalary, jemgyýetçilik jarnamalary, sport wakalarynyň beýany ýa-da mini-žurnalizm mynasyplyk üçin möhüm hasabat däldir. Hat-da metbugat tarapyndan giňişleýin beýanat hem mynasyplyga ýetmän biler eger-de waka tankydy göz bilen hem hasaba alynmadyk bolsa.
Mynasyplyga gabat gelmeýän makalalar makala statusyny gorap bilmeýär. Bagly ýa-da ugurdaş bir mowzugyndaky özbaşdak makala bölüm hökmünde ýerleşdirlip biliner, eger beýle sahypa ýok bolsa onda mynasyp däl sahypa adatça öçürilýär.
Eger makala mynasyplyk şertleri bolan birnäçe çeşme talabyny üpjün etmeýän bolsa ulanyjylar özleri akýüreklilik bilen esas gözläp bilerler ýa-da:
Eger akýürekli gözlegden soňra hem degişli mowzuk mynasyplyk şertlerine gabat gelmeýän bolsa ony birleşdirer ýaly sahypa gözläň. Ol hem ýok bolsa onda öçürilmegi talap edilip biliner we sahypa öçürilmelidir.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Wikipediýa:Mynasyplyk, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.