Weli Muhatow

Weli(Welimuhammet) Muhatow (1916-2005) — türkmen kompozitory, mugallym we jemgyýetçilik işgäri.

SSSR-iň halk artisti(1965). SSSR döwlet baýragynyň iki gezek eýesi (Stalin baýragy) (1951, 1952). SSSR-yň Gahrymany (1986). Türkmenistan SSSR-yň gimniň awtory(1944)

Weli Muhatow
Doglan wagty we ýeriMaý 5, 1916(1916-05-05)
Bagyr obasy,Aşgabat
Aradan çykan wagty we ýeriÝanwar 6, 2005(2005-01-06) (88 ýaş)
Kärikompozitor, režissýor,pedagog
MilletiTürkmen
Uçurym ýeriMoskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy
Žanrlaryopera
Ýanýoldaş(lar)yAdygül Orazowa
Çagalary2

Biografiýasy

Weli Muhatow Aşgabatdaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde 1929-1933 aralygynda okaýar . 1936-njy ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň ýanyndaky türkmen bölümine okuwa iberýärler.

Ikinji Jahan Urşy

Weli Muhadow hem Moskwanyň töwereginde gurulýan goranyş gurluşlaryny gurmak üçin meýletinçileriň hatarynda gidýär. Ol urşa gitmek üçin Aşgabada dolanyp barmak kararyna gelýär. Köşiniň pyýada goşun uçilişesini tamamlandan soňra, ol 1942-nji ýylyň dekabr aýynda 99-njy atyjylyk diwiziýasynyň hatarynda Stalingrad urşuna ugradylýar. Ukrainada diwiziýa öňdäki pozisiýany çykyp, Ýekaterinowka üçin urşa girişýär.

Uruşdan soň

Weli Muhadow parahatçylykly durmuşa gaýdyp gelip, Aşgabatda ukrain kompozitory A.F.Znosko-Borowskiý bilen duşuşýar. Olar bilelikde Koşa Japarowyň librettosyna “Akpamyk” baletine saz ýazýarlar. “Akpamyk” türkmen nusgawy saz eserleriniň taryhyna ilkinji milli erteki-fantastiki balet hökmünde girdi. Ondan soňra kompozitor Adrian Şapoşnikow Weli Muhadowa gülkili opera žanrynda bilelikde işlemegi teklip edýär. Kän wagt geçmän “Kemine we kazy” operasy döredi. Ondan azyrak soňra bolsa – “Zöhre-Tahyryň” ikinji redaksiýasy peýda boldy. A. Şapoşnikow bilen bilelikde işleşmek bilen, Weli Muhadow ýene-de kän zatlary öwrenmelidigine göz ýetirdi. Kyrk ýaşynyň içinde aýaly we iki sany ýaş çagasy bilen Moskwa konserwatoriýa girmäge gidýär.

Weli Muhadow “Türkmen sýuitasyny” konserwatoriýanyň dördünji ýylynda ýazýar. Ol bu eseri üçin SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Onuň okuwynyň bäşinji ýylynda ýazan “Meniň Watanym” atly poemasy - diplom işi hem SSSR-iň Döwlet baýragy bilen bellenildi. Talybyň ýurduň ýokary baýragyna iki sapar mynasyp bolmagy, konserwatoriýanyň bütin taryhyda bolup geçen ýeke-täk ýagdaýdyr.

Esasy Eserleri

    Opera
  • «Kemine we kazy» (1947, Adrian Şapoşnikow bilen bile)
  • «Zöhre-Tahyr» (1953, Adrian Şapoşnikow bilen bile — ikinji redaksiýasy)
  • «Ahyrky Saka» (1967, libretto Çary Aşyrow)
    balet eseri
  • «Akpamyk» (1945,Znosko-Borowskiý bilen bile)
    orkestr eserleri
  • «türkmen sýuitasy» (1949)
  • «Meniňwatan» simfonik poema (1951)
  • «simfoniki llýustrasiýa» (1951)
  • « Çopan Ogly» aýdym sazly film (1955)
  • mukam: №1 «Magtymgulynyň ýadygärligine» (1974), №2 «Gahryman» (1984), №3 «Ejeleri ýatlap» (1985)
  • konsertler: fortepýano bilen orkestr üçin (1989), skripka bilen orkestr üçin (1991), wiolençel bilen orkestr üçin (2003)
    Wokal we Simfon gatyşyk
  • kantata: «Ýeňiş» (1943), «kommunistik partiýalar barada» (1954), «Bagt» (1954), «Salam Moskwa» (1955), «Lelin barada oýlanma» (1957)
  • poema: «Kommunist hakynda kyssa  » (1970), «Lenin hakynda aýdym» (1970)
  • oda(wasp): «Partiýalar barada» (1976), «Lenin we meniň partiýam» (1982), «Lenin partiýasy hakynda» (1985)
  • oratoriýa: «Meniň Aşgabadym» (1981)
    Halk gurallaryndan düzülen orkestr
  • «iki hindi pýesasy» (1955), «Poema» (1965), 3 simfonik poema (1965—1982)
    Beýleki eser;eri
  • fortepýano üçin—«fuga»(1951),«prelýudiýa»(1951),«improwizasiýa»(1955)
  • ses we fortepýano üçin — romanslar, «söýgi» (1947), «Arzuw» (1967), «Güýz» (1970)
  • aýdymlar, «Gündogar sesi», «Doganlyk aýdymy», «Parahatlyk aýdymy», «Nebitçi üçin aýdym», «Komsomol aýdym», «Ilkinji söýgi», «Daňdanky aýdym», «Zähmediň sesi», «Lelin barada aýdym», «Parahatlyk aýdymy»
  • hory, «wepalylyk» poemaň içinden
  • teatr we çeper film üçin duýguly sazlar

Kinofilmdäki sazlary

  • Türkmenistan soweti (1950)
  • Çopan ogly (1954)
  • Maşgala abyraýy (1956)
  • Gündogara tarap on ädim (1960)
  • Daş-Kaldaky waka (1963)
  • Suw hakynda aýdym (dokumental)


Çeşme

Tags:

Weli Muhatow BiografiýasyWeli Muhatow Esasy EserleriWeli Muhatow ÇeşmeWeli MuhatowTürkmenistan Sowet Sotsialistik Respublikasy

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Äs-sälämu aleýkumBereketli Garagum goraghanasyÖýjükAwaza milli syýahatçylyk zolagyItburunYsraýylDessanlarWenesuelaDurdy BaýramowAhal-teke atyGuragyry keseliOkaraly çomuçMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekDüzmeli goşma sözlemFäjrAziýa “gaplaňlary” ýa-da “täze senagatlaşan döwletler”Gadymy Müsür taryhyTagtabazar etrabyTürkmenistanyň garaşsyzlyk baýramyTürkmenistanyň adalat ministrligiPedikulýozHazar goraghanasyTäjigistanPortugaliýaZehin synagySurinamAýgytly ädim kinofilmiTürkmenistanyň Halkara Demir ýol we Deňiz ýol ulgamyBalkan welaýatyPişik7 maýZenan bagtynyň syryGalaktikaProstatitMERKEZI AZIÝA GADYMY DÖWÜRDEMTS TürkmenistanMähramDon KihotWayback MachineNuklein kislotalaryBitin sanlarÄnewHepdeÝarym adaEnergiýaFutbol taryhynda köp kömek edýärHalkara Matematiki adalgalarSSSR 1946-1950-nji ýyllardaMemluklar döwletiGyrgyzystanKöýtendag etrabyGünorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleriDaşoguz welaýatyGöz degmegiDünýäniň 7 täsinligiGuduzlamaTürkmenistanyň geografiýasyÇiliAnton ÇehowBalkan welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyMerkezi AziýaFinlandiýanyň bilim ulgamyTürkmen bagşyçylyk sungatySeýitnazar SeýdiSaratowEneolit döwriÝunanystanNýu-Ýork ştatyTürkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygyKoreýa RespublikasyGurbandurdy ZeliliGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyBeýik Mogollar imperiýasyRimiň taryhy🡆 More