Nuklein kislotalary- öýjügiň ýadrosynda emele gelýärler.
Olaryň ady hem şondan gelip çykýar, ýagny "nukleus" diýmek latynça "ýadro" diýmekligi aňladýar.
Nuklein kislotalaryny dezoksiribonuklein (DNK) we ribonuklein (RNK) kislotalary diýen iki görnüşi bar. DNK bedeniň nesle geçýän alamatlaryny ýüze çykarýan hromosomalaryň düzümine girýär. RNK bolsa ýadroda we sitoplazmada bolýar. Bu kislotalaryň ähmiýeti diňe soňky ýyllarda takyklanyldy. DNK-da nesle geçýän alamatlaryň maglumatlary saklanýar. RNK bolsa öýjüklere mahsus bolan beloklaryň emele gelmegine gatnaşýar.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Nuklein kislotalary, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.