Guduzlama keseli (lat. rabies) adamzada gadymy zamanlardan bäri bellidir.
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Ol kesel barada maglumatlar gadymy hindi, müsür golýazmalarynda hem ýazylandyr. Guduzlama – ýiti ýokançly kesel bolup, ol merkezi nerw ulgamyna zeper ýetme bilen häsiýetlendirilýär. Kesel döredýän wirusy, tebigatda käbir ýabany haýwanlar, ýarganatlar özünde saklaýarlar. Köplenç halatlarda keseli eýesiz itler, pişikler hem-de möjekler, tilkiler ýaýradýarlar. Haýwanlaryň tüýküligi diňe bir kesel wagtynda däl-de, inkubasion döwürde hem (kesel ýokuşyp, birinji alamaty ýüze çykýança geçýän wagt) ýokançlydyr. Adama bu kesel haýwanlaryň dişlemegi we wirusyň ýokuşmagy hetijesinde ýüze çykýar. Keseliň näsag adamdan adama ýokuşýan halatlary örän seýrekdir. Dişlenmeden soň, wirus nerw süýümleriniň ugry bilen merkezi nerw ulgamyna ýetýär we beýniniň zeperlenmegine (ensefalit) getirýändir. Beýnide diňe şu kesele mahsus bolan, “guduzlama düwünjikleri“ we onuň öýjüklerinde emele gelýän Negriniň öýjükleri döreýär. Keseliň inkubasion döwri 10 günden 1 ýyla çenli uzalyp bilýär. Köplenç dişlemeden soň, kesel 12-99 günde ýüze çykýar. Haýwanyň bedende dişlän ýeriniň we ýaranyň çuňlygynyň ahmiýeti uludyr. Kelläniň, döşüň we elleriň çuň ýaralary köp halatlarda guduzlama keseline getirip biler. Guduzlama keseliň geçişini 3 döwre bölýärler:
Guduzlama keseli hemişe ýokarda beýan edilýän ýagdaý ýaly geçmeýär. Köplenç kesel tolgunma döwründen başlap biler. Käwagtlar ysmaz döwri bolman hem bilýär. Köplenç ysmaz ýagdaýy dişlenen ýerden başlap biler. Çagalarda guduzlama keseli dowamlylygyň gysgalygy bilen häsiýetlendirilýär. Çagalaryň 10%-i keseliň 1-nji gününde aradan çykýarlar. Keseliň bejergisi ýokdyr. Keseliň alamatlary ýüze çykandan soň, näsagy halas edip bolmaýar. Näsagy asuda, garaňky otagda ýatyrmalydyr. Dişlenen ýarany sabynly suw bilen ýuwmalydyr. Ýarany himiki serişdeler bilen işlemek, oňa hirurgiki tikin goýmak maslahat berilmeýär. Lukmanlaryň gözegçiliginde, bejergiler tutgaýyň öňüni almaga, ýürek we dem alyş merkeziniň işini tijendirmäge gönükdirilen bolmalydyr. Guduzlama keseliň öňüni almakda ýeke-täk, degerli çäre – bu öňüni alyş sanjymlary geçirmekdir. Guduzlama garşy öňüni alyş sanjymlary, guduzlan ýa-da şoňa güman edilýän haýwanlar tarapyndan dişlenen hemme ýagdaýlarda geçirilýär. Keselli haýwanlaryň tüýküligi degen zatlar bilen ýaralanan adamlar hem şu topara girýändir. Öňüni alyş sanjymlaryň geçiriliş tertibi we näsaglara gözegçilik aýratynlyklary Saglygy Goraýyş Ministrligiň Düzgünnamasynda beýan edilendir. Dişlenen näsaglar rabiolog lukmanyň gözegçiliginde durýarlar. Dişlän haýwan (eger ol belli bolsa) 14 gün weterinar lukmanyň gözegçiliginde saklanýar. Sanjym alynýan wagty alkogol içgileri kabul etmekden, beýleki öňüni alyş sanjymlary almakdan saklanmalydyr. Aýratyn ýagdaýlarda, dişlenen adamlara bürmä garşy sanjym geçirmek rugsat berilýär. Guduzlama garşy sanjym edilende birnäçe gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler:
Aşakdaky ýagdaýlarda sanjym alýan, dişlenen adam keselhana ýerleşdirilmelidir:
Guduzlama keseline garşy işi medisina we weterinar gulluklary bilelikde alyp barmalydyrlar. Weterinar gullugyň işi, haýwanlaryň sanyny kadalaşdyrmaga, kesel haýwanlary ýok etmäge, öýde saklanýan haýwanlara öňüni alyş sanjymlary geçjirmäge gönükdirilen bolmalydyr.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Guduzlama, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.