Mähram

Mähram (arap.

gadagan zat, 2. garyndaş.) Yslamda jyns gatnaşygy haram bolan we nikalaşyp bolmaýan garşydaş jynsdaky kişi. Ýöne olar bilen sapara ýa-da syýahata gidip bolýar we ýekelikde galyp bolýar. Mähram bilen jyns gatnaşyk etmek zyna hasaplanýar.

Erkek

(Eý, mukminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.


Kuran: sura №4, aýat №23.


    Erkek aýaly bilen aýrylyşanda (talak) ýa-da dünýäden ötende oňa nikalaşmak halal bolýan kişiler:
  • Aýalynyň - gyz dogany
  • Aýalynyň - ejesiniň gyz dogany
  • Aýalynyň - kakasynyň gyz dogany
  • Aýalynyň - aýal doganynyň gyzy
  • Aýalynyň - erkek doganynyň gyzy

Zenan

    Zenanlara çykmak haram bolanlar:
  • Kakasy
  • Ogly
  • Erkek dogany (ýa-da jigsi)
  • Kakasynyň erkek doganlary
  • Daýylary
  • Erkek doganynyň ogullary
  • Aýal doganynyň ogullary
  • Süýt emşen erkek doganlary (2 ýyl bir eneden emen)
  • Gaýynatasy
  • (Jynsy gatnaşykda bolan) äriň ýany bilen gelen öýdäki öweý ogullary. (Ýöne nikalaşyp, heniz jynsy gatnaşykda bolman aýrylyşan ärleriniň ogullary bilen nikalaşmakda hiç hili günä ýokdur.)
  • Öz dogran gyzynyň äri

Salgylanmalar

Tags:

Arap diliJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)NikaYslamZyna

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

ÝaňyltmaçlarDilAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryLeonard EýlerGimalaýlarTürkmen TaýpalaryGaplaňgyr goraghanasyFutbol boýunça dünýä çempionaty-2002Täçmämmet JürdekowKolDemokratiýaXX – nji asyryň 20-30-njy ýý-da türkmen halkynyň özbaşdak, milli döwlet gurmak ugrunda göreşiHalapDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerHimiki reaksiýaAtabaý ÇargulyýewNemes edebiýaty11 awgustTebigy baýlyklarMagtymgulyAbu Reýhan Al-BiruniLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerLeonardo da WinçiHalkara Matematiki adalgalarOsman IGün (ýyldyz).khGermaniýaÖwlatÝabany we medeni ösümliklerSurinam5 aprelGüljemal hanGün ulgamy20071948Türkmen edebiýatyJüneýit hanNury MeredowTürkmenistanda Bank UlgamyDykma serdarMurgap derýasyGeografiýaDiş agyryGökbogmaYlymMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekAlp ArslanGüýçŞükür bagşyŞirkAhal welaýatyGyzylarbatTäze ýyl baýramçylygy dürli senenamalardaÝusup BalasagunlySportÇowdurTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriHajj1456GazagystanAIDSKasymguly BabaýewTaýlandRapFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarAba serdaryň gozgalaňyGökdepe urşyÇarşenbeSynalar (organlar)🡆 More