Günorta Türkmenistanda Sungat Ýadygärlikleri

Günorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleri

MEÝILNAMA :

1.Janly şekillendiriş sungaty.

2.Amaly-haşam sungaty.

3.Binaçylyk sungaty.

Edebiýatlar :

1.Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. A., 2001 ý.

2.Atagarryýew Ýe. Taryhda galan yzlar. A., 1984 ý.

3.Esenow A. Türkmenistanyň binagärçiliginiň taryhy. A., 2001 ý.

4.Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri. L., 1974 ý.

Maksady : Gorkut ata eýýamynda Günorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleri barada talyplara düşünje bermek. Bu mowzugyň üsti bilen talyplarda öz ülkesiniň maddy gymmatlyklaryna bolan söýgüsini buýsanjyny döretmek we olarda watançylyk duýgularyny terbiýelemek.

Gorkut ata eýýamynda Merkezi Aziýa sungatynda jemgyýetiň durmuş we syýasy düzümindäki özgerişler bilen baglanyşykly çuňňur özgerişler bolup geçdi. Bu özgerişler Günorta Türkmenistanyň sungatynda hem sypatlandyrylan. Has täsirli alamat janly şekillendiriş sungatynda öz beýanyny tapdy. Häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýerinde janly şekillendiriş ýadygärlikleri tapyldy. Köneürgençde Toprakgala köşgünde çekilen suratlar muňa şaýat. (S.P. Tolstow Po sledam. 164 sah.)

Gorkut ata eýýamynyň irki döwründe Köneürgençde (VII-VIII asyr) ondan başgarak häsiýetli surat çyzgylary tapyldy. Bu ýerde nekropollary – baýyrlary gazyp agtaryşlar ossuariler – merhum bolanlaryň arassalanan süňklerini (bu otparazlygyň däpleri) saklamak maksady üçin niýetlenen gaplar tapyldy. Bu assuariler örän özboluşly surat çyzgylary bilen bezelen. Gadymy Sogda irki Gorkut ata eýýamynyň (VII-VIII asyr) hakyky janly şekillendiriş mirashanasy Penjikent şäheri bolup durýar. Şeýle-de janly şekillendiriş sungaty Merkezi Aziýanyň ýerleri bolan Sogdanyň paýtagty Samarkantda, Buharanyň ýerleri bolan Warahşda duş gelýär. Baktriýada – (günorta Merkezi Aziýada) Toharistanda düýpli janly şekillendiriş hakdaky bilimleriň esasy çeşmesi bolup, uly bolmadyk Balalykdepe (V-VI asyr) binasy mysal bolup biler. Şeýlelik bilen gadymy Merkezi Aziýanyň her bir ýerinde – Köneürgençde, Sogdada, Baktriýada gadymy janly şekillendiriş sungatynyň ýadygärlikleri tapyldy. Demirgazyk Horasanyň merkezi bolan gurply Merwde bu iş başgaça alamatlandyrylýar. Emma sungatyň bu görnüşi Merwde bolmady diýmek ýalňyş. Seredilýän döwürde Merw Aziýanyň medeni merkeziniň biri bolan beýle döwletde şekillendiriş sungatynyň bolmazlygy mümkin däl. Şu sungatyň Merwde bolandygyna iki sany surat şekillendirilen ossuarileriň we nagyşly küýzäniň tapylmagy mysal. Bu janly şekillendiriş bolmasa-da anyk şekillendiriş sungatynyň barlygynyň subutnamasydyr. Nagyşly küýze Maryda Gäwürgalada budda keramathanasyndan 1962-nji ýylda M.Ýe. Massonyň ýolbaşçylygyndaky arheologiki toparyň, G. A. Koşelenkonyň ýolbaşçylygyndaky ÝuTAKE işi netijesinde tapyldy. Onuň daş ýüzünde Mary hökümdarynyň durmuşynda möhüm wakalaryň dört görnüşi şekillendirilen.

1.Toý-meýlis sahnasy beýan edilipdir. Gymmat baha don we uzyn köýnek geýen sakgally, uly burunly Merw hökümdary we onuň gelni bir-birlerine ýüzbe-ýüz otyrlar. Olaryň öňünde pessejik oturgyjyň üstünde täç ýatyr. Bu täç şa aýalyň başyna geýdirilmäge niýetlenen bolmaga çemeli. Şeýle lybas Türkmenistanda şol wagtda giň ýaýran. Hökümdaryň başyna geýen zady şaýlyklar bilen bezelen. Bu surata gyzyl, gök, ýaşyl reňk berlipdir. Meýlis bagyň içinde geçyär. Patyşanyň elinde içi üzümli jam bar. Onuň arka tarapynda bolsa nar, armyt ýaly miweler görnüp dur. Şa aýalyň yzynda hyzmatkär dur. Onuň gollary hormatlaýan görnüşde döşünde gowşurylgy, ol özüniň “hapa” demi bilen şanyň we onuň aýalynyň “päk” bedenini hapalamazlygy üçin onuň agzy mata daňy bilen örtülipdir.

2. Aw-awlanyş sahnasy. Onda emaý bilen ýöräp barýan gara atyň üstünde patyşa dabara bilen awa gidýär. Ýaýy çekmäge çemeli bolar ýaly, patyşa bir goluny donuň ýeňinden çykarypdyr. Ýaýyň çemelýän ugrunda gonup oturan sülgün we çalasynlyk bilen gaçyp barýan jeren hem şekillendirilipdir.

3. Öli agysy sahnasy. Onda juda gaýgyly halda çäkmene dolanyp, hassa ýatyr. Ähtimal ol ölüp barýan bolmagy çemeli. Gussaly iki aýalyň elleri hassa tarap uzaýar. Hassanyň baş ujunda içi dermanly käsäni saklap duran lukman dur.

4. Jaýlama däbi. Bu sahnadaky şekile görä lukmanyň emi kömek etmedik bolara çemeli sebäbi dört hyzmatkär özleriniň baýarlarynyň gymmat baha parçalara dolanan jesedini tabyda salyp, iň soňky ýoluna ugradýarlar.

Rus alymy B.Ýa. Stawisskiý bu şekili VII asyra degişli diýip hasaplaýar.

Ondan soň şa toýuny şekillendirýän bulgurlar tapyldy (olaryň biri Leningradyň ermitažynda, beýlekisi Britan mirashanasynda). Şol şekillerde sazandalar, hyzmatkärler şekillendirilen, bu şekillerde eftalit täsiri duýulýar.

VII asyryň ortalarynda Türkmenistanyň çäklerine araplaryň aralaşmagy bilen bu ýerde sasaniler hökmürowanlygy bes edilipdir. Araplar Nusaýy, Abiwerdi (Kaka), Maryny, Horasan ýerlerini, VIII asyryň başynda bolsa Köneürgenji we Günbatar Türkmenistany (Dahystany) eýelediler. Basybalyjylar zorluk bilen ýerli ilaty yslam dinine girizdiler. Olar türkmenleriň gadymy medeniýetiniň ýadygärliklerini ýok etdiler. Yslam dininiň aralaşmagy ýerli ilatyň durmuşyna, medeniýetine öz täsirini ýetiripdir. Ýöne araplaryň öz medeniýeti ýerli halkyňkydan pes bolupdyr. Yslam dininiň aralaşmagy bilen şekillendiriş sungaty pese gaçypdyr. Sebäbi yslam janly zadyň suratyny çekmäge gadagan edipdir. Şonuň üçin köplenç toslama janldarlary şekillendirmek bilen çäklenipdirler. Adamlaryň suratyny çekmek bolsa düýbünden gadagan bolupdyr. Şol sebäpli meşhur adamlaryň ençemesiniň suratlary bize çenli gelip ýetmändir. Hat-da Muhammet Pygamberiň öz suraty hem çekilmändir. Diňe soň-soňlar ony uçýan mifik atyň – Byragyň üstüne münüp, Allanyň ýanyna baryp gelýärmiş diýip göz öňüne getiripdirler.

1954-nji ýylyň Magtymguly aýynda - S.A. Ýerşow, F.Ýa. Koske, J. Durdyýew we beýlekilerden ybarat arheologik ekspedisiýa Baýramaly şäherinden bäş km demirgazykdaky gonamçylykda gazuw-agtaryş işlerini geçirende gap-gaçlaryň, küýzeleriň, hat-da aýmançalaryň hem adam süňklerini tapdylar. Şol döwürde şu ýerde öz ölilerini jaýlan adamlaryň ynamyna görä ýer “keramatly”, topraga ölini gömmek bolsa ýeri zaýalamak hasaplanypdyr. Şoňa görä-de ölen adamlary ilki ýörite açyk meýdançada goýupdyrlar. Jesediň endamynyň ýaglary eräp ýere siňipdir, etleri wagşy it- guşlara şam bolupdyr. Diňe şondan soň süňkleri ýygnap, ýörite gutulara salypdyrlar. Arheologlar ol gutulara “ossuari” diýip at beripdirler. Seneleri boýunça bu ossuariler V-VII asyrlara degişli gazuw-agtaryş işleri geçirilen alty sany kiçiňräk depejiklerde adamlar jaýlanan eken. Ol ýerden dürli görnüşdäki ossuariler tapyldy. Olaryň birnäçesi mähnet küýze – hum şekilinde bolsa, beýlekileri piramida çalymdaş, başga birleri silindr görnüşinde keramiki gaplarda ýerleşdirilipdir. Ossuarileriň çeperçiligi barada aýdylanda, olar kesme nagyşlar bilen bezelipdir, birnäçeleriniň üstünde adam we haýwan şekilleri suratlandyrylypdyr. Ossuarileriň biri has hem täsin. Onuň durky basgançakly piramida görnüşinde bolup, onuň gapdal diwarlary dürli reňkli mozaika kerpiçjagazlaryndan düzülen. Ossuariniň gapsasynyň daş ýüzünde gülleriň içinde uçup ýörän sumrug guşuň suraty çekilen. Bu guş çokjasynda togalak zady saklap dur. Halk ynamy boýunça sumrug guş jaýlanan adamyň ymanyny behişde alyp barýarmyş. Özüniň şekillendiriş derejesi boýunça bu şekil Gündogaryň beýik çeperçilik eseri hasaplanýar.

Amaly-haşam sungaty türkmen halkynyň milli sungatynyň bir bölegidir. Gadymy türkmen zergärleri öz senedinde kümüşi, gymmat bahaly daşlary örän ussatlyk bilen utgaşdyryp ulanypdyrlar. Olaryň ýasan şaý-sepleri üýtgeşik reňkli, bir kemsiz ýasalyp, gaşdyr-haşam çyzgylaryň örän takyklygy, şelpe-düwmeleriň dakylyşynyň üýtgeşik özboluşlylygy adamlary häli-häzirem haýran galdyrýar. Başga hiç bir milletde duş gelmeýän ajaýyp şaý-sepleri diňe bir bezeg üçin niýetlenmändir. Olaryň ýüzüne çekilen nagyşlaryň olary dakynýanlary gözden, dilden, jadylamakdan, kakyn – silkinden, şeýtanyň, arwah-jynlaryň zyýanly täsirinden goramak üçin, bagt getirmek üçin niýetlenipdir.

Şeyle-de şaý-sepler gelin-gyzlaryň gorag we söweş lybasy hökmünde hem bolypdyr. Onyň has aýdyň beýany Mukaddes Ruhnamada hem berlipdir: “Turkmen gyzlarynyň şaý-seplerine üns beriň: gupba-tuwulga, çekelik-bukaw-boýundan gylyç salynmazlygyny üpjün edýär, gülýaka döşi, gursagy goraýar. Bilezik goly, donuň öňüne, arka tarapyna dakylýan dürli arbasylar, dürli şaýlar peýkamdan goraýar. Türkmen gyzyny doly şaý-sep bilen bezeseň – ol doly söweş geýmine giren söweşiji gyz bolýar. Hasaplanyp görülse, bir aýal ähli şa-sepleri dakynsa, otuz alty kilogram altyn-kümüş götermeli bolýar. Türkmeniň zenana goýan bahasy beýikdir.” (sah. 378)

Türkmen zergärleri diňe aýal-gyzlary üçin däl-de, çagalar, söwer aty üçin hem şaý-sepleri ýasapdyrlar.

Gymmat bahaly daşlaryň fiziki, himiki häsiýetlerine näbelet bolan gadymy türkmen zergärleri süňňi bilen syzmak ýoly arkaly ol daşlaryň täsirine göz ýetirip, olary keramat sanypdyrlar. Zehinli zergärleriň bütin yhlasyny siňdirip, çeper elleri bilen ýasan şaý-sepleri gelin-gyzlary özüne bendi edipdir, olaryň ýüreklerine teselli beripdir, ruhlandyrypdyr. Bu senet bilen meşgullanan ussat zergärleriň onlarça arkasy çalyşyp, şu nepis sungaty erjellik bilen kämilleşdirip, kaşaňlyk derejesiniň arşyna çykaryp bilipdirler. Gadymy halypa zergärler şu täsin hünäriň inçe syrlaryny şägirtlerine ýetiripdirler.

Amaly-haşam sungatynyň ýene biri agajy, demri, taňsydy (keramika) haşamlamakdyr. Ýörite demir, agaç, taňsyd ussahanalary bolupdyr. Demirden, agaçdan diňe bir zähmet, hojalyk gurallary däl, eýsem bezeg esbaplary hem ýasalypdyr. Altyndan, kümüsden şaý-sepler ýasalypdyr, şaýlyklar zikkelenipdir. Çeper taňsyd içinde küýzegärçilik has ýörgünli bolupdyr. Arheologiýa gazuw-agtaryş işlerinde tapylan tapyndylaryň aglaba köpüsi küýzelerdir. Deri işläp bejerilipdir. Ondan aýakgap, içmek, possun, telpek we ş.m. dikilipdir. Türkmeniň buýsanýan sungatynyň biri-de haly dokamak we keçe ýüwürtmekdir. Gorkut eýýamynda haly, keçe önümleri hojalyga derkar esbaplar bolupdyr. Keçe haly bilen alty ganat ak öýler düşelipdir. Onuň üsti bir reňk keçe durluklar bilen örtülipdir, haly-palas onuň gapy tutusy bolupdyr. Öýüň tärimleri owadan haly-palasdan tutulypdyr. Gap-çanak, egin-eşik, gelin-gyzlaryň esbaplaryny saklar ýaly torbalar, el-bukjalar, saçaklar, dutar-torbalar, alaja ýüpler, düýeleriň, atlaryň üstünde ýük götermek üçin haly-palas, çuwallar, horjunlar dokalypdyr. Dürli ýaryşlarda ýeňiş gazananalaryň iň gymmat baýragy, uly toý serpaýy haly bolupdyr. Halyda çitilen göller türkmeniň durmuşyny beýan edipdir. Hala reňk bermekde ösümlik boýaglary ulanylypdyr. Esasan açykdan goýy gyzyl reňkler ulanylyp, olaryň üsti sary, ýaşyl, gök, ak reňkler bilen bezelipdir. Türkmenlerde ýüpek egrip dokamak zenanlaryň esasy käri bolupdyr. Ýüpekden “keteni”, “daraýy”, “suwsany” ýaly matalary agaç taralarda dokapdyrlar. Olardan kürte, çyrpy, çawut, gyňaç , tahýa dikipdirler. Olara keşde-nagyş salypdyr.

VII-IX asyrlarda türkmenlerde binagärçilik hem ösüpdir. Bu döwürde ýaşaýyş we hojalyk jaýlarynyň, köşkleriň galalaryň birnäçesi salynypdyr. VI-VII asyrlarda ybadathanalar köp gurlupdyr.

Yslam diniň ornaşmagy bilen ýurdumyzda metjitleriň, medreseleriň gurluşygy gň gerim alypdyr. Olaryň binagärlik nagyşlarynyň içine arap hatynyň okamasy kyn bolan kufi (şekili bilen) ýazgysy siňdirilipdir. Ýazgy esasan “Kurandan” alnan jümleler bolupdyr. Şeýle-de arapdan öňki nagyşlaryň deregine indi binagärlik nagyşlarynda çyzgy görnüşli nagyşlar häsiýetli bolupdyr. Türkmen ussalary metjitdir aramgähleri diňe bir öz ýurdunda gurman, eýsem goňşy ýurtlarda gurupdyrlar. Sarhsly ussalaryň guran binalary has tapawutlanypdyr. Maryda, Köneürgençde ajaýyp ymaratlaryň we desgalaryň birnäçesi gurlupdyr. Bu döwrüň jaý gurlyşygy üçin iri ýer eýeleriniň köşkleri ýa-da galalary häsiýetli desgadyr. Olaryň daş-görnüşiniň aýratynlygy uly diwarlarynyň daş ýüzünde diwardan çykytly ýarym silindr görnüşli sütünler şekilinde küňreler bilen bezelipdir. Marynyň küňreli jaýlary bolan Uly we Kiçi Gyzgala – köşkleriň häsiýetli mysalydyr. Marynyň töwereginde Wekilbazarda Uly we Kiçi Nagymgalanyň küňreli ýykyndylary saklanypdyr. Onuň Merkezi uly otagynyň töwereginde ýaşalýan ikinji gatynda adatça köp sanly otaglar jemlenýär. Jaýyň gatlaryny basgançaklar – merdiwanlar baglanyşdyrýar, girelgede bolsa ýapgytlyk bolýar. Öwrenilen galalar olarda üç hili häsiýetiň bardygyny görkezdi : olar mülk howluly gala, mülk howlusya gala we diňli galadyr. Birinji häsiýetde galanyň ýanynda tutuş bir howlyny emele getirýän, daşyny toýun palçykdan diwar aýlanan her dürli hojalyk we ýaşaýyş jaýlarynyň barlygydyr. Artyk demir ýol duralgasynyň ýanyndaky Akdepe we Dälihandepe ýykyndylaryny muňa mysal edip bolýar.

Ikinji häsiýet galalarynda kömekçi gurluşyklar galanyň özi bilen gös-göni baglanaşykly. Köşk bolsa olaryň üstüne abanyp dur. Mäne obasynyň ýanyndaky Goşadepe, Marydaky Şordepe we ş.m. mysal.

Üçünji häsiýetli galalary bir çüňkünde diňe meňzeş bölegi bolan özbaşdak oturan desga bolup durýar. Şu häsiýetli gala Kaka etrabyndaky Köne Bawart we Mahmaldepe galalarynyň galyndylary degişlidir.

Galalaryň köpüsi biziň günlerimize çenli guma öwrülen baýyrlar – depeler saklanypdyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

1950Gowşut HanXIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriMähri PirgulyýewaMüsürTürkmenistanyň baýdagyTürkmenistan XV – XVI asyrlardaXI-XV asyrlarda MongoliýaKometaMyrat TalybyBronhial astmaAnnamuhammet SadaTürkmenistanyñ ŞäherleriTürkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyFilistin DöwletiMary etrabyErmenistanPlatonyň filosofiýasyMarguş - MargianaSüleýman IÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçParižFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarPersepolis FKTebigy baýlyklarBäbekAbdylla ŞabendeDýatlow geçelgesiBäsmeläAtajan TaganGurbanguly Berdimuhamedow1048Kompýuter barada düşünjeBiologiýaTürkmenistan ýol belgileriRus diliMollanepes5 dekabr2040Bender-TürkmenRemezanPolşaAltyn asyryň altyn zehinleriYslamyň bäş sütüniÖküz soguljanyTürkmen ÇöregiAtom inženerligiGuş7 noýabrGutulmyşLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerBalkan welaýatyndaky etraplar we şäherlerAhmet ÝalçynkaýaTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasyMikaýyl seljukJyns gatnaşyklaryWitrGadymy Oguz türkmen döwletiMaşgala kanuny (Yslam)2020Ýazyjylar we şahyrlarPoliomiýelitJemsit Batyrow🡆 More