Awaza milli syýahatçylyk zolagy - Türkmenistanyň Milli Syýahatçylyk Zolagy (Awaza-MSZ).
Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 15 iyunda 2009 - birinji 3 oteller girizildi.
Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr.
Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak $-ny, daşary ýurt maýa goýujylaryň 4 milliard $-ny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awazanyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi. Şeýle hem ilkinji nobatda gurluşygy alnyp barylmaly 90 sany ýer ülüşleriniň sanawy we möçberi tassyklanyldy. Olaryň arasynda täze howa menzili toplumyny, «Awazany» howa menzili bilen birikdirýän awtomagistraly, kuwwatly gaz turbina elektrobekedini, suw süýjediji we arassalaýyş desgalary, suw geçiriji ulgamy gurmak ýaly işler bar. Şeýle hem iş meýilnama laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinde suw üpjünçilik we lagym sorujy bekedini döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bir söz bilen aýdanyňda uzak möhletleýin ösüşe niýetlenen häzirki zaman inženerçilik-kommunikasiýa infrastrukturasyna degişli ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Eýýäm şu ýylýň özünde «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy dynç alýanlaryň ilkinji toparyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Munuň üçin Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda birinji derejeli myhmanhanalaryň birbada altysy öz gapylaryny giňden açar.
Dürli ýurtlaryň we şäherleriň tejribesi erkin ykdysady we dynç alyş zolaklarynyň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam edýändigini, şol sebitiň we tutuş ýurduň ösmegine kuwwatly itergi berýändigini görkezýär. Şonuň üçin Prezidentimiz bu ajaýyp Türkmenbaşy şäherini we Hazaryň kenarýakasyny öz içine alýan erkin ykdysady zolagyny döretmek hakynda Karar kabul etdi.
Dünýäde erkin ykdysady zolaklaryň 25-den gowrak görnüşi hereket edip, olaryň umumy sany 2000-e golaýdyr. Olaryň arasynda gümrük erkin zolaklary, paçsyz zolaklar, erkin daşary ýurtlara haryt çykarmak boýunça önümçilik zolaklary, erkin telekeçiligiň ykdysady zolagy, tehniki ykdysady ösüş zolagy, ylmy-senagat parklaryny (tehnoparklary) we birnäçe beýleki erkin ykdysady zolaklaryň görnüşlerini mysal getirip bolar. Halkara tejribesinde erkin ykdysady zolaklar örän giňden ulanylýar. Mysal üçin, gümrük erkin zolaklarynda önümçiligi ösdürmäge amatly şertler döretmek üçin söwda erkinligi berilyär. Bu bolsa, ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeldýär. Şeýle ýagdaý Wengriýada has meşhurlyk gazandy, bu ýerde 2000-nji ýylda 126 sany şeýle zolak hasaba alyndy.
Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde Hytaý Halk Respublikasynyň tejribesi has üstünlik gazandy. Bu Respublikada maýa goýujylara giň meýdanlar we 50 ýyllyk möhlet bilen zolaklar ulanmaga berilýär. Şu ýagdaýda daşary ýurt we ýerli maýa goýujylar işini giňeltmäge, uzak möhletiň dowamynda peýda almaga we ykdysady zolaga köp möçberde serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik gazanýarlar. [1][permanent dead link]
Awaza – Türkmenbaşy şäherinden 20 kilometrlikde, Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar kenarynda ýerleşýän şäherçe.
Açyk deňziň (“köküziň”) alkymynda ýerleşýändigi üçin, bu ýerde ýelli günler köp bolýar. Ýel hemişe diýen ýaly demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýär. Oňa ýerli ilat “jylawaz” diýýär. Gaý günleri kenara urýan tolkunlaryň güwwüldisinden, owazyndan ýaňa ses alşyp bolanok. Bu sözüň ýa-da adyň deňziň mydama owaz edip durmagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin. Aşöý – gämide nahar bişirilýän ýer. Türkmen nawlarynda aşöý gapakdan aşakdaky kaýutda ýerleşerdi.
Aşpez – gämide nahar bişirýän adam; ozal ýelkenli nawda aşpeze «ýaşkiçi» diýilýärdi. Sebäbi hojalyk işlerini ýaşkiçi (ýunga) ýerine ýetirýärdi.
Zaman-Turkmenistan. Ş.Borjakowyň «Türkmen diliniň deňiz we derýa leksikasynyň gysgaça sözlügi» atly kitabyndan.[permanent dead link]
bir awtomobil ýolunyň köprüsini gurmak barada, köçeleriň gök zolaklarynda agaç nahallaryny we dürli ösümlikleri ekmek hem-de suwaryş ulgamyny gurmak barada, köçeleri yşyklandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak barada, köçeleri abadanlaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyga 2009-njy ýylyň iýun aýynda başlamaly we desgalary 2010-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga tabşyrmaly. www.turkmenistan.gov.tm 16.06.2009[permanent dead link]
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Awaza milli syýahatçylyk zolagy, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.