Jeňnama

Abdysetdar Kazynyn poemasydyr.

Ol muhannes gornusinde yazylyp, Garrygala hem-de Mary soweşlerini doly beyan edipdir.

Abdysetdar Kazy «Jeňnama» ýa-da «tekeleriň uruş kyssa kitaby» diýip atlandyrylýan taryhy poemanyň awtory hökmünde XIX asyr türkmen edebiýatynda bellidir. Bu poemanyň ähmiýeti ägirt uly. Onuň mazmunynda türkmen halkynyň taryhynda bolup geçen şöhratly wakalar öz yzyny galdyrypdyr. Ol türkmen halkynyň gymmatly edebi miraslarynyň biri bolmak bilen, konkret taryhy wakalary yzygider şöhlelendirýänligi we çeper esere mahsus bolan häsiýetleri özünde jemleýändigi üçin, taryh hem-de çeper eser hökmüňde örän ähmiýetlidir. Şoňa görä poemadan taryhçylar hem taryhy material hökmünde peýdalanýarlar.

XIX asyryň çylşyrymly taryhy wakalaryny şöhlelendirmekde Abdysetdaryň «Jeňnamasy» möhüm ähmiýete eýedir. Poemanyň mazmunynda ýatýan wakalar, az derejede hem bolsa, şol döwrüň beýleki şahyrlarynyň eserlerinde hem  şöhlelenme tapypdyr. Mysal üçin, bamyly Allaberdi (lakamy Hyra beg) diýen şahyra degişli bir kiçižik şygyrda 1858-nži ýylda Garrygala gelen Eýran goşunyny ýeňip, yzyna gaýtarmakda gahrymançylyk görkezen Ahal hany Nurberdi hanyň üstünligi taryp edilýär. Bu şygyrda şol wakalar yzygider tewirlenmeýär, diň söweşe Nurberdi hanyň ýolbaşçylyk edendigi we ýeňiş gazanandygy aýdylýar. Abdysetdaryň «Jeňnama» poemasy göwrüminiň ululygy, wakalaryň biri-biri bilen baglanyşykly, yzygiderli, dowamly, ynançly we gyzykly suratlandyrylýanlygy taýdan has tapawutlanýar.

Tags:

Abdysetdar KazyGarrygalaMary

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Gurbannazar EzizowOsman IDaşoguz welaýaty2008Altymyrat OrazdurdyýewHimiki elementleriň periodik ulgamyŞükür bagşy (film)2179Seýit Nesimi (1369-1417)Söz toparlaryDöwletlerRussiýaMarguş - MargianaÝabany we medeni ösümliklerDöwletmämmet AzadyMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiGaýgysyz AtabaýewKömekçi sözlerAwaza milli syýahatçylyk zolagyS.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk UniwersitetiTürkmenistanyň ykdysadyýetiTäjigistan.bdÝazyjylar we şahyrlarAbortTürkmenistanyň MejlisiRemezan BaýramyTäze Zelandiýa10Halat Nebi gubury we gonamçylygyMaýa KulyýewaGurbanguly BerdimuhamedowOrta asyrlarFilosofiýaAtabaý ÇargulyýewGruziýa13 mart1947Alp ArslanIswiçGadymy NusaýTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryGoraghanalarTäze ýylGünorta-Gündogar AziýaArgentinaAba serdarDemirgazyk Kipr Türk RespublikasySuwJek LondonGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriIslam kalendaryWelosipedBerkýarykOňurga ýiligiKätibiTürkmenin Milli Saz Guraly Dutar9Türkmenistan barada maglumatTürkmenlerDawut pygamberGTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy1897FizikaKel bagşyMerkantalizmGoşma sözlem we ýönekeý sözlemTürkmenistanyň baýdagyÄrsary taýpasyNTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeÝewropa Bileleşigi🡆 More