Kel bagşy (Annaberdi Aýdogdi ogly (1850-1923)) — Meşhur Türkmen dutarçysy,saz dörediji kompozitor,halypa Kel bagşi Gökdepe etrabynda Yzgant obasynda daýhan maşgalasynda doglupdyr.
Kel bagşynyñ atasy Aýdogdy dutar çalyp bilse-de,ussatlyk derejesine ýetip bilmändir. Kel bagşy öz döwrüniñ meşhur sazandalary bolanGulgeldi ussa,Amangeldi göni,Sary bagşy,we beýleki ussat bagşy-sazandalar bilen duşuşyp,öz ukybini kämilleşdirýär. Şol döwürlerde ýazgy maşynlary bolman soñ,onuñ öz eli bilen çalan sazlarynyñ ýazgysy biziñ döwürmize gelip ýetmändir.Şeýle bolsa-da,onuñ döreden „Hatija“ „Jerenim“ „ Suwa geledir“ „Kepderi“ „ Ak eşekli“ „ Ýusup owgan“ ýaly sazlary Türkmen Bagşy-sazandalarnyñ çalynmalaryndan düşmän gelýär.Kel bagşy 1923nji ýylda aradan çykýar. Onuñ şöhraty Türkmen sazynyñ taryhyna ebedilik girdi.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Kel bagşy, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.