Türkmenistanyň Gda Ỳurtlary Bilen Gatnaşygy

Türkmenistanyň GDA ỳurtlary bilen gatnaşygy

19921-nji ýýlyň Gorkut aýynyň 31-den Alp Arslan ayýnyň 1-i aralygynda Rusiiýa Federasiýasyna sapar SSSR garaşşsyz özbaşdak döwletlere bölüneninden soň Russiýa Türkmenistanyň esasy ykdysady hyzmatdaşlygy bolmagynda galýar. Saparmyrat Nyýazow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň öňisyrasynda bu pikiri beýan etmek bilen, taryhy taýdan emele gelen aragatnaşyklar we iki halkyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklarynyň oňat däpleri onuň esasyny düzýän nygtap gecdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnasyklara, şeyle hem iki döwletiň daşary syyasy hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň uly topary boýunça bilelikdäki çözgürleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek üçin Moskwa geldi. Türkmenistanyň baştutany we Rusiýanyň Prezidenti B.N. Ỳelsin Kremlde bolan duşuşygynyň barşynda Russiýanyň we Türkmenistanyň deň ukukly gatnaşyklarynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň başlanýan güni taryha altyn harplar bilen ýazylar diýip belläp gecdiler.

S.A.Nyýazow we B.N.Ỳelsin duşuşygyň barşynda Türkmneistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostlugy we hyzmatdaşlygy hakyndaky, Türkmenistanyň Ỳaragly Güýçlerini döretmek baradaky bilelikdäki çäreler hakyndaky şertnamalara, şeýle hem Türkmenistanda Russiýa Federasiýanyň howa hüjüminden goranyş goşunlaryny hem-de Harby Howa güýçlerini ýerleşdirmegiň şertleriniň hukuk derejesi hakyndaky, Russiýanyň Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen howa hüjüminden goranyş-goşunlaryna, Harby Howa ýçlerine hem-de Türkmenistanyň ýaragly Güýçlerine maddy-enjamlaýýn, söwda we durmuş taydan hyzmat etmek baradaky çäreler hakyndaky, Türkmenistanyň çärelerinde harby gullukçylaryna medesina taýdan hyzmat etmek hakyndaky, daşary ýürtlardaky diplomatici wekilleri amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky, daşary ýurtlara bergini we ozalky SSSR soýuzynyň aktiwlerini hukukdan miras almagy tertipleşdirmek hakyndaky ylalaşyklara gol çekdiler. Bu resminamalar özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň, dostluk gatnaşyklaryy pugtalandyrmagyň hukuk binýady bolup hyzmat eder diýip taraplar aýratyn belläp geçdiler. Türkmenistan hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinde Russiýa bilen SSSR-iň dargamagy netijesinde ýüze çykýan ähli esasy müşgüller boýunça ylalaşygy gazandy. Şol pursata çenli GDA girýän döwletleriniň hiç biri hem şeyle netijäni gazanmady. Munuň öziniň ýadawsyz syýasy jemidir, türkmen halkynyň bähbitleri üçin amala aşyrylýan syýasatyň miwesidir.

Russiýa Federasiýasynya sapar. 1995-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 17-19-ySowet imperiýasy dargandan soň Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Milletler Birleşigi tarapyndan ykrar edilen garaşsyz we özygtyýarly döwletler hökmunde halkara gatnaşyklaryna goşuldy. Türkmenistan bilen Russiýa Fererasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýýn gatnasyklar tagallalary dostlukly birleşdirmegi, birek-birege peydaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga höwes bildirýän deňhukukly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklardyr. Iki dölwet sebitde möhüm geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa eýe bolup, XXI asyryň bosagasynda ähliumumy gatnaşyklary giňişleýin ösdümekde olara esasy orun berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň Russiýa Federasiýasynda resmi sapary biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynyň alamaty boldy. Saparyň esasy maksady özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdan we ösdürmekden, geçiş döwründe iki ýurduň halklary üçin jemgyýetçilik-hukuk kepillendirmelerini üpjün etmekden, dünýä bazasyna goşulyşmagyň esasy möhüm ugurlarynda birek-birege peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat boldy. Bu sapar halkara gatnaşyklarynda özara ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmuňde taryha girdi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti B.N.Ỳelsin, premier-ministrler W.S.Çernomyrden we beýleki resmi adamlar bilen duşuşdy.

Saparmyrat Türkmenbaşynyň we B.N.Ỳelsiniň Uly Kreml köşgüniň Geogrgiý zalyndaky resmi duşuşygy Russiýanyň ýolbaşçysynyň türkmen baştutanyna nähili hormat goýyandygyny tassyklady. Soňra olaryň söhbetdeşligi boldy, söhbetdeşligiň barşynda Russiýanyň Prezidenti iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň derejesiniň gürrüňsiz konstruktiwdigini we netijelidigini ykrar edip, iki tarapyň nukdaý nazaryndan, onuň strategik ähmiýetini, häsiýetini nygtap beledi. Russiýa we Türkmensitan GDA-nyň beýleki döwletlerine görelde bolup, özara gatnaşyklarynda hakykata täze ýol çekýrler diýip, ol aýtdy. B.N.Ỳelsin iki ýruduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täzeçilik meýlini nygtap bellemek bilen, esasynda şu günki ara alnyp maslahatlaşylan meseleler goýlan dokumentleri taryhy dokumentler diýip aýtdy.

Soňra Kremliň Ỳekaterina zalynda iki döwletiň baştutanlary galan dokumentlere: Türkmenistanyň territoriýasynda hemişelik ýaşayan Russiýa Federasiýanyň graźdanlaryna, Russiýanyň territoriýasynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň graźdanlaryna status bermek hakyndaky, Türkmenistandaky russiýaly azlygyň we Russiýadaky türkmen azlygynyň hukugyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň arasyndaky şertnama, Prezidentiň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň jemleri baradaky beýannama gol çekdiler.

Ylym, medeniýet, transport, turizm, harby ugur babatda hymztadaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan dokumentleriň 23-si şu gün Kremldäki ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boldy. Iki tarapyň bähbitleriniň nukdaýnazaryndan ykdysady hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy, onuň anyklanyklaşdyrylmagy Saparmyrat Türkmenbaşynyň Moskwa saparynyň esasy jemleriniň biridir. Russiýanyň Prezidenti źurnalistleriň öňünde çykyş edip, bu hyzmatdaşlygynyň strategik ugruny ençeme gezek nygtap belledi. Ol 2000-nji ýýla çenli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň ayratyn ähmiýetini belledi: “Munuň özi Russiýanyň GDA-nyň ýurtlarynyň biri bilen şeyle uzak möhletleýin baglaşan ikinji dokumentlerdir. Adatça bular ýaly şertnamany”

1996-njy ýylyň Garaşyzlyk aýynyň 14-15-de Russiýa Federasiýasyna iş sapary Türkmenistan döwletiniň baştutany Russiýanyň Prezidenti B.Ỳelsin we Russiýa Federasiýasynyň Premýer-minitrleri Wiktor Çernomyrdin bilen duşuşygynyň barşynda ulag kommunikasiýalary hem-de nebit-gaz toplumy babatda giň möçberli hyzmatdaşlyk etmegiň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşyldy, ykdysady hyzmatdaşlyk babatda hem, syýasy hyzmatdaşlyk babatda hem ösüşiň aýdyň çelgilerini belledi. Hususan-da Russiýanyň baştutany bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşligiň barşynda Owganystanyň içindäki dawany parahatçylykly çözmegiň tagallalaryň mümkinçiliklerine garap, belent taraplar Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şol Beýannamada Owganystanda milli ylalaşygy iňňän çalt gazanmak boýunça BMG-nyň howandarlygynda görülýän halklar derejesindäki tagallalara hemmetaraplaýýn ýardam etmek barada berk garaýyş beýan edildi Soňra W.S.Çernomyrdin bilen bolup geçen duşuşyda iki ýürduň dünýä ykdysady bazarynda bilelikdäki çykmagynyň usulyny isläp tayýarlamak, şeyle hem serişdelerini işläp geçmegi rus kompaniýalarynyň gatnaşmagyna degişli meseleler gozgaň esasy metr türkmen gazyny ibermek barada şertleşik gazanyldy. Şonuň bahasy bolsa göni walýuta hasaplamalaryndan başga hem zerur harytlary we tehnologiki enjamlary ibermek hem göz öňünde tutulyar. Saparmyrat Türkmenbaşy şeyle hem Türkmenistanyň içeri we transit demir ýol taslamalaryny, hususan-da, “Demitgazyk-Günorta” demir ýol ulgamyny gurmagy taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegi giňeltmegi teklip etdi, muny Russiýanyň premýeri goldady.

Taraplar Hazar deňzine degişli müşgiller boýunça pikir alyşdylar, şonda bu deňziň hukuk derejesini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly bolup geçýän gepleşikleriň barşynda 2 ýurduň garaýyşlarynyň laýyk gelýändigini belläp gecdiler. Türkmenistanyň baştutanynyň nygtap gecişi ýaly taýýarlanylýan Konwensiýa hazarka döwletleriň ählisiniň kanuny bähbitlerini hasaba almalydyr. diňe şu halatda ol jeselli meseleleri aradan aýrar we sebitde durnuklylygy gazanmaga hyzmatd eder.

Russiýa Federasiýasyna sapar. 1997-nji ýylyň Alp Arsan aýýnyň 6-7. Türkmen rus gatnaşyklarynyň yagdaýý we ony ösdürmegiň geljegi boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentiniň arasynda bolup geçen jikme-jik pikir alyşmalar şol gatnaşyklaryň strategiki häsiýetini tassyklady we hyzmatdaslygy işjeňleşdirmek hem-de deňhukukly gatnaşyklary gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly has ýokary derejede ikitaraplaýýn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ukyply syýasdy erk-islegiň we zerur mümkinçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Kremldäki gepleşiklerde Hazar deňziniň hukuk derejesiniň ýok şertlerinde deňziň nebit serişdelerini özleşdirmek meselesi merkezi orun eýeledi. Onuň syýasy taýdan ýitiligi nebit ýataklaryny işläp gecmek boýunça Russiýa bilen Azerbeýjanyň ylalaşygynda ýüze çykdy, şonda bolsa Russiýa tarapy diýen hasap etdi hem-de ýatyrdy.

Russiýanyň Prezidenti “Kiýapaz” hökmünde ylalaşykda görkezilýän “Serdar” ýatagy boýunça Türkmenistanyň taraplarynyň dogrudygyny ykrar edip, şol ýatagyň Hazar deňziniň Türkmenistana degişli böleginde ýerleşýändigini tassyklady. B.Ỳelsin bu ylalaşygy “ýalňyş” yalalaşyk atlandyryp, Russiýanyň kompaniýalarynyň ykdysady ylalalşyklara Prezident we Hökümet gurluşlaryndan sowlup gol çekmegi hakynda gynanýandygyny bildirdi. Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamagyň we baglaşmagyň birinji derejeli we gaýragoýulmasyz meseledigi barada Turkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň bir pikire gelmegini Hazar deňziniň derejesini kesgitlemek boýunça döwlet baştutanlarynyň duşuşygyny taýyarlamak hakynda daşary işler ministrliklerine olaryň tabşyryk bermegi hem tassyklaýar. Hemişe bolşy ýaly, Prezidentimiziň duşuşygynynyň orän ýürekdeş, birek-biregi düşünmek we mähirlilik ýagdaýynda geçendigini bellemek gerek we iki döwletiň baştutanlarynyň hem ikitaraplaýýn hem sebitleýin meseleler babatda garaýyşlarynyň doly deň gelýändigini görkezdi. Russiya Federasiýasynyň baştutany Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmekde, şeyle hem Saparmyrat Türkmenbaşynyň içerki durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek babatda edýän ädimlerini mübärekldedi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň hukuk ýörelgelerini emele getrimäge Türkmenistanyň goşandynyň jedelsizdigini belläp, şu babatda rus-türkmen gatnasyklarynyň dňe onuň strategiki mazmuny boýunça däl, eýsem hukuk üpjünçilige boýunça hem görelde alarlykdygyny tassyklady.

Ukraina sapar. 1995-nji ýylyň Türkmenbaşy ayýnyň 19-20-si.

Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda ozaldan gelýän we oňat däpler, birek-birege sarpa goýmak we özara düşünişmek gatnaşyklary bar. Garaşsyz ösüşiň ýollary içinde Türkmenistan hem, Ukrainanyň arasynda ysnyşyk söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem dowam edýän, onuň agramly bölegi Ukrainanyň senagatynyň jana-jan möhüm pudaklary üçin türkmen tebigy gazyny ibermekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyn resmi saparynyň maksady bir tarapdan tbigy gazy ibermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, ikinji tarapdan bolsa Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýýn gatnaşyklary hil taydan täze derejä çykarmakdan, täze şertleri we ösuşiň geljekki mümkinçiliklerini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny döretmekden ybarat boldy.

Şu ýylyň Türkmenbasy ayýnyň 19-nda Turkmenistan Prezidenti Saparmyrat Türkmenbasy resmi sapar bilen Annakarada Ukraina geldi. Kiýew şäheriniň Mariýa köşgünde belent mertebeli myhmany dabaraly garşylaýyş boldy.

Mariýa köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy bilen Ukrainanyň Prezidenti L. Kuçmanyň arasynda ikiçäk gepleşikler boldy. Gepleşigiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol güni agşamara Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbasy hem-de Ukrainanyň Prezidenti Leonid Kuçma 1995-nji ýylynda türkmen gazyny Ukraina bermek hakda ylalaşyga gol çekdiler. Şonuň ýaly-da ozalky üzlüşmek, haryt alyş-çalşy barada ylalaşyklara-da gol cekdiler. Soňra iki ýurduň baştutanlary gepleşikleriň netijeleri barada źurnalistlariň öňünde çykyş etdiler, olaryň köp sanly sowallaryna jogap berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbasynyň Ukraina resmi saparynyň ikinji – tamamlaýjy güni ir säher bilen başlandy. Ukrainanyň Prezidenti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet baştutanlarynyň 1994-nji ýylyň Gurbanbsoltan aýýnyň 14-15-de Moskwada bolup geçen ýokary derejedäki duşuşygy. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy GDA agza bolup durýan döwletleriň baştutanlarynyň duşuşygynda gatnaşmak üçin Moskwa geldi. Ol Russiýanyň paýtagtynyň Wnukowo aeroportynda Moskwanyň we daşary ýurtlaryň źurnalistlariniň sowallaryna jogap berdi, şonda utgaşdyryjy-maslahat berjiji edara hökmünde GDA barasynda Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşy beýan edildi. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň baştutany ýaş, garaşsyz döwletleriň kemala gelmeginde Arkalaşygyň möhüm ähmiýetini nygtap geçdi, ony pugtalandyrmagyň tarapynda çykyş etdi. Utgaşdyryjy – maslahat beriji komitetiň şol günün özünde bolup geçen, gijäniň bir wagtyna çenli dowam een mejlisinde Ykdysady Birleşik hemişelik edarasyny – Döwletara Ydysady Komitetini döretmek meselelsi has gyzgalaňly ara alyp maslahatlaşyldy. Şol ara alyp maslahatlaşagyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň garaşyz döwletleriň ykdysadyýetine hiç bir gurluşlara grimeýän, hökmürowan edaranyň itergi bermäge ýagdaýynyň ýokdugy barada girizen weüstünde berk duran pikiri uly gyzyklanma döretdi. Utgaşdyryjy-maslahat beriji komitetiň çäklerinde derejeli ykdysady durluşlary döretmek hakynda çözgüt kabul edildi.

Maslahat beriji – ykdysady edarany döretmek boýunça Türkmenistanyň teklibi hökümet baştutanlarynyň Gurbansoltan aýýnyň 15-inden öz işine başlan mejlisiň üns merkezinde boldy. Ara alnyp maslahatlaşmagyň netijesinde utgaşdyryjy-maslahat beriji komitetiniň ýanynda hemişelik işleyän edaranyň deň agzalyk ýörelgeleri boýunça işleýän we täzelenip durýan Ykdysady Birleşigiň toparyny döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. Ykdysady Birleşigiň çäklerinde erkin söwda zolagyny döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Ykdysady Birleşigiň mundan beýläk-de işlemegiň ýörelhelerine degişli gün tertibiniň beyleki meselelerine garaldy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň çäklerinde Saparmyrat Türkmenbaşynyň B.Ỳelsin we W.Çernomyrdin bilen duşuşyklary bolup geçdi, olaryň barşynda taraplar ikitaraplayyn türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gatnaşyklary iş ýüzünde çuňlaşdyrmak, döwletara hukuk binýadyny giňletmek esaynda ony dowam etdimrgiň meseleleri boýunçapikiri alyşdylar.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyn Prezidentleri ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda öz ýurtlarynyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyga gol çekdiler. Ylalaşyk uzak möhletli ykdysady hyzmatdaslygy we çig mal binýadyny netijeli ulanmakda iki tarapyň bähbirleri göz öňünde tutýar. Ýokary derejedäki Moskwa duşuşygynyň barşynda şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Ukrainanyň Prezidenti L. Krawçuk we Gruziýanyň Prezidenti E. Şewardnadza bilen gepleşikler bolup gecdi, olarda türkmen gazyny ibermegiň şertleri ylalaşyldy.

1992-nji ýylyň Baýdak aýynyň 14-de bolup geçen GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary Derejedäki Minsk Duşuşygy. Minsk aeroportynda Saparmyrat Nyýazowa źurnalistleriň beren ilkinji sowaly şeyle ýaňandy: “GDA-nyň bir bitewi ýaragly Güýçleri barada duşuşyga gatnaşyjylar ylalaşyk gazanarmy? Türkmenistanyň Prezidenti şeýle jogap berdi: “Gazanylmaz diýip pikir edýärin. Garaz, bu babatda juda ýönekeý bolmadyk gürrüň gecirmeli bolar”. ýokary derejedäki duşuşygyň barşy Türkmenistanyň baştutanynyn mamladygyny doly tassyklady. Arkalaşygyň ýürtlarynyň ýokary derejedäki baştutanlarynyň dokuzysynyň arasynda duşuşygyň gün tertibiniň baş meselelsi boýunça juda ýiti çekeleşik ýaýbaňlandy: iki ýyllyk geciş döwründe GDA-nyň goşuny nähili bolmaly – NATO-nyň ýa-da ozalky Warşawa balmalymy? Duşuşyga gatnaşyjylar çaprazlyklaryň göterimi kesgitlemek bilen goranyş maksatnamasyny hem-de ýaragly güýçleri bir bitewi komanda etmek boýunça ylalaşyklaryň üstünde iş alyp barmaga girizdiler. Uzak çekeleşiklerden soň GDA-nyň Ỳaragly Güýçlerini üç düzüm bölegi: Strategiki maksatly goşunlara, umumy maksatly goşunlara we milli goşunlara bölmek teklip edildi. Saparmyrat Nyýazow bu formula barada öz pikirini aýdyp, bu babatda iki ýýllyk döwür haksa gürrüň gidýändigini nygtap geçdi, şol tamamlanandan soň Türkmenistan alternatiw däl ýagdaýda milli goşuny döretmäge ýykgyn eder özbaşdaklyk, iň bir kiçi zatda he, jemlenişilen harby doktrina üçin pida edilip bilinmez. Duşuşyga gatnaşyjylaryň käbiri hem şu garaýyşäyň tarapynda çykyş etdiler. Şonuň üçin hem birek-birege ýaramly çözgütlere garanyňda çaprazlyklar köp boldy. GDA ýürtlarynyň ýolbaşçylary jedelli pikir alyşmagyň barşynda girizilen düzedişleri hasaba almak bilen, resminamalaryň bir böleginiň Kiýewde bolup geçjek nobatdaky ýokary derejedäki duşuşykda üstünde işlemek barada şertleşdiler, şol duşuşyga bolsa Nowruz aýýnyň 20-de geçirmek bellenildi.

Döwlet baştutanlary birnäçe ykdysady meselelere, şol sanda dünýä nyrhlaryna kem-kemden geçmegiň şertlerinde özara söwda-ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmek hakyndaky ylalaşyga hem garap gecdiler. resminama gol çekilen mahaly bu düýpli düzedişe Türkmenistanyň Prezidentini girizdi. Ol öz ýürdunyň eýýam häzirki wagtda şeýle nyrhlara geçmäge taýýardygyny aýtdy, emma welin bazar gatnaşyklary obýektiw sebäplere görä häzirlikçe ýaramly bolmadyk döwletlerdäki ýagdaýy hem nazara almak herekdir. Özara kynçylyklara düşünmek we olary hasaba almak hakyky ylalşygy gazanmagyň ýeke-täk ýalydyr diýip S.A.Nýyazow nygtap geçid, ol şunluk bilen hemlenişip çzgüt kabul etmegiň iş usulyna gatnaşygy boýunça öz curt-kesik garaýyşyny beýan etdi.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Daşkent maslahaty. 1992-nji ýýlyň Magtymguly aýýnyň 15-I GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Daşkent duşuşygynyň öň kabul edilen çözgütleriň goşmaça hökmunde ylalalşyklaryň 15-sine garalyp gecildi, olary bolsa ayratyn pikirini beýan etmek bilen Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazow “Işlemeyän we haçan-da bolsa bir wagt işlemäge müminçilgi bolmajak” ylalaşyklar diýip atlandyrdy. Ýokary derejedäki duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan jemlenilen howpsuzlyk hakyndaky şertnama hem Türkmensitan döwletiniň baştutany tankydy nukdaýnazardan baha berip, sowet döwründen soňky giňişlikleriň dülri nokatlarynda dawa-jenjelleriň hem-de ýaragly çaknyşyklaryň ýüze çykýan ýagdaýýnda munuň başa barmajak zatdygyny nygtap geçdi. Şu anyk ýagdaýa hasaba almak bilen GDA-nyň döwletleriniň arasynda parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kabul edilmegi ýeke-täk oňyn çäre bolup durýar diýip, Saparmyrat Nyýazow büs-bütinleýin äşgär ýagdaýda yglan etdi. Türkmenistan üçin jemlenişilen şertnama çürt– kesik ýagdada ýaramly däldir. öz güýçlerine halkyň akyl-paýhasyna we zähmetsöýerligine, tebigy hem-de ylym-bilim mümkinçiliklerini we şol bir wagtyň özünde birek-birege peýdaly hyzmatdaşlygy hme-de sebitleýin aragatnaşyklary osdürmek bilen bil baglamak has ynamdardyr we göwne jaýdyr. Arkalaşygyň birnäçe möhüm mesleleri boýunça özüniň berk- hem-de yzygidreli garaýşyny beyan etmek bilen, Saparmuyrat Nyýazow Türkmenistanyň Günorta sebitleriniň sil gelip çynlakaý zeper ýetirmegi bilen baglanyşyklykda özüniň ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmagynyň arasyny kesdi we Watanyna gaýdyp geldi.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň 1992-nji Gorkut aýýnyň 6-7-sine bolup gecen ýokary derejedäki Moskwa duşuşygy. Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet bastutanlarynyň harby, ykdysady we ynsanpwrerr häsiýetdäki resminamalaryň 24-sini garan Moskwa duşuşygyny mejlisine gatnaşdy. Saparmyrat Nyýazow ýokary derejedäki duşuşykda harby-goranyş meseleleri hem-de Arkalaşygyň çäklerinden hyzmatdaşlyk etmegiň görnüşeri barada öz ýürdunyň anyk garaýşyny beýan etdi. Şol garaýşyna layýklykda Türkmenistan jemlenişilen howpsuzlyk taglymaty bilen ylalaşmady we degişli resminama gol çekmekden saklandy. Türkmenistan bu ugurda hem ikitaraplaýýn ylalaşyklaryň baglaşmaga ýykgyn edýär diýip, Saparmyrat Nyýazow belläp gecid. Munuň özi Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda doly özbaşdaklygy saklap galmaga çalyşýandygy hem-de öz ýaragly güýçlerini we serhet goşunlaryny ýöretmegi maksat edinýändigi bilen baglanyşyklydyr diýip, Türkmenistanyň bastutany yglan etdi. Türkmenistanyň baştutanyny SSSR-de emele gelen gatnaşyklar ulgamyny saklap galmak baradaky pikiri aýdan ýkary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylara hem aýgytly garşy çykdy. Saparmyrat Nyýazow şunuň bilen baglaşylylykda şeyle yglan etdi: ýagny GDA dölwetara dolandyryş usulyny döretmäge dalaş edip bilmez we diňe maslahat berip weizpeleri bilen çäklenmelidir. Moskwa maslahatynyň tutuş barşy bu tassyklamagyň adalatlygyny görkezdi.

Döwlet baştutanlary rublyň ulanylýan çäginden çykan we milli puly döreden halatynda ol ýa-da beýleki respublikanyň ýerine ýetirmeli şertleriniň toplumyuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar özara SSSR-iň arhiwini peýdalanmak baradaky ylalaşygy baglaşdylar.

Tutuşlygyna alnanda duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Nyýazow garaýşynyň Arkalaşyga gatnaşyjy agzalaryň köpüsi üçin üstünlikli he,-de özüni çekiji bolýandygyny görkezdi, ol bolsa kärdeşleriniň arasynda ilkinji bolup döwlet özbaşdaklygynyň gürrüňsizdigini we täze syýasatyň esasy illeri tutulýan ugry hökmünde ikitaraplaýýn hyzmatdaşlyga tarap ugry kesgitledi.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 1996-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 19-da Moskwada bolup geçen ýokary derejedäki duşuşygy Türkmneistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde gatnaşdy, şol mejlisiň barşynda Arkalaşygyň agzalary bolan ýurtlaryň arkalaşykly hereket etmegiň dülri ugurlaryna degişli meselelriň 20-ä golaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. GDA-ny ösdürmegiň, dawa-nejelleriň öňüni almagyň we olary düzgünleşdirmegiň, GDA-da parahatçylygy saklamagyň geljeginiň dürli taraplary şol meseleleriň has möhümi çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Arkalaşygynyň döwlet baştutanlarynyň birnäçesi şeýle hem Russiýanyň täze wezipä bellenilen Daşary işler ministry Ỳ.Primakow bilen duşuşyklanry we gepleşikleri bolup geçdi. Saparmyrat Türkmenbasy BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi hakynda çözgüt kabul etmeginde goldaw we ýardam berendikleri üçin Arkalaşygyň döwletleriniň baştutanlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. “Türkmenistan üçin bu taryhy wakada bizi goldanlaryň hemmesini biz öz pikirdeşlerimiz hasaplaýarys we mundan başga hem BMG-nyň rezolýusiýasynyň şärikli awtory hasaplaýarys” diýip Türkmenistanyň baştutany yglan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti B.Ỳelsin Türkmenistanyň ýöredilýän bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, hemişelik bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň dünýä arenasyndaky ägirt uly üstünligidir, Türkmenistyan dölwetiniň baştutany Saparmyrat Nyýazoiwyň bütin dünýädäki ýokary abraýynyň tassyklamasydyr diýip nygtap gecid. B.yelsin Russiýanyň Türkmenistany iň bir durnukly we ynamdar hyzmatdasy hökmünde göryändiogini ýene-de bir gezek belläp geçdi.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň we Türkmneistanyň Prezidentiniň Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýolbaşçsylary bilen duşuşyklarynyň barşynda halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde Türkmenistanyň garaýşynyň üýtgewsizdigi tassyklady, ol bolsa deň hukuklylyk, garaşsyzlyk, hyzmatdaşlyklaryň milli bähbitlerine özara sarpa goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Itarap döwlet hökmünde Türkmneistan dünýä bileleşiginde hem-de GDA-nyň çäklerinde özüniň hyzmatdaşlyk etmeginiň esasy ugurlaryny kanunlara we öz halklara hukugynyň kadalaryna laýýklykda hem-de hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurduň borçlaryny ýerine ýetirmek nukdaýnazaryndan kesgitleýär.

1996-njy ýýlyň Magtymguly aýynyn 17-de GDA-nyň Dowlet baştutanlarynyň Moskwada bolup gfeçen ýokary derejedäki duşuşygy Türkmneistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbasy GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň 20-maslahatyna gatnaşdy. Russiýada Prezident saýlawynyň öňisyrasynda mbolup geçen bu duşuşyk ozalky Soýuzyň çäklerinde sowet imperiýasynyň dargamagy bilen gelen täze garaşsyz döwletleriň ähli giňişlikde özbaşdak ösüşiniň we demokratik özgertmeleriň ýörelgelerine berk eýerýändiklerini tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti Russiýada demokratik ýörelgeleri goldamak baradaky Beýannama öz goluny goýmak bileb, şu mesele boýunça öz eden çykyşynda garaşsyz, bitarap Turkmenistanyň Russiýa Federasiýasy gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginini kanagatlanmak bilen belläp gecip, türkmen-rus hyzmatdfaşlygyny geljekde mundan beýläk-de ösdürmäge ynam bildirdi. Moskwa maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň birnäçesi boýunça çözgütler kabul edildi.

Bu ýokary derejedäki ýubileý duşuşygyna Birleşen Milletler guamasynyň Baş secretary Butros Gali hem gatnaşdy. Ol ýokary derejedäki duşuşykda eden çykyşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň abraýly sebitleýin gurama öwrülmegi üçin onuň gözegçi hökmunde BMG-a gatnaşmagy maksadalaýyk bolardy diýip belläp geçdi.

Maslahat tamamlanyndan soň Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Türrkmenbaşy GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geçiren metbugat konferensiýasyna gatnaşdy. Şonda dölwet baştutany źurnalistleriň köp sanly sowallaryna jogap ebrdi.

1998-nji ýylyň Gurbansoltan aýýnyň 29-na GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygy Türkmneistanyň Bitaraplyk derejesi hukuly hyzmatdaslygynyň köne endiklerinden erkin bolan we döwrüň täze talaplaryna aýyk gelýän köp görnüşli çeýe çemeşmäniň peýdasyna äsgär täsir edýän ýagdaý boldy. Sapamyrat Türkmenbaşy bu modeli Arkalaşygynyň çäklerinde ýürtlaryň bir-birine ýaramly gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin binýatlyk hökmunde GDA-nyň döwlet baştutanlaryna teklip etdi. Duşuşyga gatnasyjylar Türkmenisrtanyň tejribesini makullamak bilen seslendiler, ol bolsa özüniň daşary syýasat doktrinasyny amala aşyrmak bilen birek-biregiň ykdysady bähbitleri esasynda dölwetleriň ýakynlaşmagyna anyk ýagdaýa ýardam edýär.

Saparmyrat Türkmenbaşynyň göreldesi boýunça ýokary derejedäki duşuşykda dölwet baştutanlarynyň GDA-nyň maslahat beriji edara hökmünde saklap galmak bilen, onuň işinde Arkalaşygyň agzalarynyň her biriniň özbaşdak ösüşiniň özboluşlygyny nazara almak barada biragyzdan aýdan isleg-arzuwlary ýaňlandy. Şeýle derejede arkalaşykly hereket etmek meýletinlik ýörelgelerinde islendik bileleşigiň has geljegi uly görnüşi bolup durýar diýip nygtalyp geçildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda döwletliligiň kemala gelmeginiň, sowet döwründen soňky giňişlikde garaşsyz ýaş döwletleri pugtalanmagynyň tamamlanýan şertlerinde GDA-nyň işine degişli meseleleriň giň topary ara alnyp maslhatlaşyldy. Arkalaşygynyň Geňeşiniň bolup geçen ýapyk mejlisinde B. Ỳelsiniň şol geňeşiň baslygy wezipesindäki ygtyýarlygy uzadyldy.

GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Moskwada bolan Maslahaty. 1993-nji ýýlyň Magtymguly aýynyň 13-14-i. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinde özüniň birinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylyk etmeginde dünýädäki medeniýetli ösüşiň tejribesini nazara almak bilen, öz milli aýratynlygyna laýyk gelýän öz ösüş yoluny seçip aldy. Onuň bitaraplygy esasy ýörelge edinmek bilen, Türkmenistan GDA-nyň çäklerindäki daşary syýasatda ozaly bilen deňhukukly we birek-birege peýdaly hyzmatdaşlyga esasslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegini ileri tutdy. Türkmenistanyň GDA baradaky baş çemeleşmesi onuň daşary syýasatynyň esasy wezipelerine laýyklykda işlenilip takyklanyldy hem-de häzirki zaman taryhy ösüşiň hakyky üstünliklerini saýgatryp bilmeklige esaslandy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna geňeşdar gurluş hökmünde garamak bilen, Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde milli edaralara kesgin utgaşdyryjy äheňi emirleri berjek gurluşlaryň bolmagyna ikibaşdan garsy çykdy we garşy çykýar. Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsiz galdy, Prezident Saparmyrat Türkmenbaşy Arkalaşygyň Döwlet baştutanlarynyň Moskwadak nobatdaky maslahatynyň barşynda ony takyk beýan etdi.

Döwlet baştutanlarynyň Moskwa maslahtynda Türkmenistanyň pozissiýasyny öňküliginde galdy: birinjiden, Türkmenistan konsultatiw organy döretmegiň tarapynda durýar we teklip edilýän koordinirleýji strukturany düýbünden ret edýär, ikinjiden Türkmenistan GDA-nyň käbir ýurtlarynyň teklip edýän ykdysady soýuzyny döretmek maksadalaýyk däl we wagtyndan öňdür diýip hasap edýär. President Türkmenbaşy munuň üçun konseptual esasyň gerekdigine we birleşmezden ozal GDA-nyň döwletleriniň özygtyýarlygynyň we garaşsyzlygynyň şertlerinde uzak ýaşamalydykla ryna ynanýar; üçünjiden Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň ähli ýurtla ry bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ugrunda çykyş edýär. Onuň pikirine görä GDA arkalaşyga girýän her bir döwletiň özgygtyýarlygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin araçy hyzmat edip bolar.

Türkmenistanyň Hindistan bilen Päkistan bilen hyzmatdaşlygy. Hindistan Respublikasy – Hindistan ýarym adasynda ýerleşen uly döwletdir. Ilatyň sany boýunça ol dünýäde Hytaýdan soň ikinji orun eýeleýär. Ykdysady-geografiýa taýdan amatly ýerleşen, ykdysadyýeti we ylymy ösen bu ýurt Aziýa Ỳuwaş umman sebitende möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda döwürlerden bbäri giň taryhy we medeni gatnaşyklar bar. Şu döwlet bilen hemmetaraplayýn gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek Türkmenistanyň dasary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Türkmenista bolsa tebigy baylyklary bilen boluşy ýaly, döwletimiziň ýöredyän oňyn bitaraplyk syýasaty bilen hem Hindistan da gyzyklanma döretýär. Ýurdumyzda syýasy ykdysady ýagdaýyň durnukly bolmagy daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly ýagdaý döredýär we iň uly hindi bazaryny özleşdimäge gatnaşmaga taýýardyr.

Türkmeistanyň Prezidenti Beyik saparmyrat Türkmenbasynyn Hindisrtan Respublikasyna ilkinji resmi sapary iki tarapyda gyzyklandyrýan dürli pudaklarda geljekki hyzmatdaşlygynyň düýbüni tutmak maksady bilen gecirildi. Türkmen we Hindi adamlarynyň arasynda işewir gatnaşyklarynyň Sowet Soýuzynyň dargamanka başlandygyny bellemek gerek. Eýýäm şol döwürde ýenil we dokma senagatynda, gurluşyk serişdeleri senagatynda we beyleki ugurlarda hyzmtadaşlyk etmäge höwes bildirildi. Garaşsyz türkmen dölweti döränden soň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bimöçber artdy. Türkmenistanyň Prezidnetiniň Hindistana şol sapary döwletimiziň şol beýik ýurt bilen hemetraplaýyn gatnaşyklanryny ýola goýmakda we ösdürmekde ilkinji ädim boldy.

Ýokary mertebeli myhmmany garşylamak dabarasyna Hindistanyň Prezidenti Ramaswami Wenkataraman, premýer ministry P.W.Narasimha Rao daşary işler ministry Eduardo Faleýro, beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.

Türkmneistanyň belent mertebeli Prezidenti bu ýerde Hindistanyň Prezidenti R.Wenkataraman, premier minitri P.W. Narasimha Rao bilen gepleşikler gecirdi. Türkmneistan bilen Hindistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň prinsipleri we ugurlary hakyndaky jarnamany, diplomatic hem-de konsullyk gatnaşklaryny ýola goýmak hakyndaky protokollary, ykdysadyýet, söwda ylym we tehnika, medeniýet, magaryf barada özara arkalaşyk hakyndaky ylalaşyklary hem goşmak bilen, ;saparyň netijelei boýunça jemi ýedi dokumente gol çekdi. Beyik Saparmyrat Türkmenbasynyň sözlerine görä, olar iň bir dürli-dürli babatlarda iki döwletiň özara arkalaşygy üçin pugta esasyň düýbüni tutýar we iki taraplayýn esasda syýasy, ykdysady we medeni ugurlar olaeyň gatnaşygyny ösdürmäge täze itergi berilýär.

Beyik Saparmyrat Türkmenbaşynyň saparyna bu ýerde aýratyn ähmiýet berdi. Sebäbi munuň özi garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy döränden son Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejedäki ilkinji aragatnaşykdyr.

Päkistanyň döwlet özbaşdaklygyny alan gününden bäri 47 ýyl doldy. Garaşsyz ösuşiň ýarym asyra golaý döwrüniň içinde bu ýurt ykdysadyýet we medeniýet sebitde hem-de halkara möçberde düýpli syyasy täsiri ýetirmek abatda uly üstünlikler gaznady. Beýik Saparmyrat Türkmenbasy resmi dostluk sapary bilen we şanly senemynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Yslamabada geldi. Türkmenistanyň baştutany aeroportda Päkistanyň Prezidenti Faruk Legari we beýlekiler garşylaydlar. Belent mertebeli myhmanyň derejesine myna syp hormat edildi, soňra hökumet korteźi Prezident köşgüne ugrayd. Beyik saparmyrat Türkmenbasynyň Yslamabatda bolmagy onuň ýurduň Premýer minitri Benazir Buhutto bilen duşuşygyndan baslady. Türkmneistanyň Prezidenti çakylyk üçin hanym Buhutto minntedarlyk bildirdi we Päkistana, halkyna Garaşsyzlyk güni bilen gutlady. Öz gezeginde Premýer ministr gadyrly myhmanyň gelmegi bilen baglanyşykly özuniň ýürekden şatlanýandygyny aýdyp üstünlikleriň gerimi dünýäde haýran edýän häzirki zamanyň görnükli syýasy işgäri bilen sohbetdeş bolýandygy üçin bagtlydygyny nygtady. Şeyle baştutanynyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gysga möhletde gülläp ösýän jemgyýeti gurjakdygy hiç kimde şübhe galdyrmaýar. Duşuşygynyň tamamlanma gy bilen belent mertebeli taraplar iki ýurduň hyzmatdaslygy hakyndaky şertnama gol çekdiler. Hökümet derejesinde ylym we tehnika medeniýet sport we syýahatçylyk babatda özara arkalaşmak hakynda ylalaşyk kabul edildi.

Şol günüň özünde Beyik Saparmyrat Türkmenbaşy Päkistanyň Prezidenti faruk Legari bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda dölwet baştutanlyklary iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligiň bardygyny we ýaş Garaşsyz ýurduň sebitde barha has uly orna eýe bolýandygyny bellediler, şunuň bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Prezidenti öz döwletiniň hoşniýetlilik syýasatyny durmuşa geçirýändigini we goňşulykdaky we uzakdaky halklar bilen deňhukukly arkalaşykly yzmatdaşlygy hem sebitde hem ähli yer togalagynda parahatçylykly ýagdaýyň üstünlikli bolmagynyň baş şerti hasaolanýandygyny nygtady.

Saparyň çäklerinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Päkistanyň Garaşsyzlyk gününiň bayramçylygyna gatnaşdy, ösüniň Yslamabada gelmeginden ýadygärlik hökmuňde bag oturdy, Penjan, Lahar welaýatynyň paýtagtyna bardy, şol ýerden hem watana ugrady.

Türkmen – Hytaý syýasy medeni gatnasygynyň ösmegi. Hytaý-müňýyllyk taryhynyň dowamynda dünýäniň iň gadymy medeniýetiniň birini döreden ýurtdur. Türkmen we hytaý halklarynyň dostlugy we hyzmatdaşlygy hem beýik Ỳüpek ýoly döwürlerinden baslap, köp asyrlyk taryhyna eýedir. Häzirki wagytarda Hytaý Respublikasy Bütin dünýä ilelşiginiň ünsüni özüne çekýän döwletleriniň biri segsenjini ýyllaryň başynda, özgertmeler baslan pursatdan soň geçen gysga döwüriň gazanan ägirt uly üstünlikleri ykdysadyýeti ösdürmekde häzir hem saklanyp gelýän ýokary depginler, oýlanyşykly we yzygiderli amala aşyrylýan içeri syýasat, milli aýratynlyklary nazara alýan parahatçylygy we durnuklylgy pugtalandyrmagy, dünýäde täze adalatly ykdysady tejribäniň berkarar bolmagynyň maksat edinýän garaşşyz daşary syýasat-bularyň hemmesi ösüşiň ýoluna düşen ýurtla ryň hem-de dünyäde ösen ýurtlaryň, şol sabda dünýäde gepi gecmeyän ýurtlarynyň Hytay baradaky gyzyklanmasyna sebäp bolýar. HHR bilen dostlukly gtanasyklary ösdürmek Türkmenistan üçin aýratyn möhümdir, sebäbi Hytaý Türkmneistanyň garaşşyzlygy ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biridir hem-de ol biziň öz ygtyýarlandyrmaga we garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga häzir hem elinden gelen ýardamlaryny berýär. Şonuň üçin garaşşyz Türkmenistanyň baştutanlarynyň ilkinji resmi sapaklarynyň birinji Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylandygy doly ýerliklidir. Şol sapar netijesinde iki taraplayyn gatnaşyklary dülri ugurlarda ösdürmegiň başy başlandy syýasy ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynň düýbi tutuldy.

Garaşsyz ýurdumyzyň Prezidenti örän ýokary derejede kabul edildi. Ol HHR-ň baslygy Ỳan Syzýan Szeminiň HHR-ň başlygy Ỳan Şonkun dölwet sowetiniň premýeri Li Pen bilen duşuşdy we gepleşikler gecirdi. Özara ynsnyşmak wedüşünişmek derejsinde geçen gepleşiklerden soň, Türkmneistan bilen Hytaýyň arasynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygyň prinsiplerini kesgitleýän Bilelikdäki Maglumata, Inwestisiýalary özara goramak, medeniýet we saglygy baradaky ylalaşyklara konsulluk ylalaşyklara gol çekildi.

Pekin bilen Aşgabadyň arasyndaky dostluk gtanaşyklary parahatçylykly ýaşamagynyň 5 prinsipi esasynda amala aşyrylýar. Şol prinsipleriň üçünjisi bir döwleriň garşysyna gönükdirilen däldir diýilip, bu dokumetde bellenilip gecilýär. Onda Hytaýyň we Türkmenistanyň uzak möhletleyin hem-de durnuşlylyk esasynda söwda-ykdysady aragatnaşykla ryna üns berilip syýasat ykdysadyýet we söwda ylym we tehnika babatda hyzmatdaşlygy mundan beyläk ösdürmäge tayyarlyklary hem bellenilýär.

  Soňra [9Türkmenistanyň Prezidenti]] beyik saparmyrat Türkmenbasy Beyik Hytaý diwaryna we Şanhaý şäherine beryp gördi. 

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

StambulPaltogaPedikulýozLionel Messi6 dekabr216MonakoTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasyTürkmenistanyň ''Halkbank'' döwlet täjirçilik bankyArap diliTäze ZelandiýaGörogly etrabyGarynjaMuhammet-şa GajarKelle beýnisiTürkmenistanyň ykdysadyýetiIslami Nakyl1052Saýat etrabyPersepolis FK1071Bender-TürkmenNanotehnologiýaAnwar ÇingizoğluEneolit döwriWiagra (viagra)C++ programmirlemeÝeminYsly çomuç10481082Ärsary babaGaplaňDüýedarçylykNamaz kitabyGünorta Afrika RespublikasyGurbannazar EzizowTürkmenistanyň gerbiTürkmenistandaky etraplar we şäherlerLaosBäbekKurbanTaryhCSSBäsmeläFilosofiýanyň taryhyTürkmen filmFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarKümmet GowuzTürkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaMährijemal Mekandurdyýewna MämmedowaOňurga ýiligiEser WestLebap welaýatyGuragyry keseliClash of ClansDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerGülistanDüzmeli goşma sözlemMaşgala kanuny (Yslam)Boldumsaz etraby860BobrowytsäProstatitUly Balkan dagy🡆 More