Lionel Messi

Lionel Andres Messi (Ispança ýazylyşy we doly ady: Lionel Andrés Messi Cuccittini) — 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda doglan) Ispaniýanyň Barselona klubynda we Argentinanyň milli ýygyndysynda hüjümçi hökmünde çykyş edýän professional futbolçydyr.

Adatça dünýäniň iň gowy oýunçysy hasaplanýar we köpler tarapyndan ähli wagtlaryň iň beýigi hasaplanýar. Messi ortak rekort bolan 5 balland'or rekordyna eýedir, Messi olaryň 4-sini bassyrlykda gazandy we Ýewropa altyn aýakgabyny bassyrlykda 5 gezek gazandy. Ol öz professional karýerasyny dolulygyna 9 la liga çempionlygy, 4 UEFA Çempionlar ligasy çempionlygy we 6 Kopa Del Reý çempionlygy gazanan kluby bolan Barselonada geçirdi. Öndümli bombardir we oýun-düzüji bolan Messi La Liga taryhyndaky iň golçy oýunçy (383), La Liga möwsümindäki iň golçy oýunçy (50), Ýewropada bir sezonda iň köp gol uran klub oýunçysy (73), kalendar ýylynda iň köp gol uran oýunçy (91), El Klasiko-da iň köp gol uran oýunçy rekortlary bilen bir hatarda La Ligadaky iň öndümli asistçi (149) we Kopa Amerika bäsleşikleriniň iň öndümli asistçisi (11) rekortlarynyň hem eýesi.

Lionel Messi
Lionel Messi
2017-nji ýylyň Noýabr aýy Messi Argentina toparynda
Şahsy Maglumatlary
Doly adyLionel Andrés Messi Cuccittini
Doglan wagty (1987-06-24) 24 June 1987 (age 36)
Dogla ýeriRosario, Argentina
Boýy1.70
ÝeriHüjümde
Topar maglumatlary
ToparyInter Miami
Nomeri10
Fundament karýerasy
1994–2000Newell's Old Boys
2001–2004Barselona
Professional karýerasy*
ÝyllarToparOýun(Gol)
2003–2004Barselona C10(5)
2004–2005Barselona B22(6)
2004–2021Barselona520(474)
2021–2023PSG58(22)
2023–Inter Miami
Milli topar karýerasy
2004–2005Argentina 20 ýaş we kiçiler18(14)
2008Argenitina 23 ýaş we kiçiler5(2)
2005–Argentina174(102)
* Diňe liga oýunlary we gollaryny öz içine alýar.

Merkezi Argentinada doglan we önüp - ösen Messi ösüş gormon kemçiligi bilen diagnozlanypdy. 13 ýaşyndaka onuň keseliniň töleglerini tölemegi boýun alan Barselona klubyna goşulmak üçin Ispaniýa göçdi. Barselonanyň ýetginjekler akademiýasyndaky depginli ösüşinden soňra Messi özüniň professional debýutyny 2004-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda amala aşyrdy. Karýerasynyň ilki ýyllarynda dowamly we yzygiderli şikeslenýändigine garamazdan ilkinji 3 möwsümde Leonel Messi özüni klubyň gaýragoýulmaz oýunçysy hökmünde esaslandyrdy, 2007-nji ýyly FIFA ýylyň oýunçysy we Ballandor baýraklarynda finalist hökmünde tamamlady. Onuň ilkinji şikessiz ýörişi 2008-09 möwsüminde amala aşdy, bu möwsümde ol Barselona Ispaniýa futboly taryhyndaky ilkinji treble-i gazanmaklaryna ýardam berdi. 22 ýaşyndaka Messi Ballandor we FIFA ýylyň oýunçysy baýraklaryny rekort aratapawut bilen gazandy.

Argentina milli ýygyndysynda çykyş edýän Messi öz ýurdunyň taryhyndaky iň golçy bombardirdir. Ýaşlyk derejesinde ol 2005 FIFA Ýaşlar Dünýä çempionatyny çempion, Altyn Top we Altyn Aýakgap eýesi hökmünde tamamlady. 2008 Tomus Olimpiada oýunlarynda altyn medal gazandy.sik sesi

Irki durmuşy

Leonel Messi 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Argentinanyň Rosario şäherinde polat fabrikasynda dolandyryjy hökmünde işleýän Horhe Messi we onuň aýaly magnet öndüriji fabrikasynda işleýän Celia Cuccittini-niň 4 çagasyndan 3-njisi hökmünde doguldy.Kakasy tarapyndan ol Italian we Ispan asyllydyr, Italiýanyň we Kataloniýanyň Marçe sebitinden gelen göçmenleriň 3-nji nesli, ejesi tarapyndan ol esasan Italian asylly. Futbolsöýer maşgalada önüp ösen "Leo," futbola çagalykdan höweslidi we özüniň agalary Rodrigo we Matias we doganogly Maksimiliano we Emanuel Biankuççi bilen yzygiderli futbol oýnaýardy. 4 ýaşyndaka Grandoli futbol klubyna goşuldy, o taýda ol kakasyndan tälim aldy we şonda-da ol oýunçy hökmünde owaldan mamasyndan täsirlendi . 11 ýaşyndaka Mamasynyň ölümi ony agyr ýaralady we şondan bäri Katoliklige berilen biri hökmünde gollaryny mamasynyň hatyrasyna asmana çommaldyp belleýär.

6 ýaş wagty Leonel Messi Newell's Old Boys klubyna goşuldy. O ýerde geçiren 6 ýyly boýunça ol 500 töweregi gol urmagy başardy "87-niň maşynkasy" agzasy hökmünde. "87-niň maşynkasy" atly topar o ýylda doglan çagalaryň hatyrasyna beýle atlandyrylypdy we bu topar dowamly ýagdaýda tomaşaçylara lezzet berdiler öz meýdançasynda oýnan oýunlarynyň döwleriniň arasynda amala aşyrýan top tilsimleri bilen. 10 ýaşyndaka onuň geljegi howp astyndady ösüş gormony kemçiligi zerarly. Onuň kakasynyň ätiýaçlandyryş hyzmaty bu bejerginiň diňe iki ýylyny öz içine alýardy we bu bejergi iň az aýda 1000 dollar gerekdirýärdi, Newell's kluby bejergi üçin hemaýat etmegi kabul etdi emma soňra bu hemaýatyny ýatyrdy Buenos Aires, Riwer Pleýt ýaly klublar tarapyndan gözegçilige alyndy Messi emma olar hem şol wagtky ykdysady krizis sebäpli onuň bejergi puluny töläp bilmediler.

Lionel Messi 
Messi[permanent dead link] Barselonanyň ýetginjek akademiýasybolan La Masia akademiýasyna 13 ýaşynda goşuldy

Kataloniýada garyndaşlary bolan Messiler maşgalasy Barselona kluby bilen 2000-nji ýylyň Sentýabrynda synag geçirmegiň ýoluny agtardylar. Birinji topar müdiri Çarli Reksah oňa şo bada şertnama gol çekdirmek isledi emma müdirler geňeşi çekindi sebäbi o wagtlar Ýewropaly klublar üçin bu ýaşdaky saýrywanlara gol çekdirmek diýseň adatdan daşarydy. 14-nji dekabrda Barselona klubyna olaryň karary barada ultimatum berildi we şol wagt elinde başga kagyz bolmadyk Reksah olara golýaglykda şertnama hödürledi. 2001-nji ýylda Messiler maşgalasy Kamp Nou stadionynyň ýakynyndaky bir jaýa ýerleşdiler.

Klub karýerasy

Barselona

2003–05: 1-nji topara beýgelme

Profili

Oýun täri

Gysga boýy zerarly Messi ýerçekimi merkezi bilen az täsirleşýär we bu ýagdaý oňa uzyn oýunçylara garanda has çeýe bolmagyna ýol açýar we netijede Messi ugruny has çalt üýtgedip bilmegi netijesinde garşydaşlaryň päsgelçiliklerinden ýeňillik bilen sowa geçip bilýär. Bu ýagdaý netijesinde Ispan metbugaty oňa "Atomik tagtabit" lakamyny berdi.

Öndümli golçy Leonel Messi özüniň tamamlaýyjylyk, pozisiýa almak, çalasyn reaksiýa we çeýeligi bilen tanalýar. Mundanam daşary ol oýun-gurujy pozisiýasyndaky görüşü we paslary bilen hem ökde, jerime urgylaryny we penaltileri dürs ýerine ýetirmegi bilenem tanalýar. Leonel Messi dünýäniň şu wagtky we şol sanda ähli wagtlaryň iň ussat dribbleri hasaplanýar.

Taktiki taýdan Messi erkin hüjümçi rolunda oýnaýar, meýdançanyň her iki tarapynda we ortasynda hem oýnap bilýär.

Karýerasyndaky möwsümleriniň grafikadaky gysga beýany

Professional Karýerasy Halkara
Liga
Halkara
Kubak
Halkara
Ýokary Kubak
Kontinental
Liga
Kontinental
Ýokary Kubak
Dünýä
Liga
Jemi Oýun
Möwsüm Topar Çykyş eden ligasy Oýun Gol Asist Oýun Gol Asist Oýun Gol Asist Oýun Gol Asist Oýun Gol Asist Oýun Gol Asist Oýun Gol Asist Gol
Lionel Messi  Liga Copa del Rey Supercopa de España UEFA Ýokary Kubak FIFA Jemi %
2003-04 Barselona FK C(3-nji topary) Tercera División 10 5 10 5 0.5
2003-04 Segunda División B Barselona FK B Segunda División B 5 5 0
2004-05 Segunda División B 17 6 17 6 0.35
Jemi 32 11 32 11 0.34
2004-05 Barselona La Liga 7 1 1 1 9 1 0.11
2005-06 17 6 3 2 1 6 1 25 8 3 0.32
2006-07 26 14 2 2 2 1 2 5 1 1 36 17 3 0.47
2007-08 28 10 12 3 9 6 1 40 16 13 0.4
2008-09 31 23 11 8 6 2 12 9 5 51 38 18 0.75
2009-10 35 34 10 3 1 1 2 11 8 1 1 2 2 53 47 11 0.89
2010-11 33 31 18 7 7 3 2 3 13 12 3 55 53 24 0.96
2011-12 37 50 15 6 3 4 2 3 2 11 14 5 1 1 1 2 2 1 58 73 28 1.26
2012-13 32 46 14 5 4 1 2 2 11 8 3 50 60 18 1.2
2013-14 31 28 11 6 5 3 2 7 8 1 44 41 15 0.93
2014-15 38 43 21 6 5 4 13 10 5 56 58 30 1.04
2015-16 33 26 18 5 5 6 2 1 - 7 6 1 1 2 1 1 1 - 49 41 26 0.84
2016-17 34 37 9 7 5 5 2 1 2 9 11 2 - - - - - - 52 54 18 1.04
2017-18 36 34 12 6 4 4 2 1 0 10 6 2 54 45 18 0.83
2018-19 34 36 13 5 3 3 1 0 1 10 12 3 50 51 20 1.02
2019-20 33 25 21 2 2 1 1 1 0 8 3 3 44 31 25 0.7
2020-21 35 30 9 5 3 1 1 0 0 6 5 2 47 38 12 0.81
Jemi 520 474 199 80 56 38 20 14 5 149 120 36 4 3 3 5 5 1 778 672 282 0.86
2021-22 Pari Sent-Gwermen Ligue 1 26 6 15 1 0 0 7 5 0 34 11 15 0.32
2022-23 32 16 16 1 0 0 1 1 0 7 4 4 41 21 20 0.51
Jemi 58 22 31 2 0 0 1 1 0 14 9 4 75 32 35 0.43
2023 Inter Miami MLS 6 1 2 1 0 2 7 10 1 14 11 5 0.79
2024
Karýerasynda Jemi 586 508 212 83 56 40 21 15 5 170 139 41 4 3 3 5 5 1 909 726 322 0.8

     Klubynyň möwsümi çempion tamamlan ýyly we Messiniň bombardir bolan möwsümi.      Naýbaşy asistçi bolan möwsümi .

Milli Ýygyndy Topar statistikalary

Nr. Milli topar Wagty Oýun Gol Köm.
1 2005 Lionel Messi  20 ýaş we kiçiler 18 14 4
2 2008 Lionel Messi 23 ýaş we kiçiler 5 2 3
3. 2005 Lionel Messi  Argentina 5 0 2
2006 7 2 2
2007 14 6 3
2008 8 2 1
2009 10 3 2
2010 10 2 2
2011 13 4 10
2012 9 12 2
2013 7 6 1
2014 14 8 3
2015 8 4 3
2016 11 8 6
2017 7 4 0
2018 5 4 3
2019 10 5 3
2020 4 1 0
2021 16 9 5
2022 14 18 3
2023 8 8 1
A Milli topar jemi 180 106 54
Alt Jemi 193 122 61

Rekortlary

  • Oýunlar:
    • 1102
  • Gollar:
    • 848
  • Gatnaşyjylar:
    • 371
  • Çoklu gol:
    • 57
  • Penalty gol:
    • 107
  • Fri kik gol:
    • 58

Kluby statistika

  • FIFA kluby dünyä:
    • 3
  • UEFA çempion liga:
    • 4
  • La liga:
    • 10
  • Ligue 1:
    • 2

Millitopary statistika

  • FIFA çempionaty dünyä:
    • 1 (2022)
  • Kopa amerika:
    • 1 (2021)
  • Oýunlar olimpiko:
    • 1 (2008)

HEM

Salgylanmalar


Tags:

Lionel Messi Irki durmuşyLionel Messi Klub karýerasyLionel Messi ProfiliLionel Messi Karýerasyndaky möwsümleriniň grafikadaky gysga beýanyLionel Messi RekortlaryLionel Messi SalgylanmalarLionel MessiBarselona futbol klubyIspaniýaIspança

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

GrenlandiýaTamdyrlamalarGurbandurdy GurbansähedowŞükür bagşyWikipediýaGowşut hanWizantiýa imperiýasyFilosofiýanyň taryhyAhal welaýatyndaky taryhy ýadygärliklerBoldumsaz etraby640Türki halklaryYsmamyt ataGwineýaJelaleddin MeňburunMuhammet Gaýmaz TürkmenBredli PittMahmyt KaşgarlyTürkmençeIspaniýaTürkmenistanMERKEZI AZIÝA IRKI ORTA ASYRLARDAAdam1957Elektrodinamiki mikrofonXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiAýallar futbolynyň taryhyndan iň köp gol uran oýunçylarNurmuhammed AndalypBirleşen Arap EmirlikleriEgin-eşik (Yslam)Leonardo da WinçiÄrsary taýpasyBahreýnAhal-teke atyBiologiýaOrhan ITürkmenistanyň ykdysadyýetiTürkmenistanda Bank UlgamyLaosTürkmen elipbiýiFutbolTähranAlmaDýatlow geçelgesiTürkmen OwazyMarketingRepetek goraghanasyAndorraÝolöten etrabyAman KekilowSeýitjemaleddin metjidiGadymy HindistanGünorta AmerikaAnton ÇehowDemirgazyk MakedoniýaTürkmen dili grammatikasyIndeýlerÝagtylyk ýylyGök kepderiSüýtIlkidurmuş adam toparlaryEýranHoja Ahmed ÝasawyÄs-sälämu aleýkumAlbaniýaFewralÝanszyAbaý KunanbaýewKöýtendag goraghanasyAkmaýanyň ýolyBaýramaly şypahanasyErkin gaçma tizlenmesiPanamaDöwletlerGaragum derýasy🡆 More