Türkmeniñ Gadymy Ölçeg Birlikleri

TÜRKMENIÑ GADYMY FIZIKI ÖLÇEG BIRLIKLERI


Türkmeniñ gadymda ulanan fiziki ölçeg birliklerini uzynlyk, meýdan, göwrüm, wagt, agram birlikleri hökmünde toparlara bölünýär.

1.Garyş – başam barmak bilen külbikäniñ (külem barmak) doly gören aralygydyr. Ol hemme adamda deñ bolmaýar we takmynan 22-25 sm diýip Kabul edilen.

2.Sere-süýembarmak bilen külbikäniñ añrybaş gerlen aralygy bolup, ol takmynan 15-18 sm deñ.

3. Agsak sere-ortaky barmak, oguljahat we külbikäniñ gerlen aralygy, takmynan 8-10sm deñ.

4. Barmak – Ýakyn Gündogarda we Orta Aziýada giñden ulanylan ölçeg birligi. Bir barmak-alty sany arpa dänesiniñ inine, arpa dänesi bolsa öz gezeginde iş baýtalynyñ ýalynyñ 8 taryna deñ diýlip Kabul edilipdir.

5. Tutam – taýagy ýa-da ýüpi gysymlanyñky dört barmagyñ ini, takmynan 7 -9 sm deñ.

6. Gulaç – sag we çep gollaryñ añrybaş gerlen aralygy takmynan 180-190 sm deñ ýa-da 8 garyş diýlip alynýar.

7. Gary – ýarym gulaja barabar (1 metre golaý) uzynlyk ölçeg birligi. Uzalan düýbünden kibtiñ üstündäki süñke ýetýänçe aralyk. Munda dokalan önümler, matalar ölçenýär.

8. Adam boýy – adamyñ ökçesinden depesine çenli aralyk, takmynan 150-180 sm deñ.

9. Bil boýy - adamyñ ökjesiniñ ýere degip duran ýerinden biline çenli aralyk atkmynan 100-110 sm.

10. Dyz boýy – ýere degip duran ýerinde adamyñ ökjesiniñ dyz çanagynyñ ortasyna çenli aralyk, takmynan 50-60 sm.

11. Daban – başam barmagyñ ujyndan ökjäniñ ýere degip duran ýeriniñ iñ yzky nokadyna çenli aralyk, takmynan 25-32 sm.

12. Ädim – (özbekçe “kadam”, parsça “arşyñ”) takmynan 70 sm deñ. Türkmenlerde bu birligiñ gäm görnüşde ulanylan ýerlerine hem gabat gelýändir. Mysal üçin: ýöredip toplaryñ, hemmän berlen. Ýörüp çün asta-asta gämbirlen. (Abdysetdar Kazy “Jeñnama”). Orta Aziýada 9000-12000 ädim bir parsak 6–8 km diýlip Kabul edilipdir. Türkmenlerde parsagyñ perşeñ diýlip ulanylan ýerleri hem bar. Mysal üçin: gelipmiş nice persiñ ýol ýörüp bes, ki iş birmez bu ýerde oturyp bes, (Abdysetdar Kazy “Jeñnama”).

13. Menzil - kerweniñ ýarym günde (12 sagatda) geçýän ýoly, takmynan 30–35 km

14. Tirsek – 160-165 metre deñ bolan ölçeg birligi.

15. Agaç – 6 kilometre deñ bolan aralyk.

16. Tanap – takmynan 40 metre deñ aralyk.

17. Taýagatym – adamyñ taýagy zyñyp bilýän aralygy takmynan 40–60 m.

18. Gez, añra, adaş – tirsek süñküniñ ujundan orta barmagyñ ujuna çenli aralyk, ol takmynan 45-50 sm deñ. Bu ölçeg birligi Türkiýede 65sm, Eýranda 62 sm, Yspyhanda 80sm deñ ölçeg birligi hökmünde ulanylýar.

19. Señrik – adam aýagynyñ duranda, adamyñ aýagynyñ ujundan burnunyñ süñküne çenli aralyk, ol takmynan adam boýuna deñ.

20. Hada – 2 metr.

21. Çakyrym – 0,67 m.

22.Çöket – 1,5–2 km.

23.Çetber –100 gr.

24. Gadak, kirbenke –400 gr.

25. Bir put –16 kg.

26. Bir batman –20 kg.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

FaustGaraşsyzlyk we baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna degişli çeşmelerAziýa we Afrika ýurtlary XX asyryň başlaryndaKöriçegeAntarktidaAt-Tahäwi19-njy asyrÄrsary taýpasyAhal-teke bedewleriAta AtajanowSaryýazy - suw howdany we onuň ähmiýeti.EdebiýatYlymAýallar futbolynyň taryhyndan iň köp gol uran oýunçylarBalykçylykTekeşiň aramgähiBronhitDurdy DurdyyevMüň bir gijeÇarli ÇaplinÝolbars1 (san)Jüneýit hanTroýa söweşBeýik Mogollar imperiýasyKanadaSefewi döwletiDüýe çalyGadymy ÜrgençAmyderýaAlbert EýnşteýnBeýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllardaDöwletmämmet AzadyGalaktikaÝagtylykAltyndepeKöpetdagTürkçeMerwDöwletlerÖküz soguljanyGadymy Gündogaryň we Gadymy Günbataryň taryhynyň ösüş aýratynlyklaryArçaýew Myrat GurbandurdyýewiçAleksandr Sergeýewiç PuşkinEýran Yslam rewolỳusiỳasyTürkmenistanyň ykdysadyýetiJüneýit HanPanama kanalyAl-FarabyAtmosferaSalawatGarynjaTürkmen diliGollandiýaGadymy AssiriýaŞanamaIddäKufrHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyMalaziýaBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda türkmen halkynyň medeni mirasynyň we sungatynyň täzeden dikeldilmegiBagt KöşgiTürkmenistanyň MejlisiMerezýelPişikAhal welaýatyUnitar döwlet🡆 More