Türkmenler: Bir Türk halky

Türkmenler - gadymy oguzlardan gelip çykan türki halky, Türkmenistanyň esasy we ýerli ilaty, şeýle hem Eýranyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň awtohton ilatydyr.

Türkmenleriň kiçi toparlary Täjigistanyň we Pakistanyň çäginde we XVII asyrdan bäri Russiýanyň çäginde ýaşaýarlar (Astrahan we Stawropol Türkmenleri). Türkiýe, Siriýa we Yrak türkmenleri Orta asyrlarda Orta Aziýadan Ýakyn Gündogara göçüp gelen türkmenleriň nesilleridir.

Türkmenler
Türkmenler, Түркменлер
Jemi ilat sany
c. 10 milliona
Sebitler we ilat sanlary
Flag of Türkmenistan Türkmenistan6,248,000
Flag of Eýran Eýran1,328,585
Flag of Afghanistan Owganystan1,000,000
Flag of Oʻzbekiston Özbegistan152,000
Flag of Päkistan Päkistan110,000
Flag of Russiýa Russiýa46,885
Flag of Täjikistan Täjigistan15,171
Türkmenler: Bir Türk halky Ukraina7,709
Diller
Türkmen dili
Din
Köp bölegi Yslam

a. ^ Jemi millet sany Çeşmelere göra hasaplandy.

Gadymy döwürlerde özlerini Oguz diýip atlandyrypdyrlar, orta asyrlarda özüne "Türkmen" diýip başlapdyrlar. Gadymy Rus dilinde türkmenlere Torkmenler we Taurmenler termini diýilýärdi.

Taryh

Makalamyzyn başynda "Türkmen" sözüniň manysyna durup geçsek ähli babatda maksadymyza läýik bolarmyka diýen. Bu maglumaty biz Ewropadan ya-da başga yerlerin alymlaryndan alman, ony biz garaşsyz çeşmelerden alsak elbette gowy bolar. Munu biz Gündogar Türkistanda (Häzirki wağtda Hytaý Halk Respublikasynyň demirgazyk günbatar bölegi) yaşap geçen älymymyz, Türkşynas Mahmyt Kaşgarlynyn "Dîvânı luğât et-Türk" (älymyn Bagdatda yazyp tamamlan eseri, dili Karahanlyçadyr) eserinin "Oguzlar" babyndan alsak onda, Islam dinine imin eden Oguz boýlaryna Türk-iman diýlendigini bileris. Bilşimiz ýaly Islam dinine iman etmedik Oguzlarda bardyr, Mysal üçin Moldowada yaşayan Gökoguzlar (Gagauzlar) olaryň dinleri hristiançylykdyr, dilleri hem Oguz Türkçesine ören ýakyndyr. Mowzugumuza dolanyp gelsek, Islamyn Orta gelmegi bilen Islam dinini kabul edip taryh sahnasyna çykan esgerlerdir. Islamdan önki taryhda biz olary dine Oguzlar ya-da Türkler diyip bilýeris. Arap taryhçylarynyň aytmagyna göre bir günde 200 mün adam musulman bolupdur. Yene bellep geçmeli zat Arap serkerdelerinin beren maglumatlarynda gowsa sypdyrmaýan kaçsa tutdurmaýan söweşicilerdigi aydylýar, hatta Arap serkerdeleri olary gowalamazlygy esgerlerine maslahat beripdirler, çünki olaryn atyn üstünde wagty yza seredip atan oklary nyşana has göni ve dürüst degýen eken. Bu söweşiciler gelcekde kurulcak Türkmen döwletlerini ve Islamy haçlylardan koracak esgerlerdi.

Soltân Alp-Arslanın Malazgirt (1071-nci yılın 26 ‘august’ı) yenişinden son Türkistândakı ve Horâsândakı Türkmenler Anadolâ taraf göçleri yola koyup başladılar. Anadolâ göçüp gelen Türkmen tâyfaları öz beğliklerini döredip Selcûklı soltânlarına tâbîn boldular. Soltân Sancarın ölümünden son, Anadoluda Anadolı Selcûklı dövleti dovâm etdi. Izda kâlan Türkmenler bolsa ozal Horezmşâhların ve ol dövletin Monğol koşunları tarafından yıkılmağı netîcesinde Monğolların kol astına düşdüler. yöne ızda kâlan Türkmenler Söyün Hanîli tâyfa birleşmesini döredip Daşoğuz ve İçoğuz ulğamı bilen Monğollara karşı durdular. Bu tâyfalar esâsan hem hêzirki vağtda Türkmenistânın, Afğanıstânın ve Îrânın çeklerinde yaşayan Türkmenlerdir. Bu Türkmen tâyfaları Oğuzların Salır boyuna değişlidir. Sebêbi Monğol basıp alışları dövründe Salırlar Hêzirki Türkmenistânın ve Îrânın çeklerine yayradılar ve şondan son her topar öz toparının serdârının âdı bilen âtlandırılıp başlandı. Muna mısâl edip Hîvâ hanı Abul Kâzînın "Al Şacarayı Terêkime" eserinde "Salır boyunda Ersarı bay âtlı biri dünyê geldi" diyip yazyar. Bilşimiz yalı Ersarı baba Ersarı Türkmenlerinin serdârıdır. Îrâna geçen Salırlar Îrânda öz dövletini kurmağı başaran hem bolsalar ol dövlet Monğollar tarafından yıkıldı. Sonra Anadoluda Kâzî Burhâneddînın kuran dövleti hem Salır boyuna değişlidir. Monğollardan sonra Türkmen diyârında Türkmenlerin özüne değişli bir dövlet kurulmadı. Üstesinede Türkmen diyârı, Hîvâ hanlığı, Buhârâ emîrliği hemde Îrân arasında bir söveş meydânı hâlına geldi. Bu adâlatsız uruşlar tê Gökdepe söveşine çenli dovâm etdi. Başından köp sövdâları geçiren Türkmen halkı in sonunda ‘Russ pâdışâlığının kol astına düşdü. Ondan sonra ‘Soviet’ler dövleti, bu halkı ôtdan alıp suva sokdı... 1991 nci yılda ‘Soviet’ler dövletinin yıkılması bilen öz karaşsız, bâkî bîtaraf dövletini kurmağı başaran Türkmenler, hêzirki vağtda katı dar mânâ eye bolan milletin âdına eye boldular. Aslında Âzerbaycân ve Türkiye de yaşayan halkda kanıbir doğanlarımız.

Türkmen taryhynyň döwürleri. Orta asyrlarda ata-babalarymyzyň guran döwletleri. Türkmenleriň ata-babalary dünýäniň dürli ýerlerine ýaýrap, ulyuly döwletleri, hanlyklary, beglikleri, atabeglikleri döredip, Aziýanyň, Ýewropanyň we Demirgazyk Afrikanyň dürli ýerlerinde döwlet gurluşynda, medeniýetde, ylymda uly işler bitirip, adamzat taryhynda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Halkymyzyň gadymy geçmişiniň anyk delilnamalar esasynda açylyp başlanmagy milli buýsanjymyzy artdyrdy, taryhymyza bolan garaýşymyzy has-da belende göterdi. Bir söz bilen aýdylanda, türkmen halky öz geçmiş taryhyna bolan teşneligini arkaýyn gandyryp, geçmişi baradaky her bir buýsançly täzeligi bilip başlady. Türkmenler, dogrudan-da, öz gadymy ata watanynda ösüp-örňän we soňra dünýäniň dürli ýerlerine ýaýran halkdyr, türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde taryhy sahna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Orta asyrlarda, has takygy X-XVI asyrlarda türkmenler tarapyndan döredilen Garahanly, Beýik oguz türkmen, Gaznaly, Seljukly, Köneürgenç (Horezmşalar), Osmanly, Memluk, Akgoýunly, Garagoýunly, Sefewi türkmenleriniň döwletleriniň, Hindistandaky türkmen soltanlyklarynyň, beglikleriň, atabeglikleriň has gülläp ösen wagtydyr. Şol döwrüň beýik soltanlary, şalary, hökümdarlary döwlet gurluşynda örän wajyp tejribe toplapdyrlar. Gündogarda “Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr” diýen nakylyň dörändigi tötänden däldir. Gaznaly türkmen döwleti – paýtagty Owganystanyň Gazna şäheri bolup, şol bir wagtda döwletiň ady-da Gazna şäheri bilen baglydyr.

Baglanyşykly

  • Yrak Türkmen soykýrýmý

Çeşmeler

>


Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Gelin kürtesiÄrtogrul GazyTürkmenistanyň baýdagyEýranAbdysetdar KazyDurdy GylyçÝaponiýa 1918-1939 ýyllardaDünýä bölekleriPeruTürkmen alabaýyŞeýdaýyHytaý Halk RespublikasyAbylgazy Bahadyr hanMöýler otrýadyMähri PirgulyýewaNamazTaryhy tapyndyly JeýtunDubaýMurgap etrabyGoşa ýyldyzlarMaldarçylykSoltan SanjarDöwletlerPerdeganatlylar otrýadyGuşçulykIlkidurmuş adam toparlaryTransformatorTürkmenistanyň geografiýasyToyota Camry 2002-2006 (Duty kemri)Informasiýanyň mukdary we ölçeg birlikleriWekilbazar etrabySünt-Hasardag goraghanasyQatarDemirgazyk AmerikaIordaniýaTürkmenistanyň Konstitusiýa binasyIspaniýaÝabany we medeni ösümliklerNurmuhammed AndalypGoçmyrat ahun17-nji asyrMerezýelTürkmenistanyň ykdysadyýetiBalkan welaýatyÄnewBagyrMahmyt KaşgarlyParagwaýMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiKöriçegeDaniýaFutbol boýunça klub dünýä çempionaty-2025Türkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleriTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriŞanamaÖýjükÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerBedeneSaryýazy - suw howdany we onuň ähmiýeti.Türkmen Tagamlery, PalowKädiGaragumEne süýdiDessanlarIrlandiýaAta GowşudowDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerÄnew metjidiniň ansamblyÝyldyzMukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyrAbu Müslimiň gozgalaňyPagtaItaliýaŞaja Batyrow🡆 More