Goşma Sözlem We Ýönekeý Sözlem

Ýönekeý sözlemler bilen bir hatarda Türkmen dilinde goşma sözlemler köp ulanylýar.

Olar bize çylşyrymly pikiri aňlatmak üçin zerur. Birnäçe ýönekeý sözlemden duzulyp, çylşyrymly pikiri aňladýan sözlem goşma sözlemdir. Goşma sözlemleriň bir görnüşinde olaryň içiňdäki aýry-aýry ýönekeý sözlemleriň her haýsy gutarnykly düşünjäni aňladýar. Şonuň üçin olary özbaşdak hem ulanmak bolýar. Şeýle özbaşdak sözlemleriň sanynyň köpelmegi ýa-da azalmagy goşma sözlemiň düzülisine täsir etmeýär. Bu hili goşma sözlemi emele getirýän ýönekeý sözlemleriň aralaryndaky oturlary we baglaýjy kömekçiler aýryp, her biriniň soňuna nokat goýmak hem bolýar. Meselem:

  • Dursun düýäniň üstünde köp garaşdy, ýöne ol gaýdyp çokmedi.
  • Ýüzi düw ak boldy-da, ak sakgaly sandyrap ugrady
  • Meniň malym bar, döwletim bar, altyndan guýulan aşygym hem bar, emma munuň ýaly janly altyn aşygym ýok

Bu goşma sözlemleri hasyl edýän ýönekeý sözlemler deň derejede düzülýär. Şonuň üçin-de olar düzmeli goşma sözlem diýlip atlandyrylýar. Mysal alynan goşma sözlemleriň birinjisiňde ýöne, üçinjisiňdeň emma sözlerini, ikinjisiňdeň kömekçisini aýýrsak, onda ol sözlemleriň birinde özbaşdak ulanylmagy mümkin bolan birnäçe ýönekeý sözlemiň barlygyny göreris.

Meselem:

  • Dursun düýäniň üstünde köp garaşdy. Ol gaýdyp çokmedi.
  • Ýüzi düw ak boldy. Ak sakgaly sandyrap ugrady.
  • Meniň malym bar. Döwletim bar. Altyndan guýulan aşygym bar. Munuň ýaly janly aşygym ýok.

Başga bir hili goşma sözlemde bolsa onuň içiňdäki ýönekeý sözlemlerden biri baş pikiri anladyp, beýlekisi onuň habaryna ýa-da işliklerden bolan başga bir agzasyna degişli belli bir soraga jogap bolup gelýär, Bu hili goşma sözlemde baş pikiri aňladýan ýönekeý sözlem özbaşdak hem ulanylyp bilner, emma beýlekisini özbaşdak ulanyp bolmaýar. Goşma sözlemleri hasyl edýän ýönekeý sözlemleriň her biriniň gramatik esasy-eýe bilen habary bolmalydyr. Goşma sözlemi hasyl edýän ýönekeý sözlemler iki ýol bilen baglanyşýarlar:

  • Baglaýjy kömekçilersiz, diňe heň arkaly;
  • Baglaýjy kömekçiler arkaly.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Abu Aly ibn SinaAhal welaýatyGrenlandiýaBerlinIspaniýaFutbolTürkmen gelin toýyXIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekMälik şaMary welaýatyTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutySalyrBagyrMüsürDöwlet gurlyşy barada düşünje we onuñ görnüşleriBalkan welaýaty2009Keselden nädip goranmalyAgsak sereHlamidiozAltyn Asyr GSMTürkmenistanyň gözel tebigatyAşgabat demirýol menziliRigaHeopsÝemenTürkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslaryHindistanBelarus döwlet uniwersitetiTogrul begFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarTürkiýeTürkmen milli göreşiSeljuklar döwründe ylym we medeniýetTürkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasyBlogGün ulgamyOnýyllyklaryň sanawyÇepniPolşaMährKriştiano RonaldoÖýdümleri owadanChicagoOkaraly çomuçTürkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk.Diş agyryBathyz goraghanasyBirleşen PatyşalykAziýa BaýdaklaryGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriAziýada Ikinji Jahan UrşyMugallymlar gazetiOrhan IOdy özüňe bas (çeper eser)Molla Töre ahunIspan diliOguzlaryň we Seljuklaryň taryhy boýunça çeşmelerTäze ZelandiýaOmar HaýýamI.M. Gubkin adyndaky Russiýa Döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki ŞahamçasyKompýuter barada düşünjeItburunBöwürslenBirinji jahan urşyAl-FarabyTürkmenistanyň prezidentiDurdy BaýramowWi-fi tehnologiýasyBeki SeýtäkowIňlis dili🡆 More