Türkmenistanyň Ykdysadyýeti

Türkmenistanyň ykdysadyýeti — Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.Türkmenistanyň içerki önüminiň 2015-nji ýylda ösüş depgini 6,7% deň boldy. Döwlet býujetiniň 2015-nji ýylda girdeji bölegi 100,6%, çykdajy bölegi bolsa 90% deň boldy. Býujetiň girdeji böleginiň 78,7% durmuş ulgamyny maliýeleşdirilmäge gönükdirildi. Ýerli býujetiň girdeji bölegi 101,7% derejede, çykdajy bölegi bolsa 96,4% ýerine ýetirildi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly möçberde maliýelşdirildi.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgetrmeler amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşuk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.


“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde orta möhletleýin geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite maksatnamalar işlenip düzüldi.Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 107 sany ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny alyp barýar. 2015-nji ýylyň jemleri boýunça bölekleýin satuwyň hem ösüşi, ýagny ol 41,9 milliard manata deň bolandygy bellenildi.


Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirjilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.


Şuňa laýyklykda, ýurt adaty ulanýan ugurlary bilen bir hatarda, 2009-njy ýylda özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegi üçin iki sany täze iri taslamany, ýagny Türkmenistan-Hytaý we Türkmenistan–Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisini amala aşyrdy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirjisini hem hyzmatdaşlary bilen durmuşa geçirmeklige içgin girişdi.


Türkmenistan energiýa geçirjilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar. Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobatda uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygider amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.


Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektrik energiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar: täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Mary we Lebap welaýatlarynda ýokary woltly elektrogeçirijisi bolan asma liniýalaryň, podstansiýalaryň toplumynyň gurluşygy başlandy. Şeýle-de hereket edýän podstansiýalar täzeden gurlar we elektrostansiýalar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnar. Şu işler gutarandan soňra Türkmenistan özüniň Owganystana eksport edýän elektrik energiýasyny bäş esse köpeltmäge ukyply bolar. Şonuň ýaly hem, döredilen kuwwatly elektrik energiýany Pakistana we Täjigistana eksport etmäge mümkinçilik berer.


Türkmenistanyň himiýa we nebithimiýa toplumy dag himiýasyndan, esasy himiýadan, plastmas önümlerini öndürmekden, hojalykda ulanylýan himiki önümlerden hem-de senagatda peýdalanylýan uglerody öndürmekden ybarat bolup durýar.


Lebap welaýatynyň Gowurdak-Köýtendag ýerlerinde täze kaliý duzlarynyň ýataklary açyldy hem-de 2009-njy ýylda welaýatyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlandy. Kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlanmagy, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze bir ulgamyň goşulýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagy ýylda 1-den 1,5 million tonna çenli dökünleri öndürmäge ukyply, gelejekde bolsa 4 million tonna çenli artdyrylar. Toplumyň birinji nobatdakysynyň bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryna barabardyr.


Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi berer.


Häzirki wagtda Türkmenistanda demir ýollarynyň uzynlygy 3080 km barabardyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda olaryň uzynlygy 900 km çenli artdy. Tejen-Sarahs, ''Türkmenabat''-Atamyrat, Daşoguz-Köneürgenç, Aşgabat-Garagum-Daşoguz ýaly täze demir ýollary guruldy.


Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bilen ýük daşamaklygyň göwrümi hem artýar. Geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, 2015-nji ýylda ýük daşamaklygyň göwrümi 104% artdy. Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irisi bolup durýar.


Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 1400 km barabar bolan Şanhaý bilen Frankfurtyň arasynda gurlan Transaziýa-Ýewropa optiki süýümli geçiriji, radioreleý geçirijileri guruldy. Türkmenistanyň ilatly ýerleri durnukly aragatnaşyk bilen üpjün edildi.


Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär.


Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan gallany eksport ediji ýurtlaryň hataryna girdi. Şol ýylda 217 müň tonna däne satuwa çykaryldy, onuň arasynda 150 müň tonna bugdaý, galany un görnüşinde çykaryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen tekstil senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 sany tekstil toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Bu bolsa ýurtda pagta süýümini öndürmegiň kuwwatyny 3%-den 55%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. 1995-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli döwürde nah matalaryň öndürilişi 8 esse artdy. Şunuň bilen “Türkmenistanda öndürilen” diýen nyşan bilen çykarylýan tekstil önümleriniň eksporty 29 esse artdy. Häzirki wagtda öndürilýän tekstil önümleriniň 80% töweregi Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-na, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar.


Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplary we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama amala aşyrylýar. Onuň esasy wezipeleri oba ilatynyň durmuşynyň ýokary derejesini, hemme ilatly ýerleriň deňagramly durmuş ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurtda ýokary ýeňillikli ýaşaýyş ipotekasy giň gerime eýe boldy.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Muhammet Jelaletdin RumyMolla Töre ahunGaraşsyz Döwletleriň ArkalaşygyTürkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutyMähramKuweýtGaznalylar döwletiWolgaAppleKoreýa RespublikasyDurdy Gylyç.euTeke taýpasyWayback MachineGurbandurdy ZeliliAbsorbsiýaGuduzlamaÖzbegistanAlp är TöňňeGawunTürkmen OwazyÖsümliklerParagwaýHalk Maslahaty – türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyrIlatÝagyşAleksandr Sergeýewiç PuşkinMarketingRussiýaAdam we biosferaPifagoryň teoremasyTrihomoniazÝemenSaady ŞirazySüýtli gara çaýGünorta Afrika RespublikasyMollagara şypahanasyKakageldi AbdullaýewDaşoguz welaýaty.bhAltyn Asyr gündogar bazaryŞeýdaýyGökbogmaHimiýaGökleňAşgabat demirýol menziliÖwlatİkinji Jahan UrşyOdy özüňe bas (çeper eser)Asman jisimleriGoogleDawut pygamberTürkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslaryGyzyl kitapAstanababa aramgähiGünorta ÝewropaKöpetdagRaşit MeredowArgentinaEýranFilosofiýanyň taryhyTurgut ÖzalIordaniýaGünorta AmerikaMercedes BenzHazar deňziYrakBeýni ýarym şarlaryBasketbolMuhammedÄnew medeniýeti - ak bugdaýyň WatanyAlplarTürkmenistan XV – XVI asyrlarda🡆 More