Türkmenistanyň Mejlisi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi (Parlament) - kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan iň ýokary wekilçilikli edaradyr.

Ol 1993-2007 nji ýyllar aralygynda öňki Kabinet Ministrliginiň binasynda ýerleşip,2008-nji ýylyň başyndan özüniň täze binasyna göçürildi. Ýerleşýän ýeri: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolynyň ugrunda.

Düzümi:

Mejlis (Parlament) 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan ýerli saýlaw okruglary boýunça 5 ýyl möhlete saýlanýar.

Mejlis aşakdaky halatlarda möhletinden on ýatyrylyp bilner:

1)ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2)Mejlisiň bellenen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (oz-özüni ýatyrmagy);

3)alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzülmedik mahalynda,Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

Deputaty onuň deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe Mejlis mahrum edip biler. Şu mesele boýunça çözgüt Mejlisin deputatlarynyň bellenen sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Mejlisin razylygy bolmasa,deputat jenaýat jogapkärçiligine çekilip,tussag edilip ýa-da başga ýol bilen azatlykdan mahrum edilip bilinmez. Häzirki wagtda 125 deputatam Demokratiýa partiýaň agzalary bolup durýar.

Taryhy:

2003-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisi (Parlament) oz käbir ygtyýarlyklygyny ýitirip,on tersine Halk maslahatlary geňeşi uly hasap edilýärdi.Mejlisi islendik halatda ,ýurdy dolandyrýan Prezident we Halk maslahatynyň geňeşiniň karary esasynda ,möhletinden öň ýatyryp,dagadyp bolýardy. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan täze Konstitusiýasy kabul edildi hem-de Mejlisin oz ygtyýarlyklaryny gaýdyp berildi.

Saýlawlar:

Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlawlary ,2008-nji ýylyň dekabr aýynyň 14-ine geçirildi.Şol sanda Lebap we Mary welaýatlarynda 2008-nji ýylyň dekabr aýynyň 28-ine gaýtadan ses berlişikler geçirildi we Mejlisin deputatlarynyň sanyny 65-den 125-e ýetirildi.Saýlawa  jemi Türkmenistan boýunça 2 594 658 adam gatnaşyp,Türkmenistanyň saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlaň 93,87% ses berdiler.Jemi 287 dalaşgärden 125 sany deputaty ses bermek arkaly ählumumymy ,deň ,göni we gizlin ses bermek arkaly saýladylar.

Güýçleri we borçlary:

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda esasynda Mejlis:

1) kanunlary kabul edýär, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär hem­de olara resmi düşündirişler berýär;

2) Ministrler Kabinetiniň iş maksatnamasyny makullamak baradaky meselä garaýar;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak baradaky meselelere garaýar;

4) ýurdy syýasy, ykdysady, sosial taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna we maksatnamalaryna garaýar;

5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher wekilçilikli edaralarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaýar;

8) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we tapawutlandyryş atlaryny dakýar;

9) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny ýa­da laýyk däldigini kesgitleýär;

10) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar;

11) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş­çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär;

12) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

13) Konstitusiýada we kanunlarda Mejlisiň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Mejlisiň başlyklarynyň sanawy

  • Sähet Myradow - (18.11.1990 – 07.05.2001)
  • Raşit Meredow - (07.05.2001 – 07.07.2001)
  • Rejepbaý Arazow - (07.07.2001 – 13.03.2002)
  • Tagandurdy Hallyýew - (13.03.2002 – 12.11.2002)
  • Öwezgeldi Ataýew - (12.11.2002 – 22.12.2006)
  • Akja Nurberdiýewa - (22.12.2006 – 30.03.2018)
  • Gülşat Mämmedowa - (30.03.2018 – häzirki wagta çenli)

Mejlisiň wekilleriniň başlygy

2002-nji yylyn noyabr ayynyn 12-ine Turkmenistanyn Mejlisinin bashlyklygyna Owezgeldy Atayew saylandy,mundan onki hormatly dynch alysha chykan Tagandurdy Hallyyewe derek.2006-njy yylyn dekabr ayynyn 21-ine merhum prezidentimiz Saparmyrat Nyyazowa derek,Turkmenistanyn kanuna layyklykda wagtlayyn yerine yetiriji wezipesini yerine yetirmelidi,emma deputatlyk ygtyyarlyklaryndan mahrum boldy. Turkmenistanyn Mejlisinin bashlyklygyna 2006-njy yylyn dekabr ayynda Akja Nurberdiyewa saylandy we hazirki gune chenli yerine yetirip gelyar hem-de onun orunbasary bolup Bayramowa Gurbangul Geldiyewa işleýär.2018-nji saýlawlarynyň netijesinde Gülşat Sahyýewna Mämmedowa saýlandy. Kasymguly Babaýew bolsa Başlygyň orunbasary wezipesine saýlandy.2021-nji ýylda syýasy özgertme bolup geçdi. Ýagny, 2 palataly Milli Geňeş döredilip,ol Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat boldy. Mejlisiň ygtyýarlyklarynyň köpüsi täze döredilen Halk Maslahatyna berildi. (Düzetmeli)

Çeşmeler:

Tags:

Türkmenistanyň Mejlisi Düzümi:Türkmenistanyň Mejlisi Taryhy:Türkmenistanyň Mejlisi Güýçleri we borçlary:Türkmenistanyň Mejlisi Mejlisiň başlyklarynyň sanawyTürkmenistanyň Mejlisi Çeşmeler:Türkmenistanyň Mejlisi

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

TürkiýeJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)AbakanÇapadyPenisNorwegiýaKoreýa RespublikasyÄs-sälämu aleýkumFilistin DöwletiGurbanguly BerdimuhamedowWilýam ŞekspirGülistanGaznalylar döwletiMaroSportAltyn Asyr GSMBitaraplyk binasyÄrsary babaBäbek18-nji asyrTejenHeo Jong-sukGök kitGünäSynalar (organlar)Malaziýa515Sinonim (taksonomiýa)MarawadepeWenaAhmet ÝalçynkaýaTürkmenistan manadyFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarParfiýa (Nusaý)1966Sefewi döwletiAutizmKabul welaýatyGadymy Oguz türkmen döwletiLatwiýaDonald TrumpBelarusAntarktikaGurbannazar EzizowOsman imperiýasyÝasama akylKerim GurbannepesowMerwDemokratiýaWiktor GýugoÝatgynyň miomasyTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasyGene WilderAkydaEýranEýmirŞaja BatyrowSarahsYslamyň bäş sütüniMaşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.Lebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerTürkmenistanyñ ŞäherleriWiagra (viagra)Teke taýpasyBiotehnologik maglumatlar milli merkeziGökbogmaOman🡆 More