Wan Gog Win­sen

Wan Gog Win­sent gol­land su­rat­ke­şi.

Ol 1853-nji ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da ço­la ýer­de ýer­le­şen Grot-Zýun­dert at­ly oba­da ruhany maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär. 1869 – 1876-njy ýyl­lar­da Gaa­ge, Brýus­sel, Lon­dan we Pa­riž­dä­ki çe­per­çi­lik – söw­da şe­re­ke­ti­niň del­la­ly bo­lup, hyz­mat edip­dir.

Wan Gog Win­sen
Wan Gog Win­sen

Käri Suratkeş
Doglan senesi 30-njy mar­t, 1853
Ölen senesi 29-nji iýul, 1890

Ol 1876-njy ýyl­dan baş­lap, Ang­li­ýa­da mu­gal­lym bo­lup, işe baş­la­ýar. 1878 - 1879-njy ýylda Bo­ri­naž­da mag­dan­çy­la­ryň agyr dur­mu­şyn­dan ha­bar­ly bol­ýar. Ola­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­gy but­ha­na hä­ki­mi­ýet­le­ri bi­len Wan Go­gyň ara­sy­na ag­za­la­lyk düş­me­gi­ne alyp bar­ýar. XIX as­yryň 80-nji ýyl­la­ry sun­gat bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ýar, Brýus­sel­dä­ki (1880-1881 ý.) we Ant­wer­pen­dä­ki (1885 - 1886 ý.) çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy bi­len gat­na­şyk sak­la­ýar. Ol 1881- 1885-nji ýyl­lar­da Gol­lan­di­ýa­da ga­ryp dü­şen adam­la­ry – Bo­ri­na­žyň mag­dan­çy­la­ry­nyň, hü­när­men­le­riniň, ba­lyk­çy­la­rynyň, daýhan­la­rynyň su­rat­la­ry­ny ussatlyk bi­len çe­kip­dir. Eý­ýäm otuz ýa­şyn­da­ka özü­ni sun­ga­ta ba­gyş­la­ma­gy ka­rar edip­dir. Ol gy­nanç­ly, tu­kat äheň­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ýö­ne­keý adam­la­ryň dur­mu­şy­ny su­rat­lan­dyr­ýan bir­gi­den kar­ti­na­ny dö­re­dip­dir. Ola­ryň ha­ta­ryn­da 1885-nji ýyl­da çe­ken “Daý­han” we “Kar­toş­ka­nyň ho­ran­la­ry” at­ly işi has gö­ze il­ýär. Su­rat­keş dö­re­di­ji­li­gi­niň baş­lan­gyç tap­gy­ryn­da dür­li mow­zuk­la­ra ýüz­len­ýär, olar­da adam şe­kil­le­ri, how­dan­lar, ýol­lar we beý­le­ki­ler bar. Bu kar­ti­na­lar­da f­ran­suz su­rat­ke­şi we gra­fi­gi Ž.F. Mil­le­niň tä­sir­le­ri du­ýul­ýar. Wan Gog 1886-njy ýyl­da Pa­riž­de ýa­şap baş­la­ýar we dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri ony bel­li su­rat­keş­ler Tu­luz Lot­re­ke, P. Go­ge­ne, K. Pi­sap­po da­gy bi­len gat­na­şyk sak­la­ma­ga alyp bar­ýar. Ola­ryň ýar­da­my bi­len onuň su­rat pa­lit­ra­syn­da ýag­ty äheň­ler peý­da bo­lup, ýag­ty­lyk we reňk­ler kar­ti­na­da has mö­hüm rol oý­nap baş­la­ýar. Su­rat­keş Ž. Se­ra­nyň su­rat­la­ry­nyň tä­si­ri bi­len goş­ma­ça reňk­le­riň aý­ra­tyn çal­gy­la­ry bi­len iş­le­mä­ge baş­la­ýar, em­ma ba­sym reň­kiň ýö­ne­keý we ýag­ty gör­nü­şi­ne geç­ýär. Ol bu ugur­da E. Ber­nar­dan we L. An­ke­te­na­dan gö­rel­de al­ýar. Onuň “Se­na­nyň üs­tün­däki köp­ri”, “Ka­ka Tan­ga­nyň port­re­ti” ýa­ly iş­le­ri (1887ý) şu dö­wür­de dö­re­ýär. Wan Gog 1888- ýy­lyň few­ra­lyn­da Fran­si­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Ar­la gid­ýär. Ol bu ýer­de göw­nü­ňi gö­ter­ýän ýag­ty reňk­ler­de ýur­duň gü­nor­ta­sy­nyň peý­za­žy­ny dö­red­ýär. (“ Orak or­ma”, “La-kro­nyň jül­ge­si”, “Sent- Ma­ri­niň ba­lyk ga­ýy­gy”, “Ar­le­dä­ki gy­zyl üzüm­lik” (1888 ý) we beý­le­ki­ler. Ol özü­niň joş­gun­ly hul­ky bi­len ada­ty zat­la­ry hem jan­lan­dyr­ýar. (“ Wan Go­guň Ar­le­dä­ki ýa­tal­ga ja­ýy”, 1888 ý ). Ol kä­ma­hal­lar özü­ni ýal­ňyz-ten­ha duý­ýar we göw­nü­çök­gün­li­ge düş­ýär. (Ar­le­dä­ki gi­çe­ki ka­fe”, 1888 ý) . Su­rat­ke­şiň ýa­ny­na okt­ýabr aýyn­da Go­gen gel­ýär. Wan Gog onuň uza­ga çek­me­dik tä­si­ri as­tyn­da “Tans dä­li­zi” kar­ti­na­sy­ny dö­red­ýär. Olar umu­my dil ta­py­şyp bil­män aý­ry­lyş­ma­ly bol­ýar­lar. Reňk­ler Wan Go­guň iş­le­rin­de has hem ýi­ti­le­şip baş­la­ýar, imp­res­sio­nis­tik öwüş­gin­li kar­ti­na­lar ama­ly taý­dan bir reňk­li kar­ti­na­lar bi­len or­nu­ny ça­lyş­ýar. Olar­da aňyr­sy – bär­si gö­rün­me­ýän de­ňiz, çyl­gam-çyl­gam giň meý­dan – şol bir wagt­da reňk we pred­me­tiň for­ma­sy. Wan Gog di­ňe gün­di­ziň ýag­ty­ly­gy di­ýip hem at­lan­dy­ryp bol­ma­ýan ýag­ty­ly­ga ýüz­len­ýär – on­da adat­dan da­şa­ry güýç­le­riň gü­man­syz öwüş­gin­le­ri we äheň­le­ri bar. Su­rat­keş adam­za­dyň has dog­ry ga­raý­şy­ny göz­le­ýär we ru­hu­nyň çak­da­na­şa teş­ne­li­gi we hy­ju­wy imp­res­sio­niz­miň umu­my akym­la­ryn­dan bö­lü­nip gaýd­ýar. Dö­re­di­ji­lik dart­gyn­ly­ly­gy we ýa­kyp- ýan­dy­ryp bar­ýan Gü­nüň aşa­gyn­da­ky uzak wag­ta çek­ýän et­ýud­la­ry Wan Go­guň dur­mu­şy­nyň soň­ky ýyl­la­ryn­da ru­hy ke­se­li­niň agyr­laş­ma­gy­na alyp ba­rýar. 1889 - 1890 ýyl­lar­da Ar­le­dä­ki ke­sel­ha­na­da ýat­ýar, Sen-Re­mi we Ower-sýur-Uaz ke­sel­ha­na­la­ryn­da ge­çi­rip, 1890-njy ýy­lyň 29-njy iýu­lyn­da aradan çykypdyr. Öm­rü­niň soň­ky iki ýy­ly has agyr we tu­kat geç­ýär. (“Ebe­di­li­giň der­we­ze­si”, “Ser­wi agaç­la­ry we ýyl­dyz­lara sary ýol”, “Owe­re­de ýa­gyş­dan soň­ky peý­zaž” 1890 ý.) Su­rat­ke­şiň dö­re­di­ji­lik dur­mu­şy uzak do­wam et­män­dir - on ýyl tö­we­re­gi, ýö­ne şu döw­rüň için­de çen bi­len 2200 sa­ny eser dö­re­dip ýe­ti­şip­dir.

Suratlar

Daşarky çykgytlar


Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

MuhammedMähramOmar HaýýamAltymyrat OrazdurdyýewParfiýa (Nusaý)DümewTürkmenlerGörogly etrabyFutbol taryhynda iň köp free kick gol uran oýunçylarSoltan SanjarŞanamaTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniAltyn asyryň altyn zehinleriGadymy Merwiň galalaryMaliGuşPolşaSeljuklarKöriçegeŞaja BatyrowOrta AziýaÖýjükKoreýa RespublikasyGaýgysyz AtabaýewBirleşen Milletler GuramasyDurdy DurdyyevHajj19 dekabrMatallarIňlis diliBitcoinKüştAbaý KunanbaýewAkydaIspaniýaMuhammet Jelaletdin Rumy6 dekabrGaragum derýasyKiçi görnüşRiwaldoPi­ra­mi­da­ (binagärlik)Eser WestTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiFilosofiýaTürkmenistanyň emeli hemrasyTrihomoniazDemirgazyk MakedoniýaAtabaý ÇargulyýewStatistikaSenagatçylar we Telekeçiler partiýasyHalkara Matematiki adalgalarSaryýazy - suw howdany we onuň ähmiýeti.Abu Aly ibn SinaSeljuk begPekinInçekeselMätäjiÝokançly mollýuskTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiSamsungFrensis BekonMahmyt II OsmanlyGaýyBaýram namazyRussiýanyň milli futbol ýygyndysy🡆 More