Jyns ýollarynyň trihomoniazy – iň köp ýaýran weneriki keselleriň biri bolup, ony jynshana trihomonadasy döredýändir.
Bu kesel jyns gatnaşygy arkaly geçip, başga zatlaryň (süpürgiç, moçalka, düşek we başgalar) üsti bilen ýokuşmak ýoly örän seýrek duş gelýär. Keseliň geçişi bedeniň kesellere garşy göreşiji güýçlerine, jyns ýollarynyň ýagdaýyna we başga ýokançlyklar (gonokokklar, kömelekler, mikoplazmalar) bilen utgaşmagyna baglydyr. Keseliň inkubasion (keseliň ýokuşyp, birinji alamatlarynyň ýüze çykýan wagty) döwri 2 - 3 güňden 3 - 4 hepdä çenli dowam edip bilýär. Trihomoniazyň birnäçe görnüşleri bardyr:
Aýallarda trihomoniaz jynshananyň nemli gatlagyna, ýatgynyň boýunjygyna, ýatga, yatgynyň turbalaryna zyýan ýetirip bilýär. Seýrek ýagdaýlarda ol peşew ýollaryna, peşew haltasyna, göni içegä, dem alyş ýollaryna, badam şekilli mäzlerine hem zeper ýetirip biler. Keseliň täze başlan döwründe aýallary garnyň aşagynda agyry, agyryly buşukma, daşky jyns agzalarynda gijilewik we alawlama, jynshanadan köp mukdarda bölünip çykmalar biynjalyk edip biler. Trihomoniazyň dowamly görnüşinde diňe gijilewik we bölünip çykmalar bolup biler. Erkek adamlarda trihomoniaz esasan peşew ýollaryna zeper ýetirýändir. Agyryly peşew etme, peşew ýollaryndan iriňli bölünip çykmalar ýaly alamatlar ýüze çykýar. Keseliň dowamly görnüşinde bu alamatlar kän bir duş gelenok ýa-da olar mese-mälim bildirýär. Erkek adamlarda trihomoniazyň gaýraüzülmeleri kän duş gelip, ol erkeklik jyns mäzine, tohum haltajygyna zyýan ýetirme bilen häsiýetlendirilýär. Keseliň kesgitlenmegi kliniki alamatlaryň we bakteriologiki barlaglaryň kömegi bilen geçirilýär. Bejergi aşakdaky düzgünlere laýyklykda geçirilýär:
Bejergi keseliň hemme kliniki görnüşlerinde hem geçirilmelidir. Adamsynda trihomoniaz tapylyp, özlerinde tapylmadyk aýallar hem doly bejergini geçmelidir. Trihomoniaza garşy ulanylýan peýdaly serişdelerden metronidazol (trihopol, flagil, klion, orwagil) we fazižin (tinidazol) bellidir. Keseliň başga ýokançlyklar bilen (trihomoniaz+bakteriýalar+kömelekler) utgaşyp geçen ýagdaýynda, klion-D-100, makmiror, efifan, utrikan-250, tiberal-Roş ýaly serişdeler kabul edilýär we jynshana goýulýar. Näsagyň ýagdaýyna, keseliň görnüşine, getiren gaýraüzülmelerine laýyklykda dermanlar bilen bejermegiň dürli shemasy ulanylýar. Her näsag üçin bejergini degişli barlaglardan soň lukman bellemelidir. Özbaşdak bejergi geçirmek keseliň ötüşip, dowamly görnüşe geçmegine, agyr gaýraüzülmeleriň döremegine getirip biler. Bejergi geçirilýän wagty, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek hökmandyr. Bejergiden soň näsagy bakteriologiki barlagdan geçirlip, bejerginiň netijeliligini barlamalydyr.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Trihomoniaz, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.