Tumarşa

Şablon:Aydınlaşdırma Şablon:Dövlət xadimi

Tumarşa(Tomiris) b.e öňki VI  asyryň ortalarynda dünýä meşhurlygyny gazanan, halkynyň aňynda ajaýyp yz galdyran türkmen zenanydyr. Ol Araksyň  (Tünüderýanyň – Uzboýuň) ugrunda Garagumyň jümmüşinde göçüp-gonup ýören massagetlaryň hanydyr. Maldar massagettleriň (türkmenleriň ) hany ýogalandan soň, ýeke ogly bilen galan Tumarşa adamsynyň ýerine han saýlanýar.


Gadymy grek taryhçysy Gerodotyň bellemegine görä, b.e öňki I müňýylygyň ortalarynda döredilen Ahmeni döwletiniň hökümdary Kuruş (Kir –II) keseki ýurtlaryň hasabyna döwletiniň çägini giňeltmek we gaznasyny baýlaşdyrmak maksady bilen güýç toplap, uzak ýurtlara harby ýöriş guramagy niýet edinýär. Kuruş garagumly massagetlerden az heder etmändir. Onda-da Hazaryň  gündogaryndaky aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlikde ýaşaýan massagetlara tabyn edip bilse, Horezm ülkesiniň ilatynyň hem özüniň golastynda düşjekdigine şübhelenmändir. Eger-de Kuruşyň maksay amala aşsa, onda söwda ýoluny eýeläp, ondan düşjek gümrügiň hasabyna döwletiň gaznasyny baýadyp biljekdi.

 
Ady älem-jahana dolan şa Kuruş ummasyz leşger bilen b.e öňki 530-529-njy ýyllarda Garagumyň çäklerine aralaşýar. Ol massagetlerden heder edensoň, ilki mekirlige ýüz urup, Turmarşa öýlenmek hyýalynyň bardygyny ýaňzydyp, sawçy iberipdir. Tumarşa bolsa, “Ol bir dul oturan aýala öýlenmän, eýsem, tutuş maldar massagetleri özçne gul etmekçi bolýar, bu teklip amala aşmaz. Ol öýlenmekçi bolsa öz ýurdunda meniň ýaly dul aýalam, boý gyzam gyt däl” diýip, sawçyny yzyna gaýtarýar.

 
Kuruş öz betpäl maksadyny amala aşyrmak üçin derýanyň üstünden köpri gurduryp başlapdyr. Onda Tumarşa: “ Eger-de biz bilen uruş etmek zerur bolsa, onda köpri gurmagyň hajaty ýokdur. Goý, olar derýanyň islendik tarapyny saýlasyn we ondan üç menzil çekilsin-de, ikinji tarapyň derýadan arkaýýyn geçip, özlerine amatly meýdança saýlap bilmeklerine şert döretsin” diýipdir.


Şondan soňra Kuruşyň goşuny derýadan geçýär we iki tarapyň arasynda ýowuz uruş başlanýar. Gerodotyň maglumatyna görä, massagetler üstün çykyp, Kuruşyň goşunyny heläkçilige uçradýarlar, şol sanda onuň özi hem wepat bolýar.

  
 Şondan soň türkmen zenany Tumarşanyň: “Kesekiniň ganyna suwsan kişi diňe öz ganyndan ganar” diýen sözleri ganatly jümlä öwrülip, asyrlarboýy nesilden nesle geçip gelipdir.

 

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

MusaImanHristofor KolumbSeljuklarKarry söweşiMahmyt KaşgarlyHarpKöneürgençMagtymguly etrabyRussiýanyň Ukraina basgynyNowruz8Jek LondonMämmetweli KemineHädisGalaktikaISBNTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutySüýjülik (kesel)VTürkmen filmBelarusTürkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutyTäze ýyl baýramçylygy dürli senenamalardaKompýuter barada düşünjeGadymy Gresiýa taryhyAltyndepeBirleşen Milletler guramasynyň döredilmegiMuhammet TaparGüljemal hanOmar HaýýamSql injectionEbul-Abbas MerweziMarketingUÝazyjylar we şahyrlarBelgiýaGaragum derýasyTürkmenistanyň telefon kodlaryTürkmençe Wikipediýa7Fewral27 martAba serdarBirinji jahan urşy20 aprelKömekçi sözlerGaradaşlyAta Salyh38WitrBagyrÝazRadikulitGoogleSuwTürkmenistanyň ykdysadyýetiSeýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyBeýik Mogollar imperiýasyMalaziýaFilosofiýa ylmynyň ösüşiKöriçegePilGözleg Motorynyň OptimizasiýasyOmanÇakyýew Mämmethan BerdimyradowiçSSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaTomas JefersonPomidoryñ adam saglygyna peýdalysyTrinidad we TobagoTürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar institutyJibutiTürkmenistanyň geografiýasySeýitnazar Seýdi🡆 More