Filosofiýa Ylmynyň Ösüşi

Filosofiýa ylmy adamzadyň taryhynda iň gadymy ylymdyr.

Filosofiýa

Ol adamzadyň dünýä, ýaşaýyş hakyndaky garaýyşlaryny, pikirlerini özünde jemläp, ylymlaryň döremeginde esas bolup hyzmat edipdir. Filosofiýa – bu ylymlaryň atasydyr. Tebigatyň, adamzat jemgyýetiniň we pikirlenmegiň ösüşiniň umumy kanunlary hakyndaky ylym bolan filosofiýa, iki sany gadymy grek (ýunan) sözünden , ýagny “phileo”(sarpa,söýgi,hormat) we “sofiýa”(paýhas,akyl,bilim) sözlerinden gelip çykyp , jemgyýetiň belli bir derejede kämil ýagdaýa yetende ýüze çykypdyr. Dini dünýägaraýyşdan bölünip aýyrylmak hakyky filisofiki ylmyň başlangyjynyň ýüze çykmagyna alyp barýar .

B.e.öň VII-VI asyrlarda Gresiýada soňky döwrüň esasy filosofiki ugurlary bolan ulgamlar işlenilip düzülipdir. Şol ulgamlar Rim we Orta asyr Ýewropa filosofiýasyna binýat hökmünde hyzmat edipdir. Dünýäde jemgyýetçlik durmuşyň hasda çylşyrymlaşmagy, ylmy-bilimleriň toplanmagy, filosofiýanyň ösmegine itergi beripdir. Türkmen topragynda ýaşap geçen akyldar filosoflar hökmünde Omar Haýýamy , Döwletmämmet Azadyny we Magtymgulyny mysal getirmek bolar. Olar özleriniň filosofiki garaýyşlaryny goşgy görnüşinde beýan etmegi başarypdyrlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamynda geçiren taýsyz özgertmeleri netijesinde 2008-2009-njy okuw ýyllyndan başlap Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamasyna filosofiýa , sosiologiýa , syýasaty öwerniş we ykdysady teoriýa ýaly dersler girilizildi. Filosofiýa öz goraýan meselelerine takyk ylymlar ýaly gutarnykly we kesgitli jogap berip bilmeýändigine garamazdan , ol adamzady elmydama gyzyklandyrýan , ähmiýeti hiç haçan peselmejek ömürbaky meseleler bilen iş salyşýanlygy üçin hemmeleri özüne çekýän sungat we dünýägaraýyşdyr. Türkmenistanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş unwersitetinde filosofiýa ylmy diňe bir ders hökmünde girizilmän, eýsem aýratyn hünär hökmünde iňlis dilinde ýokary derejede öwredilýär.Türkmeistanyň Prezidentimiziň bkmbaşda durmagyTürkmenistandanda ylym-bilim ulgamyna, ýaşlara we olaryň döwrebap bilim alyp terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Filosofiýa ylmynyň ýaşlar tarapyndan öwrenilmegi mähriban diýarymyzyň geljekgi ösüşlerine, döwrebap akylly-düşünjeli alymlaryň, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmaga, ösüşine goşant goşjak döwlet işgärleriniň kemala gelmegine uly badalga berer.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmenistanyň geografiýasyKöýtendag etrabySowuk uruşRejep BazarowMERKEZI AZIÝA IRKI ORTA ASYRLARDAOguznamaFutbolMary welaýatyBronhial astmaAnwar ÇingizoğluIslam kalendaryAhal-teke atyBäbekÄwliýäGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriStambulTürkmenistanyň taryhyMary welaýatyndaky etraplar we şäherlerNamazWawilon taryhyGülistanProstatitDOMBaýyndyrIkinji Garagum urşySaparmyrat Türkmenbaşy halkara aeroportyTürkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyMustafa Kemal Atatürk1048Halyçylyk sungatyMahmyt KaşgarlyMutasiýaMiyamoto MusaşiTürkmen milli oýunlaryTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniGyzyl kitapTürkmen sowet ensiklopediýasyUkrainaIslämOmar HaýýamCSSTagtabit216Abdyýewa Bahargül GurbanmyradownaEstoniýaEne süýdiGeçiguşTürkmenistandaky etraplar we şäherlerTürkmen tahýasyOperasiýon sistemalarSuratGadyr gijesiDöwletmämmet AzadyHasaplaýyş tehnikasynyň taryhyOsman imperiýasyGarynjaWýetnamGaragum derýasyKipr RespublikasyNedir şaÇaga dogurmaDemirgazyk Makedoniýa🡆 More