Sssr Xx Asyryň 60-80-Nji Ýyllarynda

SSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllarynda.

M E Ý I L N A M A :

1.Sowet jemgyýetiniň ykdysady ösüşi.

2.XX asyryň 70-80-nji ýyllarynda durmuş-ykdysady ösüşdäki gapma-garşylyklar, durgunlyk döwri.

3.SSSR-iň daşary syýasaty.


SSSR-iň we Rossiýanyň taryhynda XX asyryň ikinji ýarymyny durmuş-ykdysady ösüşiň häsiýeti boýunça üç döwre bölmek mümkin : ýokary göteriliş (1950-1970), durgunlyk (1971-1985), çökgünlik we durmuş-ykdysady ulgamyň çalşyrylmagy (1985-1990).

50-60-njy ýyllarda ýurduň ykdysadyýeti uly depgin bilen ösdi. Ilkinji on ýylda senagat önümleriniň ösüşiniň ortaça ýyllyk depgini 11,7 %, oba hojalyk önümleri – 5,0 %, esasy önümçilik fondlary 9,9 % milli girdeji – 10,2%, önüm dolanyşygy – 11,4% boldy. Muňa senagatyň esasy fondlarynyň Tematäzelenmegi, oba hojalygynyň material-tehniki bazasynyň berkidilmegi, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň giňelmegi, ekin ýerleriniň ulanylmagy, dolandyryş ulgamynyň kämilleşmegi ýardam etdi.

Ýetilen üstünliklere ýurduň içeri syýasy ýagdaýynda bolan özgerişmede az täsir etmedi. 1953-nji ýylyň Nowruz aýynyň 5-inde I.W. Staliniň ölümi onuň döreden totalitar ulgamynyň soňuna çykdy we içerki syýasatyň täze ugra gönükdirilmeginiň başyny başlady.

1953-nji ýylyň tomsunda oba hojalygyny, ýeňil we azyk senagaty ösdürmegiň ugry kesgitlendi. Esasy üns toprakly täze ýerleri özleşdirmäge gönüdirildi. 1954-nji ýylyň başynda mes toprakly ýerleri özleşdirmek boýunça maksatnama kabul edildi we ol ýerler azyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy serişdesi diýilip kesgitlendi. Kolhozlar özbaşdaklyk aldylar, kolhozçylaryň hukuklary pensiýa we beýleki durmuş ýeňillikleri babatda işçileriňki bilen deňleşdirildi.

Günbatar Sibirde we Gazagystanda ýüzlerçe täze sowhozlar, MTS döredildi, ýollar çekildi, obalar döredildi. Elbetde bu pudagy ösdürmegiň iň gysga we netijeli ýoludy. Bu ýol 5 ýylyň içinde oba hojalyk önümçiligini 34% ösdürmäge, ýurduň Gündogaryndaky täze oba hojalyk etraplaryny döretmäge mümkinçilik berdi.

Emma 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndan başlap oba hojalygyny dolandyrmakda öňki usullara öwrülme duýuldy. Hususy kömekçi hojalyklara hojalygynyň ösüşine berýän usul hökmünde seredilip başlandy. 60-njy ýyllaryň başlarynda azyk meselesi ýene-de ýitileşdi. Hökümetiň 1962-nji ýyldaky etiň we ýagyň bahasyny galdyrmak ýoly bilen maldarçylygyň ösüşini kadalaşdyrmak baradaky karary şäher ýolbaşçylarynyň arasynda närazylyk döretdi. Nowoçerkasskiniň işçileriniň we gullukçylarynyň çykyşlary goşun bilen basylyp ýatyryldy. Durmuş dartgynlylygynyň mundan buýana ösmeginden gorkup SSSR-iň we Orsýetiň ýolbaşçylary taryhda ilkinji gezek ABŞ-dan däne satyn almaga girişdi, bu bolsa ýurduň daşardan getirilýän azyga bolan ösen garaşlylygynyň başyny başlady. Şeýlelikde oba hojalygynyň önümçiliginiň ösüşi ýediýyllygyň (1959-1965) ýyllary içinde meýilleşdirilen 70 %-e derek 15 % boldy.

1957-nji ýylda dolandyryş çäk ýörelgelerine geçirilmegi sebitleriň we sebit ykdysadyýetiniň ösüşinde uly ähmiýetli boldy. Soýuz we respublikan ministrlikleriniň aglaba bölegi täzeden düzüldi, respublikalarda, ülkelerde we welaýatlarda döredilen kärhanalar halk hojalyk geňeşliklere (sowhozlara) berildi. Halk hojalyk geňeşlikleriniň döredilmegi halk hojalygyny dolandyrmakda ýerleriň mümkinçilikleriniň we hukuklarynyň giňelmegine, ykdysadyýeti demokratiýalaşdyrmaga tarap aýgytly ädimdi. Şol bir wagtda bu umumy döwlet ylmy-tehniki syýasaty ýöretmekde kynçylyk döretdi.

Bu ýyllarda halkyň ýaşaýyş durmuşyny ýokarlandyrmaga netijei ädim ädildi. Bu pensiýa baradaky, salgytlary azaltmak, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlaryna okuw üçin tölegi aýyrmak, oba hojalyk önümçiliginde ortaça aýlyk hakyny girizmegi kepillendirmek, beýleki pudaklarda zähmet haklaryny ýokarlandyrmak, iş hepdesiniň dowamlylygyny gysgaltmak we ş.m. kanunlarda öz beýanyny tapdy.

Ýaşaýyş jaý meselesini çözmekde aýratyn üstünlikleri gazanmak başartdy. 50-nji ýyllarda ýekebara öý gurýanlara ýeňillikli kreditler berilip başlandy. Bu kiçi we orta şäherlerde we oba ýerlerinde ýaşaýyş jaý ýagdaýyny gowulandyrdy. Haçanda 60-njy ýyllarda binagärçiler we çyzgyçylar ösen esasda birmeňzeş tipli öý gurluşygyny guramagy üpjün edenlerinde, şäherlerde ýaşaýyş jaý gurluşygy çalt depginler bilen ösdi. Bu bolsa 70-nji ýyllaryň ahyryna çenli şäherlerde 80 % maşgalany aýratyn jaý bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Bilimiň derejesi ýokarlandy. Mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynyň döredilen ulgamy ýurtda oňat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa ylmyň, medeniýetiň ösüşine täsir etdi. 1950-1970-nji ýyllarda SSSR-iň ykdysadyýetiniň ösüşinde zähmet öndürijiliginiň artmagynyň ylym we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige ornaşdyrylmagynyň goşantlarynyň uly bolanlygyny bellemek gerek. 1950-1960-njy ýyllarda zähmet öndürijiliginiň ösmeginiň hasabyna milli girdejiniň 73 % öndürildi. 1961-1965-nji ýyllarda bu görkeziji 83,7 %-e ýetdi, 1966-1970-nji ýyllarda bolsa, 87 % boldy. Senagatyň ösüşi maýa goýumlarynyň yzygider goýulmagynyň hasabyna üpjün edilýärdi. Bu ýyllarda ýurduň senagatynda we ulag ulgamynda tehniki täzelikler giňden ornaşdyrylýardy. Mälim bolşy ýaly Ikinji Jahan urşunyň dowamynda üçünji ylmy tehniki rewolýusiýa başlandy. Ony iki döwre bölýärler : 1945-1960-njy ýyllaryň ortalary, 1960-njy ýyllaryň ortalary 80-nji ýyllaryň ahyry. Häzirki zaman ylmy tehniki rewolýusiýasynyň birinji döwrüniň öňbaşçylary ABŞ bilen SSSR-di.

Sowet Soýuzy bu ýyllar tehniki ösüşinde düýpli özgertmeler geçirdi. Çalt depgin bilen radioelektron, atom, himiýa senagatlary, enjam gurluşyk ösýärdi. Hut şu ýyllarda ýurtda öz ýadro we raketa kuwwaty döredildi, dünýäde ilkinji emeli hemra goýberildi, soňra kosmiki gämi, adamyň kosmosa ilkinji uçuşy, ilkinji atom elektrostansiýalary we deňiz atom gämileri döredildi.

Bu döwürde ýurduň ýangyç ulgamy-da düýpli ösüşe eýe boldy : nebit we gaz çykarmak ösdi, umuman, ýangyç çykarmak üç esse ýokarlandy, 19,7%-den 60,2-e çenli ýetdi. Ýangyjyň bu gymmat bahaly görnüşlerini daşamak üçin dünýäde iň uly möçberli, ýokary geçirijilik ukyply geçirijiler guruldy.

Deňiz ulagynda-da öňeýli ösüş gazanyldy, ýük göterijilik agramy boýunça Sowet Soýuzy dünýäde birinji orna geçdi. Howa ýollary çalt tizlikli uçarlar arkaly gatnalyp başlandy. SSSR halkara howa gatnawlarynyň sanyny çalt giňeltdi.

Bu ýyllarda demir ýollary tehniki taýdan abatlamak işi amala aşyryldy. 1958-nji ýyldan SSSR parawoz çykarmasyny goýdy. Maşyn ulagy ösüp başlady, gara ýollaryň gurluşygynyň gerimi giňedi.

1953-nji ýyldan 60-njy ýyllaryň başlaryna çenli döwür “Otteneli” diýip atlandyrylyp, sowet jemgyýetiniň ählitaraplaryna, aňyýetine we medeniýetine täsir etdi.

N.S. Hruşýow partiýada we döwletde öz häkimligini ýöretmekde aýyplanyp 1964-nji ýylda wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine SSKP MK-nyň birinji sekretary bolup L.I. Brežnew geldi. SSSR-iň Ministrler Sowetiniň başlygynyň wezipesini A.N. Kosygin eýeledi. Onuň ady bilen ykdysady özgertmäni geçirmäge synanyşyk baglydyr.

70-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap ykdysadyýetde çökgünlik görünip başlady. Ylmyň we tehnikanyň ösüşinde haýallyk duýulýardy. Senagatyň öňdebaryjy pudaklarynda enjamlaryň könelmegi, pudaklaryň esasy önümçiliklerinden yza galmagy, çig malyň senagat üçin gymmatlamagy oňa sebäp bolupdy.

Bularyň ählisi ýurduň halk hojalygynyň esasy ykdysady görkezijilerine özüniň erbet täsirini ýetirdi. Her bäşýyllykda olaryň ösüşiniň ortaça ýyllyk depgini (% hasabynda) peselýärdi.

1960-1985-nji ýyllar aralygynda esasy gaznalar 7 esse ýokarlandy, milli girdeji bolsa diňe 4 esse ösdi. Bu bolsa ykdysadyýetiň ekstensiw ösüş ýolundadygyna şaýatlyk edýär.

1970-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap sowet ýolbaşçylarynyň durmuş-ykdysady syýasatda goýberýän ýalňyşlyklary duýulyp başlady. Öň ýeňil we aňsat başardýan zatlar indi uly kynçylyklar bilen ýetdirýärdi. Esasy ulgamlaryň kadalaşdyrylmanlygy sebäpli ykdysadyýetiniň düzümi bozuldy. Sosializmiň ähli ýyllarynyň dowamynda önümçiligiň serişdelerini öndürmek ösdi (“A” topar).

Ýeňil we azyk senagatynda (“B” topar) esasy önümçilik fondunyň diňe 40% jemlenipdi. Şonuň üçin umumy senagat önümleriniň möçberinde sarp edilýän harytlaryň paýy yzygider peselýärdi we 1928-nji ýylda 60,5 % bolanlygyndan 1986-njy ýylda 24,7%-e çenli kemeldi. Bu bolsa ykdysadyýetiň adamyň ilkinji talaplaryny kanagatlandyrmandygyny aňladýar, senagat önümleriniň uly bölegi haryt-pul dolanşygyndan aýryldy, şonuň üçin önümçiligiň serişdeleri satylmaýardy-da paýlanýardy.

Şeýle ykdysady syýasat durmuş ýagdaýyň erbetleşmegine getirdi. Sebäbi ýaşaýyş jaý gurluşygyna, saglygy saklaýyşa, bilime, ylma serişdeler döwlet býudžetinden çykdajylaryň galyndysy, olaryň paýy aşakladylyp goýberilýärdi.

Senagat kärhanalarynyň, önümçiligiň çäkleriniň, ilat sanynyň ösýän şertlerinde hojalygy dolandyrmagyň meýilnamalaýyn-paýlamak ulgamy agsaýardy. Ýagny dolandyryş Döwlet önümçiligiň depgininiň pese gaçmagynyň öňüni alyp bilenokdy. (bäşýyllygyň tabşyryklarynyň azaldylmagyna seretmezden). Ykdysadyýete ylmy-tehniki ösüş täsir etmeýärdi. Sowet soýuzy häzirki zaman ylmy-tehniki rewolýusiýanyň 2-nji döwrüni duşundan geçirdi we tehnologiýa meselesinde Günbatarayň öňdebaryjy döwletlerinden yza galdy.

Hojalygyň beýleki pudaklarynyň doly maliýeleşdirmezliginiň hasabyna SSSR-iň harby kuwwaty artypdy. Ol ýer şarynda ABŞ-nyň WPK-na garşy gurup bilýän geosyýasy deňamramlylygyny saklapdy. Bu kuwwatlylyk daşary syýasata täsir edýärdi, netijede halkara dartgynlylyk we ýaraglaryň ýaryşy dowam edýärdi.

SSSR-iň harby gatnaşyklary netijesinde sowet ýaragy Koreýada, Wýetnamda, Angolada, Müsürde, Siriýada, Yrakda we beýleki döwletlerde bardy. 1979-njy ýylda SSSR Owganystanda uzaga çeken urşa goşuldy. Bu uruş SSSR-iň halkara abraýynyň peselmegine, ykdysadyýetiniň gowşamagyna getirdi. SSSR-iň senagat önümleri dünýä bazarynda özüniň bäsdeşlik ukybyny ýitirdi. Ýurduň agrar senagatyda özüniň netijeliligini ýitiripdi. Oba hojalygynda ekilýän ýerleri giňeltmäge ýykgyn edilýärdi. Mallaryň baş sanynyň köpelendigine seretmezden organiki dökünler az ulanylýardy, himiki dökünler ýetmezçilik edýärdi, ýetäýende-de hili pesdi.

Netijede esasy oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy beýleki Ýewropa döwletleriniňkiden ep-esli azdy.

Agrar senagatyň yza galmagynyň esasy sebäpleriniň biri oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleniş kuwwatynyň gowşak ösenligidi. Ýygnalan hasyl üçin ammar ýetenokdy, oba ýerlerinde oňat ýollar ýokdy, oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýärdi. Netijede ýurtda azyk çökgünligi başlandy we her ýylda 20-den 40 mln tonna çenli galla satyn almaga mejbur etdi. Azyk we ýeňil senagatda bolsa ýeterlik möçberde çig mal ýokdy.

Maliýe, pul dolanyşygy we gazna – bu döwletiň aýnasy çöken ykdysadyýetli döwletde ruhyýet, ahlaklylyk we medeniýet pese gaçýar. Bu Orsýet babatynda-da şeýle boldy.

Uruşdan soňky ilkinji onýyllykda sowet maýasynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň başlangyç döwrüdi. Maýalara senagatyň paýynyň artmagy uly täsir etdi, bu girdejiniň ösmegine ýardam etdi. 1947-nji ýylda pul reformasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň maýasyny we pul dolanşygyny berkitdi.

1961-nji ýylda geçirilen pul reformasy maýany berkitmedi, ýöne nyrhlaryň ýokarlanmagynyň başyny başlady. Gaznanyň girdejisiniň esasy çeşmesi dolanşykdan gelýän salgytdy. Ol býudžediň 60 % düzýärdi. Netijede kärhanalaryň maliýe ýagdaýlary gowşady. Sebäbi olar salgydy öz serişdeleriniň hasabyna töleýärdiler.

60-70-nji ýyllarda döwletiň iň iri maýa çeşmeleriniň biri daşary ykdysadyýetdi. Esasan bu girdejiler çig mal (nebit) satmakdan gelýärdi. Şu döwürde ýurt 150 mlrd-dan gowrak dollar aldy. Bu serişdeler kärhanalar üçin enjamlary satyn almaga, raýat we harby binalary gurmaga, azyk we sarp edilýän harytlary satyn almaga gönükdirildi.

Emma 80-nji ýyllaryň başlarynda şeýle serişdeleri almakda kynçylyk ýüze çykyp başlady. Onuň birnäçe sebäpleri bardy. Nebitiň çykarlyşynyň öňki derejesini saklamak kynlaşypdy. Nebit känleri hatardan çykypdy. Gazyp alyşyň pedagogiki şerti erbetleşipdi. Ýeňil nebit azalypdy, agyr nebiti almak üçin ýörite enjamlar gerekdi, ýöne ony öndürmek üçin maşn gurluşyk senagaty taýýar däldi.

Ýurduň daşarky bergi meselesi-de ýönekeý däldi, onuň möçberi takmynan 80 mlrd dollara deňdi. Takmynan şonçarak ýurduň beýleki döwletlerden algysy bardy. Emma SSSR-iň bergisi senagat we oba hojalyk önümlerini almagy üçin banklara we firmalara, algysy bolsa öz harby senagatynyň önümlerini beýleki ýurtlara kredit berenligi üçindi. Olar Wýetnam, Kuba ýaly sosialistik ýurtlardy, ýöne esasanam Yrak, Siriýa, Müsür, Angola, Owganystan ýaly satyn alyjylyk ukyby örän pes döwletlerdi.

Şeýlelik bilen eger döwlet býudžetiniň daşarky bergileri üzmek boýunça çykdajylary ösen bolsa-da, daşarky çeşmelerden gelýän girdeji azalypdy. Bu zatlaryň ählisi döwletiň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna erbet täsir etdi we 90-njy ýyllaryň başlarynda ýitileşen maliýe çökgünligini golaýlaşdyrdy. Onuň öňüni ýygy-ýygy çalşylan maliýe ministrleri-de alyp bilmedi. (1985-1998-nji ýyllar aralygynda bu wezipäni on bir adam eýeledi.)

Ykdysady çökgünlik bilen bir hatarda ýurtda aňyýet, soňra syýasy çökgünlikler başlandy.

1977-nji ýylda SSKP-ny Sowet syýasy ulgamynyň esasy hökmünde ýagdaýyny resmi taýdan berkiden SSSR-iň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Bu ýyllarda Stalini tankytlamak bes edildi, gazet-žurnallaryň sahypalaryndan köpçülikleýin tutha-tutluk baradaky ýatlamalar aýryldy, täze pikirleriň döremeginiň öňüni dürli ýollar bilen almak güýçlendi. 60-njy ýyllaryň ortalaryndan başlap SSSR-de hukuk goraýjy hereket döredi, oňa gatnaşyjylar Konstitusiýanyň we adam hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etdiler.

Hukuk goraýjy hereketiň ýolbaşçysy akademik A.D. Saharowdy. (1980-nji ýylda Gorkä sürgün edildi).

Baryp 60-njy ýyllarda dörän ýöne tutha-tutluk arkaly basylyp ýatyrylan bu hereket 70-80-nji ýyllarda täzeden ösüp başlady. Bu hereketiň merkezinde adam hukuklary ugrunda göreş, jemgyýetçilik durmuşynda SSKP-nyň agalygyny ýok etmek durýardy.

Bu hereket bilen bir wagtda, kärhanalarda onuň çäklerinde SSSR-iň respublikalarynda milli hereketler ösdi.

Şeýlelik bilen ýurtda 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda 90-njy ýyllaryň başlarynda ösen ykdysady we syýasy çökgünlikler ýurduň ýolbaşçylarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran netijesiz ykdysady syýasatynyň miweleridi. Bu ýurduň ykdysady taýdan çökmegine, önümçiligiň sosialistik görnüşiniň we dünýä sosialistik ulgamynyň ýykylmagyna getirdi.

1953-nji ýyldan başlap SSSR-iň daşary syýasaty işjeňleşdi. 1959-njy ýylda sowet hökümetiniň başlygy N.S. Hruşýowyň ABŞ-a ilkinji sapary boldy we ABŞ-yň wise-prezidenti R. Nikson jogap sapary bilen SSSR-e geldi. 1963-nji ýylda üç giňişlikde (howada, kosmosda, suwuň aşagynda) ýadro ýaragyny synag etmegi gadagan etmek baradaky ylalaşyga gol çekildi. Ýöne SSSR-iň Günbatar bilen gatnaşyklarynda durnuklylyk ýokdy. SSSR-iň we Günbataryň gatnaşyklary esasanam 1960-njy ýylda Swerdlowskide amerikan razwedka uçarynyň urulmagyndan soň ýitileşdi. Sowet raketalarynyň Kubada ýerleşdirilmegi bilen baglylykda ýüze çykan 1962-nji ýylda Karib çökgünligi has ýiti boldy.

Sosialistik ýurtlaryň bileleşiginiň döremegi bilen SSSR-iň halkara abraýy has-da artdy.

1955-nji ýylda Ýewropanyň sosialistik ýurtlarynyň (Ýugoslawiýadan başgalary) harby-syýasy ýaranlygy döredildi – Warşawa şertnamasynyň guramasy.

1956-njy ýylda sowet goşunlary Wengriýadaky kommunistlere garşy gozgalaňy basyp ýatyrdy. Goranyş meselelerinde agzalalygyň ýüze çykmagy zerarly 60-njy ýyllaryň başlarynda Hytaý bilen gatnaşyklar ýitileşdi. Sowet-Hytaý serhedinde ýaragly çaknyşyklar bolup geçdi.

1968-nji ýylda SSSR Çehoslowakiýanyň içerki işlerine goşuldy. Çehoslowakiýanyň ýolbaşçylary sosializmiň täze ýoluny döretmegi jar etdiler. Umuman, XX asyryň 50-70-nji ýyllarynda SSSR döwletiniň daşary syýasaty, onuň ýolbaşçylarynyň halkara gatnaşyklarynda agdyklyk etmek ugrunda göreşýändigini aňladýardy.

Emma 70-nji ýyllaryň başynda SSSR bilen ABŞ-nyň arasynda harby-strategik deňligiň ykrar edilmegi, ýagny Warşawa Şertnamasy guramasy bilen NATO-nyň güýjüniň deňarmalygy halkara parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm waka boldy.

1975-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 1-inde Helsinkide (Finlýandiýa) Ýewropanyň 33 döwletiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça jemleýji akta gol çekildi. Bu resminama şol döwür üçin, geljek üçin halkara gatnaşyklarynda parahatçylykly ýaşamak üçin möhüm esas döretdi.

Emma Brežnewiň ýolbaşçylygynda 70-nji ýyllaryň ahyrynda daşary syýasat meselelerinde uly ýalňyşlyklar goýberildi. Esasan hem 1979-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda Owganystana sowet goşunynyň girizilmegi SSSR-iň halkara abraýyny pese gaçyrdy. Dünýäniň köp ýurtlary Sowet Soýuzynyň bu hereketini berk ýazgardy. Bu yglan edilmedik uruşda 15 müňden gowrak sowet esgerleri wepat boldy, 35 müňden gowragy ýaralandy, owgan halkynyň 1 mln-n gowragy heläk boldy.

Sowet daşary syýasatynyň ýene-de 1 ýalňyşlygy, ol hem onuň Ýewropada orta aralyga täsir edýän raketalaryny ornaşdyrmagydy. Netijede ýene-de ýaraglanyşygy haýdatmak başlandy.

Umuman, Sowet Soýuzynyň daşary syýasat meselelerinde goýberen ýalňyşlary onuň diňe dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylman eýsem ýurtdaky köp adamlar tarapyndan (akademik A.D. Saharow) hem berk ýazgarylýardy.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmenistan XV – XVI asyrlarda1966NowruzLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerJyns gatnaşyklary194Halkara Matematiki adalgalarÝazyjylar we şahyrlarFilosofiýanyň taryhySüleýman I26 martAlan DerşowitzGyrgyzystanDegişmelerTrihomoniazOguz hanSefewi döwletiMakedoniýa RespublikasyKeselden nädip goranmalyKuritibaTagtabitDaşoguz welaýatyBaş SahypaProgramistBaýram namazyMämmetweli KemineGorkut AtaTaryhWekilbazar etrabyKerki etrabyJüneýit hanGanazlykTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarSynalar (organlar)GozleGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriKüştdepdiTürkmenistanyň taryhyKümmet GowuzDüýe çalyDurdy GylyçTürkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaZenan bagtynyň syryGutulmyşAwaza milli syýahatçylyk zolagyTürkmen elipbiýiDemirgazyk MakedoniýaFutbol taryhynda iň köp free kick gol uran oýunçylarDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerTürkmen milli konserwatoriýasyInformasiýa düşünjesi, informasiýanyň görnüşleriGazawat gyrgynçylygyAlman diliAbsolýut gara jisimIkinji Garagum urşyAziýada Ikinji Jahan UrşyMyrat TalybyWozroždeniýe226Farz64🡆 More