Witr: namazy

Witr namazy (arap.

Wagty

«Allah Tagala size bir namazy zyýada edendir, ol hem witirdir. Ony ýassy namazyndan soň, fejir wagtyna çenli okaň», («Nasbur-Raýe») hadysy şerife görä, witir namazynyň wagty ýassynyň wagtydyr. Witr namazyny ýassynyň farzyndan öň okamak jaýyz däldir. Gije oýanyp biljekdigine ynamy bolan kişiniň bu namazy gijäniň ahyryna çenli gijikdirmegi has fazyletlidir.

Witr namazynyň okalyşy

Witir namazy ilki niýet edilýär, birinji we ikinji rekagatlar edil ertir namazynyň sünneti ýaly okalýar. Ikinji rekagatyň soňunda oturylýar we tahyýýat okalyp, üçünji rekagata turulýar. Üçünji rekagatda «besmele» aýdylyp, Fatiha we zammy sure okalýar. Soňra ruku’a egilmän eller gullaklara ýetirilip tekbir alynýar. Soňra ýene gollaryňy gowşuryp kunut dogalary okalýar. Kunut dogalaryny okanyňdan soň, ruku’ we sejde edilip oturylýar. Soňra tahyýýat, salawat we dogalar okalandan soň salam berilýär. Kunut dogasyny bilmeýän kişi, ony ýat tutýança, «Robbenä ätinäni» ýa-da üç gezek «Allahummagfirli», diýip biler ýa-da üç gezek «Ýa, Rabbi» diýmek hem jaýyzdyr. Witir namazy diňe remezan aýynda jemagat bilen okalýar. Ymam namazy jehri okadýar. Diňe kunut dogasyny her kim içinden okaýar. Remezan aýyndan başga günlerde witiri jemagat bilen okamak mekruhdyr. Witirden başga namazlarda kunut dogasy okalmaýar. Diňe bir musybata, betbagtçylyga ýa-da bela uçralan hallarda ertir namazynyň farzynda kunut dogasy okalyp bilner. Ymam Mälik we Ymam Şafyga görä, ertir namazynyň farzynda hemişe ruku’dan soň kyýamda kunut dogasy okalýar. Bu mälikilere görä mustahap, şafygylarda bolsa sünnetdir. Ertir namazynda kunut dogasyny okaýan mäliki ýa-da şafygy ymama uýan bir hanefi hiç zat okaman durar. Eger okajak bolsa, içinden okar.

Salgylanmalar

Tags:

Arap dili

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

PilAmyderýa goraghanasyŞirkMyrat TalybyDemokratiýaMurgap etrabyGarynja21-nji asyrNury MeredowAtçylyk sporty döwrüň batly gadamlaryndaFutbol boýunça dünýä çempionaty-2006Oňurga ýiligiSopranomanLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerBelizBagşyNýu-Ýork şäheriAkgoýunly döwletiWekilbazar etrabyOtitIslam kalendaryAşgabatFutbol taryhynda köp kömek edýärGeometriýaLeonardo da WinçiMahabharata (epos)PaýtagtGoraghanalar1964GünäPaleolit döwriDöwletAmerikanyň Birleşen Ştatlary taryhyŞanamaIddäBeýik geografik açyşlarPifagoryň teoremasyAwstriýa-Türkmenistan gatnaşyklaryHalyçylyk sungatyZenan bagtynyň syryÝagtylykHimiki reaksiýaKyblaAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklary1999ZekatWarikozDünýäniň iň baý adamlary sanawyAfrika ýurtlary orta asyrlardaEýranda Gaznawylar döwletiTejenBaýram han TürkmenTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasyTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriWikipediýaAgaçKopernigiň Älem baradaky taglymatyTel AwiwDagTogrul begGermaniýaGülli ösümlikleriň maşgalasyÝaponiýa 1918-1939 ýyllardaIbabekir BekdurdyyevPeýdaly endiklerKanada 1945-2000-nji ýyllar aralygyndaÄrtogrul GazyTrihomoniazGanazlykMollagara şypahanasy🡆 More