Wekilbazar Etraby

Wekilbazar etraby Mary şäheriniň gündogar we demirgazyk-gündogar töwereklerindäki meýdanlary tutýar.

Etrabyň hojalygynyň esasy ugurlary pagtaçylyk, däneçilik, gök we bakja ekerançylygy, iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmek, dowardarçylyk, ýüpekçilik pudaklarydyr. Wekilbazar etrabynyň düzümine 2 şäherçe, 14 geňeşlik, 35 oba girýär. Ilatly ýerleriň Mary şäheriniň alkymynda ýerleşmegi olaryň ilatynyň esasy böleginiň şäherdäki edara kärhanalarynda işlemegine amatly şert döredyär.
Etrap merkezi Mollanepes adyndaky şäherçe Mary şäherinden 6 km. gündogardadyr. Şäherçäniň üstünden Mary–Türkmenabat demir we awtomobil ýollary geçýär. Bu ýerde demir ýol stansiýasy, dokma toplumy, demir-beton önümleri zawody, nebit önümleri kärhanasy, gurluşyk, durmuş-medeni edaralary bar. Etrap merkezinden 5 km. demirgazyk-gündogarda Wekilbazar şäherçesi ýerleşýär. Şäherçede etrap hassahanasy, söwda we durmuş hyzmaty edaralary ilata hyzmat edýärler.

Wekilbazar Etraby
Wekilbazar etrabyň ýokardan görnüşi

Taryhy

Wekilbazar etraby Türkmenistan SSR-niň düzüminde ilkinji gezek 1938-nji ýylyň dekabar aýynda döredildi. Wekilbazar etraby 1939-njy ýylyň noýabr aýynda bolsa täze döredilen Mary oblastyna degişli edildi. Wekilbazar etraby 1957-nji ýylyň dekabr aýynda ýatyryldy. Wekilbazar etraby 1975-njy ýylyň fewral aýynda bolsa täzeden Mary oblastyna degişli edilip dikeldildi. Wekilbazar etraby 1992-nji ýylda Mary welaýatynyň düzümüne Wekilbazar etraby ady bilen goşuldy.

Käbir geňeşlik (oba) we şäherçeleri:

  • Halyl
  • Mülk Bükri
  • Mollanepes
  • Taraky
  • Amaşa
  • Ak Goňur
  • Gara Goňur
  • Gökje
  • Mollanepes şäherçesi
  • Wekilbazar şäherçesi
  • Mülk ýusup

Wekilbazar etraby boýunça gurnalan "Daýhanbank"bankomatlaryň salgylary.Wekilbazar etrap aragatnaşyk ulgamy.Mollanepes şäherçesiniň Türkmenistan köç 2-nji jaýy.

Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet täjirçilik bankynyň Wekilbazar etrap şahamçasy. Wekilbazar etrap Mollanepes şäherçesiniň Zelili köç 2-nji jaýy.

Mejlisiň karary bilen 2016-njy ýylda bu sebitiň dolandyryş-çäk gurluşyna birnäçe üýtgetmeler girizilýär.

Wekilbazar etraby boýunça: Gökje geňeşliginiň Gökje, Perreňçäge, Pökgen obalaryny Mary şäherine birikdirmek; Gökje geňeşliginiň dolandyryş merkezini Arzuw obasyna geçirmek; Akgoňur geňeşliginiň Golak obasyna Bagtyýarlyk, Gyzylgurama obasyna Ýagtylyk, Goňur geňeşliginiň Ýagyp obasyna Nurana, Täze durmuş geňeşliginiň Mülkdäli obasyna Döwletli adyny dakmak; Mollanepes geňeşliginiň Çotan obasyny Gara obasyna birikdirmek bellenildi.

Wekilbazar etraby 2017-nji ýylda iň gowy etrap saýlandy we Arkadagymyzyň sowgat eden üç milýon bäş ýüz müň manadynyň eýesi boldy.

Tags:

MaryÝüpekçilik

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

AstronomiýaRussiýaHazar deňziAmyderýaPerdeganatlylar otrýadyIslam kalendaryOtitKelle beýnisiTürkmenistan ýol belgileriAtabaý ÇargulyýewBotanikaKöriçegeTürkiýeGyzylödegiň düwnük keseliAl-HorezmiProstatitDaşoguz welaýatyTürkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyMolla Töre ahunAlp ArslanIspaniýa1-nji asyrIňlis diliEziz hanAwstraliýa we OkeaniýaOrazmämmet hanZehin synagyPedikulýozParaw, BalkanGerodotAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryKöpetdag goraghanasyKopernigiň Älem baradaky taglymatyTürkmenistanyň taryhyWolgaMerkezi AziýaSoltan SanjarKerim GurbannepesowAmyderýa goraghanasyXIX – njy asyryň I ýa-da Türkmen halkynyň goňşy döwletleriň zulmuna garşy garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriGarrygala söweşiDöwletmämmet AzadyParagwaýYsraýylAIWMaldiwlerZergärçilikHalkara atçylyk sport toplumyTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriTäze GwineýaDunaýAnnaberdi AtdanowHäzirki zaman nanotehnologiýalaryRussiýa XIX asyrdaFransiýa XX asyryň ikinji ýarymyndaGuslPeruGadymy Müsür taryhyBalkan welaýatyBeýik Britaniýa 1870-1914-nji ýyllardaAbdyýewa Bahargül GurbanmyradownaMukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyrItburunInwersiýaDöwletjan ÝagşymyradowAk bugdaý etrabyTürkmenistanyň taryhynyň çeşmeşynaslygyGündogar AziýaÄnewTürkmenistan XV – XVI asyrlardaGurbandurdy ZeliliMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleri🡆 More