Leonardo Da Winçi

Leonardo da Vinçi – (15.4.1452, Winçi, Florensiýanyň golaýy – 2.5.

1519, Klu galasy, Ambuazanyň, Tureniň golaýynda, Fransiýa)

Leonardo Da Winçi

Italýan suratkeşi, heýkeltaraşy, arhitektory, alym we inžener. Suratkeş gumanistik ideala laýyk gelýän adamyň garmonik obrazyny döretmekde Aýdyňlanma döwri sungatynyň esasyny goýýar. Ýaş suratkeşiň astronom P. Toskanelli bilen ýakyn aragatnaşyk saklamagy onuň ylma bolan höwesiniň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa onuň “Çokunmak” (1470), “Ýagşy niýet” (1474), “Madonna Benua” (1478) ýaly irki döwürde döreden eserlerinde aýdyň şöhlelenýär. Zehinli heýkeltaraş Leonarda da Winçi Milanyň hökümdary Lodowiko Moronyň gullugyndaka harby inžener, gidrotehnik bolup işleýär. Ol Lodowiko Moronyň kakasy Françesko Sforsanyň monumentini döretmegiň üstünde 10 ýyldan gowrak işleýär. Şondan soňra onuň döredijiligi suratçylyk sungatyna bagyşlanýar. Milanda onuň şägirtleriniň uly topary ýetişýär. Awtor “Jokonda” (“Mona Liza”, 1503-nji ýyllar töweregi, häzirki wagtda Parižyň Luwr muzeýinde saklanýar) diýen eserinde zenan näzikliginiň idealyny ýokary derejä götermegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Ol alym, inžener hökmünde-de şol döwrüň ylmynyň birnäçe ugurlaryny dürli ylmy gözlegler bilen baýlaşdyrýar. Mehanikany “matematika ylymlarynyň uçmahy” atlandyryp, oňa aýratyn ähmiýet beripdir, ony älem syrlarynyň esasy açary hasaplapdyr. Biologiýa ylmynda-da synag işlerini geçiripdir. Genial suratkeşiň döredijiligini öwrenmekde onuň italýan gepleşik dilinde ýazylan ýazuw ýadygärlikleri, golýazmalary (7 müň liste golaý) esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Leonardo da Winçi ýadawsyz alym hem-de halkyň öňde baryjy däplerini öz döredijiliginde wasp eden ajaýyp hudožnikdir.

Çeşme

Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 5, sah.188

Tags:

Fransiýa

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Wýetnam1098Miroslaw KloseKanadaGadymy EýranZenan bagtynyň syryMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiDemirgazyk MakedoniýaBirleşen Milletler GuramasyAşgabatBerdi KerbabaýewMarvel studiýasyFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarTürkmenistanyň geografiýasySarahs söweşiArgentinaKöýtendag etrabyTagtabit820Kot-d’Iwuar17951035Astronomiýa30 martGoraghanalar1434GöwrelilikWarikozHanefi mezhebiTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriGurban Berdiýew1390ýý200–209GyzylarbatAşgabat stadionyMaşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagynyň tertibi we şertleri.Kastamonu (il)Hytaý diliMerkezi Aziýa28 ýanwarHajathana edepleri (Yslam)MuhammedMartGarkynTopkapy köşgiBirinji jahan urşyKäkilikGrabernABŞ düzümindäki ştatlarCSS850YouTubeAltyndepeTürkmen halkynyň kemala gelmegiGüljemal han1202Türkmenistandaky ministrliklerTürkmenistandaky etraplar we şäherlerEziz hanGaragum1910Alman diliPekinNOdy özüňe bas (çeper eser)Türk diliStambulGruziýa RespublikasyMüsürBasketbol1685Beýik geografik açyşlar🡆 More