Murgap Etraby

Murgap etraby Mary şäherinden günorta-gündogar tarapdaky meýdanlary öz içine alýar.

Etrap ilatynyň sany we ekerançylyk ýerleriniň möçberi boýunça welaýatyň iri hojalyklarynyň biri hasaplanýar. Ol pagtaçylyga, däneçilige, gara mallary ösdürip ýetişdirmeklige, dowardarçylyga we ýüpekçilige ýöriteleşdirilendir. Etrabyň çäginde birnäçe uly gaz ýataklary ýerleşýär. Onuň territoriýasyny Mary–Serhetabat demir ýoly we Mary–Ýolöten awtomobil ýoly kesip geçýär. Bu bolsa etrabyň geografik ýerleşişiniň ähmiýetini artdyrýar. Etrapda 1 şäherçe, 18 geňeşlik we 23 oba bar.
Etrap merkezi Murgap şäherçesi Mary şäherinden 18 km. günorta-gündogarda ýerleşýär. Şäherçede pagta arassalaýjy zawod, oba hyzmat birleşigi, gurluşyk we durmuş-medeni edaralar bar.

Meşhurlygy

Etrap özüniň gawuny, Şordepe üzümi, nary, erigi bilen meşhurdyr. Akgurban Jumamyrat, Ümir Esen, Gözel Şaguly, Çary Meret, Ata Salyh ýaly belli adamlar bu etrapda doglan. Etrabyň demirgazygynda, Baýramaly etraby bilen araçäkde Gowşutbent bendi ýerleşýär. Bu bent Mary tekeleriniň Murgap oazisine gelenlerinde guran ilkinji bendi. Mundan başga-da bu etrapda "OJAR AZIÝA" we "BAŞLAR" ýaly belli hususy kärhanalar, "BAGT ÖÝI" toý mekany, "Ak öý" restorany hem bar.

Tags:

Mary

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

SiriýaSamsungOrhan INilAwstraliýaAbortSuratBaýramaly şypahanasyKompýuter grafikasyBitin sanlarDemirgazyk AmerikaOtitOwulýasiýaÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryBolgariýaFutbol boýunça klub dünýä çempionaty-2025Türkmenistanyň geografiýasyKüştBitaraplyk binasyMarsDüýedarçylykÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerAltyn Asyr GSMHazar goraghanasyWektor ululyklarGalaktikaBäherden etrabyTürkmensähraŞaja BatyrowŞanamaHindistanGyrgyzystanGünorta ÝewropaRussiýa XIX asyrdaItburunÝewropaMihail Ýurýewiç LermontowWulkanTäçmämmet JürdekowBelgiýaLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerGaraşsyzlyk binasyABŞ düzümindäki ştatlarTürkmen bagşyçylyk sungatyJelaleddin MeňburunMagtymgulyGorkut ata eýýamynyň taryhy çeşmeleriHalkara nebit we gaz uniwersitetiAta GowşudowAmerikanyň Birleşen Ştatlary taryhyAIWGozleGazawat gyrgynçylygyGutlug Timuryň minarasySerhetabat etrabySünt-Hasardag goraghanasyMusaNowruzBitcoinTürkmen tahýasyTäze ZelandiýaMeksikaPilMolla Töre ahunSerhetabatGurban BerdiýewFaustRotawiruslarTeke taýpasyBaş SahypaÄdäbHoja Ahmed ÝasawyArgentina🡆 More