Roald Dal: Iňlis ýazyjysy

Roald Dal

Roald Dal: Iňlis ýazyjysy
Dal 1954-nji ýylda

(1916-1990)

Welsiň iň meşhur ýazyjysy Roald Dal 1916-njy ýylda, ýurduň paýtagty Kardiff şäherinde dünýä inipdir. Onuň ene-atasynyň asly norweg bolupdyr. Çaga üç ýaşyndaka ilki uýasy, soňra kakasy aradan çykypdyr. Mundan soň ejesi Roaldy alyp, Angliýa göçüpdir.

Roald ýöriteleşdirilen ýapyk okuw-terbiýe jaýynda bilim alypdyr, emma ony tamamlanyndan soň okuwyny dowam etdirjek hem bolmandyr, 1933-nji ýylda «Şell» kompaniýasyna işe giripdir. Ýigrimi ýaşyndaka ol Tanzaniýa gidýär. Ikinji jahan urşy başlanynda Roald Keniýanyň paýtagty Naýrobide harby gulluga ýazylyp, birnäçe uly söweşlere gatnaşýar.

Uruş döwri Roald Dal «Gremlinler» atly ilkinji powestini çap etdirýär. Bu eser oňa şol bada şöhrat getiripdir. Şonuň üçin uruşdan soň ýazyjy ömrüni edebiýata bagyş etmek kararyna gelýär, uly hem kiçi ýaşly okyjylar üçin hekaýadyr powestler, pýesalar döredýär. Bahym tankytçylar oňa «paradoksal hekaýanyň ussady» diýen derejäni berýärler.

Roald Dal «Jeýms we äpet şetdaly» kitabyny öz çagalary üçin ýazypdyr, ilki ony çap etdirjek bolmandyr, emma maşgalasy bu eseri okyjylara ýetirmeli diýip, ýazyjyny kynlyk bilen ynandyrypdyrlar. Eser 1961-nji ýylda kitap bolup çykanyndan soň ýazyjynyň ady dünýä belli bolýar. Ýazyjynyň ylhamy joşýar, ol yzly-yzyna nusgawy eserlerini döredip başlaýar. «Çarli we şokolad kärhanasy» , «Täsin jenap Foks», «Ägirt krokodil», «Matilda», «Päk ýürekli äpet adam», «Twit maşgalasy», «Denni – dünýä çempiony», «Jorj Marwelusyň saglygynyň bejerilşi» ýaly romandyr powestler okyjylary özüne bendi edýär. Olar boýunça filmler düşürilýär. «Oglanjyk» we «Ýalňyz gitmeklik» ýaly powestlerinde Roald Dal özüniň çagalygy, Afrikada ýaşan we urşa gatnaşan ýyllary hakda gürrüň berýär.

Roald Dal XX asyryň iň meşhur we özboluşly zehinli ýazyjylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň kitaplary häzir hem okyjylaryň elinden düşmeýär.

Ýazyjy 1990-njy ýylda, Angliýanyň Oksford şäherinde aradan çykypdyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Indoneziýa diliNurmuhammed AndalypSerdar AzmunTäze ýylBägül güllüler maşgalasyDüýe çalyGelin kürtesiGaramyk (kesel)Ýunus EmreYsly çomuçZekatTürkmenistanyň emeli hemrasyMalazgirt söweşi983NanotehnologiýaGaradepeJumaAtajan TaganBrýusselIşanTürkmenistanyň geografiýasyTürkmen elipbiýiOdy özüňe bas (çeper eser)Unitar döwletPenisMÄMMETNAZAR HYDYROWBronhial astmaInformasiýanyň mukdary we ölçeg birlikleriAltyn asyryň altyn zehinleriHajy YsmaýylowTogrul begTürkmenistanyň Ýaragly GüýçleriSoltan SanjarGurbandurdy ZeliliWiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişiDeňizGeometriýaIslami NakylMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasySSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaHalkara Zenanlar güniUkyProstatitKakageldi AbdullaýewTeke taýpasy1062RotawiruslarTürkmenistan manadyKelle beýnisiÝomut tiresiDöwlet gurlyşy barada düşünje we onuñ görnüşleriPekinAristotelYsraýylMährBilbil OrazowaHurmaThor (Marvel kinematiki dünýäsi)Gadymy Gresiýa taryhyOrazaGerodotAraplar VI-XI asyrlardaDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerUwa SelaFutbol taryhynda köp kömek edýär1760Jynaza namazysqzghRubin futbol klubyA.S. Roma🡆 More