Kesel Garamyk

Garamyk keseli (lat. varicella, grek.

Bu kesel gaty bir howply bolmasa-da, çagany wagtlaýyn birahat edip bilýär. Garamyk keseliniň döremegine endama täsir edýän wiruslar sebäp bolýar. Olar howa-damja ýollary arkaly bir adamdan başga bir adama aňsatlyk bilen geçip bilýärler. Şäheriň bir ýerinde peýda bolan garamyk aňsatlyk bilen şäheriň beýleki ýerine geçip bilýär. Olar edil bir ýerden başga ýere ýel bilen geçen ýaly hereket edýärler. Garamyk keseliniň "ojaklary" hemişe bellidir. Olara esasan-da çagalar baglary ýa-da mekdepler degişlidir. Sebäbi bu ýerlerde çagalar köpçülikleýin keselleýärler. Garamyk keseliniň wirusy edil ýapyşgyç ýalydyr. Ýapyk, ýelejiredilmeýän otaglarda bu wirusyň ýokmak howpy has-da artýandyr. Bu wirusy hat-da bir binada ýaşaýan adamlar hem biri-birine ýokuşdyryp bilýändirler. Käwagt garamagyň hiç bir alamaty bolmadyk, emma gurşaýjy demrewden ejir çekýän uly ýaşly adamlar bu keseli çaga ýokuşdyryp bilýärler. Sebäbi garamyk wirusy öň onuň bilen kesellän adamyň oňurga ýiliginde "uklap" galýar. Adamyň durmuşynda haýsydyr bir ruhy urgynyň bolan ýagdaýynda ýa-da organizmiň kesele garşy durnuklylygy peselende, bu "uklap" ýatan wirus oýanýar-da, uly ýaşly adamlarda gurşaýjy demrewiň döremegine sebäp bolýar. Bu adamlar esasan-da bäbekleri garamyk keseline uçradyp bilýär. Sebäbi eneler öz balalaryny garamyk keseli bilen kesellän çagalardan gorasalar-da, gurşaýjy demrewli adamy öz balasyna arkaýyn ýakynlaşdyrýarlar. Olar bu keseliň öz balalary üçin näderejede howpludygyna düşünmeýärler.

Kesel Garamyk

Garamagy hemmeler çykarýarlar

Çagalar bagynda garamygyň bardygyny eşidip, howsala düşmäň. Çaga garamagy giç çykaryp, dynany kem däldir. Türkmenlerde ýetginjege garamyk çykaranda, "gutly bolsun!" diýýändirler. Sebäbi bu kesel çagada adamlarda ýüze çykanda has agyr geçýär. Öňki döwürlerde kimdir biriniň çagasynyň garamyk çykaranyny eşidenlerinde, eneler özleriniň ýaşajyk çagalaryny alyp, şol öýde myhman alynmaklarynyň sorapdyrlar. Sebäbi olar çagalarynyň şu "hökmany" diýen ýaly keseli näçe ir geçirseler, şonça-da yamandygyny bilýän ekenler. Garamyk çykaran çaga keseliň inkubasion döwrüniň ilkinji 2 gününde we garamygyň örgüni örenden soň 5 günläp ýokançly bolýandyr. Ýöne köp halatlarda bu keseliň inkubasion döwri 2 hepdä çenli hem dowam edip bilýär.

Örgün — garamagyň esasy alamaty

Garamygyň esasy alamaty bolan örgün-düwürtikler ululy-kiçi görnüşde endamyň ähli ýerlerinde bolup bilýärler. Örgün örüp başlandan çaganyň gyzgyny ýokarlanyp, 38-39 С ýetýär (ýöne käbir çagalaryň gyzdyrmazlygy hem mümkindir). Çaga ysgynsyz bolup, azary artyp başlaýar, işdäsi kemelýär. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär. Örgün ilkibada öçügsi gülgüne reňkde bolýar. Soňabaka bu tegmiller içi dury suwuklykly gabarçaklara öwrülýärler. Gabarçagyň töweregindäki deri gyzarýar. Iki günden bu gabarçaklaryň içindäki dury suwuklyk bulanyp, gabarçaklaryň üstki gatlajygy ýygrylyp, goýy goňur reňkdäki kesmeklere öwrülýär. Bu kesmejikler 1-3 hepdäniň dowamynda aýrylýar. Çaganyň teninde şol bir wagty özünde tegmiller-de, gabarçaklar-da, kesmejikler-de bolup bilýär. Örgüniň her täze "tolkunyndan" öň çaganyň ýagdaýynyň erbetleşmegi bu keseliň aýratynlygydyr.

Deriniň gijemegi – garamagyň alamaty

Garamyk çykaran çaganyň iň uly kynçylyklarynyň biri-de emele gelen kesmejikleriň gijemegidir. Çaga näçe kiçi bolsa, şonça-da oňa kesmejikleri gaşamaly däldigini düşündirmek kyn bolýar. Ýöne her nähili bolsa-da, çaganyň bu kesmejikleri gaşamagyna ýol bermejek bolmaly. Sebäbi kesmejikleriň gopup, ýaranyň bakteriýalar bilen infisirlenmegi ahmal. (Garamyk çykaran çaganyň kesele garşy durmak ukybynyň gaty peselýändigi hökman ýadyňyzda bolsun!) Ýaralara bakteriýalaryň düşüp, olaryň azan ýagdaýynda deride yz galmagy mümkin. Şoňa görä-de, çagalara bu kesmejikleri gaşamaly däldigini düşündirjek bolmaly. Gelejekki owadanlygy barada alada edýän gyzjagazlar bu gürrüňlere has-da düşbüje bolýandyrlar. Oglanlar babatda bu mesläni çözmek aňsat bolmasa-da, hökman synanyşmalydyr. Garamyk çykaran çaga barada edilýän şepagat aladalary:

  • Çaganyň dyrnaklary örän gysga alynmalydyr. Sebäbi dyrnaklar ýarajyklara hapanyň düşmegine sebäp bolýar. Dyrnaklaryň aşagynda müňlerçe mikroblar "mesgen" tutup bilýändirler. Eger çaga gaty kiçi bolsa, oňa nah matadan tikilen ellikleri geýdiriň.
  • Çaganyň içki geýimlerini günde çalşyryň. Olar hökmany ýagdaýda nah bolmalydyr. Garamyk çykaran çaga köneräk içki eşikler geýdirilse has-da oňat. Sebäbi ýuwlup könelen nah eşikler derini gyjyndyrmaýar.
  • Çaganyň düşek daşlyklary babatda hem şeýledir. Olar ýumşajyk nah matadan tikilen bolmalydyr.
  • Otagyň howasynyň gaty gyzgyn bolmagyna, çaganyň derlemegine ýol bermäň. Sebäbi gyzgyn howa we deri gijelewügi güýçlendirýärler.
  • Garamyk çykaran çaga üçin iň esasy bejergi Siziň söýgiňizdir. Onuň ünsüni sowýan, şähdini açýan gyzykly oýunlary oýnamak peýdalydyr.
  • Emele gelýän gabarçaklara ýa 1-2%-li permanganat kaliniň gowşak erginini, ýa 1-2%-li göwherli ýaşylyň spirtdäki erginini, ýa fukarsiniň erginini, ýa-da 0,05%-li riwanol erginini çalyň. Bu gabarçaklaryň guramagyna ýardam eder.
  • Eger garamyk çykaran çaganyň agyz boşlugynda-da gabarçaklar dörän bolsa, onuň agyz boşlugyny furasiliniň gowşak ergini bilen çaýkaň.
  • Eger çaganyň derisi güýçli gijeýän bolsa, lukmana ýüz tutuň. Lukman gerekli derman serişdelerini bellär.
  • Çaganyň organizmini berkidýän witaminleri hem ýatdan çykarmaň. Ol garamyk keseliniň aňsat geçmegine ýardam berer.

Garamyk keseli bilen çagalykda keselläniň has oňatdygyny ýene-de bir gezek size ýatladýarys. Sebäbi uly ýaşly adamlarda bu kesel örän agyr geçýändir.

Tags:

Grek diliLatyn dili

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Al-HorezmiKöriçegeGoogle TerjimeGermaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygyndaKaka etrabyAtamyrat AtabaýewAlek­sandr Graýam BellKanada 1945-2000-nji ýyllar aralygynda21-nji asyrAndlarKöýtendag goraghanasyIlatAIWSünt-Hasardag goraghanasyBaýramaly şypahanasy2020Abaý KunanbaýewSuwBeýik Ýüpek ýolyBahreýnProstatitHytaý diliUlanyjyAltymyrat OrazdurdyýewMör-möjekleriň görnüşleri, peýdasy, zyýany we ekologiýasyEbu Seýit MäneliKädiDalaşgärSakarçäge etrabyTürkmenin Milli Saz Guraly DutarTürkmenistanyň taryhyAwaza milli syýahatçylyk zolagyGoşa ýyldyzlarBeýik Saparmurat Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanyň durmuş – ykdysady we medeni ösüşiIspaniýaIlkidurmuş adam toparlarySeljuklarDaşoguz welaýatyndaky etraplar we şäherlerGadymy NusaýÄnewMalazgirt söweşiJynaza namazyBelarusGök hanNamazWoleýbolHimiýaEýranDrobHalkara türkmen-türk uniwersitetiTürkmen bagşyçylyk sungatyPifagoryň teoremasyBürünç asyryNurmuhammed AndalypAngliýaBraziliýaBirleşen PatyşalykMary welaýatyndaky etraplar we şäherlerMerezýelEne süýdiMollagara şypahanasyFutbol taryhynda iň köp gol uran oýunçylarHaýzEkwadorLälelerPygam AzymowEýran Yslam rewolỳusiỳasyGüljemal hanSugunMuhammet Jelaletdin RumyHytaý Halk RespublikasyGurbansoltan Eje ad. etrapArap dili🡆 More