Oktawian Awgust

Oktawian Awgust (b.e.

öň 63 - b.e. 14) - Rim imperatory (b.e. öň 27-b.e. 14), diktator Ý. Sezaryň ýegeni. Ol b.e. öň 44 ýylyna çenli Gaý Oktawiý, 44 ýyldan Gaý Ýuliý Sezar Oktawian, 27 ýyldan imperator Gaý Ýuliý Sezar Oktawian Awgust adyny dakynypdyr. B.e. öň 44 ýylda Sezar ölenden soň, Sezaryň weteranlaryna we soldatlaryna daýanyp, ýeke-täk häkimiýet ugrunda göreşe başlapdyr. Respublika senatorçylar partiýasynyň serdarlary Brutuň we Kassiniň garşysyna göreşmek üçin, Antoniý we Lepid bilen II Triumwiraty döredipdir. B.e. öň 42 ýylda Brut bilen Kassini derbi-dagyn edenden soň, Awgust öz esasy duşmany Antoniniň garşysyna çykyş edipdir. Ol Antoniden üstün çykypdyr we Rim döwletiniň ýeke-täk hökümdary bolupdyr. Senat oňa Awgust (mukaddes, beýik) diýen hormatly at beripdir. Awgust Senata täze düzgün girizipdir. Ençeme sapar konsullyga, beýik žreslige saýlanypdyr, ömürlik halk tribuny edilipdir, ähli häkimiýet Awgustyň elinde jemlenipdir, Senat we halk ýygnagy onuň erkini ýerine ýetiripdir. Awgustyň girizen düzgüni boýunça respublika edaralary monarhiýa bilen çalşyrylypdyr. Bu syýasy gurluş Prinsipat (harby diktatura) diýlip atlandyrylypdyr. Awgust Rim imperiýasyna Demirgazyk-Günbatar Ispaniýany, Dunaý boýundaky welaýatlary we başgalary birikdiripdir. Awgustyň höküm süren döwründe Rimiň edebiýaty we sungaty gülläp ösüpdir.

Oktawian Awgust
Awgust

Tags:

Rim imperiýasy

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

1066Mollagara şypahanasyFotoelektrik EffektAk öýliBirinji jahan urşyAta GowşudowPeruJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)AlmaHlamidiozMinecraftTürkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutySurinamBiologik sistematikaAbadan HalmedowaGaýgysyz AtabaýewmarketingUrugwaýHajy YsmaýylowGoogle TerjimeHydyr DerýaýewKoreýa RespublikasyMerw söweşiBitaraplyk binasyGangMozahizmSSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaWeli MuhatowLinkin ParkAl-HorezmiGadymy Müsür taryhyAfrikaDýatlow geçelgesiÝapon diliRotawiruslarFutbolInformatikaWagtMuhammedHaumeaGurbanguly BerdimuhamedowÝazyjylar we şahyrlarBereketli Garagum goraghanasyGeografiýaXX – nji asyryň 20-30-njy ýý-da türkmen halkynyň özbaşdak, milli döwlet gurmak ugrunda göreşiReal Madrid CFHalyl KulyýewWan Gog Win­senJonny DepKoreýa Halk-Demokratik RespublikasyAIWBägül güllüler maşgalasySahaba guburhanalaryÖzbegistanIddäZynaRadikulitSoltan Sanjaryň aramgähiEziz hanGijilewük sakyrtgasyParagwaýMary welaýatyArgentinaOrhan IGünorta ÝewropaGuragyry keseliGüljemal hanÝalaňaç we Ýapyk tohumly ösümliklerNurmyrat SaryhanowMähramTürkmenistandaky etraplar we şäherlerMERKEZI AZIÝA IRKI ORTA ASYRLARDAMüsürSuwKompýuter grafikasy🡆 More