Balkan - häzirki döwürde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň biriniň ady.
Balkan Welaýaty | |
— Welaýat — | |
Balkan welaýaty administratiw ýeri | |
Location in Turkmenistan | |
Coordinates: 40°00′00″ dg. g. 55°00′00″ gd. u. / 40.00000° dg. g. 55.00000° gd. u. (G) (O) | |
Baýdak we ýurt | Turkmenistan |
---|---|
Welaýat | Balkan |
Merkezi şäher | Balkanabat |
Resmi welaýat diýlip yglan edilen senesi | 18.05.1992 |
Düzüm bölekleri | 6 sany etrap
|
Government | |
- Häkim | Taňrugyly Atahallyýew |
Time zone | GÝW (UTC+5) |
Website | https://balkan.gov.tm/ |
Balkan welaýatynyň ilkinji häkimi---Rejepmämmet Puhanow.
Balkan welaýatynda tirelerden iñ köp Ýomutlar ýaşaýar. Türkmenistanyñ iñ az ilatly welaýaty Balkan welaýatydyr. Munuñ sebäbi Ýomutlaryñ 90% Eýranda (Türkmensähra, Gülistan, Gürgen, Horasan) ýaşaýandygy sebäplidir.
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň meýdany 138,5 müň inedördül kilometre barabar bolup, ýurdumyzyň umumy meýdanynyň ýüzden 28,4 bölegini tutýar.
Ol günbatarda Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasy, ýer üsti bilen demirgazykda Gazagystan we Özbegistan, günortada Eýran bilen, gündogarda Ahal welaýaty, demirgazyk-gündogarda Daşoguz welaýaty bilen araçäkleşýär.
Türkmen halkynyň iňňän gadymy watany bolupdyr. Uly we Kiçi Balkan daglary bu sebitlerde ýerleşýär. Olara umumy Balkan Daglary ady geçipdir.
№ | F.A.A | Işe başlan senesi | Işden giden senesi |
---|---|---|---|
1 | Puhanow Rejepmämmet | 26.06.1992 | 02.07.1997 |
2 | Babaýew Serdar | 02.07.1997 | 30.06.1999 |
3 | Durdyýew Habibulla Abdullaýewiç | 30.06.1999 | 11.09.2000 |
4 | Arazow Rejepbaý Orazowiç | 14.09.2000 | 07.07.2001 |
5 | Artykow Rustam | 09.07.2001 | 10.09.2002 |
6 | Berdiýew Poran | 10.09.2002 | 15.11.2002 |
7 | Kurbyşow Kakageldi | 15.11.2002 | 15.10.2003 |
8 | Tagiýew Täçberdi | 15.10.2003 | 03.03.2006 |
9 | Gurbyýew Meretguly | 03.03.2006 | 25.10.2006 |
10 | Nyýazlyýew Orazmyrat | 25.10.2006 | 09.07.2010 |
11 | Satlykow Satlyk | 09.07.2010 | 11.01.2013 |
12 | Hojamämmet Bäşimmyrat Atamyradowiç | 11.01.2013 | 09.07.2015 |
13 | Durdyýew Durdy | 09.07.2015 | 13.01.2017 |
14 | Satlykow Satlyk | 13.01.2017 | |
15 | Durdy Durdyýew | ||
16 | Ata Hallyýew |
Balkan welaýaty öz taryhyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar ýöne gynanasakda ol wagtlardan biziň günlerimize köp maglumatlar gelip ýetmändir. Biz Balkan welaýatynyň taryhyna Oguz hanyň döwründen alyp gaýdýas.
Häzirki Balkan welaýatynyň topraklarynda bu günki günlere çenli köp hanlyklar, soltanlyklar, şalar, ýurtlar, uruglar we ş.m. öz hanlyk-soltanlyklaryny sürüp ýaşap geçendirler. Olardan esasylary:
Oguz han türkmeniň kynyk taýpasyndan bolan Gara hanyň oglydyr. Rowaýatlara görä Oguz han eneden bolanda 3 günläp öz ejesinden ene süýdini emmändir, çünki ejesi gaýry dinli bolansoň we başga maglumatlara görä Oguzhanyň ejesi Yslam dinini kabul edip öz balasyny gizlinlikde emdiripdir ýagny Yslam dinini kabul edenini bildirmän. Oguz adyny bolsa, ýene-de rowaýatlara görä Oguz han 1 ýaşyny dolduranda il ýaşululary ol oglanjyga näme at goýmaly dip geňeş edenlerinde, Oguz hanyň özi dillenip: "Oguz, Oguz han bolar menden geljekde uly hanlyklar, soltanlyklar iň güýçli ýurtlar dünýä hökümdarlary bolar" dip çaga öz adyny özü aýdypdyr.
Käbir türkologlaryň aýtmagyna görä Oguz hanyň 2 aýaly bolupdyr we bu günki Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe döwletleri Oguz hanyň 1-nji aýalyndan bolandygyny belleýäler.
*türkolog- bu türki halklarynyň taryhyny öwrenýän ylymdyr, ol taryhy öwrenýän taryhçylarada türkologlar diýilýär.
Mete han-aslynda käbir alymlaryň aýtmagyna görä Oguz han dip başga bir käbir alymlaryň aýtmagyna görä bolsa Oguz han däl Mete han başga bir şahs adam dip belleýäler. Bu bir jedelli taryhy mesele. Mete han taryhda öz adyny 49 sany goşun adam sany bilen beýik hytaý imperatoryny bir gijede basyş edip, alyp ol imperatoryň kellesini kesmegi bilen we hytaýlylary gorkuzyp beýik hytaý diwaryny gurdurmagy bilen öz adyny tanadandyr.
Alp Arslan - Seljukly döwletiniň 2-nji soltany Çagry begiň oglydyr. Ol taryha şeýle girýär: Merw-den başlap (1040-njy ýyl Daňdanakan söweşinden başlap) häzirki Owganystanyň, Eýran Yslam respublikasynyň, Yragyň, Azerbaýjan döwletiniň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Kawkazyň günorta we günbatar, Russiýa federasiýasynyň Soçi şäherine çenli ähli territoriýany basyp alyp Seljukly döwletiniň baýdagy dikip dolandyran türkmendir(Türkmenistan hem öz içine girýär). Ikinji ýörişinde 1071-nji ýylda bolsa häzirki Türkiýe döwletiniň Malazgirt şäherini duşmanlardan azat edip, territoriýasyny giňeldip türklere sowgat eden adamdyr. Emma ömri gysga bolup 1072-nji ýylda aradan çykýar we onuň ýerine ogly Mälik şa geçýär. Mälik şanyň atasy Çagry begiň buýrugy we islegi boýunça hazirki Türkiýe döwletiniň Antalýa şäherine çenli basyp alyp atasynyň soňky deminde ýatyrka oňa atasyna bir gysym topragyny getirip bermekdi, Mälik şa atasynyň isleginem ýerine ýetirdi.
Jelaleddin Meňburun - taryhda Çingiz hany öldüren türkmen dip tanalýar. Dogulan ýeri ýagny kakasynyň Çingiz handan öz goşunynyň pes bolanlygy üçin gaçyp häzirki Balkan welýatynyň Ogurjaly adasynda aýaly Aýçiçek hatynyň dogurmagy esasynda Jelaleddin Meňburun dünýä gelýär.
Balkan welaýatynda häzirki wagtda taryhy ýer Dehistandyr.
Balkan welaýaty ykdysadyýeti we senagaty bilen beýleki welaýatlardan has öňde ilkinjileriň hataryndadyr. Sebäbi welaýatyň topragynyň asty hem üsti hem baýlyklara bürenendir, Hazar deňzinde esasy nebit we gaz gorlarynyň gazylyp alynmagy. Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bolsa, çig maly täzeden işlenip dünýä derejesinde we dünýä bazarlaryna eksport edilip satuwa çykarylmagydyr.
Mundan başgada Balkan welaýatynda ýerli kiçi,orta we uly telekeçileriň, hususy kärhanalaryň, açyk we ýapyk paýdarlar jemgyýetileriniň, jemagat hojalyklarynyň, daşary ýurdyň iň öňde baryjy kampaniýalarynyň, holdingleriniň bereketli. halal, mukaddes Balkan topraklarynda işläp daşary ýurtlara öz önümlerini,hyzmatlaryny eksport we import etmegi bilen düşündirilýär.
Oba hojalykda Balkan welaýaty örän pes derejededir sebäbi topragynyň himiki elementleriň mekany bolanlygy bilen we şor topraklary bilen düşündirilýär.
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň narlary, Bereket we Serdar etrabynyň gawundyr garpyzlary welaýatyň içinde has meşhurdyr.
Balkan welaýaty taryhda hem şugünde hem iň köp gelim-gidimli ýerleriň biri bolupdyr. Sebäbi welaýatymyz Gojaman Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýänligi üçin.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynda 4 görnüşde içerki we halkara-ulag gatnawlary amala aşyrylýar. Olar:
Deňiz gatnawlary
Howa Gatnawlary-Balkan welaýatynda 3 sany aeroport bar
Häzirki wagtda halkara howa gatnawlary diňeje ýük gatnawlary bilen amala aşyrylýar (2020)
Içerki gatnawlar:
Gara ýol gatnawlary
Halkara Gara ýollar bilen Balkan welaýaty demirgazygynda Gazagystana we günortasynda Eýran yslam respublikasyna gatnawlar amala aşyrylýar.
Içerki Gara ýollar bilen bolsa Türkmenbaşy-Balkanabat-Bereket-Serdar-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlar amala aşyrylýar.
Demir ýol gatnawlary
Halkara demir ýol gatnawlary Balkan welaýtynyň Bereket etrabynyň üsti bilen tranzit arkaly Gazagystandan Eýran Yslam respublikasyna ýük gatnawlary amala aşyrylýar.
Içerki demir ýol gatnawy Türkmenbaşy-Balkanabat-Bereket-Serdar-Aşgabat ugurlary boýunça gatnawalar amala aşyrylýar.
Balkan welaýaty geografiýasy boýunça ähli geografik ýerleriň mekanydyr. Welaýatymyzda 3 dag, 1 deňiz, 2 derýa, 1 goraghana we 1 çäkli goraghana, 2 wulkan, 1 çöl, 2 aýlag, 2 ýarymada we 2 ada bardyr. Olar:
Daglar:
Ýeketäk Hazar deňzi
Derýalar:
Sünt-Hasardag goraghanasy we Ogurjaly çäkli goraghana
Ýurdumyzda ýeketäk ýerleşýän wulkan hem Balkan welaýatynda ol palçykly wulkandyr ýagny patlawuk diýlip atlnadyrylýar.
Garagum çöli
Aýlaglar:
Adalar we ýarym adalar:
Balkan welaýatynyň futbol komandalary:
Balkan welaýatyndan çykan halkara ýeňijiler:
Türkmenistanyň welaýatlary | ||
---|---|---|
1-Ahal welaýaty (Änew) | 2- Balkan welaýaty (Balkanabat) | 3- Daşoguz welaýaty (Daşoguz) | 4- Lebap welaýaty (Türkmenabat) 5- Mary welaýaty (Mary) |
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Balkan welaýaty, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.