Tereke (arap.
Miras sözi hukukda – dünýeden öten adamyň yzynda galan mal baýlygyny belli usul we ölçegde onuň mirasdarlaryna paýlanmagyny aňladýar. Munuň bilen baglanyşykly ylma bolsa miras hukugy diýilýär. Miras hukugyna ilki döwürler feraiz ylmy diýer ekenler. Halk arasynda bolsa, ýogalanyň yzynda galan mala «tereke» diýilýär.
Feraiz ylmyny bilmegiň fazyleti örän uludyr. Ynsanyň dünýeden ötenden soňky durmuşy dünýädäki durmuşy bilen baglanyşykly bolany üçin, «Feraiz – ylmyň ýarysydyr» diýlipdir. Pygamberimiz hem: «Feraizi öwreniň we öwrediň, çünki ol ylmyň ýarysydyr...», (Ibni Maje, Hakim) diýipdir.
Kurany Kerimde ýogalanyň mirasyny ýakynlaryna paýlamak bilen baglanyşykly üç sany aýat bar.
— (Nisa, 11).«Alla size (miras meselesinde) perzentleriňiz barada (şeýle) wesýet (emir) edýär: oglan üçin iki gyzyň paýy ýaly möçber bardyr. Eger olar (perzentler) ikiden köp gyz bolup (oglan bolmasa), terekäniň üçden ikisi olaryňkydyr. (Eger gyz) ýeke bolsa, onda (terekäniň) ýarysy onuňkydyr. Eger onuň (ýogalanyň) perzendi bar bolsa, onuň terekesinden ene-atanyň her haýsyna altydan bir paý düşer. Eger perzendi ýok bolup, mirasdüşer ene-ata bolsa, enesine üçden bir paý düşer (galany atanyňkydyr). Eger onuň (ýogalanyň) doganlary bar bolsa, onda altydan bir paý enäniňkidir. (Bular ýogalanyň dirikä) eden wesýeti we bergileri ödelenden soň (galan emlägine degişlidir). Siz atalaryňyz bilen perzentleriňiziň haýsysynyň özüňize peýda taýdan has ýakyndygyny bilmersiňiz. Bular Allanyň goýan parzlarydyr (paýlardyr). Takyk, Alla (ähli zady bilýändir), hikmet eýesidir»
— (Nisa, 12).«Eger (ýogalan) aýallaryňyzyň çagalary ýok bolsa, onuň (ýogalan aýalyň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa-da bergileri tölenenden soň, terekesiniň ýarysy siziňkidir (äriniňkidir). Eger çagalary bar bolsa, onda terekäniň dörtden biri siziňkidir. Siziň (äriniň) hem çagaňyz ýok bolsa, onuň (ýogalan erkegiň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa-da bergileri tölenenden soň, terekesiniň dörtden biri aýalyňyzyňkydyr. Eger çagaňyz bar bolsa, terekäniň sekizden biri olaryňkydyr (aýallaryňkydyr). Eger miras galdyran erkek ýa-da aýal, çagasyz ýa-da ene-atasyz kişi bolup, onuň hem diňe (enebir) erkek ýa-da gyz dogany bar bolsa, olaryň her haýsyna altydan bir paý bardyr. Eger olaryň sany mundan köp bolsa, onda olar onuň (ýogalan erkegiň) wesýeti (berjaý edilensoň) ýa-da bergileri tölenenden soň (terekäniň) üçden birine şärik bolarlar. (Bu hökümler) Alla tarapyndan size edilen wesýetdir (emirdir). Alla (ähli zady) bilýändir, Halymdyr (howlugýan däldir)»
— (Nisa, 176).«(Eý, Muhammed!) Senden (bir meseläniň) hökümini sorarlar. Sen (olara) aýt: "Alla size atasy we çagasy bolmadyk kişiniň (mirasynyň) hökümini mälim edýär: "Eger (oglan ýa-da gyz) perzendi (we atasy) bolman, diňe bir gyz dogany (bar bolan) adam ýogalsa, (onda) onuň terekesiniň ýarysy oňa (gyz doganyna) degişlidir. Eger onuň (gyz doganynyň) perzendi ýok bolsa, ol (erkek dogan) onuň mirasdary bolar (terekäniň hemmesini alar). Eger (şol şertlerde) aýal doganlar iki bolsa, (onda) olaryň ikisi erkek doganlarynyň terekesiniň üçden ikisini alarlar. Eger (mirasdar) doganlar bir erkek we bir gyz bolsa, (onda) erkek iki gyza (düşýän) paý ýaly alar (erkek gyzdan iki esse köp alar). Alla siziň azaşmaklygyňyzy (islemeýändigi) üçin size bulary (äşgär) beýan edýär. Alla ähli zady bilýändir»
Bu aýatlar yslamda miras hukugynyň esasyny düzýär. Pygamberimiz hem bu aýatlaryň hökümlerini düşündirip durmuşa ornaşdyrypdyr. Ol Kuranda aýdylmaýan mirasa degişli käbir meseleleriň hem hökümlerini beýan edipdir. Yslam alymlary bolsa, bulary giňişleýin düşündiripdir.
Mirasdar bolmak üç sebäbe baglydyr: nesil ýa-da garyndaşlyk, nikah bagy we wela.
Dogulmak bilen bagly biri-birine garyndaş bolýanlara nesiller diýilýär. Olar:
Nikah gyýlandan soň, är-aýalyň biri dünýeden ötse, bile ýaşaşsa-ýaşaşmasa beýlekisine mirasdar bolýar. Aýala rij'i talak berlenden soň, iddet möhletiniň dowamynda äri ölse, mirasdan paýyny alýar. Ýöne är aýalyny ba'in talak bilen talak eden ýagdaýynda är ölse, aýala miras düşmeýär. Erkek aýalyna miras bermezlik üçin, ölüm ýassygyndaka ony talak etse, emma aýalyň iddet möhleti geçmänkä ölse, aýal mirasdan paý alýar.
Wela – dostluk we ýardam manysyny berýär. Miras hukugynda wela iki görnüşdedir. Gul azat etmek sebäpli dörän wela, aktlaşmak (ylalaşmak, wesýet goýmak) sebäpli emele gelen wela. Häzirki döwürde gulçulyk ýokdur, şunlukda, bu öz-özünden hökümini ýitiripdir. Aktlaşmak arkaly mirasdan paý almak hem seýrek duş gelýär.
Ölümiň – hakyky, hökmi we takdyry diýen üç görnüşi bardyr.
Zynadan önen çaga – diňe ejesine mirasdar bolup bilýär.
Tereke bilen baglanyşykly hak-hukuklar umuman şulardyr:
Tejhiz – ýogalany kepenlemek diýmekdir. Häzirki döwürde merhumy jaýlamak bilen baglanyşykly kependen başga ähli çykdajy tejhize degişlidir. Ýagny tejhize degişli ähli çykdajy ýogalanyň terekesinden alynýar.
Tejhizden soň, ýogalanyň galan terekesinden borjy tölenýär. Kişiniň boýnunda şu borçlar bardyr:
Allahyň öňündäki gulluk borjy. Bular zekat, keffaret, nezir ýaly borçlardyr. Hanefi mezhebine görä, kişiniň ýogalmagy bilen bu borçlar aýrylýar. Ýöne wesýet eden bolsa, mirasdarlary terekesiniň üçden birinden ony töleýär. Beýleki üç mezhebe görä, kişiniň bu borçlaryny ýogalanyň terekesinden tölemek mirasdarlara wajypdyr. Çünki ýogalany borçdan halas etmek iň laýygydyr.
Eger tereke ýogalanyň ähli bergisini üzmäge ýetmedik ýagdaýynda, ýogalanyň wesýeti bar bolsa, terekesiniň üçden biri bergisi üçin harçlanýar. Galan bergisi üzülmeýär.
Wesýet – bir kişiniň dünýäden ötenden soň, öz malyna başga birini eýe etmegi we oňa ygtyýaryny bermegi ýa-da kiçi çagalary ýetişýänçä, malyny wagtlaýyn ulanmaga başga birine ygtyýar bermegidir.
Hanefilere görä, eger wesýet Allahyň farzlaryndan bir farz bilen baglanyşykly bolsa, borç bu wesýetden öň tölenýär. Çünki borç wesýetden has güýçlüdir. Sud borçlynyň malyndan eýesiniň razylygyna seretmän, borjy tölemäge haklydyr. Emma zekat ýaly borjy bolsa, ony töledip bilmez.
Kişiniň mal (aýni) görnüşde Allaha we gula borjy bolsa, terekesi hem olaryň ikisinem tölemäge ýeterlik bolmasa gula borjy tölenýär.
Eger ýogalan adam Allaha bolan borçlaryny wesýet eden bolsa, gula borjy tölenenden soň, terekesiniň üçden birinden Allaha bolan borçlary tölenýär. Bu wajypdyr.
Kişiniň ýokardaky borçlary tölenenden soň, galan maly mirasdarlaryň paýydyr. Olar bolsa belli tertibe laýyklykda paýlanýar.
Terekeden tejhiz we depin işleri edilenden, bergiler üzülenden, wesýeti ýerine ýetirilenden soň, galan mal mirasdarlaryň arasynda şu nobata görä paý edilýär.
Kurany Kerimde ashaby feraiziň paýlarynyň alty görnüşdedigi düşündirilýär.
Bular: ýarym (1/2)
, dörtden bir (1/4)
, sekizden bir (1/8)
, üçden bir (1/3)
, üçden iki (2/3)
, altydan bir (1/6)
paýdyr.
Bu paý eýeleri şulardyr:
Ýarym paý alýanlar:
Dörtden bir paý alýanlar:
Sekizden bir paý alýanlar:
Üçden iki paý alýanlar:
Üçden bir paý alýanlar:
Altydan bir paý alýanlar:
Är. Äriň terekede iki ýagdaýy bardyr:
(1/2)
paý alýar.1/4
paý alýar.Aýal. Aýalyň terekede iki ýagdaýy bardyr:
1/4
paý alýar.1/8
paý alýar.Kaka. Kakanyň terekede üç ýagdaýy bardyr:
1/6
paý alýar.1/6
, asabe hökmünde-de terekeden galanyny alýar.Ata. Atanyň terekede dört ýagdaýy bardyr: Bularyň ilkinji üçüsi kakanyňky bilen meňzeşdir. Dördünjisi, kaka bolan ýagdaýynda, ata mirasdar bolup bilmeýär. Ata üç hususda kakadan tapawutlydyr.
1/3-ni
alýar. Ýöne kakanyň ýerine ata galan ýagdaýynda, eje tutuş terekäniň 1/3-ni
alýar.Enebir doganlar. Gyz bolsun, oglan bolsun enebir doganlaryň terekede üç ýagdaýy bardyr:
1/6
paý alýar.1/3
paý berilýär.Gyz. Gyzyň terekeden üç ýagdaýy bardyr.
2/3-sini
alýar.Ogluň gyzy. Ýogalanyň gyzy bolmadyk ýagdaýynda oglunyň gyzy onuň ýerini tutýar. Terekede oguldan önen gyz agtygyň 6 ýagdaýy bardyr:
2/3-sini
alýar.1/6
paý alýar.Süýtdeş gyz doganlar. Süýtdeş gyz doganlaryň terekede bäş ýagdaýy bardyr.
2/3-sini
alýar.Atabir gyz doganlar.
2/3
paý alýar.1/6
paý alýar.Eje. Ejäniň terekede üç ýagdaýy bardyr.
1/6
paý alýar.1/3
paý alýar.1/3-ni
, ýagny jeminden 1/6-ni
alýar. Kaka bolsa asabe hökmünde galanyny alýar. Ikinji ýagdaýda aýal ýogalanyň neslinden mirasdar ýokdugy üçin, 1/4
paý, eje galanynyň 1/3-ni
alýar, galan tereke kaka berilýär.Ene we mama. Enäniň we mamanyň terekede iki ýagdaýy bardyr.
1/6
paý alýar. Ene we mama bilelikde bolan ýagdaýynda, öz aralarynda 1/6-ni
paýlaşýarlar.Miras ylmynda asabe – özbaşyna mirasdar bolan wagty terekäniň ählisini, ýogsa-da ashaby feraizden soň galan mirasy alýan garyndaşlardyr. Asabäniň üç görnüşi bardyr:
Ýogalanyň erkek garyndaşlary bolup, ara aýal girmeýänlerdir. Bular: ogly, kakasy, dogany, agasydyr we bularyň neslinden bolan erkeklerdir. Bular mirasdan ilki paý alýar we olaryň nobaty şeýledir:
Asabäniň birinjisi bar bolsa, ikinji we üçünji mirasdan paý alyp bilmeýär. Kaka diňe farz paýyny alýar. Birinji topar bolmasa, ikinji topardan ata mirasyň ählisini alýar. Üçünji we dördünji topar paý alyp bilmeýär.
Özbaşyna bolan ýagdaýynda asabe bolman, ashaby feraizden bolan aýal garyndaşlardyr. Bular öz derejelerindäki bir erkek bilen asabe bolýar. Şeýle asabe bolanlar ýeke mirasdar bolan ýagdaýynda, terekäniň ýarysyny, birden köp bolan ýagdaýynda 2/3-ni
alýar. Bular dört kişidir:
Bu diňe gyz doganlara degişlidir: «Gyz doganlary gyzlar bilen asabe ediň» diýen hadysa daýanýar.Süýtdeş ýa-da atabir gyz doganlar, gyzlar ýa-da oguldan bolan gyzlar bile bolan ýagdaýda asabe bolýarlar. Ýagny, beýleki mirasdarlar paýlaryny alandan soň, terekeden galanyny asabe hökmünde gyzlar alýar. Eger olar birden köp bolsalar, tereke aralarynda deň paýlanýar.
Zewil erham – mirasdan farz paý alyp bilmedik we özbaşyna bolan ýagdaýynda asabe hem bolmadyk garyndaşlardyr. Meselem, gyzyň, gyz doganyň, erkek doganyň çagalary, daýy we daýza we ş.m. garyndaşlar. Olar alty topara bölünýär:
Zewil erhamyň mirasdan paý almak usuly edil asabe ýalydyr, ýagny ýogalana iň ýakyn mirasdary bolýar. Onuň usuly şeýledir:
Red – ashaby feraizden bolan mirasdarlaryň özlerine degişli paýlaryny alanlaryndan soň, mirasdan artyk galanyny aljak asabe ýok bolsa, ony ýene şol mirasdarlara öz haklaryna görä paýlamakdyr.
Är-aýal red usuly bilen mirasdan paý alyp bilmeýär. Şonuň üçin tereke paýlanylanda, ilki är-aýalyň paýy berilýär. Soňra ashaby feraizden beýleki şahslar paýlaryny alýar. Mundan soň artan miras red usuly bilen paýlanylýar. Mysal üçin, ýogalanyň yzynda bir gyzy bilen enesi galýar diýeliň. Gyz mirasdan ýarysyny (1/2 )
, ene altydan birini (1/6)
alýar. Bu iki drob sanyň maýdalawjysy altydyr. Altynyň 1/2=3, 1/6=1-dir. 3+1=4
bolany üçin maýdalawjy 6-dan 4-e
red edilýär. Ýagny gyz 3/6-niň
ýerine 3/4
, ene bolsa 1/6-niň
ýerine 1/4
paý alýar.
Ýene bir mysal:
Ýogalanyň yzynda alty gyzy we äri mirasdar galsa, tereke şeýle paýlanýar. Äriň mirasdan paýy 1/4-dir.
Gyzlaryň paýy bolsa terekäniň 2/3-dir.
Äre red usuly bilen miras berilmeýändigi üçin, ilki 1/4
mukdarynda paýy berilýär. Soňra galan 3
paý alty gyzyň arasynda paýlanýar. Gyzlaryň paýy 2/3
bolany üçin, galan 1/2
tereke red ýoly bilen täzeden gyzlara berilýär. Bu üç paý galyndysyz alta bölünmeýändigi üçin, esasy maýdalawjy bolan äriň paýy artdyrylýar. Ýagny 1/4-i 2/8-ä
deňleşdirilýär. Netijede, maýdalawjy 8
bolýar we äriň terekeden paýy 2/8
, gyzlaryňky bolsa 6/8-dyr.
Her bir gyza 1/8
paý düşýär.
Bu rediň gapma-garşylygy bolup, terekedäki maýdalawjynyň sanawjynyň jeminden kiçi bolmagydyr. Bu ýagdaýda käbir mirasdarlaryň terekeden paý alyp bilmezligi mümkindir. Hemmesiniň paý alyp bilmegi üçin hezreti Omar döwründe awl usuly çykalga hökmünde ulanylypdyr. Muňa görä, terekedäki sanawjylar maýdalawjy edilýär we her bir mirasdaryň paýy bir mukdar azaldylýar. Şeýlelikde, hemmesi terekeden paý alýar.
Meselem, mirasdarlar bir aýal dogan, eje, bir gyz, iki ogul. Bu ýagdaýda: 1/2+1/6+1/6+1/3+1/1.
Maýdalawjy 6
bolany üçin, 3/6+1/6+1/6+2/6=7/6
görnüşinde miras paý edilmeli. Ýöne sanawjy maýdalawjydan köp bolandygy üçin paý etmek mümkin däldir. Bu ýagdaýda awl usuly bilen sanawjy maýdalawja öwrülýär we tereke alty paý däl-de, ýedi paý edilýäp. Terekeden 3/6
paý aljak 3/7, 1/6
paý aljak 1/7, 2/6
paý aljak 2/7
paý alýar.
Garyndaşlar ýogalana ýakynlyk derejesine görä, mirasdan dürli mukdarda paý alýarlar. Asabe we zewil erham bolan şahslar ashaby feraizden haýsy derejede bolsalar, mirasdan aljak paýlary hem şoňa görä hasaplanýar. Şonuň üçin ashaby feraiziň paý mukdarlary terekede esasdyr. Bu paý mukdarlary Kurany Kerimde anyk belli edilýär. Olar alty sany bolup, iki görnüşdedir.
(1/2)
, dörtden bir (1/4)
we sekizden bir (1/8)
.(2/3
), üçden bir (1/3)
we altydan bir (1/6)
.Mirasyň paýlanmagy üçin mirasdarlar şol bir topardan bolsa, tereke iň uly maýdalawja görä paýlanýar. Dürli topardan bolsa, maýdalawjy galyndysyz bölünýän bir sana deňlenýär we iň uly maýdalawja görä miras paýlanýar. Meselem, mirasdar aýal, ene we bir ogul bolsa, aýal 1/8
, ene 1/6
, galany ogluňkydyr. Terekäniň galyndysyz bölünmegi üçin maýdalawjylary deňlemelidir. Netijede maýdalawjy 24
bolýar.
Terekäniň mirasdarlara galyndysyz bölünmegi üçin ulanylýan usula tashih diýilýär. Tashih usulynda dört esas bardyr – temasül, tedahül, tewafuk we tebaýündir.
6
bilen 4
biri-birine bölünmez. Ýöne ikisi-de ikä bölünýär.Tereke paýlary galyndysyz bölünmeýän iki topar bolan ýagdaýynda, tereke şeýle paýlanýar:
1/8=3
, gyzlar 2/3=16
paý alýarlar. Galan bäş paý bolsa asabe bolan aganyňkydyr. Asyl maýdalawjy 24-dir.
Ol 72-ä
tashih edilýär. Çünki aýallaryň sany üçdür. Şeýlelikde, her kesiň paýy asyl maýdalawjynyň köpeldilen sany bilen, ýagny üç bilen köpeldilýär we bu her kimiň paýy bolýar. Netijede, aýallar 3x3=9
, gyzlar 3x16=48
, aga 3x5=15
paý alýar.1/8=3
, gyzlar 2/3=16
, aga bolsa bäş paý alýar. Jemi 24
paý bolýar. Asyl maýdalawjy hem 24-dir
. Bu meselede aýallaryň 3
paýy dört aýala, gyzlaryň 16
paýy alty gyza galyndysyz bölünmeýär. Şonuň üçin biriniň fewki, ýagny ýarysy bilen beýlekiniň doly sany köpeldilýär. 2x6=12
ýa-da 3x4=12
bolýar. 12
umumy bölüjidir. Bu asyl maýdalawjy bilen köpeldilýär – 12x24=288
we şeýdip tashih edilýär. Netijede, aýallar 3x12=36
, gyzlar 16x12=192,
aga 5x12=60
paý alýar.1/8=3
, gyzlar 2/3=16
, aga bäş paý alýar. Asyl maýdalawjy 24
bolýar. Aýallaryň sany gyzlaryň sanyna tedahül edensoň, uly san bilen asyl maýdalawjy köpeldilýär – 6x24=144
. Netijede, aýallar 3x6=18
, gyzlar 6x16=96
, aga 5x6=30
paý alýar.1/8
, gyzlar 2/3
paý, galanyny bolsa aga alýar. Asyl maýdalawjy 24
-dir. Gyzlaryň sany bilen aýallaryň sanynyň arasynda tebaýün bardyr. Şonuň üçin olar biri-birine köpeldilýär, çykan san umumy bölüjidir. Bu hem asyl maýdalawja köpeldilýär: 2x3=6, 6x24=144
. Tereke 144
-e tashih edilýär. Netijede, aýallar 3x6=18
, gyzlar 16x6=96
, aga 5x6=30
paý alýar.Paýlary galyndysyz bölünmeýän mirasdarlar diňe birinji topardan bolan ýagdaýynda tashih şeýle edilýär:
12
bolýar. Aýallar 1/4=3
paý, ene 1/6=2
paý, enebir gyz dogan 1/3=4
paý alýar.8
gyz we ene bolsa, gyzlar 2/3
, ene 1/6
paý alýar. Asyl maýdalawjy 6
bolýar we 5
-e red edilýär. Bu ýerde gyzlaryň sany 8
bolany üçin, paýlarynyň-da 4
bolany üçin, bu iki sanyň arasynda tedahul bardyr. 8:4=2
umumy bölüjidir. Soňra red edilen bäş paý umumy bölüji bilen köpeldilýär – 5x2=10
. Şeýlelikde tashih edilýär. Netijede, gyzlar 2x4=8
, ene 2x1=2
paý alýar.6
gyz, ene bolsa, gyzlar 2/3
, ene 1/6
paý alýar. Asyl maýdalawjy altydyr. Şol ýagdaýda gyzlaryň paýy dört, enäniňki bir paý bolýar we bäşe red edilýär. Gyzlaryň sany (6)
bilen paýlary (4)
arasynda tewafuk bardyr. Bularyň ikisi hem ikä bölünýär. Asyl maýdalawjy bolan 6
ikä bölünip alnan san bäşe köpeldilýär. 3x5=15
görnüşinde tashih edilýär. Netijede, gyzlaryň paýy 3x4=12
, enäniň paýy 3x1=3
bolýar.5
gyz we kaka bolsa, gyzlar 2/3
, kaka 1/6
we asabe hökmünde hem galanyny alýar. Asyl maýdalawjy 6
-dyr. Şeýlelikde, gyzlaryň paýy 4
, kakanyňky 2
-dir. Gyzlaryň paýy (4)
bilen sanlarynyň (5)
arasynda tebaýün bolandygy üçin umumy bölüji 5
-dir. Asyl maýdalawjy bäşe köpeldilýär. 5x6=30
görnüşinde tashih edilýär. Netijede, gyzlaryň paýy 5x4=20
, kakanyň paýy 5x2=10
bolýar.Tereke berginiň hemmesine ýetmeýän bolsa, algydar hem birden köp bolsa, bergi şeýle üzülýär. Olaryň hersiniň algysy bir mirasdar paýy hökmünde kabul edilýär. Berginiň jemi paýlaryň jemi ýaly saýylýar. Meselem, ýogalanyň terekesi 9
gram altyna deň bolup, bergisi 15
gram altyna deň bolsa, algydarlardan biri 10
gr. beýlekisi 5
gr. altyna deň algysy bolsa, 15
tashih hökmünde kabul edilýär. 15
bilen 9
-yň arasynda 1/3
tewafuk bardyr, ýagny olaryň ikisi-de 3
-e galyndysyz bölünýär. 10-y 9-yň
fewki bolan 3-e
köpeldýäris. 3x10=30
. Bu sany tashihiň fewki bolan 5
-e bölenimizde netije 6
bolýar. Bu 10
gr. altyna deň algysy bolanyň terekeden almaly paýydyr. 5
gr. altyna deň algysy bolanyňky 3
gramdyr.
Meselem, tereke 13
gram altyna deň bolsa, bu san bilen tashihiň (15)
arasynda tebaýün bardyr. Şol ýagdaýda 10
terekä köpeldilýär. 13x10=130
. Bu san tashihe (15)
bölünýär. Netije 8
bolýar. Bu bolsa terekäniň 2/3
sine deňdir. Beýleki bergi hem şuňa görä hasap edilýär.
Yslam miras hukugynda terekäni belli topara we şahsa bagly etmän, mümkingadar garyndaşlaryň hemmesine mirasdan paý bermäge çalşypdyr. Ýogalanyň çagalary bolan ýagdaýynda hem kaka, ata, enä mirasdan paý berilýär. Şeýle hem şahslaryň mirasdan alýan paýlary bilen maşgaladaky jogapkärçilikleriniň arasynda deňagramlylyk saklanypdyr. Maşgalanyň eklenji ene-ata seretmek, esasan, erkek kişileriň boýnundalygy, gyzlaryň durmuşa çykanlarynda galyň (mehir) alýandygy sebäpli, erkegiň paýy gyza görä iki essedir. Bu maşgaladaky we jemgyýetdäki deňagramlylygy hem saklaýar. Eger durmuşa çykyp giden gyz erkek kişi bilen deň paý alýan bolsa, doganlaryň arasynda biri-birine doganlyk mähri azalyp, agzalalyk dörärdi. Şeýlelikde, şahslaryň jogapkärçiligine diňe din we ahlak taýdan seredilmän, ol hukuk taýyndan hem gorag astyna alnypdyr.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Tereke, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.