Türkmenistanyň Russiýa Tarapyndan Basylyp Alynmagyna We Sowet Döwrüne Degişi Çeşmeler

Türkmenistanyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagyna we sowet döwrüne degişi çeşmeler.

Meýilnama

1.Türkmenistan baradaky rus ýazarmanlarynyň ýazuw çeşmeleri.

2.Zakaspi oblastynyň taryhyn boýunça çeşmeler.

3.Sowet taryhyn çeşmeleriniň aýratynlyklary we nogsanlyklary.

4.Garaşsyzlyk zamanynda sowet döwrüne berilýän baha.

Sowet döwri Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge uly goşant goşan arheologlaryň biride W.W. Bartoldir.

W.W. Bartold – akademik belli gündogarşynas, türkmen taryhynyň orta asyrlar döwri boýunça düýpli ylmy barlag işlerini geciripdi. Bartold “Türkmen halkynyň taryhynyň oçerki” diýen işinde musulmançylykdan öňki döwür, Seljuklar imperiýasy döremezden ozal oguz türkmenleri, XI asyrdan mongollaryň çozuşyna çenli döwür, XIII-XVI we XVII-XIX asyrlara degişli baý Maglumatlar bar. Onuň “Türkmenistanyň ekerançylyk taryhyna” diýen işinde bolsa Etrek sebitlerinde, Ahal welaýatynda Kaka, Tejen etraplarynda, Murgap we Amyderýa boýlarynda gadymy we orta asyrlarda ekerançylygy, şol döwrüň medeniyeti barada iň möhüm maglumatlary berýär. Ondan başgada Bartold geçmişi bolan “Oguznama” kitabyny terjime edýär, bu bolsa Bartoldyň türkmen halkynyň taryhy boýunça eden işleriniň iň möhümleriniň biridir.

A.Ýu. Ýakubowskiý – uly alym arheolog, gündogarşynas. Onuň “Seljuk hereketi” we “XI asyrda türkmenler”, “úrgenç harabaçylygy”, Aga Garryýew we başgalar bilen birlikde ýazan “Türkmen halkynyň we Türkmenistanyň VIII-XIX asyrlar taryhynyň gysgaça oçerkleri” we başgada birnäçe işlerinde türkmen halkynyň taryhynyň köp taraplary boýunça möhüm Maglumatlar bermek bilen taryh ylmyna uly goşanty goşýar. XIX asyryň başlarynda N.N. Murawýowyň, “Путешествие в Туркмению и Хиву 1819-1820гг” diýen kitaby çapdan çykýar. Bu kitapda kaspiniň günorta – gündogar kenarynda ýaşaýan türkmenler barada gyzykly Maglumatlar ýerleşdirilipdir. Murawýew orsawtorlarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup, döwürdeşlerini türkmenleriň durmuşy bilen tanyşdyrýar.

S.P. Tolstow – görnükli arheolog, etnograf, taryhçy. Onuň “Gadymy Horezm”, “Horezm siwilizasiýasynyň yzy boýunça” atly we ýene-de köp sanly ylmy işlerinde Türkmenistanyň taryhyna degişi birnäçe meseleleri çözýär. Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda gadymy Horezm ýerlerinde medeniýetiň döreýşi, ösüşi, ekerançylygyň taryhy boýunça möhüm arheologiki açyşlar etdi.

A. A. Roslýakow – taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri. Ol “Türkmenistanyň taryhynyň gysgaça oçerki”, “Orta asyrlarda türkmenleriň döwlet gurluşy meseleleri hakynda”, “Türkmen we oguzlar” ýaly birnäçe işleriň awtorlygy. Bu işleriň üsti bilen awtor türkmen halkynyň durmuşy barada möhüm Maglumatlar berýändir.

Mihail Ýewgenewiç Masson – taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistan ylymlar akademiýasynyň akademigi, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ylymda at gazanan işgäri Masson Türkmenistanyň taryhyň iki tomluk kitabynyň baş redaktory boldy.

M.Ý. Massonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň raýonlarynda möhüm arhelogiki açyşlar edildi. partiýa döwrün medeniýetini we sungatyny, Orta asyr söwda we kerwen ýollaryny, antik we orta asyrdaky pul dolanyşygyny hem-de pullary öwrenmekde, goşandy aýratyn uludyr. Ol köp ylmy işleriň Merwden Horezme we Mawerennahra gidýän orta asyr söwda ýollary we şuňa meňzeş kitaplaryň awtorydyr.

2. XIX asyryň başlarynda Russiýa Kaspi deňziniň gündogar kenarlarynda ymykly ornaşdyrmagy maksat edinipdi. Russiýa şol döwürlerde Kawkazda kuwwatly harby güýji jemläpdi. XIX asyrda russiýanyň daşary syýasaty esasan Orta Aziýa gönükdirlipdir. Şu strategic maksatlar, bilen harby güýçleriň bir bölegi Kaspi deňziniň gündogar kenarynda ýerleşdirilmelidi. N.N. Murawýowyň baştutanlygyndaky ekspediýasynyň maksady hem şondan ugur alýardy. Ol Kaspi deňzini boýdan – başa ýüzüp geçip, Esengulynyň günortasyndaky Akpatlawuk diýen ýerde türkmen topragyna aýak basýar. Murawýow özüniň syýasatyny “1818-nji 1820 ýyllarda Türkmenistana we Hywa syýasat” diýen işinde beýan edýär. 1822 ýylda neşir edilýär. Bu ýazgylary 2 bölümden we 8 bapdan ybarat bolýar. Bu işde diňe Russiýanyň daşary syýasaty däl eýsem, XIX asyryň başlarynda mangyşlakda ýaşaýan taýpalarynyň etnografiýasyna we ýerleşiş aýratynlyklaryna degişli möhüm materiýallar ýerleşdirilýär. Diňe bir mangyşlak barada däl eýsem Hywanyň çäklerinde ýaşaýan türkmenelriň tire-taýpa bölünşigi we sosial – ykdysady ýagdaýlary barada-da giň maglumatlar ýerleşdirilýär. M. I. Iwanin “Mangyşlak ýarym adasyna 1846-njy ýyldaky syýahat” diyen işini W.D. Dandewiliň “Orta Aziýa we Orenburg ülkesi boýunça etnografik we taryhy materiallar” diýen ýaly birnäçe işlerde Türkmenistanyň taryhyna degişli maglumatlar ýerleşdirilýär.

Zakaspi oblastynyň taryhy boýunça diňe bir kitaplar çeşme bolman eýsem şol döwürde ýazlan Maglumatlar, resminamalar, şahsy hatlar hem esasy çeşmeleriň biridir.

Olardan Ahaltekä harby ekspedisiyasynyň plany barada Kawkaz harby bölüminiň ýolbaşçysynyň nutugynda (1879 28 Türkmenbaşy aýy) Tekelere garşy ekspediýasynyň maksady Ahal oazisini eýelemekden hem-de ilatyny öz häkimýetimize gutarnykly boýun egdirmekden ybaratdyr. Gökdepe galasynda Tekeleriň 8 müňe golaý öýlüsiniň ýerleşendigini, ekerançylyk üçin amatlydygyny, tekeleriň hökümdar hanlaryndan Hezretguly hanyň, Öwezdurdy hanyň, Orazmämmet hanyň, Nurberdi hanyň, baş işan Gurbanmyrat işanyň bu ýerde ýaşaýandygyny, Gökdepe galasynyň Ahalteke oasiziniň paýtagty ýaly gala hasap edilýändigini, halk ýygnaklarynyň şu ýerde geçirilip adatça esasy meseleleriň şu çözülýändigini öz nutugynda beýan edýär. Ekspedisiýany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toparlanan otrýady 2 topara bölýärler.

General mayor lomakin. Diňlidepä zabt edilişi hakynda kawkaz goşunynyň baş ýolbaşçysyna Zakaspi harby bölüminiň wagtlaýýn (1879ý Ruhnama aýynyň 4).

Onda rus otrýadynyň teke oazisinde Alp-Arslan aýynyň 22-den 29-na çenli aralykda razwetka işlerini alyp barandygyny 28-de tekeleriň uly bir böleginiň çozuşyny uly ýitgiler bilen ony yza serpikdirişini, Gökdepäniň golaýyndaky Diňlidepede berkitmäniň gurlandygyny, ol ýerde tekeleri 6 sagatlap top oklaryna tutuşlary (12 top), tekeleriň şonda-da rus goşuna gaýtawul berlişini ýazyp beýan edýärler.

Şol söweşde ruslaryň 7 owiseri, 178 sany esgeriň ölendigi, 16 owiseriň, 234 esgeriň ýaralanandygy barada general lomakin ýazýar. Tekelere moral taýdan edilen zyýan we urlan agyr zarba biziň wezipämizi ýeňilleşdirer diýip çaklaýaryn diýip genral lomakin ýazýar.

A.N. Papowyň “Russiýanyň Hywa we Buhara bilen Beýik Pýotryň döwründäki gatnaşyklary” diýen işinde, rus ekspedisiýasynyň işleri jikme-jikligi bilen beýan edilýär. Bu iş 1853 ý çap edilýär. Onda türkmen halkynyň meşhur wekili Hojanepesiň Pýotr I-niň huzuryna baran wagtyndan tä ekspedissiýanyň heläkçilige uçran döwrüne çenli bolan aralykdaky esasy wakalar beýan edilýär.

3. Öwrülişik döwrüne çenli türkmen halkynyň baý taryhyn geçmişini tutuşlygyna öwrenmeklige üns berilmedi diýsek ýalan bolmaz. şol döwürde Türkmenistanda türkmen halkynyň dürli taryhyn döwürlerdäki ornuny öwrenýän ýörite ylmy edaralar ýokdy. Patyşa hökümetiniň bolsa milli gyra çet ülkelerde medeniýetiň ol ýa-da beýleki ojaklaryny döretmeklige bolan gyzyklanmasy ýokdy. Sowet döwründe türkmen halkynyň köp asyrly, çylşyrymly taryhyn belli bir derejede öwrenildi. Gündogary öwreniji alymlar arheologlar gazuw barlag işlerini alyp bardylar. Gymmat bahaly tapyndylary ýurdumyzyň çäginden çykaryp (Moskwa, Leningrad we ş.m.) daşary ýurtlaryň muzeýlerinde goýdular. Arheologiki barlag işlerinde tapylan zat ýadygärlikleriniň diňe owadyny saýlanylyp alyndy, galnlary bolsa zyňyldy we Türkmenistanyň taryhyny öwrenmäge uly zyýan ýetrilýärdi. Emma taýagyň iki uzynyň bolşy ýaly türkmen halky üçin bähbitli işler hem edilýär. Birnäçe arheologiki ýadygärlikler hasaba alyndy we olar öwrenildi. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde ilkinji nobatda onuň documental bazasyny döretmek zerurdy. 1920-nji ýylda Türkmenistanda Zakaspi oblastynyň arhiw bölegi döredilip, onda rewolýusiýa çenli dowam eden administratiw guramalaryň, Zakaspi frontynyň harby bölümleriniň we edaralarynyň, oblast we ýerli sowtleriniň we raýkomlarynyň materillary jemlenipdir. Bu bolsa şol döwrün taryhyny öwrenmekde esasy gollanma bolup durýardy.

1924-nji ýylda Türkmenistanda Döwlet alymlar soweti döredilýär. 1926-njy ýýlda Aşgabatda arheologiki kružok döredilýär. 1932-ý Türkmen döwlet ylmy-barlag instituty döredilip 1936 ý ol 2-ä bölünip tary, dil we edebiýat institutyna öwrülýär. 1924 – 1937 ýyllar taryh ylmynyň dürli ugurlarynda ep-esli üstünlikler gazanyldy. Emma köp awtorlaryň ylmy iş alyp barmaklygyňn usullaryna düşünmezligi taryhyn çeşmelere tankydy çemeleşmegi başarmazlygy sebäpli çap edilen işlerde düýpli ýalňyşlyklara ýol berildi. Şu ýyllarda çapdan çykan taryhyn işleriň hiç birinde hem diyen ýaly meseleler düýpli çözülmändi.

1938-1939 ýylda belli sowet gündogary öwrenijileriň gatnaşmagynda 2 tomdan ybarat “Materialy po istori türkmeni ” diýen uly göwrümli kitaby çapdan çykardylar. Bu işde arap, eýran, hywa we buhara awtorlarynyň taryhyn eserlerinden Türkmenistana we türkmenlere degişli ähli Maglumatlar rus dilinde öz beýanyny tapýar.

1957-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň 2 tomluk taryhyn çapdan çykýar.

Patyşa Russiýasynyň türkmenlere garşy urşunda iň ilkinji Gökdepe we gazawat gyrgynçylyklary bolupdy. Bu baradaky hakykaty türkmen halky özüniň özbaşdak döwletini döredýänçe syr hökmünde saklamana mejbur bolýar. Sebäbi sowet hökümeti Gökdepedäki we Gazawatdaky gyrgynçylyk bilen baglanyşykly wakalary, halka ýetirmegi gadagan edipdi.

Gökdepe urşy hakynda Orsetli we Günbatar Ýewropaly awtorlaryň onlarçasy ençeme işler ýazypdyrlar. Şolaryň hatarynda ors ofiseri N. I. Grodekow “Türkmenler ilindäki uruş” diýen eserinde ençeme maglumatlar berilýär. Emma ol patyşa ofiseri bolansoň, wakalara kolenzatorlaryň nukdaý nazaryndan seredýär. Türkmenleriň gahrymançylyklary ýeterlik derejede görkezilmeýär. Öz topragyny basybalyjylardan goraýan halk duşman diýip atlandyrylýar.

Patşa orsýetiniň Türkmenistany basyp almakdaky harby ýörişlerine gatnaşyp, wakalary amala aşyran, müňlerçe türkmeniň bugünä ölümine günäkär bolan patyşa ofiserleri, generallary öz işlerinde türkmenleriň zalymlyk bilen tabyn edilendigini boýun alypdyrlar. Bu babatda M.A. Terentewiň “Orta Aziýanyň basylyp alynmagynyň taryhy” diyen işinde anyk duýulýar. Awtorlar wakalary häsibasyp almaklygyň sebäbini maksatlar bilen düşündiripdirler.

4. Türkmenistan özüniň garaşsyzlygyny alandan soňra 1992-nji ýylyň bitaraplyk aýynyň 14-de Türkmenistanyň halk maslahaty bolup geçýär. Maslahatda Prezidentimiz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasat barada söz sözledi.

  “Türkmenistan kopitalizm, sostalizm ýoly bilen däl-de özüne mahsus ösüş ýoly  bilen barýar. 

Dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynyň ykdysady we medeni tejribesine öwrenip, özüniň durmuş şertine, milli däp-dessuryna laýyklykda dünýewi demokratik döwlet gurýar” diýip belleýär. Garaşsyzlygyň gadamlary barada giňişleýin düşünje berdi. Milli galkynyş hereketiniň maksadyny düşündirdi.

1994 ýylyň Ruhnama aýynyň 1-de “Mekan” köşgünde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy “Taryhyň sapaklary hakda we döwrün öňünde goýýan meseleleri hakynda” talyp ýaşlaryň öňünde çykyş etdi.

70 ýylyň dowamynda taryhymyzyň ýoýlandygyny açyk öwrenilmändigini belleýär. Beýik döwletiň dörän hem ýok bolan pursatlary, olaryň ornuna beýlekileriň gelen pursaty, bir dinastiýanyň beýleniki çalşyran pursady. Siwilizasiýanyň juda belende göterlip, soňra dargan pursatlary taryhda kän boldy. Sowet Soýuzy hem dargady. Gadymy Rim imperiýasynyň, Parfiýa döwletiniň, Arap halyfatynyň, Beýik Mongollar inperiýasynyň dargaýşy ýaly. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy 1985-1994 ýyllar aralygyndaky döwrün taryhyň doly ýazylmandygyny we öwrenilmändigini belläp geçýär. Türkmenistanyň hiç haçan SSSR-iň deň hukukly agzasy bolmandygyny. Türkmenistanyň özüne degişli ýekeje meseläni hem çözüp bilmändigini. Öndürilýän önümleriň girdejisi hakynda hiç hili maglumatlary bilmändikleri barada belläp geçýär.

1983 ýyla çenli Türkmenistan Russiýa döwrüne birikdirildi diýen termin ulanylýardy. Şol ýyl GKP MK-nyň “Türkmenistan SSSR-iň TKP-ň döredilmeginiň 60 ýyllygy we Türkmenistanyň Russiýanyň düzümine meýletin girmeginiň 100 ýyllygy hakda” karar kabul edilýär. Şeýlelikde şondan soň Türkmenistan russiýa meýletin girdi diýen termin ulanylyp başlanýar. Basybaljylyk syýasatynyň alnyp barlan ýerinde meýletinlik düşünjesiniň ulanylmagy hakykata dogry gelmeýärdi.

Türkmenistanyň patyşa Russiýasyna baknalyk döwri hem-de Türkistan ülkesiniň türkmen ýerlerinde Sowet häkimýetiniň berkarar edilşi barada professor Ç. Ýazlyýew “Türkmenistan XIX-XX ýüzýyllyk-ň sepgidinde” diyen okuw gollanmasyny ýazýar. Bu kitapda erkin türkmen halkynyň kesekilere bakna bolşy barada gürrüň berilýär.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Türkmen politehniki institutyAwstraliýaAtçylyk sporty döwrüň batly gadamlaryndaGimalaýlarFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarMatematikaXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiMary welaýatyHajathana edepleri (Yslam)DessanlarKopernigiň Älem baradaky taglymatyGün ulgamyHaýzGaýyTaryhBagşyAmazonkaTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeWarikozGyzyljaSerdar BerdimuhamedowJyns gatnaşygyň kadalary (Yslam)Turgut ÖzalGaýgysyz AtabaýewFilosofiýanyň taryhyIslam kalendaryTürk diliSitomegalowirusSabynTäjigistanRimiň taryhyMaldiwlerFutbol boýunça klub dünýä çempionaty-2025TransformatorSenagatçylar we Telekeçiler partiýasyWolgaWenesuelaAtamyrat AtabaýewGülli ösümlikleriň maşgalasyGökdepe urşyDöwletmämmet AzadyHimiýaKelle beýnisiMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiPelwertMerkezi Aziýa Teýmir we Teýmiriler döwründeJeren HalnazarowaEýran Yslam rewolỳusiỳasyMilli bilim ulgamyny kämilleşdirmekTäze GwineýaKubaWaşington (Kolumbiýa okrugy)MarketingGruziýaMolla Töre ahunAziýa oýunlaryTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyHytaý Halk RespublikasyGurbannazar EzizowKel bagşyAwgustDurdy GylyçArgentinaAl-HorezmiToponimikaBalkan welaýatyAbylgazy Bahadyr hanÄnewAzarbeýjanTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryTürkmen edebiýatyEser West🡆 More