Daşoguz

Daşoguz (öňki: Daşhowuz, iňlis: Dashoguz, rus: Дашогуз öňki rus: Дашховуз, Ташауз).

Türkmenistanyň demirgazyk bölegindäki Daşoguz welaýatynyň merkezi şäheriniň adydyr. Demirgazyk ykdysady etrabyň iň uly senagat, ulag, medeniýet we durmuş, administratiw merkezidir. Ilat sany - 227 184 adam. (2009)

Ýerleşişi

Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda, Şabat kanalynyň iki ýakasynda ýerleşýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada daşlygy - 546 km, Garagalpagystanyň paýtagty Nöküse çenli 76,6 km, Özbegistanyň Horezm welaýatynyň merkezi şäheri Ürgenje bolsa 80 km daşlykda. Şäherde demir ýol wokzaly we aeroport ýerleşýär. Aeroport şäherden 10 km daşlykda.

Adynyň gelip çykyşy

Şäheriň resmi adynyň gelip çykyşy "Gorkut ata" eposynda ady geçen Daş Oguzlardan gelýänligi bellenilýär. Irki döwür Oguz taýpalary Iç Oguz we Daş Oguzlar diýilýän iki şahamça bölünýärdiler.

Taryhy

  • Şäher 1681-nji ýylda Hywa hanlygynyň çäklerinde süýji suw guýuly kerwensaraý we gala hökmünde gurulýar.
  • Daşkent begliginiň merkezi.
  • 1920-nji ýylda Horezm halk respublikasynyň düzüminde Türkmen oblastynyň (welaýat) merkezi.
  • Oktýabr 1924-nji ýylda Türkmenistan SSR-nyň düzümine girýär.
  • 1992-nji ýylda "Ташауз" bolan rus dilindäki ady "Дашховуз" diýip üýtgedildi.
  • 1999-njy ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň teklibi netijesinde şäher "Daşoguz" diýlip täzeden atlandyryldy.

Tags:

2009Daşoguz welaýatyŞäher

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

1945Görogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriÝewropa2000–2009BolgariýaJek LondonBalkanabatMähri PirgulyýewaDümewPaleolit döwriEýranYkdysadyýetÇapadyTagtabit22 awgustFutzalTürkmen halysy26 dekabrHalkara nebit we gaz uniwersiteti17-nji asyrMährGündogar Aziýa1876Induktiwlik tegegiOsman türkmenleriniň döwletiErnest HemigueýEvrim AkınImanKufrTürkmenistanyň baýdagy52TaýlandTürkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýanyHajjRealist howpsuzlyk ebeteýiPagtaTäze ZelandiýaSüýjülik (kesel)Çekimli harplarTürkmen alabaýy2 fewralTehnologiýaTürkmenistanyň taryhynyň XIX – XX ýüz ýyllyklaryOwganystanGünorta Afrika RespublikasyKerim GurbannepesowTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeWi-fi tehnologiýasyTürkmenistanyň Merkezi bankyPişme (hworost)OtitSSSR XX asyryň 60-80-nji ýyllaryndaStatistikaÝyllaryň sanawySaparmyrat Esenowiç OwganowSaryýazy - suw howdany we onuň ähmiýeti.Teke taýpasyFizikaÄrsary babaWayback MachineKelemTürkmen halkynyň kemala gelmegiTürkmenistan gadymy zamandaIspaniýaYDollarDinTaryhda yz galdyran türkmen zenanlar30🡆 More