17-Nji Asyr

Müňýyllyk: 2-nji müňýyllyk
Asyrlar: 16-njy asyr · 17-nji asyr · 18-nji asyr
Onýyllyklar: 1600ýý 1610ýý 1620ýý 1630ýý 1640ýý1650ýý 1660ýý 1670ýý 1680ýý 1690ýý
Kategoriýalar: Dünýä inenler – Aradan çykanlar
Gurlan döwletler – Synan döwletler

Wakalar we ykdysadyýet

1602-nji ýyl: Horezmiň hany Hajymuhammet hanyň ölümi.

1602-1621-nji ýyllarda Arapmuhammet hanyň Hywada hanlyk sürmegi. Onuň kakasy Hajymuhammet han. Arapmuhammet hanyň höküm süren döwründe Horezmde gazaply gandöküşikli feodalçylyk uruşlary bolupdyr. Şol uruşlara türkmen han-begleri we taýpalary köpçülikleýin gatnaşypdyrlar. Ol uruşlar Horezmi we bütin Orta Aziýany Rus döwleti bilen baglanyşdyrýan söwda ýo llaryny, ýer-suwy, syýasy häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barlypdyr.

1606-njy ýyl-Garajaoglanyň (şahyr) dünýä inmegi.

1606 - njy ýylda Žitwatorok şertnamasy.

1623-1642-nji ýyllar: Ispendiýar hanyň dolandyrmagynda Hywa hanlygy. Ispendiýar han Türkmen atly goşunynyň güýjüne daýanyp häkimiýeti berkitmegi.

1626-njy ýyl: Hindistanyň türkmen hökümdary bolan Abdyrahym Baýram han oglynyň ölümi.

1645-nji ýyl: Çingiz hanyň neslinden bolan Abylgazynyň Hywada häkimiýet başyna geçmegi. Netije-de Hywada özbek feodallarynyň agalygy dikeldilipdir.

1545-1546-njy ýyllarda Abylgazy han türkmenleriň soňuna çykmak hakyndaky syýasaty we alyp baran işleri.

1646-njy ýyl: Abylgazy Bahadur hanyň Hywa tûrkmenlerini ähtiýalanlykda hezzet-hormat bildirip gije olaryň 200-den gowragyny öldürtmegi. Diri galan az sanly türkmenleriň günorta Türkmenistana gelmekleri.

1646-njy ýyl: Gyş aýynda Abylgazy Bahadyr hanyň Tejen türkmenleriniň üstüne talaňçylyk bilen dökülmegi we olary gyrgyna bermekligi. Şondan soň Tejen türkmenleriniň bir topary Mara we Ahala tarap süýşüp gelmekleri.

1648-nji ýyl: Abylgazy Bahadyr han Ahaldaky türkmenleriň üstüne uly ýörüş etmegi. Şol wagtlar Abylgazy hanyň zulmyndan gaçyp gelen türkmenleriň uly topary Bamy we Börme töweregine ýygnanyşmaklary.

1645 - njy ýylda: Krit adasy Osman türkmenleri tarapyndan basylyp alyndy.

1651-nji ýyl: Dünýäniň iň uzak çeken söwei bolan üç ýüz otuz bäş ýyllyk söweşi başlandy.

1651-nji ýylda: Abylgazy Bahadur han Demirgazyk Etrek çöllerinde çarwaçylyk edýän türkmenleriň üstüne çozmagy. Onuň türkmen obalaryndan birnäçe olja we ýesir almaklygy.

1653-nji ýylda Abylgazy Bahadur han ýene-de Ahalyň üstüne ýörüş edip Goçatanyň ýanyndaky Ýemrelileriň birentek obasyny tozdurmagy.

1653-nji ýylda Abylgazy Bahadyr hanyň Dynar guýusynyň golaýynda oturan Salyrlaryň obasyny talamagy.

1553一1654-nji ýyllara (başlanan wagty 1648-nji ý) çeken birnäçe uruşlaryň netijesinde Abylgazy han Türkmenleri boýun egdirip bilmezligi.

1661-nji ýyl一Abylgazy Bahadyr han一«Şejereýi Teräkime» atly Türkmenleriň şejere kitabyny ýazyp tamamlady.

1663-nji ýyl: Ukraina, Osman türkmenleriniň hemaýatyna girdi.

1664-nji ýylㄧS. Gotthard ýeňişi we Osman türkmenleriniň ýeňilmegi.

1669-njy ýyl一Krit adasy Osman türkmenleri tarapyndan basylyp alyndy.

1676一1681-nji ýyllar一Osmanly-Rus söweşi bolup geçdi.

1679-njy ýyl: Garajaoglanyň (şahyr) ölümi.

1683-nji ýyl: Wiýana gabawy.

1687-nji ýyl: Mohaç ýeňişi.

1691-nji ýyl: Salankamen ýeňişi.

1695-nji ýyl: Goýun adalary ýeňşi.

1695-nji ýyl: Döwletmämmet Azady dünýä indi. Ol Garrygalada, Etrek, Gürgen sebitlerinde ýaşap geçen.

1699-njy ýyl: Karlofça şertnamasy baglaşyldy. Osman imperiýasy durgunlyk ýagdaýynda saklandy.

Möhüm şahsyýetler

  • Abulgazy Bahadur han
  • Arapmuhammet
  • Keymir serdar
  • Abbas I
  • Garry han

Oýlap tapyşlar, açyşlar, täzelikler

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Bosniýa we GersegowinaMongol imperiýasyAlgebraPedikulýozAIDSLatyn AmerikasyWikipediýaBelarus döwlet uniwersitetiGobi çöliIňlis diliSantiýagoÝolöten etraby«Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyEýran-Yrak urşy13 oktýabrMerezýelMagtymguly PyragyTürkmenistanyň taryhyAlabaýAk öýliHüwdülerMüsürSalyrAleksandr Sergeýewiç PuşkinTurgut ÖzalUkrainaHindistan25 dekabrIsaak NýutonMerkezi AziýaTürkmenistanyň garaşsyzlyk baýramyBerdinazar HudaýnazarowKakageldi AbdullaýewÝusup BalasagunlyTürkmenistandaky etraplar we şäherlerDaşoguzMary sőweşiDurdy DurdyyevMuhammedBirinji tirýek urşyMartAlek­sandr Graýam BellBirleşen Arap EmirlikleriHeopsWitr1090ýýFutbolMuhammet Jelaletdin RumySeljuk begHorwatiýaNurmuhammet AndalypDurdy BaýramowMahmyt KaşgarlyFilistin DöwletiDemirgazyk AmerikaNifäsAlp ArslanGoçmyrat ahunJumaTürkmenistan respublikasynyň döwlet gimniSarahs söweşiDrobWatikanTürkmen bagşyçylyk sungatyGörogly etrabyDäliden dogry habar (çeper eser)DunaýHaramTürkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany🡆 More