Garajaoglan

Garajaoglanyň asly türkmen, doglan ýeri häzirki Bereket etraplary diýlip çak edilýär.Ömrüniň köp bölegini Türkiýede,Toros daglaryna göçüp baran türkmenleriň arasynda geçiripdir.Ol Türkiýäniň köp şäherlerinde,obalarynda bolýar.Şahyrçylyga Türkiýede başlapdyr.

Garajaoglan köp ýurtlary gezip, halklaryň durmuşyny ýakyndan öwrenen şahyr. Ol Kawkaz, Balkan ýurtlaryny, Azerbeýjany, Siriýany, Müsüri, Rumystany, tutuş Anadolyny aýlanypdyr. Ol ýurtlarda gören ýerlerini goşgularyna geçiripdir. Şahyryň çyn ady Hasan Gara Ylýas ogly bolupdyr. Garajaoglanyň durmuşy hakyndaky ýazgylar biziň günlerimize gelip ýetmändir. Şygyrlaryndaky maglumatlardan netije çykarýan alymlaryň bir topary onuň 17-nji asyrda ýaşandygyny (1606-1679-80 diýip çak edilýär) tassyklaýarlar. Garajaoglanyň şygyrlaryndan:

<<Ýat ile gitme>>

Gel,köňül,ýat ile gitme,

Ýa geliner,ýa gelinmez.

Her gözele meýil etme,

Ýa söýüler,ýa söýülmez.


Şam-u Şerifdir zatymyz,

Ýüwrükdir biziň atymyz.

Ýat illerde gymmatymyz

Ýa biliner,ýa bilinmez.


Garajaoglan,düş ýola,

Hyzyr ýoldaş bolsa bile.

Ýar diýdigiň demir gala,

Ýa alynar,ýa alynmaz.

Şahyryň başgada 《Gyrmyzy》, 《Gara dälmidir》, 《Gül ynjamasyn》, 《Diýsem öldürerler, diýmesem ölem》ýaly şygyrlary türkmen halkynyň arasynda meşhur aýdymlara öwrülip, geçen asyrlardan bäri toý-tomaşalaryň bezegi bolup gelýär.

Tags:

AzerbaýjanMüsürSiriýa

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

ParižPars diliWilýam ŞekspirAlman diliBaýram han TürkmenBerdinazar Hudaýnazarow1742Dykma serdarTürkmen halysyÄrtogrul Gazy2022Täşli GurbanowBronhial astmaTürkmenistanyň döwlet kitaphanasy2023Egeý deňziÖzbek diliGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiBender TürkmenDiş agyryWarikozAlan DerşowitzTagtabazar etrabyMatallarMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriTebigy gurşawyň hapalanmagyTürkmen milli oýunlaryGyzyl kitapKöriçegeDilAbdyýewa Bahargül GurbanmyradownaAraplar VI-XI asyrlardaIslämPifagorŞirk1475Zehin synagyMerezýelIkinji Garagum urşyDýatlow geçelgesiIslami NakylTürkmenistanyň ykdysadyýetiTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasySüleýman Iİkinji Jahan UrşyMary welaýatyKompýuter grafikasyHaramHalap1918Mineral baylyklarHalkara Matematiki adalgalarSowuk uruşErnest Hemigueý1048Gadyr gijesiGörogly eýýamynyň taryhy çeşmeleriNikaKoreýa RespublikasyAwestaAutizmRussiýanyň Ukraina basgynyImpuls1062Gaýgysyz AtabaýewSaparmyrat Türkmenbaşy halkara aeroportyAbadan HalmedowaOguz han🡆 More