Oňurga Ýiligi

Oňurga ýiligi merkezi nerw ulgamynyň iň irki emele gelen bölümidir.

Gurluşy

Onuň silindr şekilli görnüşi bolup, uzynlygy 42-45 sm, diametri 1 sm töweregidir. Oňurga ýiligi oňurgalygyň süňk ýodasynda ýerleşýär. Ol kelleçanagyň ýeňse deşiginiň aşagragyndan başlanyp, süýri beýniniň gös-göni dowamydyr. Ol 1-2-nji bil oňurga süňkleriniň deňine çenli ýetýär. Ol ýerden türre süňküne çenli onuň hiç hili wezipäni yerine ýetirmeýän bölegi - ujundaky sapajygy uzalyp gidýär. Oňurga ýiligi birleşdiriji dokumadan emele gelen üç sany barda bilen örtülen. Olar oňurga ýiligini gorap saklaýarlar we iýmit bilen üpjün edýärler. Boýun we aşaky döş oňurga süňkleriniň ýerleşýän ýerlerinde oňurga ýiligi ýognalma emele getirýär, bu ýerde ondan ujaklara tarap örän uly nerwler uzalyp gidýärler. Oňurga ýiliginiň öň we yz üstlerinde, bütin boýuna joýajyk uzalyp gidýär. Ol joýajyk oňurga ýiligini sag we çep ýarymlara bölýärler. Oňurga ýiliginiň kese-kesiginde, onun merkezinden bütin boýuna uzalyp gidýän örän inçejik oňurga ýilik akarynyň bardygy görünýär. Ol limfa meňzeş suwuklyk bilen doldurylandyr. Oňurga ýilik akarynyň töwereginde çal madda ýerleşýär. Çal madda oňurga ýiliginiň kese-kesiginde ganaty ýazylan kebelek görnüşinde ýa-da «N» (en) harpy ýaly bolup görünýär. Çal madda neýronlaryň uzyn ösüntgilerinden emele gelen ak madda bilen gurşalandyr. Olar beýniniň geçiriji ýollaryny emele getirýärler, ýagny oňurga ýiliginiň nerw merkezlerini bir-birleri bilen we kelle beýnisiniň nerw merkezi bilen birleşdirýärler. Oňurga ýilik nerwleri oňurga ýiliginden uzalyp gidýärler. Olar bedeniň göwre böleginde, boýnunda we ujaklarynda şahalanýarlar. Oňurga ýilik nerwleri merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan nerwlerden ybaratdyr.

Ýerine ýetirýän işleri

Köp sanly gözegçilikler we tejribeler oňurga ýiliginde hereket ediş pitewalarynyň merkeziniň ýerleşýänligini görkezdi. Görnükli rus fiziology I.M.Seçenow (1829-1905) öz geçiren barlaglarynda oňurga ýiliginde bolýan hadysalaryň üstüni açýar. Oňurga ýiligi esasy 2 sany, ýagny reflektorlyk we geçirijilik işini ýerine ýetirýär. Oňurga ýiliginiň reflektorlyk işi hereketi üpjün edýär. Oňurga ýiliginiň üsti bilen bedeniň skelet myşsalarynyň ýygrylmagy bilen baglanyşykly (kelle myşsasyndan başgasy) reflektorlyk dugalary geçyär. Ýönekeý hereketlendiriji refleksiň mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edýär. Ol dyz çanagynyň aşak ýüzündäki siňre duýdansyz urlanda, aýagyň çalt galdyrylmagynda ýüze çykýar. Oňurga ýiligi kelle beýnisi bilen bilelikde içki synalaryň: ýüregiň, aşgazanyň, peşew haltajygynyň, jyns synalarynyň işini sazlayar. Oňurga ýiliginiň ak maddasy geçirijilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyň ähli bölümleriniň baglanyşygyny we sazlaşykly işini üpjün edýär. Oňurga ýiligine reseptorlardan gelýän nerw impulslary ýokary gidýän geçiriji ýollar boýunça kelle beýnisine geçirilýär. Impulslar kelle beýnisinden aşak inýän geçiriji ýollar boýunça oňurga ýiliginiň aşakda ýerleşýän bölümlerine - olardan bolsa synalara baryp ýetýär. Kelle beýnisi oňurga ýiliginiň işini sazlaýar. Oňurgalyga zeper ýetmeginiň ýa-da döwülmeginiň netijesinde adamyň oňurga ýiligi bilen kelle beýnisiniň arasyndaky baglanyşygyň üzülyän halatlary bellidir. Şeýle adamlaryň kelle beýnisi kadaly işleýär. Emma merkezleri şikes yeten ýerden aşakda ýerleşyän oňurga ýilik refleksleriniň köpüsi ýitýärler. Şeýle adamlar kellesini öwrüp, iýip-içip, bakyşynyň ugruny üýtgedip, kähalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilýärler, şol bir wagtyň özünde hem olaryň göwresiniň aşaky bölegi ysman, duýujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir.

Çeşme

Orta mekdepler üçin niýetlenen Biologiýa 8 kitaby

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Ahal-teke bedewleriBürgütBaýram namazyDümewBäbekGijilewük sakyrtgasyBitcoinAl-HorezmiWan Gog Win­senAtçylyk sporty döwrüň batly gadamlaryndaMary welaýatyAdamGöwrelilikPlanetaPişikMuguthor gurçuklarOsman IMarguş - MargianaTalakMukaddes Ruhnama Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baş taglymatydyrLukmançylyk ylmynyň kanunlaryNedir şaGurbandurdy Zelili Ömri we DöredijiligiKolumbiýaHttpIswiçHazar goraghanasyBalkan welaýatyÝuwaş gelin (film)AşgabatDaniel DefoSosiologiýaGarajaoglanCncАк öýKuranKopernigiň Älem baradaky taglymatyXX – nji asyryň 20-30-njy ýý-da türkmen halkynyň özbaşdak, milli döwlet gurmak ugrunda göreşiWikipediýaAwstraliýanyň we Okeaniýanyň halklaryTürkmenistanyň welaýatlaryBlogHlamidiozTürkmenistanyň taryhynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamyKosta-RikaGeografiýaTürkmenistanyň gerbiBeýik Saparmyrat Türkmenbaşy zamanasynda türkmen halkynyň medeni mirasynyň we sungatynyň täzeden dikeldilmegiInçekeselRimiň taryhyPalawLatyn Amerikasy XVII asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenliDeňlemeMolekulaGüljemal hanTürkmenistanyň taryhy boýunça edebiýatlarDýatlow geçelgesimarketingABŞ prezidentiÝagtylykIlkidurmuş jemgyýetiniň taryhyMagtymguly Pyragynyň guburyGýote Iogann WolfgangJeren HalnazarowaPifagoryň teoremasyŞri-LankaPenisGuduzlamaGoraghanalarRussiýaWladimir PutinProgramistTürkmenistandaky etraplar we şäherlerMerkezi bankAşgabatda ýer titremegi (1948ý)🡆 More