Daniel Defo

Daniel Defo (iňl.

Oňa ilki dini bilim berlipdir, emma Daniel çagalykdan çeper edebiýaty okamagy halaýan eken. Ol Nýuington akademiýasynda grek, latyn dillerini, nusgawy edebiýaty öwrenipdir. Okuwy tamamlanyndan soň Daniel ilki birnäçe ýyllap söwda edýär, soňra ep-esli wagtlap galamgär, neşirýatçy, içaly we başga-da dürli-dürli kärlerde işleýär. Üstesine-de döwrüň ähli syýasy çarelerine işjeň gatnaşyp, syýasatçy hökmünde-de tanalypdyr. Has hem galamgär hökmünde uly meşhurlyk gazanypdyr. Onuň häli-şindi çap edilýän makalalary ýurduň syýasaty-jemgyýetçilik durmuşyna uly täsir edipdir. Ýazyjy diňe 59 ýaşanynda çeper edebiýat bilen ymykly meşgullanyp ugraýar. Defo uzak wagtlap galamgär bolup işlänsoň, onuň ýazyş usuly çeper eserlerine-de öz täsirini ýetiripdir, eserler sada hem düşnükli, dogruçyl dilde ýazylypdyr. Ýazyjynyň ilkinji döreden romanlary gaty bir uly üstünlik gazanmandyr. Diňe 1719-njy ýylda, «Robinzon Kruzo» romany çap edileninden soň, Defo diňe bir Angliýada däl, bütindünýä meşhurlygyna eýe bolýar. Üstünlige başyny aldyran ýazyjy derrew eseriň dowamyny ýazypdyr, emma olar zehini bilen hem, şöhraty bilen hem romanyň birinji kitabynyň derejesine ýetip bilmändir. Defonyň başga-da birnäçe belli eserleri bardyr. Olaryň arasynda has hem «Meşhur Moll Flendersiň begenji hem hasraty»(1722), «Gyrgynly ýylyň gündeligi»(1722), «Roksana»(1724), «Deňiz galtamançylygynyň taryhy»(1724) romanlary, «Jonatan Waýldyň ömri we etmişleri» atly öz döwrüniň belli jenaýatçysy baradaky kitaby hem üns berilmäge mynasypdyr. Bu eserler häzir hem özüniň gymmatyny ýitirmediler. Emma bu eserleriň hiçisi-de bütin adamzat medeniýetinde yz galdyran «Robinzon Kruzo» romany bilen bäsleşip bilmez. Daniel Defo umuman 200-e golaý kitap çap etdiripdir. Ol 1731-nji ýylda, 70 ýaşynda, Londonda aradan çykypdyr.

Daniel Defo

Tags:

1660173126 aprelIňlis diliLondon

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Gurbanguly BerdimuhamedowMeredow Myratgeldi ResulowiçHINDISTAN XIII – XVII ASYRLARDAAdaty lakgaTürkmenistanyň taryhynyň Oguz han eýýamyna degişli çeşmeleriMary sőweşiSalyrÇingiz hanTürkmen elipbiýiMehaniki hereketÄrsary babaGarajaoglanGadymy Gresiýa taryhyKerim GurbannepesowTehnologiýaEbu Bekir es-SulyBronhitÝunus EmreTürkmenistanda COVID-19 pandemiýasyTürkmenistan 1941-1945 ýyllaryň Watançylyk urşy döwründeErnest HemigueýGoogleBekre balykÝabany we medeni ösümliklerFerdöwsiImanTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriSaparmyrat NyýazowÝanszyPnewmoniýaWenesuelaGaýgysyz AtabaýewSaud ArabystanHoja Ahmed ÝasawyHasaplaýyş tehnikasynyň taryhySoltan Sanjar mowzeleýiPişikHäzirki zaman dünỳäsinde Türkmenistanyň ornyWarikozMagtymguly eýýamynyň taryhy çeşmeleriTejen etrabyAwstriýaBeýik Ýüpek ýolyAltymyrat OrazdurdyýewAntarktidaLebap welaýatyndaky etraplarTürkmenistanyñ ŞäherleriAmyderýa goraghanasyAtabaý ÇargulyýewSoltan Sanjaryň aramgähiWiruslaryň görnüşleri we aýratynlyklary boýunça toparlara bölünişiMagtymguly Pyragynyň guburyTürkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaGünorta AmerikaAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryKompýuter grafikasyTebigy gurşawyň hapalanmagyHindistanDykma serdarDagGadymy MüsürAbu Aly ibn SinaGoşma sözlem we ýönekeý sözlemTürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasuýalar institutyKöpetdagMustafa Kemal AtatürkGünorta Afrika RespublikasyAýratyn goralýan tebigy ýerler (AGTÝ) barada düşünjeOtitUnitar döwletBlog🡆 More