Agtý Barada Düşünje Aýratyn Goralýan Tebigy Ýerler

Aýratyn goralýan tebigy ýerler – tebigy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürliligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek maksady bilen döwletiň aýratyn goragyna alnan, aýratyn tebigaty goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki gymmaty bolan tebigy gurşawyň ýer bölekleri (ýerler, tokaýlar, suwlar, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi), tebigy toplumlar we aýry-aýry obýektlerdir.

Tebigy landşaftlary öwrenmek, olaryň asyl nusgasyny gorap saklamak, dikeltmek we geljekki nesillere miras galdyrmak, olaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň degişli görnüşlerini köpeltmek, ýaýratmak maksady aýratyn goralýan tebigy ýerler döredilýär. Häzirki döwürde dünýäde 3 müňden hem gowrak gorag ýerleri hereket edýär. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň dürli görnüşlerini tapawutlandyrýarlar. Başgaça aýdanymyzda, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň dürli klassifikasiýasy ulanylýar.

“Aýtaryn goralýan tebigy ýerler hakynda ”Türkmenistanyň Kanunynda (2012 ý.) gorag düzgünini döretmegiň we görnüşiniň maksatlaryna baglylykda goraýan tebigy ýerleriň aşakdaky ýaly görnüşlere bölünýändikleri bellenýär:

  1. döwlet tebigy goraghanalary;
  2. döwlet biosfera goraghanalary;
  3. milli tebigy seýilgähler;
  4. döwlet tebigy ýerli goraghanalar;
  5. döwlet tebigy ýadygärlikleri;
  6. sagaldyş maksatly tebigy ýerler;
  7. döwlet botanika baglary;
  8. döwlet zoologiýa seýilgähleri.

Aýratyn goralýan tebigy ýerleri halkara, döwlet we ýerli ähmiýetli derjelere degişli edýärler.

  • IUHD. Akyýew Guwanç

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

FäjrTrihomoniazÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary1339ABŞ-daky Raýatlyk urşyGalaktikaPulÄnew metjidiniň ansamblyMary sőweşiÖzbegistan respublikasynyň döwlet gimniGowşut HanŞaşkaÝemenKastamonu (il)1391Marvel studiýasyNikähAwstriýaKöpetdag goraghanasyWilliam Randall KremerI jahan urşy we Aziýa we Afrika ýurtlaryOraza386At güý­jiAtabaý Çargulyýew.saÝapon diliBronhit.htInduizmHankendiSanlar teoriýasyISBNTürkmen edebiýatyGaragumDeliBägül güllüler maşgalasy1810Araplar VI-XI asyrlardaPuluň gelip çykyşynyň taryhyAhal welaýatyDemirgazyk KoreýaGawunKädiIndoneziýaEýranNÝerAIWIňlis diliAbdyrahman JamyIsaak Nýuton1910Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky.Nurmuhammet AndalypDöwlet gurlyşy barada düşünje we onuñ görnüşleriKerim Gurbannepesow28 maýMagtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiDaşoguzGerodot1049Gündogar ÝewropaGarynjaGünorta Afrika RespublikasyGaragum derýasyDižalma SantosAmyderýa🡆 More