Abdyrahman Jamy

Abdyrahman Jamy Nuretdin ibn Ahmet (1414-1492) - Şahyr, alym.

Şahyryň ata-babalarynyň asly Yspyhanyň golaýynda ýerleşýän Deşt diýen ýerdendir. Olar şol ýerde ep-esli wagt ýaşahlaryndan soň, Horasanyň Jam diýen welaýatyna göçüp gelýärler we kazyçylyk, müftüçilik käri bilen meşgullanýarlar. Abdyrahman Jamy bolsa Jamda doglany üçin, edebi lakamyny Jamy diýip saýlap alýar. Ol pars dilini, edebiýatyny, şeýle hem arap dilini oňat bilipdir. Ondan başga-da geometriýany, filozofiýany, hadysy, yslam dininiň kada-kanunlaryny, Kurany okamagy, oňa düşündiriş bermegi, edebiýat teoriýasyny hem oňat bilipdir. Şahyr Samarkandyň we Hyradyň medreselerinde okapdyr. Şahyryň tälim alan alymlaryndan Möwlana Şahabetdin Muhammet Jajaremini, Möwlana Sagdetdin Kaşgaryny, Kazy zadeý-Rumyny ýatlamak bolar. Ol Sagdetdiniň gyzyna öýlenýär. Ondan dört ogly bolýar, emma üçüsi ýaşlykda aradan çykýar. Şahyr olaryň ölümine bagyşlap, elegiýalar hem ýazypdyr. Onuň dogany Möwlana Şemseddin Muhammet hem öz döwrüniň bilimli hem meşhur tebiplerinden biri bolupdyr. Teýmiritleriň döwründe ýaşanlygy üçin onuň eserlerinde şol dinastiýada häkimlik eden Babyryň, Soltansöýün Baýkaranyň, Ebu Saidiň, Ulugbegiň atlaryna duş gelinýär. Ol Azerbaýjanda häkimlik eden türkmen emirleri bilen ýakyndan aragatnaşykda bolupdyr. Hatda olaryň birnäçesine bagyşlap şygyr hem döredipdir. Jahan şa türkmen bolsa öz diwanyny, zer jähekli bir possun sowgat iberipdir. Öz döwürdeşi, meşhur şahyr, döwlet işgäri Alyşir Nowaýy bilen tanşyp, onuň bilen dostlaşýar. Nowaýy ony öz ussady hökmünde hemme tarapdan goldaýar, kömek edýär. Şahyr "Kaşky" diýen şygyryny Nowaýynyň türki dilinde ýazan "Käşki" atly şygrynyň esasynda döredýär. Ol Hyrada, Samarkanda, Merwe, Faraba, Bagdada, Daşkende, Mekgä, Töwrize syýahat edipdir. Şahyr köp sanly özboluşly eserler döredipdir. Olardan "Ýusup-Züleýha", "Sibhat el-Abrar", "Nefahat el-üns", "Baharystan", "Salaman we Afzal", "Tuhfat el-Ahrar", "Risalen-aruz", "Arba-in" (Çehel-hadys), "Häft ewren", "Harednamai-Isgenderi" diýen eserleri görkezmek bolar.

Abdyrahman Jamy
Abdyrahman Jamy
Kitabyndan nusga'

Tags:

Alyşir NowaýyArap diliAzerbaýjanBagdatDaşkentGeometriýaHadysKuranMedreseMekgeMerwPars diliTöwrizYspyhan

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Ýatgynyň miomasyAýbaşyDöwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty1987Jyns gatnaşyklaryMary welaýatyÇakyýew Mämmethan Berdimyradowiç1978Täze ýylSin nasilşalygyTürkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyS.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba Hojalyk UniwersitetiLebap welaýatyndaky etraplar we şäherlerFutbol taryhynda iň köp oýun uran oýunçylarMr. Bean (gahryman)NepalBolgariýaKNýu-Ýork şäheriAbul Fazl kümmeti.MerkantalizmKufrPalawGündogar AziýaPagtaTürkmenistanyň milli futbol ýygyndysyGünorta SudanTürkmenistan Görogly beg türkmenin eyyamyndaJüneýit hanUkyWilýam ŞekspirTürkmen pasportyTäçmämmet JürdekowMuhammet TaparTürkmen dili grammatikasyŞükür bagşy (film)Merw5Türkmen elipbiýiÝaňyltmaçlarÖýjükWenaBerdi KerbabaýewWan Gog Win­sen1899Hajy YsmaýylowDOMNurmuhammed AndalypBlogBosniýa we GersegowinaTupak ŞakurGäwürgalaSosiologiýaIslämTrapesiýaJeren HalnazarowaBirleşen Milletler GuramasyRemezan.jpÝemenIndYrakdaky Seljuk türkmenleriň döwleti21Kerim GurbannepesowZenan bagtynyň syryGadymy Gresiýa taryhyEgin-eşik (Yslam)ZSaryýazy - suw howdany we onuň ähmiýeti.Ukraina.jmSalyrAşgabatBronhial astma🡆 More