Eneolit Döwri Garadepe

Garadepe Artyk obasynyň golaýynda ýerleşen eneolit dowrüniň esasy ýadygärliklerindendir.

Garadepäniň ýaşaýjylary ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Garadepe b.e öňki IV müňýyllygyň ortalalaryna degişlidir. Onuň ilaty (2 müňe golaý) ir wagtdan bäri düýäni eldekileşdirip, ony araba goşup ýük daşamak üçin ulanypdyr. Garadepede ilat çig kerpiçden salnan köp otagly jaýlarda ýaşapdyr. Ol ýerde misden ýasalan zatlar has köp bolupdyr, olaryň içinde misden ýasalan gylyç hem bar.

Garadepeden palçykdan ýasalan köp sanly aýal heýkeljikleriniň tapylmagy, olaryň mukaddes enä sežde edendiklerini görkezýär. Başga-da Garadepede geçirilen barlaglaryň netijesinde tapylan keramikalaryň ortasynda aýalyň suraty çeklilip, suratyň iki gyrasynda bolsa, erkek adamlaryň şekili görkezilipdir. Garadepeden mermerden ýasalan öküz kellesiniň heýkeli hem tapyldy. Tapylan gap-çanaklaryň ýüzünde bolsa guşlaryň, sygyrlaryň, geçileriň we barslaryň suratlary çekilipdir. Bu tapyndylar b. e. öňki IV-III müňýyllyklarda Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan ilatyň ösen sungata eýe bolandyklaryna güwä geçýär.

(MuhammetnyýazJumanyýazow)


Tags:

Eneolit döwri

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Altyn Asyr GSMWekilbazar etrabyBerdi KerbabaýewPi­ra­mi­da­ (binagärlik)Beýik Britaniýa 2-nji jahan urşundan soňky döwürdeAwstriýaHarpAntarktidaDöwletjan Ýagşymyradow1964Impuls202338LondonAkgoýunly döwletiNaryman JumaýewAbortNedir şaAltymyrat OrazdurdyýewIspaniýaInjilNikaŞweýsariýaGünorta AziýaAmerikanyň Birleşen ŞtatlaryDemirgazyk AmerikaBabasylMaryJyns gatnaşyklaryIsaak NýutonMark ZuckerbergDAdaglamaKiril elipbiýiGermaniýa 1918 – 1939-njy ýyllar aralygynda1996SuwMilli tans sungatynyň ýalkymyMerezýelGadymy HytaýMahmyt KaşgarlyTürkmenlerİkinji Jahan UrşyKuweýtTäçmahalTeke taýpasyLionel MessiBirleşen Arap EmirlikleriJüneýit HanZehin synagyTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiAwstraliýaHorezmFizikaMährijemal Mekandurdyýewna MämmedowaHalkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitety.Muhammet Jelaletdin Rumy1BelarusGökje (oba)FransiýaDöwlet gurlyşy barada düşünje we onuñ görnüşleriPäkistanAý (hemra)Şaja BatyrowPerdeganatlylar otrýadyOperasiýon sistemalarProgrammirlemeMineral baylyklarNusaý galalaryÝapon diliTürkmenistanyň taryhynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy🡆 More