Nikäh (arap.
Nikasyz, nika dogry kylynman, nika bozukly (talak bilen) ýaşaşmak gadagan.
Maşgala mukaddesliginiň iň aýdyň alamaty nikahdyr. Nikah dini esaslarda durmuş gurjak aýal bilen erkegiň özara ylalaşyk akty diýmekdir. Nikahsyz är bilen aýalyň bile ýaşamagyny «zyna» hasaplanýar. Yslam dini nikahly maşgala gurmagy sagdyn milletiň esasy we sütüni hasaplaýar.
Guruljak maşgalanyň berkligi üçin nikah zor bilen gyýylmaly däldir. Nikah gyýlandan soň gizlemän, yglan edilmelidir.
Kurany Kerimde kim bilen durmuş gurmagyň haramlygy şeýle görkezilýär:
«(Eý, mukminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.»
— än-Nisä: 23.
Bu aýata görä, yslam alymlary öýlenmek haram edilenleri üç topara bölüpdirler.
Bular: eje, ene, mama, gyzy, uýasy, erkek doganynyň we uýasynyň gyzy, bibisi we daýzasydyr.
Süýt emşen doganyňa öýlenmek haramdyr. Süýt emişmegiň kadasy şudur:
Süýt emeniň emdirene nebsi (özi), emdireniň emene özi we nesli haramdyr. Ýagny süýt enekesi, onuň enesi we mamasy, süýt enekesiniň äri, onuň enesi we mamasy, süýt emşen doganlary, olaryň çagalary, emşen doganlaryň daýzasy, bibisi emen üçin haramdyr.
Gaýyn enä, gaýyn ata, baldyza, öweý enä, öweý gyza, nikahly aýala öýlenmek haramdyr. Iki dogany bir nikahda saklamak haram bolsa-da, aýalyň ölenden soň, onuň aýal doganyna öýlenmek bolýar. Ýahudy we hristian dinindäki aýala öýlenmek bolýar, emma musulman gyzyň gaýry dindäki adama durmuşa çykmagy haramdyr. Hiç bir dine ynanmaýan we muşrik aýala öýlenmek hem haramdyr.
Nikahyň dürs bolmagynyň şertleri:
Nikany mesjidde gyýmak sünnetdir. Häzirki döwürde aýalyň hak-hukugyny goramak üçin resmi nikahdan geçilmänkä, dini nikah gyýylmasa gowudyr. Nikah gyýylýan wagty içerdäkiler çök düşüp, ellerini iki dyzynyň üstünde goýmalydyr. Nikah dabarasy gutarýança, barmaklaryňy çilşirmek, ýüzügiňi çykaryp dakmak, bir zady düwmek bolmaýar. Nikah dabarasy gutarýança, otaga girip-çykylmaly däldir. Bular nikahyň edeplerindendir.
Nikahy gyýjak kişi gyzyň we oglanyň ady bilen olaryň atasynyň ýa-da enesiniň, şaýatlaryň adyny ýazmaly. Şeýle hem mähriň mukdary anyk belli edilmeli. Eger gyz bilen oglan nikah mejlisine gelip bilmese, wekilleriniň ady ýazylýar. Mundan soň şu doga okalýar:
Soňra gyza ýüzlenip: «Bismillähi alä milleti Rosulillä, Allah Tagalanyň emri, Pygamberimiz hezreti Muhammet Mustafanyň (s.a.w) sünneti we mezhep ymamymyz Ymam Agzam hezretleriniň ijtihady we şu ýerde häzir bolan musulmanlaryň şaýatlygy bilen, pylany gyz: araňyzda ylalaşylan mehri mü'ýejjel we mehri muajjel bilen birlikde siz pylanynyň ogly pylanyny äriňiz diýip kabul etdiňizmi? (Eger gyzyň ýerine wekili bar bolsa, onda wekile: «Siz pylanynyň gyzy pylanynyň wekili hökmünde, ony pylanynyň ogly pylana aýal edip berdiňizmi?») diýip soramaly.
«Hawa, kabul etdim», (wekil bolsa «Berdim») diýilýär. Bu üç gezek gaýtalanýar. Soňra erkege ýüzlenip: «Bismillähi ala milleti Rasulillah, Allah Tagalanyň emri, Pygamberimiz hezreti Muhammed Mustafanyň (s.a.w) sünneti we mezhep ymamymyz Ymam Agzam hezretleriniň ijtihady we şu ýerde häzir bolan musulmanlaryň şaýatlygy bilen, pylanynyň ogly araňyzda ylalaşylan mehri mu'ýejjel we mehri muajjel bilen birlikde siz pylanynyň gyzy pylanyny aýalyňyz diýip kabul etdiňizmi? (Eger oglanyň ýerine wekili bar bolsa, onda wekile: «Siz wekil bolup, araňyzda ylalaşylan mehri mü'ýejjel we mehri muajjel bilen birlikde pylanynyň gyzy pylanyny – pylanynyň ogly pylanynyň aýaly diýip kabul etdiňizmi?») diýip soramaly.
«Hawa, kabul etdim» diýenden soň, bu hem üç gezek gaýtalanýar. Soňra şu doga okalýar:
«Allahym, huzuryňda nikahlanan bu iki juwany ömürleriniň dowamynda bagtly we bagtyýar eýle. Ömürlerine bereket, janlaryna saglyk, ryzklaryna giňlik yhsan eýle. Olara dinine, Watanyna, milletine haýyrly salyh we salyha perzentler ber. Olary we çagalaryny dünýä we ahyret sagadatyna ýetir» diýip ämin edilýär we nikah dabarasy gutarýar.
Nikahdan soň süýji zatlar paýlanýar.
This article uses material from the Wikipedia Türkmen article Nikäh, which is released under the Creative Commons Attribution-ShareAlike 3.0 license ("CC BY-SA 3.0"); additional terms may apply (view authors). Başga görkezilmedik bolsa, mazmun CC BY-SA 4.0 esasynda elýeterlidir. Images, videos and audio are available under their respective licenses.
®Wikipedia is a registered trademark of the Wiki Foundation, Inc. Wiki Türkmen (DUHOCTRUNGQUOC.VN) is an independent company and has no affiliation with Wiki Foundation.