Xi-Xv Asyrlarda Mongoliýa

Mowzuk: XI-XV asyrlarda Mongoliýa

M E Ý I L N A M A


1.Mongol döwletinde iri ýer eýeçilik gatnaşyklarynyň ösüşi.

2.Beýik Mongol döwletiniň döremegi we pese gaçmagy.

3.Mongollaryň medeniýeti

Maksady: Mongol döwletinde iri ýer eýeçilik gatnaşyklaryň ösüşi barada düşünje bermek.

Wezipesi: Mongol basyp alyşlarynyň Gündogar we merkezi aziýa döwletine täsirini beýan etmek

“Çingiz hanyň wagşyýana çozuşyndan soň, türkmen ösüşleri, özgerişler çarhyny Gündogardan Günbatara tarap aýlady. Türkmenistan dünýäde iň ösen ülkedi”. Mukaddes Ruhnama sah-56

Mongollar tebigy şertlerine görä irki döwürlerden başlap göçüp gonup ýörän maldarçy halklar bolupdyr. Olaryň territoriýasyny 4/5 bölegini çöllük we daglyk öri meýdanlary tutupdyr. Ygal az ýagypdyr gar ýagmandyr diýen ýaly. Ýöne mal bakmak üçin oňaýly ýerler köp bolupdyr. Taryhy çeşmeler b.e.öň II asyrlarda göçüp gonup ýörän taýpalaryň ýaşandygy barada maglumat berýär. Biziň eýýamymyzdan öň III asyrda Gum deržawasy irki ýer eýeçilik döwlet bolup soňra yzygider çalyşyp duran Sýanbi döwleti (I-III asyrlar) Zijan Kaganaty (IV-XI asyrlar), türk kaganaty (VI-VIII), Uýgur kaganaty (745-840 ý) Kidan imperiýasy Lýao (X-XI asyrlar) şu güýçler bolup şu ýer eýeçiligi ösüp maldarçylyga üns beripdir. Göçme maldarçy taýpalary tapawutlanypdyr. Şäher ýaşaýjylary döräp başlapdyr. Mongol dilli, türki dilli, tungus manjar taýpalary ýüze çykypdyr. Şu ýerde Aziýa we Ýweropada ýaşaýan häzirki zaman türk we Mongol dilli halklar ýüze çykypdyr.

Mongol taýpalary X-XII asyrlarda Hytaý diwarlaryndan tä Seleng derýasyny çenli uzalyp gidipdir.

Hytaý ýazuw çeşmelerinden köplenç olara ilatyň demirgazykdan taýpalar “ak tatarlar” demirgazyk mongoliýada “Gara tatarlar” diýip at beripdir. XIII asyrda tutuş olara “Mongollar” diýip at beripdir. Olar geçi, goýun, iri şahly mallar, aty idedipdirler.

Her birleşmeleriň öz hany bolupdyr. Olar nesil boýunça ýurdy dolandyrypdyr. Ony taýpa aristokratlar ilki saýlapdyr. Raşid-ed- Diniň eserlerinde batyr güýçli barada aýdylýar. Urug taýpalardan gurply maşgalalar hyzmatkär, gullar döräpdir. Mongol döwletiniň başynda çingiz han durupdyr.

Her taýpanyň öz emini bolup biri-birine talapdyr. Şeýdip irki iri ýer eýeçilikli döwletiň esasy goýulypdyr. Temuçin – Çingiz han ady bilen Mongol döwletiniň taryhyna girdi (1162-1227). Ol baý maşgaladan ýüze çykypdyr. Temuçin köp uluslar özüne birleşdiripdirler. Ol özara uruşlaryda peýdalanýar ilki ýeňilýäni soň ýeňinenden ozone boýun egdirýär.

1190 –1206 çenli tatar, merkit, maýman taýpalaryny ozone birleşdiripdirler. Müň başylar, ýüzbaşylar bolupdyr. Çingiz han Mongol taýpalaryna boýun egdiripdir. Tangun döwletine – günbatar uly ogly Iuçiniň ýolbaşçylygynda topar ýenesiýiň jülgesindäki halklar tabyn edipdir. 1215-nji ýylda Hytaýy boýun egdiripdir. Çingiz hanyň ogullary Iuçi, Çagataý, Ugedeý we Toluý hem oňa goşulýar. Her birisine 24 gul ýetipdir. Merkezi Aziýa aralaşypdyr. Iuçi Syrderýanyň aşak akymyna beýleki ogly ýokary akymyna, 3-sine Çingiz hanyň ýolbaşçylygynda Buhara we Horezm taýpalygynyň merkezine ugrapdyr. 1220-nji ýylda mongollar Samarkandy gabapdyr. Ol ýeriň ilatyny talap ýok edipdir. Diňe hünärmentler mongoliýa iberdi. Ürgenç duşmany güýçli gaýtawul berdi. Dört aýlap Ürgenç gabaldyr. Şäher ele salyndy soň halky güýçli edip bildiginde gynandylar. 1221-nji ýylda merkezi aziýa uly şäherlileriň biri Merw eýelendi. Merw oazisine suw bilen üpjün edýär. Oazis çöle öwrüldi. Merkezi aziýa 1221-nji ýylda eýelendi. Güýji Azerbeýjan we Gruzin gönükdirdiler. Olar bu ýerde alanlar bilen çaknaldy. 1223-nji ýylda Kalka derýasynda knýazlarynyň arasynda güýçli söweş boldy.

Olar Krymda uly ýitgi çekdiler. Ýöne gündogara şüýşdiler. Wolgada Bulgarlara garşy göreşde uly ýeňilişe sezewar bolup yzyna merkezi aziýa dolandylar. Ondan Owganystan we demirgazyk Hindistana ýöriş etdiler 1225-nji ýylyň güýçli Mongol goşuny ýurduna dolandyrdy.

1227-nji ýylda Mongoliýa guýarka Çingiz han aradan çykdy. Şeýdip Mongol agalygy demirgazyk Hytaýyň I böleginde, günorta Sibirde, gündogar Türkistana Merkezi Aziýada, Eýranyň bir böleginden dikeldilip. Onuň goşunyň diňe mongollar duşman boýun egdirilen halklar hem çekilipdir. Çingiz han aradan çykandan soňra onuň gullarynyň arasynda tagt ugrunda göreş bolupdyr. 1229-njy ýylyň sentýabrynda Çingiz hanyň 3-nji ogly Ugedeý gurultaýda beýik han edilip saýlanýar.

1231-nji ýylda Mongol goşuny Ugedeý we Tuluýyň ýolbaşçylygynda demirgazyk Hytaýa çozup girdiler. 1234-nji demirgazyk Hytaýa boýun egdirýär.

1235-nji ýylda gurultaýa çagyrylýar. Mongollar günbatara ýöriş etmegi planlaşdyrýar. Baty we Subeteýiň ýolbaşçylygynda goşun 1237-1238-nji ýylda rus ýerlerine täzeden aralaşypdyrlar. Rýazan, Wladimir şäherlerini taladylar. 1238-nji ýylda mongollar Nowgoroda ýöriş etdiler. Ýöne ýerine olara ruslar gaýtawul berdiler. Ýöne täzeden 1239-njy ýylda günortada Rusa ýöriş edip ýol ugruna şanly zatlaryň ýol ugruna janly zatlaryň baryny weýran edip Dnepriň üsti bilen 1240-nji ýýlda Kiýewi geçip eýelediler. Ondan soň goşunyň bir bölegi Wengriýa beýlekisi Polşa urgrunda Polşa we Seleziýada ýerlerini tep-tekiz edip Marawiýa ugradylar. Olar rus goşunyny gaýtawul netijesinde köp ýiti çekdiler we günbatar Ýewropany eýeläp bilmejeklerdikleriňi gözlerini ýetip, 1241-nji ýylda yzyna çekilipdir.

Beýik han Ugedeýiň döwründe (1220-1241) apet imperiýasynyň hojalygyny ýöretmekligi üns beripdir. Maliýa aragatnaşyk işi ýola goýdy. Salgyt ýygnamak sazalaşdyryldy. Hat ýazuwy geçirilipdir. Boýun egdirilen ýurtlardan salgydyň alynyşyny gözegçilik eder ýaly Nolbai bellenildi. Mongollaryň imperiýasynyň paýtagty Karakum dikeldildi. Sebäbi bu ýerde beýlekilerden getirilen zergärler hem ýaşaýardylar. Boýun egdirilen halklaryň gozgalaňlary bolup geçdi. Merkezi Aziýada Mahmud Tarabynyň gozgalaňy wekilleri Ugedeý aradan çykandan soňra tagt ugrunda gozgalaňlar bäş ýyl dowam ýetdi. 1245-nji gurlutay çagyrylypdyr. Ugedeýiň ogly Guýuk bellenildi. Emma ol uzak ýurdy dolandyrdy. 1248-nji ýylda hana Bata garşy ýöriş taýýarlyk görülýär aradan. 1251-nji ýylda gurultaýda Tolunyň ogly Munna beýik han diýip yglan edilýär. Dogany Hulaguny günbatara ugrady ol Eýrany boýun egdirilmedi. 1256-nji ýylda Eýrany boýun egdirip islediler galasyny ele salýar. 1258-nji ýylda ýylyň dowamlarynda Bagdady eýeleýärler. Ilhan nebereleri Hulagunyň ýolbaşçylygynda Müsüri eýelemek isleýär. Emma ol bolmady. Şol wagt Kubalaýyň goşuny Hytaýa ýöriş gurady. 1259-njy ýylda Munsk aradan çykdy. Mongol imperiýasynyň düzümine dürli dillerde gepleýän halklar milletler halkyýet girýärdi. Olar dürli durmuşda ykdysady ösüşidi. Olary ne ykdysady ne-de medeni umumylyk gyzyklandyrýardy. Edil harby edara birleşmesi ýalydy imperiýasynyň merkezini mongoliýa we demirgazyk Hytaýyň beýik hanlary dömeni düzýärdi. Günbatarda Ugedeý nesliniň ilulusy Allaýyň daglaryna çenli ýaýlap ýatyrdy. Imperiýanyň üçünji bölegini çagataýyň eýeliginiň eýeçiliginiň Merkezi aziýada Amyderýanyň ýalkamasy bu uuliň merkezi Almalyk şäheridi. Eýran, Urak, Kawkaz ýerleri girip merkezi Töwrizde soňky eýeliginiň Iuçiniňkidi ol Wolga, Astrahana çenlidi. Şu imperiýanyň soňky dolandyryjy Mukki boldy. Ol ölenden soň imperiýa hem dargady.

Hubelaý bilen ünsi Arig – Buganiň arasynda häkimiýet ugrunda dowalar boldy. Hubilaý häkimiýet geçirdi. Eýran imperiýa dargady, oňa mongollaýynyň özi we Hytaý girýärdi. 1279-njy ýylda mongollar Hytaýyň bolan edilmedik ýerlerinide basyp aldylar. Hubilaý 1271-nji ýylda öz neberileriniň Ýuan diýip Hytaý atlandyryldy. Hytaýyň ähli territoriýasy 10 welaýata bölünipdir. Uly şäherleri dolandyryşy edip ýaşy 25-den geçen mongollar bellenildi. Han Ýuan neberilegini berkitmek üçin öz neslini dowam etdirijigi öňünden belledi Han köşgüni gorar ýaly 12 müň adamy her 3 gije gündizden çalşypdyr.

Hubilaý han 1294-nji ýýlda aradan çykdy. Ondan soň Temir han geçdi. 12 ýyl ýurdy dolandyrypdyr. Onuň döwründe närazyçylyk güýçlendi. Ýaňy uruşlar zerarly, göçme Mongol taýpalarynyň durmuş derejesini erbetleşdi. Onuň oruntutarlary Haýsan – Huluçlan (1307-1311). Ol ýagdaýdan çykalga gözläp başlady we mongollara at, mallara paýlady.

Akap baribanyň döwründe (1311-1320) Mongol ilatynyň 2 ýyl dürli sargytlardan adat edipdir. Onuň karary bilen Mongol halkyna düýe, at, sygyr geçi paýlanyp beripdir.

Ýöne mongollaryň basyp alyşlary ýurtlary, olaryň özlerine seredende hojalyk we medeni taýdan ep-esli ýokary derejede ösendi. Hanl;ar we naýomlar goňşy halklary talap öz baýlyklaryny artdyrmaga çylşypdyrlar. 1337-nji ýylda Hytaýda halk gozgalaňy başlandy. 1368-nji ýylda Pekende Ýuan neberikleri çykarylyp kowuldy. Mongol jemgyýetinde 2 synp:

1.agalyk ediji iri ýer eýeleri.

2.ezilýän garaşly adamlar bardy.

Garaşly aratlar hemme taraplaýyn hemm tarapdan çäkli bolupdyr. Rugsatsyz olar – çagalaryna miras galdyryp ogullaryny öýerip, gyzlaryny çykaryp, karz alyp ýa-da berip bilmändir.

1380-nji ýyldaky Kulekowa şöweşinden soň Çingiz hanyň imperiýasy dargap başlapdyr. Mongollar ekerançylyk we hünärmençilik önümleri bilen üpjün edýän esasy Hytaýlylardy, olaryň arasy kesilenden soň ýagdaý erbetleşdirilýär. Min neberikleri hökümýete çekenden soň mongollar bilen ykdysady gatnaşyklary alyp barmaga gyzyklanmady.şeýdip mongollar iri şahly mallary, düýe, at idedip başlapdyr. Mongol iri ýer eýeleriň öz miras galdyrýan nesle geçýän udeli bolupdyr. Iri udeller uluşlar diýip atlandyryldy. Mongollarda merkezi häkimiýet örän gowşak bolupdyr. XVI asyrda mongollar ykdysady we syýasy dagynyklygy başdan geçiripdir, buddizm dini bu ýerde deň ýaýrapdyr. Mongollaryň XIII asyra çenli medeniýetiň baradaky maglumatlary Plano, Karpini, Rubrika, Markopolo we sisiliýaly syýanatlary baradaky ýazgylary berýär. Pers ýazyjysy Raşid- ed-din (XIV) Mongol medeniýetine degişli maglumatlary galdyrypdyr. Olar uýgur Mongol – Hytaý hatlary, ýa-da Tibet elipbiýi esasynda dörän Takwy – ilamaý hat ýazuwy bolupdyr. Mongol döwleti pese gaçandyr soň özara uruşlar medeniýetiň pese gaçmagyna getirýär. XIV asyrda mongollarda ilkinji kitaplar peýda boldy. Ilkibaşda dini aheňdaki eserler çap edildi soa baka dünýewi mowzukdaky taryhy ýygyndylar sözlükler Hytaý romanlaryny terjime etmeklik kitap çap etmek Mongol halkynyň medeni ösüşdäki üstünlikleriň biri boldy.

Agajy kesip oňa owadan nagyşlary bermek süňklerden dürli zatlary ýaşamak zergärçilik sungaty ösüpdir.

XVI asyrda Mongoliýa birnäçe hanlyklara, birnäçe hanlyklary bölündi şol döwrüne degişli dini maglumat hem köp saklanylypdyr.

Tags:

🔥 Trending searches on Wiki Türkmen:

Eziz han1626FinlandiýaKuranÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryÝomut tiresiInženerlikFutbol taryhynda iň köp namaglup oýunlar uran derwezewanlarXIX asyryň I-nji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýetiIňlis diliDiş agyry7 (san)Arap diliElektronika we aragatnaşyk inženerligiRuslarHazar deňziTürkmen dili grammatikasyKädiBiosferaTürkmen bedewleriniñ şaý-sepleriJavaScriptFransiýaMertebe mirasy—türkmen şaý—sepleri.Wladimir PutinAlžirTürkmen milli oýunlaryFotoelektrik EffektGünorta Afrika RespublikasyAlyşir NowaýyTerekeMary sőweşiOwulýasiýaAfrikaAndlarHabi AlonsoGünorta Türkmenistanda sungat ýadygärlikleriNifäsArgentinaGuslBeýik Seljuk Türkmen döwleti Mälik şa döwründeAba serdaryň gozgalaňyÝemenBitcoinWaşington (Kolumbiýa okrugy)Annaberdi AtdanowFilosofiýanyň taryhyÇowdurGarrygala söweşiDöwletmämmet AzadyGoraghanalarTehnologiýaPolşaMaldarçylykMerkezi AfrikaTäjigistanÇarşenbeÝatkeşligi ösdürmegiň usullaryGadymy HytaýGoşma sözlem we ýönekeý sözlemTürkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky.DerwezeAutizm21-nji asyrTürkmeniñ gadymy ölçeg birlikleriCSSGowşut HanKöneürgenç5 aprelTürkmenistan manadyWekilbazar etrabyYrak we Şam Yslam DöwletiItaliýanyň futbol ýygyndysyHalapTokioLukmançylyk ylmynyň kanunlaryFransiýa XX asyryň ikinji ýarymynda🡆 More